17:21 Muhammet pygamber -8: romanyň dowamy | |
2. We her kim Muhammedi (s.a.w) kabul etmese, azaba gripdar bolar, soňra ol adam belent Taňrydan ýeriň üstünde özüniň azabyny bes etmäge mejbur ediji däldir we olara Belent Taňrydan başga medet bergijiler dostlar we medet bergijiler ýokdur. Gurhan. 46-njy süre. 32-nji aýat. Bagira ata tisginip ukudan oýandy-da, ýerinden turdy. Ol öten agşamky açyklygyna duran «Mukaddes kitabynyň» solgun setirlerine ýöne bir gezek üns bilen seretdi. Soň asman jisimleri çyzylan kitabyny howlukman agdaryşdyrdy. Özüniň hasap-hesip ýazýan kagyzlaryna-da täzeden birlaý göz gezdirdi. Biri-birleriniň üstünden geçýän gap-gara çyzyklaryň aralaryna nokatlar goýuşdyrdy. Gelniňki ýaly inçeden uzyn barmaklaryny gezek-gezegine büküşdirip, sakal basyp giden ýuka dodaklaryny gaýta-gaýta müňküldetdi. – Dogry, şu gün! – diýip, ol begençli seslendi. Soň işige bardy-da, başyny endiklije egip, sadyklyk bilen çokundy. – Eý, Allam, ölmänkäm diri pygamberiňem görjek ekenim. Belki, onuň bilen şu gün görşeris! Bagira ata indi on-on bäş ýyl bäri Alla Tagalanyň Arşda ýazyp goýan «Al-Lowh el-Mafuz» kitabyndan bölüp-bölüp Ýerdäki pygamberlerine iberýän Kitaplaryny ürç edip okaýardy. Olary deňeşdirip, seljerip, gijesini gündiz edip öwrenýärdi. Olarda aýdylan ýagşylyk habarlar açmak üçin sabyr-takat bilen oturýardy. Ol şeýle tär bilen okap ýörkä, adamzadyň dirikä görmeli närseleriniň üstünden barýardy. Emma ony halys gyzyklandyrýan zat şu dünýäde diri gezip ýören pygamberi görmek höwesidi. Ol şol pygamberiň ykbalynyň nähili boljakdygy baradaky ýazgylaryň hem üstünden barypdy. Ýöne oňa dünýä äleminiň hereketleri, asman planetalarynyň biri-birine gatnaşygy, olaryň täsiri ýazylan kitaplar gerek bolupdy. Ol tutuş ömrüne gara gün üçin tygşytlyja baýlygyny harç edip, şol kitaplary ýakyndan-daşdan saryp getirdipdi. Ine, şeýdibem ol Taňrynyň täze hem-de iň soňky Pygamberiniň täleýini okap bilipdi. Onuň kakasynyň, ejesiniň haçan, nirede wepat boljagynyň hasabyny çykarypdy. Ol has aňry gidýärdi. Jebraýyl perişdäniň arada durmagy bilen Ahmediň haçan Alla Tagala bilen gepleşjek gününe çenli oňa aýandy. Şeýle günleriň birinde ol geljekki Pygamberiň öz aýagy bilen Şama sapara gelip, bir bendeden özüniň Alla Tagala bilen gepleşip bilýän adam boljagy baradaky habary eşitjegini hem okady. Bu habar Bagira atany oňa-köze düşürdi. Onsuz hem ol bir mümkinçilik tapsa Mekge ýurduna gidip, geljekki pygamberi görüp gaýdaýyn diýip oýlanyp ýördi. Sebäbi geljekki pygamber baradaky habar onuň etine-ganyna şeýle bir ornapdy, asyl ol özüni unudýardy, emma gün içinde ol barada telim sagatlap ýatlaman oturyp bilenokdy. Bagira atanyň begenji-guwanjy şol pygamberdi. Ol onuň geljegini bu etraplarda ilkinji bolup buşlapdy. Ilkinji bolup onuň nirede doguljagyny, haçan, haýsy günde doguljagyny bilipdi. Onuň ykbalyny, täleýini aýan edipdi. Täze pygamber, dogrusyny aýtsaň onuň öz ogly ýa-da iň eziz adamsy bolup aňyna ornapdy. Onuň şol pygambere gaýybana guwanmakdan, onuň bilen gaýybana söhbetdeşlikden başga köňül baýlygy ýokdy. Dogrusy, bu habar, bu iş onuň kalbynda ogluna-gyzyna, ýakyn garyndaşlaryna, dostlaryna goýulmaly orunlaryň ählisini eýeläpdi. Şonuň üçin Bagira ata ol eziz adamy baryp görmese, bu dünýäden armanly gitjekdi. Şonuň üçin ol pynhanlyk bilen Käbä gitmegiň umydyna gark bolup ýördi. Emma onuň hudaý diýen ýeri bar eken. Şol eziz ynsanyň özi şu gün öz aýagy bilen Şam ýurduna gelýärdi. – Men olary öýüme çagyraýyn! Bagira ata juwan ýigide döndi. Ol hüjresiniň içini-daşyny päkizeledi. Goş-golamlaryny, kitaplaryny, eşiklerini rejeläp goýdy. Ir bilen bazara gidip, et, çörek, her dürli miweler, şirin-şeker nygmatlar alyp geldi. Nahar atardy. Şondan soň hüjresiniň depesine çykyp, ýyldyz sanaýan müneçjim ýaly bolup, uly ýola garap oturdy. Günorta gabatlary onuň ýaşaýan öýüniň bäş-alty ýüz ädim uzaklygynda kerwen ýolunyň gyrajygynda bir agyr kerwen gelip saklandy. Bagira ata jaýyň üstünden düşdi-de, kerwene bakan ýöräp gitdi. Ebu Talyp bu pukara hristian adamsyny tanady. – Siz kuraýyşlarmysyňyz? – Senem Bagiramysyň? – Ebu Talyp oňa güler ýüz berdi. – Hawa, biz kuraýyşlardyrys. Mekgeden Şama barýarys. Ýolugra Basranyň bazaryny hem görüp geçäýeliň diýdik. Sen biziň kerwenimiziň şu ýerde düşlemegine garşy bolup durmarsyň-la, Bagira! Bagira olary görüp hoşwagt boldy. – Kuraýyş ogullary, men sizi öýümde naharlamakçy. Siz ýükleriňizi düşürip, meniň öýüme nahar iýmäge baryň. Ýöne ähliňiz hem baryň. Ýekejäňiz hem galmaly däldir. Naharym ähliňize-de bol ýeter... Bagira atanyň çakylygy kerwendäkileri geň galdyrdy. – Bu gün ne beýle jomart bolduň, Bagira! Biz Şam bilen Mekge aralygynda dokma ýüwürden ýaly bolup, şu ýoldan geçerdik-le. Sen biziň bilen gepleşesiň hem gelenokdy, ol-a öýüňe çagyrmak eken. Bagira ata heziller edip güldi. – Aý, bildiňiz, aý, bildiňiz. Siz dogrudan hem şu ýoldan gaty köp geçerdiňiz. Şu ýerde ýükem ýazdyrardyňyz. Asyl, şu ýerde sizden başga ýük ýazdyrýan hem ýok. Şonuň üçin şu ýerde kerwen düşlese, han-a, kuraýyşlar gelipdir diýäýmelidir. Men ony görüp ýörün. Ýöne, her geçen kerweni saklap, onuň adamlaryny nahara çagyrmaga ýagdaý hem bolup duranok-da. Şu gün meniň begenen günüm. Alys ýolum ýakyn boldy. Şol alys ýola harçlajak serişdämi size nahar bereýin diýdim, bolupmy! Ebu Talyp Bagira ata düşündi. – Munyň dogry, bende. – diýdi. – Şol bol-elin ýagdaý-ha bizde-de bolup duranok. Biz hem şu agyr ýollary keýpine geçemizok. Agyr günümize hemaýat bolsun diýdik. – Meniň çakylygym kabul edildimi? – Bagira ata olary howlukdyrdy. – Sag bol, çakylygyňa. Biz ony kabul etdik. Diýen wagtyň ählimiz bararys. – diýip, Ebu Talyp kerwendäkilere derek jogap berdi. Bagira ata begendi. – Hemmäňiz baryň, hemmäňiz. Biriňizem galmaň, bormy! Ol kerwende ýük düşürip, düýeleri eýläk-beýläk geçirip ýören Muhammedi öz gözleri bilen gördi. Ony ýüzüne syldy. Ýaş oglanyň depesinde bir bölejik buludyň, oglan nirä ýörese, şol tarapa gaýyp ýöreninem gördi. Ýöne, ol ýaş oglany ýakyndan synlap, sesini eşidip bilmedi. – Indi ol pursadam daş däl. Ol öýe gelende, nahar mahaly ýagşy synlap, didaryndan ganaryn. Ol öýüne geldi-de, baryny-ýogyny saçagyň üstüne goýdy. Ýöne onuň diýeni bolmady. Aýdylan mahaly kerwendäkileriň ählisi gelipdi, emma olaryň arasynda diňe Muhammet ýokdy. Ol durup bilmedi. – Baý, bow, doganlar, hemmäňiz gelmänsiňiz-ä. Görüň, ahyryň men munça nygmat taýýarladym. Şindi, meniň begenen günüm ähliňiz gelmelem, doýmalam. Ebu Talyp ýaşululyk etdi-de, bu pukara bendäni köşeşdirmekçi boldy. – Barymyz geldik, edil aýdyşyň ýaly. Ýükleriň, düýeleriň ýanynda ýekeje oglan galdy. Olam oturybersin, çagadyr-da... Bagira ata öz diýenine tutdy. Özem olary özleriniň kesewisi bilen gorsady. – Ýok, ýok, ol bolmaz. Siziň Al-Lat, Hubal, al-Uzza diýen hudaýlaryňyz bu işiňizi halarmy? Özüňiz iýip-içip, çagajyk hem ol ýerde aç-suwsuz surnugyp otursa, özüňize gowy bolmasa-da, hudaýlaryňyza ýakmaz. Baryň, baryň oglanjygy alyp geliň... Ýaş ýigitleriň biri baryp, agajyň saýasynda oýa batyp oturan Muhammedi alyp geldi. Muhammet ýat ýüzli, ýat dilli adama geň galyp garaýardy. Sebäbi ol adamyň gadyrdanlygy, özüne bolan hormaty juda üýtgeşikdi. Ol adam Muhammede öz ýanyndan ýer berip, ony atasy Abdyl Mutalybyň gowy görşi ýaly, ezizleýärdi. Bagira ata Ebu Taliba ýüzlendi. – Bu oglan siziň nämäňiz bolar? Ebu Talyp öňündäki diýseň tagamly nahara güýmenip oturyşyna: – Ol meniň oglumdyr! – diýip goýberdi. Emma Bagira ata onuň bilen ylalaşmady. – Meniň bilşimçe-hä, bu oglanjygyň ejesi-de, kakasy-da aýatda diri bolmaly däl. Ýa meniň bilen degişmek isleýärsiňizmi?! Ebu Talyp çalaja baş atdy-da, ýylgyryp, derçirän tegelek ýüzüni Bagira ata bakan öwürdi. – Siz dogry aýtdyňyz, Bagira. Ol meniň inimiň oglydyr. Ýöne ol meniň üçin ogullarymdan hem ezizdir. Şonuň üçin aýdaýdym. Indi onuň agasy-da, kakasy-da, ejesi-de mendirin. Şonuň üçin men ol meniň oglumdyr diýäýdim. – Ine, bu aýdanyňda ýalan zat ýokdur. – diýip, Bagira ata hoşal boldy. Ol süýji tagamlardan Muhammede hödür edýärdi. Soň bolsa bu mähriban ýaş ýigide habar gatdy. – Siziň hudaýlaryňyz Hubalyň, Al-Latyň, Al-Uzzanyň hormatyna soraýaryň siz meniň sowallaryma jogap berip bilermisiňiz? Muhammet edil demliginden tutulan ýaly, tisginip gitdi. Ol owadan kamatyny dikeltdi-de, nurdan doly ýüzüni galdyrdy. – Siz meniň bilen gürrüňdeş bolmak isleseňiz, şolaryň adyny tutmaň, meniň halamaýan zatlarym butlar! Bagira ata oglanyň az-kem gamlanan ýüzüne garady. – Onda şeýle gürrüň beräýiň. Muhammet başyny aşak saldy-da, jogap bermäge razylygyny bildirdi. – Siz aýdyň, gaýyby, Taňry bilen bagly düýşler görýärsiňizmi? Muhammet başyny ýaýkady. – Ýok! Soň olar ýuwaşja gürleşip oturdylar. Bagira ata Muhammet heniz dogulmanka dünýäden öten kakasy Abdylla üçin alty ýaşyndaka ýogalan ejesi Emine üçin gynanç bildirdi. Bagira ata indi öz täleýinden, ykbalyndan razydy. Ol Alla Tagala tarapyndan adamzadyň arasyna iň soňky iberilen pygamberi öz gözi bilen gördi. Onuň ýüpek ýaly mylaýym, janyňa tenekar sesini eşidip, bir saçagyň başynda, bir tabakda nygmat hem iýdi. Indi bu dünýäde onuň başga armany ýokdy. Ol mukaddes kitaplaryň manysyna akyl ýetirmek bilen oňman, olaryň hoş habarlaryny tapyp, olary ile ýaýyp, şonuň şirin nygmatyny datdy. Şonuň üçin ol diýseň bagtyýardy. Ol myhmanlary ugratjak bolanda Muhammediň elinden tutdy-da, ony bagryna basdy. – Sen indi bu ýollarda kän eglenme. Özüňi aýa! – diýdi. Şondan soň Muhammedi ep-esli ýere çenli ugratdy – Sen Hakyň umydysyň – diýdi. Ol gaýtjak bolanda Ebu Talybyň ýanyna bardy. – Sen doganyň oglunyň kimdigini bilýärmisiň? – diýip, oňa garaşylmadyk sowal berdi. Ebu Talybyň ýüzi ak tam boldy. – Hä, näme?! Bagira ata Ebu Talybyň gulagyna pyşyrdap diýen ýaly sözledi. – Ol belent Taňry tarapyndan araplara iberilen iň soňky pygamberdir. Bar zadyňy taşla-da, şony gora. – Wah, güzerany nädeýin?! – diýip, Ebu Talyp zeýrenjek boldy. Emma Bagira ata ýöwselläp durmady. – Güzeran bir saňa gerek bolsa, ol giden äleme gerek! Düşünýäňmi, giden äleme! Ony goraň, oba bolup, il bolup, tutuş arap bolup, dünýä bolup goraň, ony! Kerwen yranyp, şol gidip barýardy. Şo-ol dini başga kişiniň aýdan sözleri Muhammedi oýa batyrýardy. Oglan, hakykatda hem özünde bir üýtgeşikligiň bardygyny aňardy. Bir gudratly güýç ony goraglap, tutaklap, nirä gitse daşyny gallap ýören ýalydy. Ol bir sapar başyndan geçiren wakasyny ýadyna saldy. On-onki ýaşly Muhammet özi ýaly oglanlar bilen Mekge dagynyň eteginde agasynyň çekenesini bakyp ýördi. Olaryň arasynda Abdyl Uzza-da bardy. Ol Muhammedi ýumuş oglanyna öwürjek bolýardy. Oglanlar üýşüp oýnap ýören bolsalar, ýa-da oýna gyzyşan bolsalar şolaryň arasynda Muhammedem bar bolsa, Abdyl Uzza hökman bir hokga çykarýardy. Soň bolsa Muhammede buýrunjyrap başlaýardy. – Bar-eý, sen goýunlary gaýtar. Görýäň-ä daga ýetip barýarlar. Özüňem bu ýerde işiň ýok. Bar, goýunlaryň ýanynda bol! – diýýärdi. Muhammet sesini çykarman, agasynyň aýdany bilen bolýardy. Emma Abdyl Uzza beterinden beterini tapýardy. – Biz gije Käbäniň meýlisine gitjek, sen çekenäniň ýanynda bol! Abdyl Uzza oglanlary ýanyna alyp, sürini Muhammede goýýardy-da, gijäniň jümmüşine sümülip gidýärdi. Muhammet olar gaýdyp gelýänçä ýatyp bilmezdi. Süriniň daşynda aýlanar ýörerdi. Olar bolsa daňa golaý gelýärdiler. Özlerem serhoşdyr. Şonuň üçin olar günortana çenli özlerini alyp bilmän ýatýardylar. Süri ýene Muhammediň başyna galýardy. Günleriň bir güni Abdyl Uzza öýe gaýtdy. Muhammet onuň hem çekenesine seredýärdi. Şonda Muhammet oglanlardan agşamlaryna Käbä gidip, näme işleýändikleri barda soraşdyrdy. – O-ow, şeýle bir hezillikler bolýar! Owadan-owadan ýarym ýalaňaç aýallar saza goşup tans edýärler. Şolary synlap oturmagyň özem hezillik. Az-kem arak, şerap içseň-ä, dünýä gözüňe jennet bolup görünýär. Soň senem şol lezzetiň hezilini görüp, owadan gyzlara goşul-da tans ediber, tä daň atýança... Başga bir oglan ondan hem beter agyz suwardyjy gürrüňe başlady. – Wah, sazy diýsen-e. Janyňy alyp barýar-a, ol owaz. Şol ýarym-ýalaňaç aýallar hem şol saza goşulyp tans eder welin, janyň heziller eder. Wah, ol gelinleri diýsen-e. A-a-ah! Oglanlaryň bu gürrüňleri ömründe saz, tans diýen ýaly zatlary görmedik, ol barada eşitmedik üçin diýseň täsindi. Muny duýan oglanlar ony öz ýanlary bilen alyp gitmäge söz berdiler. Muhammediň özem oglanlara goşulyp, olar bilen Mekge meýlisine gitmegi ýüregine düwdi. Hemişe süriniň ýanynda galýany üçin oglanlar şu gije Muhammede dynç bermegi makul bildiler. Soňra ony Mekgä alyp gitdiler. Şol gije kimdir biriniň işiginde meýlis guralýardy. Çünki, bir gije alyp gitseň, Muhammet telim gijeläp biminnet süriniň ýanynda galyp biljekdi. Olar gün batandan soň meýlis guralýan öýe bardylar. Howlynyň içindäki öýüň işigi ýagşy suwlanyp süpürilendi. Heniz ýüzüniň suwy gitmedik boýra düşekler tegelenip ýazylypdy. Şol düşekleriň ortarasyndaky ýörite goýlan takyr ýere gije ýakmak üçin odun üýşürilip goýlandy. Garaňky ýagşy düşüpdi. Adamlar kem-kemden bu ýere gelip başladylar. Olaryň arasynda owadan zenanlar, jalataý jahyllar, gözleri ýanyp duran ýeňles ýigitler bardy. Olar nämüçindir bir gepläp, iki gülýärdiler, özlerini diýseň erkin alyp barýardylar. Bu ýere gelen aýallar hem juda arkaýyndy, erkanady. Olar şol jalataýlar bilen sözleşip, jak-jaklaşyp gülüşýärdiler. Ýanyndaky ekabyrrak oglanlaryň biri Muhammede göwüslekden dolmuş zenany görkezdi. – Şo-ol meniňkidir! – Ol ylgap bardy-da, şol gelniň eline nämedir bir zat gysdyrdy. Soň, onuň gulagyna bir zatlar diýdi. Ol aýal ellerini çarpyp güldi-de, başyny atdy. Ýoldaşy gelip Muhammedi has hem odukdyrdy. – Ýaňky gelin oduň ýagtysyna ýarym-ýalaňaç bolup şeýle bir tans edýär. Saz bilen goşulyp, edil janyňy alyp barýar. Men oňa ep-eslije pul berdim. Onsoň, «tans edip, soň biziň ýanymyza gel» diýdim. Onuň hem derrew saňa suwy gitdi. «Ol owadan hoşsyrat oglan kim?» diýdi. «Meni şonuň bilen tanyşdyrsan-a» diýdi. Menem «bolýar» diýdim. – Ol oglan oturyp bilenokdy. Muhammede garaýagyzdan görmägeý zenany görkezdi. – Ine, seret, şol gyz ýalaňaç tans edýär. Baý-baý, on-y, görseň janyň gönener. Wa-ah! Muhammet dünýäde beýle-beýle tomaşalaryň boljagyny aklyna sygdyryp hem bilenokdy. – Bu agşam şeýle bir lezzet alarys, u-uf, arak-şerap içip göneneris. Nädersiň erte agşam ýene gelesiň gelip dursa... Ol oglan şeýle lezzetli gürläp, heniz bolmadyk tomaşa üçin arzuw kölüne batyp otyrdy. Muhammet onuň öň şeýle lezzetiň içinde ýaýnandygyna düşündi. Ol şol lezzetini undup bilmeýärdi. – Köpräk pul gerek, puluň bolsa, häzir Mekgede nähili keýp çekeýin diýseňem tapyp bolýar. – Ol oglan gyşaryp ýatan ýerinden dikeldi-de, gözlerini güldürdi. – Baý-buw, aragam berjekler-ow. Içerismi?! Muhammet ol oglana näme jogap berjeginem bilmän otyrdy. Bir-ä galkyjyklap oturan oglana, birem içeri girip gidýän zenanlara garady. – Garaňky düşdi, oly ýakyp başlaň! – diýip, meýlisiň beýemçisi daşyndan jalaýlygy bildirip duran ýuwan ýüzli adam sag eliniň barmaklaryny şyrkyldadyp, buýruk berdi. – Başlalyň! Ot ýandy. Saz ýaňlandy. – Baş-la-lyň! – Uk-la! Bu buýruk beriji sese Muhammet tisginip gitdi. Ol oduň ýalkymly çogy, sazyň ilkinji nagmasy täsir eden gözleriniň öňüne perde tutulyp gulaklary gapylana döndi. Ol yssy çoga oýandy. Gözlerini açmanka: «Be, güýçli oduň çogy maňa täsir edýär-ow» diýip, gözlerini açdy. Ol haýran galyp, töweregine seretdi. Oduň ýalnydyr öýdeni Günüň çogudy. Gün dogup asmana galyp gidipdi. Bu ýerde ne ot bardy, ne-de düşek. Ol misli seleň sährada ýalazy topragy gujaklap ýatan ýalydy. Agşamky meýlisden bolsa bir wagt öçüp giden oduň üýşmek küli galypdyr. Bu öýüň işigi göçülen ýurt ýaly, haňlap ýatyrdy. Muhammet ýerinden turdy-da, daga, oglanlaryň ýanyna bakan ugrady. Ony gören badyna goýun bakyp ýören oglanlar pakyrdy berşip, gülşüp başladylar. – Aý, ýigid-ä meýlis görüp geld-ow, aý tomaşa görüpdir-ow, ýigit! Muhammediň ýoldaşy onuň tutuş gijäni uklap geçirendigini oglanlara gürrüň beren bolara çemeli. Oglanlar ýene-de Muhammediň üstünden güljek boldular! – Görýän welin, goýun bakmak, meýlislerde keýp çekmek meniň ykbalyma ýazylmandyr. Men gideýin, razy boluň! – Ol ýoldaşlary bilen razylaşyp, öýlerine gaýtdy. Ol şondan soň tä ömrüniň ahyryna çenli goýun-da bakmandy, meýlisde-de oturmandy. Kerwen Şamdan Mekgä bakan gidip barýardy... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |