17:24 Muhammet pygamber -9: romanyň dowamy | |
3. We, eý Muhammet (s.a.w), sen şol wagty ýadyňa sal, Ybraýym Halylyň Belent-Perwerdigäri ony birneme emirler bilen synady, bes, Ybraýym Halyl ol emirleri tamam ýerine ýetirdi. Belent-Taňry Ybraýyma, men seni hemme ynsana ymam (ýolbaşçy) etjek diýdi. We Ybraýym Halyl Allatagala, meniň perzentlerimden hem pygamber bolsun diýdi. Allatagala Ybraýyma, meniň bu ähtim zalymlara nesip etmez diýdi. Gurhan 2-nji süre. 124-nji aýat. We, eý, Muhammet aleýhissalam, sen ymmatyňa aýt, Ybraýym we Ysmaýyl pygamberler Käbäniň düýbüni tutdylar we diwarlaryny galdyrdylar. Gurhan 2-nji süre. 127-nji aýat. Bagira atanyň kalbyndan süýjüje bulaklar akýan ýalydy. Ol myhmanlaryny ugratdy-da, ýöne-de kitaplaryny töweregine üýşürip başlady. Soň şemini ýakdy. Ol Muhammet pygamberiň şejeresini ýene-de yzarlap ugrady. Ol bir zada haýran galdy. Adam aleýhyssalam bilen Muhammet pygamberiň arasynda Ybraýym pygamber durdy. Bu pygamberiň arkalary hem gelip Ybraýym pygambere direýärdi. Ol Musa pygamber bilen Isa pygamberiň arasyndaky müň ýedi ýüz ýyllyk ýoly gördi. Isa pygamberden Muhammet pygambere çenli aralykda bolsa alty ýüz ýyllyk ýol ýatyrdy. Emma Ybraýym pygamber bilen Muhammet pygamberiň aralygyndaky ýol näçe daş hem bolsa, aýna ýaly tekizdi we aýdyňdy. Ol şol uzak ýoly külterlep başlady. 1. Ybraýym aleýhyssalam. 2. Ysmaýyl aleýhyssalam. 3. Nabit. 4. Ýeşjub. 5. Ýarub. 6. Teýrah. 7. Nahur (ýa-da Sarih). 8. Mukawwim. 9. Udd (ýa-da Udad). 10. Adnan. 11. Maad. 12. Nizar. 13. Mudar. 14. Ylýas. 15. Müdrike. 16. Huzeýme. 17. Kinane. 18. Nadr. 19. Malik. 20. Fihr. 21. Galib. 22. Lüýeý. 23. Kab. 24. Mürre. 25. Kilab. 26. Kusaý (Mugire). 27. Abdy Menaf. 28. Haşym. 29. Abdyl Mutalyb (çyn ady Şeýbe). 30. Abdylla. 31. Muhammet sallallahu aleýhi wessellem. Bagira atanyň aňlaýşyça, bularyň mazary başga-başga ýerlerde galan bolsa-da, ählisiniň göbegi Käbede gömlen bolmalydy. Käbe bularyň hem öýi, hem aramgähi bolmalydy. Bularyň ählisiniň döwrany, ömür beýany iň aňyrky köki Ybraýym pygamberiň Alla-Tagalanyň buýrugy bilen gelip, Käbäni gurmagyndan başlanýardy. Bagira ata mukaddes kitaplaryň birinde onam gördi. Alla-Tagalanyň Ýerdäki öýi bolan Käbe şu çaka çenli telim gaýta ýykylyp, telim sapar täzeden gurlandy... ...Alla Tagala Adam aleýhyssalamy toprakdan ýasandan soň, ony jennete goýberdi. Adam jennetde ilki öz raýyna gözip ýördi. Şonda Alla-Tagala bir ymarat gurdy-da: – Eý, Adam! – diýdi. – Sen şol ymarata bar-da özüňi toprakdan ynsan eýläň jaň hereket, akyl-huş, saýrak dil beren, özüňem jennet eşretini nygmat edene hamdy senalar aýt. Bu günleriňe şükür et-de, alkyşlar aýt! Adam aleýhyssalam ilki boýun sundy. Ol jennetiň içindäki Käbesine günde telim baryp, beýik Ýaradana alkyşlar aýtdy. Şu gününe şükür kyldy. Emma ol bir gün How ene bilen bilelikde Şeýtanyň duzagyna düşdi-de Hudaýyň buýrugyndan aýryldy. Özi üçin gadagan miweden iýdi. Şeýdibem hem Alla-Tagala, hem onuň jennetine çirk ýetirdi. Şeýdip Ýaradanyň buýrugyna garşy gitdi. Alla-Tagala bu günäsi üçin ony jennetden çykardy-da, üç ýüz ýyllyk aýraçylyk, hasrat çekjek ýalançy dünýäniň bir künjüne taşlap goýberdi. Adam aleýhyssalam ilki köp-köp hasratlar çekdi. Aglady. Özüni ýaradana gijesi-gündizi ýok, göz ýaş döküp ýalbaryp gezdi. Ahyr soňunda ol: – Eý Taňrym, Muhammet-Mustapa aleýhyssalamyň hatyrasyna meniň günälerimi ötgül – diýip zar-zar aglansoň, beýik Perwerdigär oňa rehim etdi. Çünki onuň eziz dosty Muhammet-Mustapa ýaly şeýle artyk gowy görýäni ýokdy. Ol diňe geljekde Adam aleýhyssalamyň nesillerinden Muhammet-Mustapa aleýhyssalam – Hak resulynyň dörejekdigi üçin oňa rehim kylyp, Arafat dagynda How enemiz bilen duşurypdy. Soňra Adam aleýhyssalamyň Şis aleýhyssalam atly perzendine geljekde dünýä injek söwer Resuly Muhammet-Mustapa aleýhyssalamyň mukaddes nuruny karzyna beripdi. Şis aleýhyssalam hem Adam aleýhyssalamyň berkden berk tabşyrygy bilen şol amanat nury juda ätiýaçly, çirksiz saklap, soň ony öz ogly Anuşa, olam ogly Kynana, ondan hem aňry geçirip, tä Muhammet aleýhyssalamyň kakasy Abdylla ibn Abdyl Mutalyb ibn Haşym ibn Abdy Menaf ibn Kusaýa çenli gelip ýetipdir. Adam aleýhyssalam How enemiz bilen ýaşap, nesilleri örňäp başlanda olara belent Perwerdigäri tanar ýaly, özlerini dünýä inderip, bu günlere ýetireni üçin oňa alkyşlar, doga-dilegler aýdar ýaly, bir mukaddes öýi isländir. Şonda Adam aleýhyssalamyň ýadyna jennetdäki zyýarat öýi düşüpdir. Ol belent Taňrysyna ýalbaryp başlapdy. – Eý, beýik Eýäm! Meni toprakdan ýaratdyň. Jan berdiň, jiger berdiň. Dil berdiň, akyl-paýhas berdiň, jan Allam! Pälim azyp Şeýtan alyna gidenimde, meni dogry ýola getirdiň. Ahyr soňunda Arafat dagynda ýazygymy geçdiň. Indem nesil berdiň. Meniň şol neslim Seni tanar ýaly, Seniň päk, çirksiz hormatyňa alkyşlar aýdar ýaly, seniň beren ykbalyňa, hoşamaý günleriňe, bol rysgalyňa, ýagty ömrüňe şükür eder ýaly, jennetdäki sejdegähiňi maňa gaýtaryp berseň! Alla-Tagala Adam aleýhyssalamyň dilegini kabul etdi. Ol Jebraýyl perişdä Adam aleýhyssalama jennetdäki ýaly sejdegäh gurup bermegi tabşyrdy. Jebraýyl perişde şeýle mukaddes Käbäni adam aleýhyssalama gurup berdi. Adam aleýhyssalam ýaşady-ýaşady, ahyry bir gün sanaglysy doldy-da, dünýäden ötdi. Şonda şol ajaýyp Käbe-de dünýäden gaýyp boldy. Emma şol Käbeýi hananyň ýeri boş durdy. Indi bu dünýäde atalarynyň ýoluny tutup, belent Taňra alkyş aýdar ýaly, ony tanar ýaly bir zyýarathana-da ýokdy. Şonuň üçin özleriniň kakalary barka baryp, görüp oňa zyýarat edip ýörensoňlar, Adam aleýhyssalamyň ogullary Sif bilen Nuh şol öňki Käbäniň ýerinden daşdan örüp, şoňa juda meňzeş bolan Käbäni gurdular. Dünýäde ebedi zat ýok. «Nuhuň tupany» diýip at alan suw joşmasynda ol daşdan gurlan Käbe-de çagşap gidipdi. Suw joşmasy kem-kemden çekilenden soň, Nuh pygamberiň ogly Sim ony täzeden gurupdy. Ýöne nesilleriň çalşyp durmagy, uruş-dawalar, göçhä-göçlükler Käbäniň ýykylyp, tozup gitmegine sebäp bolupdy. Ine, şonda Alla-Tagala Ybraýym aleýhyssalama Käbäni gaýtadan gurmagy buýrupdy. Jebraýyl perişde bolsa oňa Käbäniň öňki duran ýerini görkezipdi. Ybraýym pygamber ogly Ysmaýyl jany ýanyna alyp, Käbäniň ýerini gazyp başladylar. Şonda onuň gözi Käbäniň esasyna, onuň birwagtky daş kerpiçlerine düşüpdi. Ol şol daş kerpiçleri, Bäş dagyň mäkäm daşlary bilen garyşdyryp, Käbäniň boýuny ýetiripdi. Ybraýym pygamberiň özi agyr, bir biçüwdäki dörtgyraň daşlary alyp berip, Ysmaýyl jany diwaryň üstüne mündirip, daşlary şoňa ördürýärdi. Ybraýym pygamber Ysmaýyl jany şeýle bir gowy görýärdi, asyl, ony şirin janyndan hem eziz görýärdi. – Atam, bu ýerde daş kän ahyryň sen näme üçin bu ymarat üçin daşy Bäş dagdan alyp gelýärsiň? – diýip, Ysmaýyljan maňlaýynyň derini süpürýärdi-de, daş örüp oturan ýerinden başyny galdyryp soraýardy. Ybraýym pygamber: – Iki dünýämiň şamçyragy, eý köňül köşgüm, eziz balam, Ysmaýyl jan. – Ybraýym pygamber şu ýerde ýalňyşypdy. Onuň bu sözlerini olaryň daşyny gallap, kömäge häzir bolup duran perişdeler eşitdiler. – Geljekde biziň köp-köp nesillerimiz därär. Olar şonda bu ýere dag ýaly, dag ýaly günäleri bilen gelerler. Eger daşy bir dagdan alsak, guran Käbemiz bir daglyk günäni göterip bilmez. Eger bäş dagdan daş alsak, olaryň günäsi näçe agyr bolsa-da, Käbe göterer. Ybraýym pygamber Käbäni guranda oňa bir zadyň ýetmeýänini bilipdir. Ol hem zyýaratyň başlanmaly ýeriniň belligi eken. Onsoň hem ol Käbä ýürek şekilini goýmak isläpdir. Adamlar şol ýürek şekline togap etse, olaryň derdi belalary bilen günäleri hem dökülip, köp-köp sogaplar gazanmalymyş. Ybraýym pygamber arzyny Jebraýyl perişdä aýdypdyr. Jebraýyl perişde oňa jowur ak daşy getirip beripdir. Ybraýym pygamber şol daşy Käbäniň demirgazyk-gündogar burçunda berkidip goýupdyr. Ol şol daşy Käbäniň şol burçuna goýmak üçin ýokary göteripdir. Emma ol ýere eli ýetmändir. Şonuň üçin aýagynyň astyna başga bir daşy goýdy-da, jowur ak daşy ýöne-de ýokary göterdi. Şonda onuň yzlary aýagynyň aşagyndaky daşa möhür bolup galdy. Ybraýym pygamberden soň Banu Huzah diýen günorta arap taýpasynyň adamlary jürhitler diýen arap taýpasy garapyndan weýran edilen Käbäni gaýtadan dikeltdiler. 605-nji ýylda bolsa kuraýyş taýpasynyň ogullary ata-babalaryndan miras galan bu ýerde Käbäni täzeden gurdular. Bagira ata ýöne-de sanlyja ýyldan Käbäniň gaýtadan guruljagyny bilýärdi. Özem, şol gurluşyga Muhammet gatnaşmalydy, şol ýerde-de gan döküşligiň öňüni alyp, bir möhüm wakany çözmelidi. Ýöne onuň nämedigini welin bilip bilmedi. Bagira ata şol kitapda Ybraýym pygamber bilen baglanyşykly ýöne-de bir möhüm ýazgylaryň üstünden bardy. Onda şeýle diýilýärdi. ...Ybraýym pygamber ogly Ysmaýyl jany şirin janyndan hem müň esse gowy görýärdi. Çünki ol başdan aýaly bilen ýaşaýarka ogla ata bolmadan galan adamdy. Özi-de, aýaly Sara-da indi juda garrap, halys sandan galan adamlardy. Ol ýalňyz aýaly Sara bilen Alla Tagalanyň huzyryna gitmäge özüni taýýarlap ýördi. Emma garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Aýaly Saranyň özi Ybraýym pygambere ýalbaryp başlady. – Sen erkek adam. Erkek adamyň garramagy mümkin däldir. Sen öz gyrnagymyz Hajary özüňe aýal edip al. Senden hökman ogul perzent dünýä iner. Sen meniň diýenimi et, Ybraýym!.. Ybraýym pygamberiň öýlenmek aladasy ýokdy. Emma ol ogul perzent, yzyna eýe boljak zürýat welin isleýärdi. Diňe şonuň üçin ol Saranyň diýenini edip, Hajara öýlenipdi. Ýogsa togsan dokuz ýaşynda gyrnak onuň derdine derman däldi. Taňry oňa ogul perzent berdi. Ysmaýyl jan bolandan soň ol Hajaryň ýüzüne-de garamandy. Ol ogluny görmäge barardy. Eger ogly öýde bar bolsa, ony görerdi. Eger ogly öýde ýok bolsa, içerem girmezdi-de, yzyna gaýdardy. Soňky baranda ol oglunyň eziz didaryny görüp begenipdi. Oňa akyl-paýhas öwredipdi. – Eýeňi tana. Oňa gije-gündiz hamdy-sena aýtgyn. Beren ömri, rysgaly, nygmatlary üçin şükür kylgyn. – diýip, aýdardy-da, ýöne-de yzyna gaýdardy. Ol Ysmaýyl jan bilen sözleşende her sözüni bala-eşrepe garyp, ýürek mähribanlygy bilen sözlärdi. – Iki dünýäniň şamçyragy, eý, köňül köşgüm – diýip ýüzlenerdi. Onuň ogluna bolan beýle näzik söýgüsini perişdeler garbap alyp, asmanlara eltýärdiler, Asyl, Ybraýym pygamber ogluna bolan söýgüsini, buýsanjyny beýan etmek üçin söz tapmaýardy. Ýogsa onuň kalby oňa bolan söýgüden püre-pürlenip durdy. Şonuň üçin oglunyň didaryny küýseý-küýseý gör, näçe menzillerden jerbirler çeke-çeke gelerdi. Oglunyň didaryny, adyny ýüregindeň dilinden düşürmän gezerdi. Ybraýym pygamberiň bu bolşuşy perişdeler Perwerdigare bada-bat habar berdiler. – Ybraýym pygamber öz eýesini ýadyndan çykardy. Onuň beýik Taňra bolan söýgüsiniň öwezini ogly Ysmaýyla bolan söýgi gaplap aldy. Ybraýym pygamber Taňrysyny ýadyndan çykaranokdy. Ol her wagt, her wagt Perwerdigärini ýatlap, oňa sadaka diýip gurban berýärdi. Emma her sapar arşda onuň beren sadakasy kabul edilmeýärdi. Yzly-yzyna sadaka berse-de, olaryň kabul edilmezligi Ybraýym pygamberi geň galdyrardy. Ol öz dostunyň näme üçin özünden öýkeleýändiginiň sebäplerini bilip bilenokdy. Ahyr soňy ol Alla Tagala öz arzyny aýtdy. – Eý, Eýäm, Perwerdigärim! Men seniň şükrünnaňa, seniň mähribanlygyňa müň sapar öwgüler aýdyp, seniň üçin sansyz sadakalar berdim. Emma şol sadakalarymy kabul etmediňiz. Onuň sebäbini bilemok. Belki meniň bir günähim bardyr. Eger beýik Eýämiň alynda günäm bolsa, ony eger, gerek bolsa şirin janymy bagş edip, şol günämi ýuwsamdym... Beýik Perwerdigär onuň sesini eşitdi. – Özüne iň eziz görenini dostuna-da eziz görse, kabul ederis! Ybraýym pygamber Hakyň talabyna düşündi-de, özüni lampa aşak goýberdi. Ol bu syry hiç kime duýdurman gitdi-de, ahyrsoňy öz-özüni gyssady. – Eý, Ybraýym pygamber, beýik eýäň senden ýalňyz balaň Ysmaýyl jany dileýär. Sen indi ýalňyz balaňy Beýik Taňrynyň ýoluna gurban bermeli... Ol köp wagtlap gam-gussa baglanyp gezdi. Ýöne birden ýüregi giňedi gitdi. – Gam çekme, Ybraýym! Togsan dokuz ýaşyňda ol şirin miwäni beren kim! Ol miwäniň eýesi kim? Asyl, seniň özüň kimiňki? Ýerleri, gökleri ýaradan, ynsyň, jynsyň, on sekiz müň älemiň ýaradyjysyna berýärsiň balaňy. Gündizlerde güni ýakan, gijelerine Aýy röwşenleşdiren gijeleri, gündizleri döreden senden soraman alanynda-da, etjek alajyň barmyka? Ýokdur. Emma senden gadyr edip sorady. – Özüne iň eziz görenini dostuna-da rowa görse, kabul ederis – diýdi. Ol seni dosty saýdy. Heý, dostdan hem jan aýalarmy. Goý, müň janym bolsa, ählisi dostumyňky bolsun! Eýesine gerek bolsa, bize haramdyr! Ybraýym pygamber indi gam çekenokdy. Ýüregi suwludy. Onuň dilegçisi beýik Perwerdigärdi. Ybraýym pygamber bir zada pugta göz ýetirýärdi. Dawut pygamberiň kyrk ogluny alan Taňry bir işigiňi ýapsa, müň işigiňi açyp, Süleýman kimin, Ýere-suwa hökmüni ýöredýän, tagtyny ýel ýöreden ogly berip biler. Ol öz ýagdaýyny çekine-çekine Ysmaýyl jana aýtdy. – Balam, gözümiň röwşeni, depämiň täji, men küpür gepläp, ýüregimi saňa telwas etdirdim. Meger, şoňa beýik Eýämiň gahary geldi. Ol menden seni gurban bermegimi isleýär. Ysmaýyl jan mylaýymdan mähriban oglandy. Onuň egnine düşüp duran mele saçy nurana ýüzüne gelşip, owadan ala gözlerinden çogýan mähir bilen utgaşyp, göreniň aklyny haýran edýärdi. Onuň ýakymly sesi şirin janyňa ornap gidýärdi. Ol akylly, asylly başyny belent tutdy-da, oýlandy. Soňra parahat gürledi. – Jan atam, seni otparaz ýezitler oňa tabşyranda aýdan sözleriň ýadyňdamy?! – Ýadymda, balam! – Şony ýene bir sapar aýtsan-a!.. Ybraýym pygamber Nemrut patyşanyň gaşyna baryp, ondan Alla-Tagalanyň ýeke-täkligini ykrar etmegini talap edipdi. Nemrut patyşa bolsa Ybraýymy tutdurdy. Ony zor bilen pälinden gaýtarjak boldy. Diýen sözüni yzyna gaýdyp aldyryp, Hudaýa bolan ynanjyndan dändirjek boldy. Emma Ybraýym pygamber niýetinden dänmedi. Patyşa dagyň gabarasy ýaly odun ýygnadyp, uly ot ýakdyryp, oňa Ybraýym pygamberi atdyrdy. Şonda Nemrut patyşanyň nökerleri: – Ybraýym, iň soňky sapar soraýarys, niýetiňden dän! – diýip haýbat atdylar. Ybraýym aleýhyssalam: – Niýetim – Alladyr! – diýdi. Olar ýene-de Ybraýym pygamberiň üstüne möwjediler. – Ybraýym, saňa iň soňky sapar aýdylýar. Ynanjyňdan dän. Sen... – Ynanjym: «Lä ilähä illallahdyr!». Olar gazaba münüpdiler. – Sen adamyň akmagy ekeniň. Saňa iň soňky sapar aýdylýar. «Men ýüregimi tämizledim» diý! – Ýüregim her sapar uranda: «Alla!» diýip urýandyr. Onda Alladan başga zat bolup bilmez! Ybraýymyň bu jogaby oturanlaryň gaharyny ýetjek ýerine ýetiripdi. Olar ony ýöne-de gyssap başlapdylar. – Sen, akmak bolma, diýlen söze gowurak jogap ber-de, janyňy halas et. Ybraýym pygamber gorkyny-ürküni bilenokdy. Ol juda arkaýyn gürledi. – Janymy berene gurban berýän. Müň janym bolsa, ählisi şonuňkydyr. Mendäk-ä bir jan! Ony gazap bilen şol uly oda atdylar. Allanyň gudraty bilen ol ot al-elwan gül-çemene öwrüldi. – Eý, Allam! Gudratyňa döneýin! Ysmaýyl jan atasynyň bu gürrüňine enaýy ýylgyrdy. – Eziz atam, men atamdan aýrylyp nirä gideýin. Ol-a meniň bir janym eken, müň janym bolsa-da ählisi Belent Taňra gurban bolsun! Ybraýym pygamber oglundan müňde bir razy boldy. Ony ezizläp, bagryna basdy. – Alladan özge allalar ýokdur, oglum! Ataly ogul tirkeşip, Ezraýylyň jan aljak jülgesine bakan ugradylar. Ysmaýyl jan kakasynyň gapdaljygyndan ýöräp barýardy. Ol birden sägindi-de: – Ýok, bolmaz! – diýdi. Ybraýym pygamber oglunyň gazaply sözüni eşitdi. Ol tisginip gitdi. Ol ogly öz sözünden dänen bolmasa ýagşy diýip oýlandy. Soň ol öz perzendine ýüzlendi. – Näme, Ysmaýyl jaň göwnüňe güman gidäýdimi? – diýdi-de ýuwaşja sorady. Ysmaýyl jan başyny ýaýkady. – Arkaýyn bol, atam. Seniň lebziňden dönjek ogluň ýokdur! Bu iş ikigöwünliligiň ýoly däldir! – Onda näme üçin «ýok» diýdiň? – diýip, kakasy oglundan sorady. Ysmaýyl jan bolan wakany oňa gürrüň berdi. – Çaga sesli biri: «Gaç, Ysmaýyl. Garrap, aňkasy aşan kakaň biderek sözi üçin öz janyňy gurban etjekmi? Bol, gaç-da gizlen. Ol garry adam yzyňdan ýetip bilmez» diýdi. Menem oňa ýeke agyz: «Ýok» diýdim. Ybraýym pygamber egildi-de ýerden ýedi sany daş aldy. – Ol kiçi şeýtandyr, oglum. Ýerden senem ýedi sany daşy çöpläp al-da, taýýar bol. Kiçi şeýtany daşlaly. Olar kiçi şeýtany daşladylar-da, öňe bakan ugradylar. Ýolda Ybraýym pygamberiň elinden tutup barýan Ysmaýyl jan ýene-de erbet düýrükdi. Soňra: – Ýok bol, meni lebzimden gaýtarjak ýokdur! – diýip gaharly aýtdy. Ybraýym pygamber oglunyň ýüzüne garady. – Hälkä görä ýogynrak ses: «Sen indi ýaşamaly. Bu hezil durmuşyň hözirini görmeli wagtyň geldi. Seniň ýaly owadan ogluny gurban etjek bolýan atadan gaç» diýdi. Men oňa: «Bar, git, meni lebzimden gaýtarjak ýokdur!» diýip jogap berdim – diýip, Ysmaýyl jan kakasyny köşeşdirdi. Ybraýym pygamber minnetdarlyk bilen başyny atdy. – Oňarypsyň, oglum. Ol ortanjy şeýtandyr. Gel, oglum, indi gaýdyp golaýyňa gelmez ýaly, ýerden ýedi sany daş çöpläp alaly-da, onam daşlaly. Ýa bismilla, al, şeýtan paýyňy! Ataly-ogul gurbanlyk çalynýan ýere golaýlaşdylar. Ysmaýyl jan birden büdrejek ýaly etdi-de, kakasyna az-kem gysmyljyrady. Soňra gazaba münüp: – Çekil, ýoldan! Meniň niýetim – Alladyr. Senam kulhuwalladyr! Müň janym bolsa, ählisi beýik Perwerdigäre gurbandyr. – diýip gygyrdy. – Oglum, saňa näme bolýar? Gorkma, näme yşarat gören bolsaň, aýt! Ybraýym jan başyny ýaýkady. – Bir gap-gara, garry ylhanat bela ýolumy saklap: «Gaýt, päliňden. Şirin janyňy arzan ajala satma! Ony eziz sakla. Eger isleseň men saňa näme etmelidigini öwredeýin. Geç, ataňdan. Bol, men saňa bir söz öwredeýin, sen şony gaýtala!» diýdi. Menem hälki jogaby berdim. Ybraýym pygamber egildi-de, ýerden ýedi sany daş çöpläp aldy. – Ol Iblisiň hut özüdir. Ýerden daş al-da, ýar maňlaýyny... Olar ýerden daş alyp, Iblise bakan gahar-gazap bilen zyňyp başladylar. Ýüzügara Iblis, onuň çagalary-da şol pursadyň özünde ýom-ýok boldular. Ataly-ogul tirkeşip, Hudaý üçin sadaka berilýän meýdana geldiler. Ybraýym pygamberiň öz nowbahar ogluny Alla-Tagala gurban berjekdigi baradaky habar çar garapa ýaýrapdy. Şonuň üçin bu ýere adam bary üýşüpdi. Ybraýym pygamber töweregine garady. Ol özüniň nowbahar oglunyň gurban beriljegine begenip, gözleri ýyldyraýan adamlary gördi. Olara gep-gürrüň, tomaşa gerekdi. Emma märekäniň arasynda gözleri ganly ýaşdan doly bendeler hem bardy. Ybraýym pygamber bu agyr märekä aňk bolup, garap duran oglunyň egninden hoşamaýlyk bilen çekdi. – Bar, balam, ejeň, doganlaryň, dostlaryň bilen hoşlaş. Ysmaýyl jan ilki bilen ejesiniň ýanyna bardy. – Käbäm enem, beren ak süýdüňe gurban bolaýyn. Menden razy bolgun! Ysmaýyl janyň ejesi Hajar hasrat içinde gan aglaýardy. Ol oglunyň didaryny iň soňky-sapar görýändigine ynanmajak bolýan ýaly, balasyny bagryna basyp eňredi. – Beýik Taňrynyň söýeni. Seniň ýeriňe men ölsem bolmaýarmy! Ysmaýyl jan ejesiniň elinden tutdy. – Aglama, eje jan, dogrup, boýuma guwanyp, beslän sen hem bolsaň, hak eýäm beýik Taňrydyr. Heý, eziz Ýaradan isläp çagyranda gitmedikden hem ynsan bolarmy. Biziň barymyz, ýerler, gökler, ynslar, jynslar, ol çagyrmasa-da, Şonuň buýrugyndadyrys. Meniň ähli yhlasym Hakyň alyndadyr. Şonuň üçin Hak alyna mynasyp ogul beslän ene hiç wagt aglamaly däldir. Beýik Perwerdigär her kimi-her kimi isleýän däldir, eje jaň sen şoňa düşüngin! Hajar oglunyň agzyndan çykýan sözlere haýran galdy. Ol şeýle ogly beslänine begendi. «Eziz Taňra hem şeýle akylly, şeýle mähriban gerekd-ä» diýip oýlandy. Soňra onuň göwni giňäp ýüregi ýerine gelen ýaly boldy. Ysmaýyl jan deň-duş oglanlarynyň ýanyna bardy. – Dostlarym, razy boluň. Meni ýamanlykda ýatlamaň! Ol il-gün bilen baş atyşyp hoşlaşdy. Soň kakasynyň ýanyna geldi-de oňa başyny egip ýüzlendi. – Janym atam, meniň tenimem, lebzimem, ýüregim, süňňümem tämizdir. Sen meni arkaýyn Hak alyna ugradyber! Ybraýym pygamber Ysmaýyl jany Käbä garap bakdyrdy-da, onuň başyny dyzynyň üstünde goýup, oglunyň nurana ýüzüni özüne bakan garatdy. Soň almaz ýaly ýiti pyçagyny gynyndan çykardy. Bir salym durdy-da, asmana garady. – Eý, beýik Perwerdigär. Dünýäniň ýüzünde iň eziz zadymy saňa rowa görüp, seniň alnyňa geldim. Oglum Ysmaýyl janyň janyny saňa gurban berýärin! Sadakamy kabul et! Bismillahyr-errahmanyr-errahym! Allahy ekber! Allahy ekber, Allahy ekber! Ol oglunyň kellesini az-kem gaňyrdy-da, ýiti pyçagyny onuň bogazyndan saldy. Ilkinji sapar syhanda oglunyň boýnundan ýalaw çykyp gitdi. Emma pyçak kesmedi. Ol ikinji sapar oglanyň damagyny syhady. Oglanyň boýny bilen pyçagyň aralygyndan çykan ýalaw tas Ybraýym pygamberiň sakalyny, ýüz-gözüni çirkezipdi. Üçünji sapar syhady, pyçak bu sapar hem kesmedi. «Be, meniň pyçagym şeýle küteldimikän» diýip oýlanan Ybraýym pygamber pyçagyny gapdalyndaky juda berk daşa syhady. Ol daş tä düýbüne çenli parran iki bölündi. Ybraýym pygamber az-kem aljyrady-da, başyny galdyrdy. Şol pursat bolsa gaýypdan şahlary burum-burum goç-guzy aşak indi. Emma Ybraýym pygamber ilki ony görmedi. Ol: «Hany, göreýin bakaly, şu sapar-ha pyçak kesse gerek» diýip, pyçagyny Ysmaýyl janyň bogazy diýip salanda, ol Goç-guzynyň damagyny şarpa çaldy-da, onuň al ganyny çüwdürip goýberdi. Il-gün bu gudrata haýranlar galdy. – Dostum, sadakaňy kabul etdim! Ybraýym pygamber bu sese şirin jany gönenip ýylgyrdy-da, ýerde Hakyň buýrugyna kaýyl bolup ýatan balasyny garsa gujaklap, ýerinden turuzdy... Bagira ata bu şirin söhbetiň şu ýerine gelende öý eýesi arabyň horazlary ala-gopgun turzup gygyrypdylar. Bagira ata daňyň bir wagt atanyny diňe şonda bilip galdy. Ol şondan soň şemini öçürdi-de, oýa batdy. – Gör, Muhammet pygamber kimleriň neslinden eken?! Ol Hakyň sözüni gaýtalady. «Özüne eziz görýänini, dostuna-da eziz görsün! Dost dostdan janyny gaýgyrmaz!». Ol beýik Dostuň iň eziz Dosty – Muhammet! – Ol Hrama garap bakdy-da, yhlas bilen çokundy. – Eý, eziz Perwerdigär, ony öz penaňda aman sakla! – diýdi. Bagira ata daşary çykdy. Soňra ýüpek ýaly ýumşak, jana tenekar howany demine dartdy. Ol dünýä ýaňy inen çaganyňky deýin päkize kalby bilen geljekki pygamberiň nurana didaryny ýatlap, bu dünýä gelenine razy bolup, hoşamaý ýylgyrdy. Kerwen bolsa Şamdan Mekgä tarap yranyp, şo-ol gidip barýardy. * * * Muhammet pygamber (a.s.m) aýdypdyr: Pygamberleri ýatlamak ybadatdyr. Salyh (halalhon, päk, alym) kişileri ýatlap durmak günälere kefaratdyr, ýagny bagyşlanmagyna sebäpdir. Ölümi ýatlamak sadakadyr. Gabry ýatlap durmak, sizi Jennete ýakynlaşdyrar. Rowaýat: Ybraýym pygamber ogly Ysmaýyl jan bilen Käbäni gurdular. Soňra Ybraýym pygamber Alla-Tagala arz etdi: – Eý, Biribar! Biz Käbäni gurup gutardyk. Indi näme etmeli? Alla-Tagala oňa dünýäniň ähli halaýygyny Käbä zyýarat etmäge çagyrmagy buýurdy. Onda Ybraýym pygamber aýtdy. – Eý, Biribar! Bu dört dagyň arasynda gygyranymda meniň sesimi kim eşitjekmişin?! Alla-Tagala oňa «Sen gygyr, men saňa hemaýat bererin» diýdi. – Adamlar, eşidiň, Käbe Alla-Tagalanyň zyýarathanasy boldy. Oňa zyýarata geliň! – diýip, Ybraýym pygamber sesinden baryny edip gygyrdy. Ybraýym pygamber bilen Alla-Tagalanyň arasyndaky gürrüňi eşdip duran Şeýtan bilen Ezraýyl perişde hem Ybraýym pygamberiň sesine goşulyp gygyrdylar-da, adamlary Käbä zyýarat etmäge çagyrdylar. Şondan soň Käbä zyýarat edýänler üç topara bölünipdir. Birinji topar, Ybraýym pygamberiň sesini eşidenlermişin. Olar Käbä baryp gidenlerinde mis kimin bolsalar, gelenlerinden soň, kem-kemden tylla öwrülermişler. Ikinji topar, olar Ezraýyl perişdäniň çagyranlarymyşyn. Olar Käbä zyýarata gidermişler-de, şol ýerde jan berip, hemişelik galarmyşlar. Olaryň jaýy jennetmiş. Üçünji topar, olar şeýtanyň çagyranlarymyşyn. Şeýtanyň sesini eşidip Käbä zyýarata gidip gelenler, soň-soňlar Iblisden hem müň esse haramzada bolarmyşlar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |