17:09 Muhammet pygamber / roman | |
I KITAP BIRINJI BÖLÜM MEKGE 1. Eý Muhammet (s.a.w), sen Käbäni almaga (ýykmaga) gelen Mahmut atly piliň eýesi, Ýemen patyşasy Ebrahanyň özüni we onuň goşunlaryny seniň Belent-Taňryň nähili heläk edenini arkaba-arka gelýän habarlardan eşitmediňmi (görmediňmi). Gurhan. "Pil" süresi. 1-nji aýat. Bismillahy errahmany-errahym. Bu gün gadymy Käbe jülgesi goja dünýäniň çür depesinde emaý bilen üwrelip duran sallançaga meňzeýärdi. Belent Taňrynyň bir wagtlar yşga düşüp ýasan bu togalak zemini bolsa şol sallançagyň aşagyndan asylyp, uç-gyraksyz asman deňzinde hallan atyp duran ýalydy. Indi ýaşy bir çene baryp, bili bükülip başlan goja Abdyl Mutalyp gap-gara ýalçy ýaly ýaldyrap, kemer-kemer bolup duran maňlaýyndan käse ýaly ullakan mähirli gözlerine inýän deri sag eliniň iki barmagy bilen sylyp ýetişip bilmän otyrdy. Ol durşuna der bolup duran ynjyly ýüzüni solaksy, misli ýumurtganyň sarysy çalnan ýaly bolup duran asmana dikdi. Soň öz gözlerine ynanmaýan ýaly bolup, egnini gysyp oturan pagsa jaýlara hopugyp garady-da, uludan demini aldy. – Bu ne bela yssydyr! – diýip, töweregine delmurup garady. – Edil, ýakyp-ýandyryp barýar-la! Häzirki yssy öň görlüp-eşdilene meňzemeýärdi. Ol hakykatdan hem ýakyp-ýandyryp barýardy. Çünki bu gün başga hasaplar bilen 570-nji ýylyň 29-njy awgustynda tutuş Käbe jülgesi ap-ak ganatly perişdelerden ýaňa, misli lowurdap duran ak kamys arlyk ýalydy. Şol perişdeleriň biri-birine sepleşip gidýän ak ganatlaryna düşýän gün nurunyň ýiti şöhlesi ýiti aklykda taýyp, öňküden müň esse röwşen alyp, töwerege syçrap gidýärdi. Şonuň üçin häzir tutuş Mekge ýanar oluň içinde ýalydy. Emma muny hiç kim görüp, duýup bilenokdy. Diňe Hakyň ilçisi Jebraýyl perişde bilýärdi. Ol häzir bir ujy al-asmana ýetýän äpet tagtynyň üstünde oturan ýerinden tutuş jülgäni tutup ýatan perişdelere serenjam berýärdi. Elbetde, bu işlerden şeýtanyň habary ýokdur diýsek, ýalançy boldugymyzdyr. Häzir şeýtan bedroý ýüzüni ýalandan gülümsiredip ýörşüne, ynsan kalbyna gowgaly gopgun baryny salmagy hem undanokdy. Häzir tutuş älem bitakatdy. Häzir tutuş älem bir mukaddes buşluk habaryna garaşýan ýaly ümsümdi, rahatdy. Diňe goja Abdyl Mutalyp ähli gowga öz başyndan inen ýaly bolup, Käbe aýmançasynyň daş işiginde gurlan çalamydar bassyrmasynyň aşagyndaky sekiniň üstüne atylan köne, şylhasy çykan boýra düşegiň üstünde aýasyny maňlaýyna diräp, agyr oýa gark bolup otyrdy. Ol birden-birden hem içini çekýärdi-de, aldygyna özleriniň ata-baba daş Hudaýy bolan Hubaly çagyrýardy. – Eý, gurbany gitdigim, gudratly Hubal, şu derdi-belalardan aman saklasaň, ýoluňa bir düýe gurban bereýin! Hubal, misli onuň ýüregine teselli berýän ýaly, ol bir salym köşeşýärdem. Şol arada nirelerdendir bir ýerlerden bir tilisge salkyn şemal gelip, onuň derçiräp duran maňlaýyny ýelpeýäne-de meňzeýärdi. Onuň gurap giden bokurdagy, ot alyp barýan demligi az-kem gowşaşýan hem ýalydy. Emma bularyň bary bir pursatjyk hözirdi. – Eý, ata-babamyň sygyndygy, hak hudaýym-Hubal, özüň kömek et – diýip, ol indi Käbe aýmançasyndaky hudaýlaryň ählisi eşider ýaly, janagyrly seslendi. – Özüň ýetiş, Taňrym diýip sygyndygym, hak – Hubal Ýüregim agzymdan çykyp gelýär. – Näm-e haw, öz başyňa takyrdanyp otyrsyň! Goja Abdyl Mutalyp bu sese tisginip gitdi. Onuň öňem bu aýylganç yssa halys sary galmadyk ýüregi agzyndan çykara geldi. Onuň gaharly gözleri ogly Hamza düşdi. – Sen, Hamza, ulalyp oňalman geçjek! – diýip, ol ýüreginiň ynjysyny iňirdä öwrüp, oglunyň depesinden döküp başlady. – Sen oňalman geçjek!.. Hamza daýaw, berdaşly kamatyny hallan atdyryp, araplara mahsus äheňde dabaraly sözledi. – Atam, senem meni görseň iňirdäsiň gelip dur-la. Näme bolanmyş? Indi, näme, hemme kişi seniň ýaly, gama çümüp ýörmelimi! Oglunyň egnindäki sagdakly, ýaýly teletin torbany görüb-ä gojanyň has hem myrryhy atlandy. – Öýüňde iýmäge bir döwüm arpa çöregi, iki däne hurmaň ýok. Ýöne oýnagyň ok-ýaý! Senem il ýaly kerwene goşulyp söwda git, gazanç et. Ebtiňi agdaryp, haşymlaryň ýüzüni ýere salyp ýörsüň... Aslynda Hamzanyň özi ýalançynyň özi ýaly juda giň, salyhatly, saldamly oguldy. Muny goja Abdyl Mutalyp gowy bilýärdi. Ýöne goja öz ogluny has hem çeýnejek bolýardy. Emma Hamza kakasynyň gepini çekmedi. – Kaka, aý, kaka! Sen maňa her zat diý, çekmesem, Omaryň öz gyzyny edişi ýaly, mazarçylyga eltip, göre göm-de gaýt, sesimi çykarsam, anha, Hubbal jandan ant içýän, heleý boldugym, emma meniň namysyma degme. Sen maňa… Abdyl Mutalyp oturyp bilmedi. Ol ullakan ala gözlerine çylgam-çylgam bolup gan inip başlanynam, sesiniň gazaply çykanynam duýmady. – Men saňa ýamanlyk aýdýandyryn!.. – Sen maňa, beýleki ogullarym gurply, sen garyp ýaşaýarsyň diýjek bolýarsyň. – Diýjek bolamok, men şony saňa diýýän… Hamza saklanyp bilmedi. Ol kakasynyň üstüne heňkirip başlady. – Diýseň, senem eşit, men edil bir dişlem arpa çörek tapman açlygymdan ölerin, emma bu mukaddes hudaýlara zyýarata gelen bendelerden dilegçilik edip nan gazanmaryn!.. Elime gedaý torbasyny alanymdan ölenimi gowy görerin... Abdyl Mutalyp gaty tolgundy. Ol ogluna bakan gazaply öwrüldi: – Hubaldan ant içýän, günä galma, sözümi gaýdyp aldym diý... Indi Abdyl Mutalyp ýerinden turupdy. Öňem jöwzaly yssa çydaman oturan halyna, oglunyň içi güjükli sözüne gelen gahary, onuň ýüreginiň ähli güýjüni aldy. – Öläýsemem sözümi yzyna alman! – diýip, Hamza elini gaharly silkip, turup gitmekçi boldy. Emma Abdyl Mutalyp ony beýle goýberesi gelmedi. Eger ogly şeýdip onuň ýüzüne gelýän bolsa, onda il oňa näme aýtmaýandyr. Abd Manafyň agtygy, Amryň ogly, tutuş haşamy urugynyň aksakaly bolup, Käbe ýaly mukaddes ýeriň kethudalygyna ýetişip, oňa ogly buýsanmaýan bolsa, il näme aýdýandyr... Goja ullakan gara küdüň ýaly ýumrugyny dyzyna gütledip urdy. – Eşit, han ogul, meniň ýygnan malym, seniň aýdyşyň ýaly, dilegçilik edilip alnan däldir. Ony maňa hudaýym – Hubal berdi. Bu ýere bolsa meni maslahat bilen, il agalary sarpalap, sylap goýdular, ine. Sen aýt, öz hudaýyňy goramak, iliň hudaýyny goramak, seniňçe, gedaýçylyk boldumy? Hamza gara çoýun gazanyň içi ýaly, ýylçyr, lowurdap duran ýüzüni has gazaplandyrdy-da, haşamy tohumyna çeken ullakan gözlerini hile¬li ýumjulatdy, başyny özüne göwniýetijilik bilen talawlatdy. – Özi hudaý bolar-da, ony goramak nämä gerek! Harram bolarmy ondan hem, özüni päk saklap bilmeýän bolsa… – Hudaýa-da hemaýat gerekdir! – diýip, gepi agzyndan kakylyp alnan Abdyl Mutalyp gepugra aýtdy! Ol başga zady, özüniň ýeten abraýyny, diňe bir adama däl-de, tutuş haşamylara degişlidigini ogluna düşündirjek boldy. Ol çalymtyk reňkli, könelişen köýneginiň giň ýeňini hallaňladyp, sag elini Käbä bakan aýlady. – Sen, ogul, diňle, şu aýmançanyň içinde il-bendäniň göz dikip oturan üç ýüz altmyş hudaýy otyr. Şol hudaýlar iliň rysgalyny berip dur, döwletini gorap dur, abraýyny saklap, mertebesini göterip dur. Ine, şol hudaýlary hem haşamylar goraýar. Ol saňa abraý dälmi?! Il-gün aby-zemzem guýusyny dirilik dermany diýip ýaşap ýör. Şol haşamylaryň abraýy dälmi?! Ata-babalarymyň hudaýy Hubal jan syrçasy sypyrylman dur, şol saňa abraý dälmi?! Il-gün sylap elimi ogşaýar, şol abraý dälmi?! Sadakalaryň içinde paýymyz bar, gelenler sahwat bilen, sahylyk bilen eçilip dur, şol haşamylaryň abraýy dälmi?! Eger, şularyň baryny kuraýyşlar elimizden gaňryp alan bolsa, şol saňa abraýmy?! Men zada çapan adam däldirin, men hemişe abraý diýendirin. Hamza dolagyny çommaltdy. – Onda igenç ýassygy bolan Hamza pälwan abraýa çapanok-da! Onda Hamza pälwan... Hamza kakasyna ýüregini açyp bilmedi, ol ýetişmedi Günüň garaňky jöwzasynyň içinden aldyrany bar ýaly edip, Maksum urugundan bolan Abul Halam gelýärdi. Ol bassyrmanyň aşagyna geldi-de, özüni sekiniň üstü¬ne goýberdi. Soňa gap-gara ýüzündäki goşa çör goýlan ýaly gözlerini ligirdetdi. – Abdyl Mutalypmysyň? – diýibem heniz ogluna bolan gazaby köşeşmedik gojanyň kinesi burlup duran ýüzüne garady-da sorady. – Hawa, men Amr-haşm ibn Abd al Mutalyp bolaryn. Abul Halam Hamza pälwanyň dabanyndan başyna çenli synlaňy-da, güne ýanypmy, kirläpmi, halys esgä öwrülen gara selleli başyny manysyz ýaýkady. – Senem Hamzamysyň! – Menem Hamzadyryn, aýdyber! Bu adam gözlerini ýumjuklatdy-da, gara, kirli, tutuşlygyna diýen ýaly der ornan köýneginden reňki kän bir tapawutlanmaýan eliniň aýasy bilen owalaryny süpürdi. – Menem Mahsum urugyndandyryn. Şol urugyň kethudasy Abul Halamdyryn... Abdyl Mutalyp çalaja başyny atdy-da, makullaýandygyny bildirdi. – Käbä zyýarat edip bolarmyka? Goja ýöne-de başyny atdy. – Bolman näme. Bolar... Abul Halam Käbe aýmançasynyň girelgesine ýöneljegem boldy-da, ýöne-de saklandy! – Şu Käbedir-dä?! – Ol sag elini aýmança bakan aýlady. – Käbedir, Käbedir, giriber... Abul Halam aýmança bakan birki ädim ätdi-de, ýöne yzyna gaýdyp, gelip sekiniň gyrasyna çökdi, – Aýt, Abdyl Mutalyp, gel, sen maňa düşündir. – Ol gojanyň, ýüzüne sowally garady-da, birsalym sesini çykarman durdy. Soňam kesewi kimin gara hor eliniň barmaklary bilen sakal çykmadyk, jöwza gaýzygyp gyzyl etjik bolup duran çekgesini gijelewigi bar ýaly, hart-hart gaşady. – Käbe gudratmydyr, ýa hudaýmydyr?! Abdyl Mutalyp gözleriniň asty bilen gaharly ýüzüni dommardyp oturan ogluna bakan garady. Ýöne oglunyň bolşuny derňäp durmady-da, sowala şol bada jogap berdi. – Käbe Ybraýym halylyllanyň guran jaýydyr. Emma hudaýlaryň hersi bir urugyň başynyň şamçyragyňyr. – Şeý diýiň. – diýip, Abul Halam aty çykan ýaly bolup dillendi. – Şeý diýiň-ow! – Ol ýöne-de gözlerini birhilije, ýeserje ligirdetdi. – Onda Taňry diýibem bir zat bar diýjek bolýarlar-la. Ol nämemişin, bu aýmançadaky ýaýrap ýatanlar hudaý boljak bolsa... Şol Taňry güýçlümi, hudaýlar güýçlümi, Käbe güýçlümi?! Men bir sähraýy adamdyryn. Ol sährada-da ynsan kän. Menem urugyň kethudasy bolamsoň, her kim menden gelip soraýar. Menem jogap berip bilemok. Onsoň menem gelip birinden soramal-a! Biz bir bisowat adamlar-a. Biri bize-de bu zatlaryň manysyny düşündirmel-ä, bu bir... Abdyl Mutalyba bu sowal öňem az berilmedik bolara çemeli. Ol bu sowala agralyp, ýeňläp oturmady. Ol näçe arkaýyn görünse-de, bir zada ikirjiňlenýärdi. Olam Abrahaly meseledi. Mundan elli gün öň Sananyň häkimi Abraha ýenenleriň on müňden hem köp leşgerini yzyna tirkäp, äpet söweş pilinem öňlerine salyp Mekgä çozmanmydy. Ol şonda Mekgäni basyp alyp, Käbäni ýykyp, ony Sanada gurup, beýik şöhrada eýe bolmak üçin gelipdi. Bu töwereklerdäki hebeşiler hem sap-sap bolup onuň sülsadyna gonşylypdy. Görenleriň aýtmagyna görä, şonda Mekgä garap ýer süýşüp gelýän ýaly bolupdy. Äpet söweş pili bu jelagaýlarda henize çenli görlüp, eşidilen zat bolmandan soň, adamlaryň akly başyndan uçupdy. Mekgäniň, onuň töweregindäki obalaryň ilaty bu belany görüp, gözüniň gören garapyna bakan dargap, başlaryny alyp gidipdiler. Mekgeliler, kuraýyşlar, haşamylar daglara siňipdiler. Bir Abdyl Mutalyp gaçmandy. Mägerem, indi bu etraplaryň urug-tire wekilleri bu gojany şonuň üçin sylaýardylar. Giden ilde adam-gara bolmandan soň, Abraha şu töwerekdäki düýeleriň ählisini ýygnapdy. Şolaryň arasynda Abdyl Mutalybyň özüniň hem ep-esli düýesi bardy. Goja öz hyzmatkäri bilen Abrahanyň çadyryna bardy. – Sen meniň düýelerimi häziriň özünde yzyna gaýtar. – diýip, ol gaharyny gizlejegem bolman, Abrahanyň ýüzüne durdy. Abraha bu gojanyň gelenine begendi. Onuň bilen egri oturyp, dogry sözleşmegi ýüregine düwdi. Ol onsuz hem bu etraplaryň janyňy alyp barýan yssysyna tap getirip bilmän, jibrenip otyrdy. Ol bu gojanyň hökümli äheňini halamasa-da, geçirimlilik etdi. Ol elindäki düýe çally tabagy hyzmatkärine berdi-de, her biri yssy ýerde durup üýtgän goýun böwregi ýaly göm-gök bolup çöwrülip duran dolaklaryndaky çal ýokundysyny giň ýeňi bilen süpürdi-de, gojanyň ýüzüne jikgerilip garady. – Sen maňa Käbäni ber, men saňa düýeleriňi bereýin! Goja ullakan gözlerininiň alasy bilen Abrahanyň bihaýa, kümsük ýüzüni çawlady. – Käbäniň öz eýesi bar, bar sen gaty güýçli bolsaň, Käbäni şondan al, düýeleriň eýesi men – diýdi. Abrahanyň, ýüzi üýtgedi. – Kimmişin ol Käbäniň eýesi?! Goja gögüne garady-da, ýerinden turdy. – Käbäniň eýesi Taňrydyr! Gowsy, sen diýleni et-de, yzyňa gaýt! Ol başga zat diýmedi. Ine, indi Abraha-da ýok, onuň pilem ýok, dünýäniň ýarysyny tutup duran goşunam, pilem ýok, barysy ýere siňip gitdi. Emma Abdyl Mutalybyň oňa aýdan sözi welin galdy. Özem indi kentden-kende, ilden ile aýlanyp ýör, aýlanyp ýör… Gojanyň pikiriçe, Mahsum urugyndan bolan Abul Halam hem ol gürrüňi bilýän bolmalydy. Ol häzir Käbäni mahabatlandyrsa, asman Şasy peseljekdi, asman Şasyny gudratly görkezse, öz hudaýy Hubal ýaly üç ýüz altmyş hudaýyň gudraty kemeljekdi. Elbetde, ol asman Şasyna-da dil ýetirip biljek däldi. Ol onda-da gudrat baryna düşünýärdi. Ýöne ol öz mülküniň Taňrysydy. Hawa, bu gojanyň çyn ynanjyna görä, asman Şasy diňe öz mülküniň Taňrysydy. ...Gör, ahyryn, Käbe şonuň mülkümi, mülki! Eýsem, Abraha şol mülke degip näme gün gördi?! Ýogsa ol peläket Käbäniň edil alkymyna-da geldi ahyryn. Ara sähelçedi Käbeden garaw ýokdy. Ony goramaly adamlar daglara, derelere siňip gidipdiler.Olaryň jan jany, özleriniň janyňy. Abrahanyň özem indi Käbäni özüniňki saýypdy. Ol ýeňmejekdigi barada hiç hili ätiýaç edenokdy. Indi gara daş, Käbäniň işigindäki altyn şahlar, galkan-gylyçlar, gyzyl-kümüş şaýlar onuň hut özününiňki ýalydy. Emma onuň diýeni bolmandy. Abraha goşuny bilen iň soňky hüjüme ugranda, adam aklyna gelmejek bir gudratly waka bolupdy. Birden Mekgäniň asmanyny aşygyň ululygyndaky ýaly guşlaryň sanýetmez sürüsi tutdy duruberdi. Şol guşlaryň her biriniň agzynda bolsa monjugyň ulylygyndaky ýalyjak daş bardy. Gular şol daşy Käbä golaý gelen goşunyň depesinden ýagdyryp başladylar. Şol daşlar asmandan gylyjyň ýitiliginde inip, degen ýerini düýbüne çenli parran kesip gidýärdi. Özem şol daşlaryň degen ýerinde erbet suwly başlar akyp başlaýardy. Şol daş degen adamlar agyrydan ýaňa zähreleri ýarylyp, şol wagt takga janlary çykýardy. Agyr goşun gaçmak isledi. Emma guşlar olaryň birinem sypdyrarly däldi. Sähel salymyň içinde Abraha-da, onuň agyr goşunam, söweş pilem şol daşlaryň astynda maslyk bolup galdy. Indi älem-jahan çüýräp barýan läş bolup ýatyrdy. Bir salymdan bolsa agyr, apy-tupanly çabga guýup, töwerek-daşy düňderilip gelýän sil suwa çaýkap gitdi. Şondan sähel salym soň bu ýerde ne goşun ne pil, ne maslyk, asyl hiç zat galmandy. Soňrak gelen adamlara şu ýerde şeýle waka boldy diýseňem, ynanjagy belli däldi. Çünki, ol ýerde indi şol ýowuz ýagydan hiç hili nyşan galmandy. Bu ýagdaýy Abdyl Mutalyp birinden eşiden bolsa, megerem, ynanmazdy. Emma beýle gudraty ol öz gözleri bilen görüpdi. Ol «Hawa-da, asman Şasy özüne gezek gelende şeýle-dä» diýip oýlandy. Ol muny ýöne ýere aýdanokdy. Ony gojanyň özi öňem telim gaýta synap görüpdi. Ol ýalňyz ogly Harsy üçin gaty kän gussa çekipdi. Harsyny ýitirmejek bolup mal başyny gurban etme kemini goýmandy. Çünki «ýeke ogullynyň jany şol ogluň art bujagynda, şondan el çyksa-da, atasynyň jany çykar» diýip araplaryň aýdyşy ýaly, onuň jany, hany-many ýekeje oguldy. Ol bir gije Käbe aýmançasynyň içinde, hudaýlaryň arasynda ýatyrka düýşüne bir peläket girdi. Ol: – Ýatma, bar, Tibäni gaz! – diýip, höküm etdi. – Tibäň näme-how, seniň?– Ol peläket sesini çykarmady. Abdyl Mutalyp ukudan oýanyp, bu wakany obadaşlaryna gürrüň berdi. – Tibesi näme eken, soramadyňmy? – diýip, adamlar ondan gyzyklanma bilen soradylar. Gojanyň özem haýran galyp: – Heý, men soramarynmy? Soradym. Emma ol peläket gözüni bakraldyp, ýüzüme garap dur. Jogap bereýin hem diýenok... – Sen şu gije-de şol öňki ýeriňde ýat- diýip, kuraýyşlar oňa maslahat berdiler. Ol diýleni etdi. Bu gije-de hudaýlaryň arasynda düşegini saldy. Şol peläket ýöne-de onuň düýşüne girdi. – Tur, ýatma, bar, Barrany gaz? – diýip, ol öňküden hem hökümli aýtdy. Abdyl Mutalyp düýşünde bolsa-da: – Jan dogan Tiba diýdiň, Barra diýdiň, manysyny bir aç ahyryn. Men niräni gazmaly?! Emma ol mahlukdan gaýdyp ses-selam çykmady. Ol şol bada onuň gözünden gaýyp boldy. Emma Abdyl Mutalyp hem öz diýenine tutdy. Ol indiki gije-de şol ýerde ýerini ýazdy. Ol «peläket» ýöne-de geldi. Özem öňküden hem azym bilen: – Bar, Aby zemzemi gaz! – diýdi – Nirede ol?! Ýöne-de jogap bolmady. Ertesi gün dogýança hudaýlaryň arasynda ýatyp galan Abdyl Mutalyby obadaşlary oýardylar. – Näme boldy-how, jarnyň bir barmy, ýaman arkaýyn-la sen. Abdyl Mutalyp heziller edip ýylgyrdy. – Ol-a ýöne geldi. Özem: «Bar, Aby zemzemi gaz» diýip höküm edip gitdi. – Onuň Aby zemzem diýýäni nämemiş?! – Kim bilýär, ony. Şol wagtlar, dogrudan hem adamlar aby-zemzem suwuny-da, onuň taryhyny-da bilenokdylar. Ol barada käbir rowaýatlar Mekgeden Ýasribe, ondan aňram Şama, Yraga aýlanyp, gidip, dolanyp gelip ýördi. Emma olaryň hem düýbi deşikdi. Şonuň üçin bu ýerde üýşen adamlar aby-zemzemiň nämedigini hakykatdan hem bilenokdylar. Şonuň üçin-de oňa indi akyl beren-de, maslahat beren-de bolmandy. Maslahat sorar ýaly, bu jelegaýlarda okumyş adam hem «häh» diýeniňde «mäh» bolup duranokdy. Abdyl Mutalybyň öz-ä okuwsyz, bilimsiz adamdy. Ol öz ogluna-da bilim bermäge ýetişenokdy. Ondan soň her kim bu gürrüňiň goýbolsun edilenini kem görenokdy. Her kim bu işden belli netijäniň çykmajagyna göz ýetirenden soň öýli-öýüne gaýdarman bolup durdylar. Ine, şol wagtam nämedir bir zada güýmenip duran Abdyl Mutalybyň gözi töwerekde tolkunjyrap, gepläýjek-gepläýjek bolup duran bir bölejik ap-akja buluda düşdi. Ol bulut Abdyl Mutalyba nämedendir bir ýagdaýy yşarat edýän ýalydy. Ol şol buluda bakan ýöredi. Bulut bolsa az-kem öňe bakan eňterildi-de, Käbe aýmançasyna berilýän sadaka janlylaryň soýulýan, iç goşlarynyň, garyn-gajaklarynyň dökülýän, taşlanylýan meýdançasynyň, ortasyna bakan yňdaryldy-da, şol ýerde eräp gitdi. Bu ýer porsudan ýaňa durar ýaly däldi. Ol ýerde idegsiz itler, gargalar, gulatylar mesgen tutupdy. Daman ganyndan ýaňa keljerip duran bu meýdança barmaga hiç kim ýürek edip bilenokdy. Abdyl Mutalybyň şol ýeri arassalamakdan başga alajy ýokdy. Bu juda hapa ýeri, tutuş iliň hapasyny getirip dökýän ýerini arassalamaga kömek bermäge döwtalap adam tapylmady. Şonuň üçin Abdyl Mutalyp ýanyna ogly Harysy alyp, öýünden pil, kerki aldy. Bu hapa ýeri arassalamak gaty kyndy. Ýöne Abdyl Mutalyp howluganokdy. Ol ogly bilen bu ýerini az-azdan arassalap başlady. Bu iş birneme güne çekdi. Käbäniň eli boş adamlaryna gep gerekdi. Olar günde topar-topar bolup bu ýere gelip, agyrdan-agyr hapalary ogly bilen jan edip işläp ýören Abdyl Mutalybyň üstünden gülýärdiler. Oňa gyjytly sözleri aýdýardylar. Haşymylaryň ýagysy, babadaşy bolan kuraýyşlar bolsa porsap giden jerhetleri, hapalary çekip ýören Abdyl Mutalybyň ýüzüne bakyp: – Haý, haşamylar, ölüň-ä, bir çorba çykýanyňyz Abdyl Mutalypdy, olam indi ogly bilen, gününi görüp bilmän, hapa dörüp başlan bolsa, onda barysy gutarypdyr. – diýýärdiler. Emma Abdyl Mutalyp sesini çykaranokdy. Ol käte: – Haý, işýakmazlar, siz içýakgyç gepleri aýdyp, diliňiziň hözirini görenden, ýa-ha gelip maňa kömekleşiň, ýa-da şu ýerden garaňyzy saýlaň. – diýip, gara dere batyp işläp ýörşüne aýdýardy. – Baý-bow, indi şu hapa, porsy meýdan bizden hem arzyly bolsa, ýöriň, gaýdalyň. – diýip, gaýta olar oňa kine eden bolýardylar. – Ýörüň, görmedigimiz şol bolsun! – Wah – diýip, töwerekden özüne jinnik ýalyjak kömek bolmandan soň, ýekeligine, oglunyň ýekeligine jany ýanan Abdyl Mutalyp hyrçyny dişläp aýtdy. – Şu wagt on sany oglum bolsa sizden haraý islejek dälle. Arman ýeke ogul, olam entejik ýaş-da!.. On ogul nirede! Ol ýekeje oglunyň janyna-da kepil geçip bilenokdy. Ýöne näme diýseňem, araplaryň aýdyşy ýaly, «birim bar, müňim bar» diýlenidi. Iliň on oglundan oňa näme peýda bar. Abdyl Mutalyp oguljygy bilen telim günläp juda jebirli azap çekdi. Sil geçen köne jary giňeltdi, çuňaltdy. Ähli hapany şoňa çekdi-de, üstünem pugta gömdi. Meýdança ýigdelen ýaly boldy. Diňe şondan soň ol ap-akja buluduň siňen ýerini gazyp başlady. Ol ýeri gazyşanda, ýaş hem bolsa, näme diýseler-de ogly Harys hem oňa kömek baryny berýärdi. Ataly-ogul zynç ýaly gaty ýeri telim günläp gazyp başladylar. Günleriň birinde gazuw işinde halys bolan Abdyl Mutalybyň piliniň ujy gaty zada çarkyldap degip gitdi. – Öz-ä daş-ha däl, – diýip, ol oglunyň ýüzüne seretdi-de, ýöne-de gazyp başlady. Şondan soň hem telim azaplar çekip, guma garylyp giden bir bölejik zady ýokary galdyranda, bu ýere topar-topar bolup, günde üýşýän adamlaryň hümürdisi artan ýaly boldy. – Ol-a bir hazynanyň üstünden baran ýaly-how, pili bir zada-ha degdi!.. – Altyn ýaly-la how, ses-ä üýtgeşik... – Altyn, altyn tapdy!... Ilki çykan, dogrudan hem iki bölek altyndy. Özem altyndan guýlan jereniň sudurydy. – Beý, ekiz taýy ýalyjak şekil, muňa serediň-le!.. Abdyl Mutalyp jeren şekiljiklerini yhlas bilen arassalady. Olaryň şamly ussalaryň elinden çykan senetdiginem derrew tanady. Ol indi yhlas bilen, uly umyt bilen gazyp başlady. Elindäki pili ýöne-de gaty zada degip, şaňňyrdap gitdi. Ol guýynyň düýbünden bir topar gylyç, sowut çykardy. Ol azap baryny çekip guýyny düýbüne çenli arassalady. Guýydan arassaja, dury suw bereňläp başlady. Ol şol suwa ellerini ýuwdy-da, goşawujyny dolduryp, heziller edip içdi, emma doýup bilmedi. Bu şol gadymy Aby zemzem suwudy. Ol şeýdip Mekge halkyna durnanyň gözi ýaly dury, mukaddesden tenekar suwly guýyny açyp berdi. Emma ilat suwa begenenokdy. Olaryň gözi altyn-kümüş şaýlardady. Olar telim gün bäri bu ýerde tamakinçilik bilen garap duransoňlar, bu tapyndyda özleriniň hem paýynyň bardygyny tekrarlaýardylar. – Ol zatlary şu ýerde duranlaryň arasynda deňje paýlamaly. – Hawa-la, bizem oňa şärig-ä, telim gün bäri umyt bilen garap otyrys! – Deňje paýlaň, deňje, haramlyk etjek bolmaň! Adamlaryň dawasy barha güýçlenip barýardy. Olara gulak asmasaň, gelip, eliňdäki tapanja zatlaryňy talabam gitsinler... Abdyl Mutalyp näçe sözüni gögertjek bolsa-da, ahyr soňundan köpüň diýenine boýun sunmaly boldy. Ýöne olam indi özüniňkä tutdy. – Men siziň diýýäniňize razy. Ýöne bijäni üç topara bölüp atmaly. – Ol nämäniň üç toparymyş?! – Ýöne kimi goşjak bolýarsyň, oňa! Abdyl Mutalyp howlukman düşündirdi. – Adamlar, düşüniň, mal Käbäniňki. Tapan men. Oňa dawa edýänem siz. Men şularyň arasynda bije atmaly bolaryn. Ol kuraýyşlaryň abraýly adamlarynyň birini orta çykardy. – Sen şu duran halkyň wekili. Hubal – Taňrymyz. Goý, ol Käbäniň wekili bolsun! Öz paýymam özüm çekjek... Ol alty sany ok getirtdi-de, olaryň, ikisini ak, iksini sary, ikisinem gara boýaga boýatdyrdy. Soň märekä ýüzlendi. – Adamlar, soň dawa bolmasyn, ine, şu oklary görüň. Iki sany sary ok – altyn jerenler! Gara peýkamlar – gylyçlar, sowutlar. Ak peýkamlar, boş. Adamlar bir ýaş ýigidiň gözüni ýaglyk bilen daňdylar-da, oňa Hubalyň, ýagny Käbäniň paýyny çekdirdiler. Ol ýigit sary ýaýlary çekdi. – Käbäniň paýyny çekdi. Soňra Abdyl Mutalyp öz bijesini çekdi. Ol gara peýkamy çekdi. – Saňa gylyç-galkan bary düşdi! Emma Abdyl Mutalyp öz paýyndan ýüz dönderdi. – Men öz paýymy Käbäniň paýynyň üstüne goýýan. Maňa paý gerek däl! Soňra ol öz paýyny aldy-da, altyn jerenleriň üstüne goýdy. Ak peýkamlar galdy. Ine, şeýdibem, ol näçe gün azap çekip tapan zatlaryny aňsatja ýerläpdi. Ine, şonda-da ol asman Şasynyň öz bijesine gaty jürdügine göz ýetiripdi. Özem duýdansyz, başyny ýaýkap: «Beý, asman Şasy özüne gerek bolsa, baý ugurjygynam tapýar, özüniňkinem geçirýär» diýip, oýlananyny duýman galypdy. Ýöne, gyssanan çagy onuň özem asman şasyna dileg salanyny bilmän galýardy. Abdyl Mutalyp ömründe ýekeligiň, ýalňyzlygyň, arkasyzlygyň dagyny gaty köp çekipdi. Özi atadan ýalňyz bolansoň, özüniňem ýeke ogul bilen galjagyny duýansoň, onuň ýüreginiň töründe bilniksizje ynjy awap, azar berip durdy. Ol il içinde köp ogully adamlaryň abraýynyň, mertebesiniň nähili belent saklanýandygyny görüp, bilip ýördi. Araplar ýöne ýere: «Ogul döwletiň başy» diýip aýdanoklar ahyryn. Onuň üçin ogul döwletdi, abraýdy, güýç-kuwwatdy. Köp ogul içiň – daşyň dolagy. Ogul mal-mülküň eýesi. Ogul diliň dogasy, ýüregiň kuwwaty. On obaly garyndaşyň bolandan on ogluň bolsun! Bu araplaryň buýsançly sözi. Haşamylar giden urug bolup otyr. Aňry gitse, tutuş Mekgäniň deň ýarysy öz babadaşlary, kuraýyşlar. Emma ýeri-ýerine gelende, olaryň ýekesinden hem delalat ýokdy. Ony ol ýap-ýaňam, Zem zem guýusyny gazanda-da görüpdi. Ýöne şol ýalňyz ogul çeýeje göwresi bilen, ýanyndan aýrylanokdy. Şonuň üçin ol bir sapar märeke üýşende, şonuň öňüne çykyp lebiz etdi. – Adamlar, eşidiň sözüm söz bolsun. Eger asman Taňrysy maňa on ogul berse, olaryň birini asman Taňrysynyň ýoluna sadaky berjek! Ol bu sözi aýdan wagty oýlanmadyk bolsa-da, soň juda köp içinden hasrat çekmeli bolupdy. Asman Şasy oňa yzly-yzyna on ogul berdi. Ogullary salym geçmäň ers-mers çykdy. Indi ber habaryňy, Abdyl Mutalyp, iliň içinde beren sözüňem-ä bardyr. Aslynda ol asman Şasynyň öz paýjagazyny alman oňmajagyny gaty gowy bilýärdi. Şonda-da ol nätsin sesjagazyny çykarman gözip ýördi. Bularyň ählisi öz balasydy. Biri-birinden gowudy, ezizdi. Birini alyp, beýlekisini goýar ýaly däldi. Onuň diýişi ýaly boldy. Bir «peläket» düýşüne girip başlady. – Tur, ýatma, amanadyňy, sadakaňy ber! Ol «peläket» oňa hiç ýazgynlylyk berenokdy. «Bergiňi ber!», «aýdan sadakaňy ber!» diýip, gün yrman ýatladyp durdy. Abdyl Mutalyp bolsa ogullarynyň haýsysynyň ýanyna barjagyny bilenokdy. Olaryň ählisi ýüreginiň bir bölegidi. Häzir ol öz janyny sorasalar «wah» diýmäň sogrup berjekdi. Emma ondan ogul gurban soralýardy. Abdyl Mutalyp juda kän oýlandy. Ýöne, näme, araplaryň aýdyşy ýaly, «müň gaýgy bir iş bitirenokdy». Diňe ýüregiňi agyrdanyň galýardy. Ol günleriň birinde ogullaryny ýanyna çagyrdy. Emma olaryň ýüzüne garap bilmedi. – Ogullarym, men – diýip, ol gussaly ardynjyrady. – Meň on oglum bolsa, birini asman Taňrysynyň ýoluna sadaka bererin diýip lebiz edipdim. Ine, göz degmesiň diýenim boldy. Indi sizem ýetişdiňiz. Bergini näme, beren ýagşy. Amanat aldyňmy, bu gün bermeseň, erte bermeli. Men siziň, ýakaňyzdan tutup sen gurban bol, diýjek däl. Kim näme diýse, men şoňa görä boljak... Harsy kakasynyň sözüne baş atyp oturyşyna, agalyk mertebesini saklap sözledi. – Ata, men görjegimi gördüm. Goý, inilem birneme ýaşasyň durmuşyň, hözirini görsün. Meni gurban beriň! Abdyl Mutalyp ullakan gözlerini ýapyp duran kirpikmen gabaklaryny, galdyrmady. Ebu Talyp ýeke dyzyna galdy. – Atam men agamyň sözüne razy däl. Özüm barkam, agamy pyçagyň astyna salyp, bu ýalançyda başymy galdyryp gözip bilmerin. Meni gurban beriň. – Sen-aýt, agam, men-men diýip halys aldyň-la. Men barkam, dünýäde Hamza pälwan barka, indi, şol işi etjek sizmi?! Diňe men ölüm biziň ýüzbe-ýüz bolup bilerin. Diňe meni gurban berersiňiz, galanyňyz demiňizi çykarman oturyň... Hamzanyň bu gürrüňi öňem toýuň gürrüňi edilmeýän bu içeriniň sussuny basdy. Boljak oglan «bogundan» belli diýişleri ýaly, Abdyl Mutalybyň özem şu oglundan bir zadyň çykjagyna umyt baglaýady. Asyl, ol bir garyş oglanlygyndan obanyň çagalaryna öz diýenini ýetdirýärdi. Emma Abdyl Mutalyp oňa-da gabagyny galdyrmady. Abbas apbasy ýalyjak tegelek ýüzüni ýylgyrjakladyp, kakasynyň raýyna gepledi. – Jan atam, atam jaň meni gurban beriň. Men şu durmuşda heniz hiç zat göremok, görjegem däl. Meniň, özümiň ölesim gelip ýör. Hiç kime aýtman ýördüm. Seniň, derdiňe ýarap ölsem-ä armanym ýok. Şonuň üçin meni gurban ber, jan atam. Kakalary bu sapar hem gabagyny galdyrmady. – Atam, meniň, adym hem Allanyň guly. Şonuň, üçin hökman meni gurban bermelisiň. Bu sese Abdyl Mutalyp ýüregiňe hanjar urlan ýaly ynjaly tisginip gitdi. Ol gazaply gygyrdy. – Sen otur, sen nirä sokulýarsyň! Abdyl Mutalyp ýalňyşanyna soň düşünip galdy. Ol başardygyndan ähli ogluny deň gözde görmäge çalyşýardy. Emma onuň, üçin Abdylla başgady. Onuň, ýüzünde, gözünde lowurdap duran nuruň, özem bir kändiň, adamlaryna deňeýärdi. Abdyllanyň ýumşakdan mähribanlygy, ýuwaşdan ezizligi, onuň ýüreginiň baýlygyňy. Ol baýlygam ýitirse, onuň bu dünýäde nämesi galýar. Ondan saýy, ol ogullaryna derek özüni gurban bermäge taýýardy ahyryn. Haçan görseň, mähribanlyk bilen ýylgyryp, özüne buýrulan işiň ugrunda ot-elek bolup ýörenje eziz balasyny ol pyçaga dözmek ekeň asyl, onuň barmagyna tiken çümse-de, ony öz ýüreginiň başyna çümen ýaly görýärdi. «Ýok, diňe Abdylla däl, ogullarymyň, ählisini, gyzlarymyň, barysyny bereýin ýöne Abdylla däl. Ol tutuş haşamylaryň, köňlüniň, çyrasy, tutuş kuraýyşyň, ýüreginiň baýlygy ahyryn...» Abdyl Mutalyp ogullaryny ýüzüne birlaý garady. Abdyl Uzzadan beýlekileri ogullyk yhlasy bilen çyn wepa bilen ata ýumşuna taýýar bolup otyrdylar. Diňe bir Abdyl Uzza düwdek bolup düwlüpdir. Ol sesini çykarmaýardy. Häzir ady tutulsa-da «diňe menmi, menden başga adam ýokmy» diýip, müň gepiň başyny agyrtjaga meňzeýärdi. «Meniň şu ogluma-da dil berekedi berilipdir» diýip, Abdyl Mutalyp oňa garap oýlandy. Indi beýdip oturandan netije ýokdy. Ol ogullarynyň, sözüni eşidipdi. Emma «men razy» diýeniň ýakasyndan tutup, pyçagyň aşagyna salmaňa iş bardy. Bu iş hemmeleriň göwnüne makul bolar ýaly, adalatly, ynsaply çözmek gerekdi. Şonuň üçin Abdyl Mutalyp ýöne-de başyny galdyrdy. – Ogullarym, men siziň sözüňizi eşitdim. Ataňyz sizden razy boldy. Indi, bir iş edeliň. Geliň, her kim bir peýkam alsyn-da, oňa öz adyny ýazsyn. Abdyl Mutalyp Şamdan getirden kesgir pyçagynyň gynyny bilinden asdy. Soňra ogullaryny hersiniň ady ýazylan peýkamlara aldy-da Käbe aýmançasyna bakan hasrat bilen ýöräp gitdi. Ol elindäki oklary üç ýüz altmyş sany hudaýyň içinde aýbogdaşyny gurap, arkaýyn oturan Hubalyň öňünde goýdy. Soňra bu tomaşa maýyl bolup duran uly mähellä garady. Şolaryň arasyndan bir ýetginjegi hakyna tutdy-da, ýanyna çagyrdy. Soň Aby zemzem guýusyndan çykan zatlary paýlaýşy ýaly, ol oglanyň gözüni ýaglyk bilen pugta daňdy. Oglan birinji oky çekdi. Ok on sapar çekildi. Abdyl Mutalyp ýüregi sanjap, agyrydan ýaňa alyp barýan ýüregini tutdy. Onuň garaýagyz ýüzi kömre dönüp, gap-gara gemre baglapdy. Agy gyp-gyrmyzy bolan ullakan gözlerinden lowurdap duran monjuklar paýrap gidýärdi. Ol erbet iňledi-de guluňky ýaly sap-sary saçyndan bir penjäni goparyp beýläk taşlap goýberdi. Abdyllanyň bijesi galypdy. Ol şonda asman Şasyna-da gowusyndan gowusynyň gerek ekenligine göz ýetirdi. Kakalarynyň näme üçin nirä barýanyny gowy bilýän gyzlary, ol içerden çykan badyna eňreşip başladylar. Onuň özem, misli aýaklary ysmaýan ýaly, ep-esli wagtlap işikde doňup galdy. Ýöne onuň gitmekden başga maňlaýyny urara işigi ýokdy. – Ýör, oglum! – diýip ol ahyr soňy aýgyt bilen aýtdy-da, Käbe aýmançasyndaky hudaýlara berilýän sadakalyk mallaryň damagynyň çalynýan çukurna bakan ýöneldi. Yzy bolsa uly eňşeşikdi. – Eziz doganym, Abdylla! – Seniň ýeriňe men öleýin dogan-eý!.. Damakgan çukurynyň ýaňy mekge ilatyndan dolup galdy. Dogrusy, adamlaryň arasynda duran Abdyllanyň reňki sargarypdy. Meňzi edil ýuwlan ak esgi ýalydy. Onuň,öňem nur pürkülip duran owadan dideleri, juda ezizden hoşroý ýüzi şamçyrag kimin lowurdap durdy. Adamlaryň gözi oňa düşende, bu mähriban adamy ikinji gezek görýän ýaly, ähli adamyň ýüzi şoňa bakan öwrülipdi. Özlerem nämüçindir, tutuş märeke bolup bar-bar bagyryşyp, aglaşýardylar. – Waý, şamçyragymyzy söndürmäň! – Ah, didaryňa döneýin dogan-eý! – Ýüzüňdäki nuruňa döneýin! – Degmäň oňa-a-a! Bu adamlaryň bolşuna haýran galan Abdyl Mutalyp oglunyň bu jelegaýlarda heniz görülmedik üýtgeşik nur ýanyp duran didaryny görüp erbet tisgindi. – Adamlar, meniň başga alajym ýokdur! – diýip, ol hamsygyp aýtdy. – Elbet-de, her kime-de gowusy gerek-dä! Ol bil guşagyndan asylgy pyçagyny gynyndan çykardy-da, ýanyna gelip duran oglunyň elinden tutup, ony ganly çukura bakan eltdi. – Razy bol, balam! – diýip, ol gözleriniň ýaşyny seçelendirip aýtdy. Ol göge garady. – Gurbanyňy getirdim, kabul et! Ol kimedir birine gelen gaharyny hut Abdylladan çykaraýjak bolýan ýaly agyrdan berdaşly çep eli bilen oglunyň, boýnundan tutdy- da, onuň damagyny nazarlap, ýaş ýigidiň kellesini dyzynyň üstünde goýdy. Sag eli bilenem pyçagyny häzirläp, bar ünsüni kesjek ýerine dikdi. Emma ýetişmedi . Eňreşip duran adamlaryň bir topary topuldylar-da, onuň elinden pyçagyny gaňryp aldylar. Aýal doganlary Abdylla bakan ýüwrüp, baryp ony ýerinden turzup, bagyrlaryna basdylar. – Waý, dogan-eý!.. Abdyl Mutalyp bu bolýan işlere akyl ýetirip bilmäň doňup galdy. Onuň, aňy işlemese-de dili: – Adamlar, beýtmed-ä! – diýip samraýardy. – Men söz berdim, lebiz etdim ahyryn... Abdyllanyň daýy ugurlaryndan bolan Mugyra Abdyl Mutalybyň egninden gujaklady. – Hany, açyl, daýym ogly, gel bir salym oýlanyşaly! – diýip, ony az-kem köşeşdirdi. Soň saňňyldap duran Abdyl Mutalyby bir gyra çekdi. – Beýtmäli, daýym ogly, beýtmäli. Sen Taňry diýip ynsançylykdan ynsapdan çykma. Heý, araplaryň, arasynda öz ogul balasynyň damagyny çalany gördüňmi?! Beýtmäli, bu bir ynsançylyga sygjak zat däl ahyryn. – Men onda nätmeli? – diýip, Abdyl Mutalyp dermi, gözýaşmy gapan gözlerini öňi bilen syldy. – Men lebzimi nädeýin beren sözümi nirä gömeýin?! Ýokardaky owarram diýsem, men indi Hubalyň öňünde ýalançy bolaýynmy?! Ýok, başarman siz beýtmäň, beýtmäň... Adamlar Abdyl Mutalybyň bolup durşuna-da dözmediler. Şol arada Al Mugaranyň ýakyn garyndaşy bolan bir goja-da orta çykdy. – Geliň, adamlar, bir zat edeliň! – diýip, ol goja has ynamlyrak geňeşi orta atdy. – Oglana derek başga bir gymmatly zady bereliň! Onuň üçin eger alman goýmajak bolsa, adam boldy näme, zat boldy näme! – Jan isleýän bolsa, ýerine on jan diýse-de bereliň! – diýip, göwni birneme ynjalan Abdylla Mugara gygyrdy. Kuraýyş ýaşululary hem şony makul bildiler. – Haýberde bir porhan aýal bar, bolmasa şonuň ýanyna baralyň. Oglanyň janyna derek näme islenýänini bir bileliň... – diýip, kuraýyşlaryň gojasy, Abdyl Mutalybyň kakasynyň dogany Omeýýa goja aýtdy. Diňe şondan soň gep bir ýere çugdamlandy. Abdyl Mutalyp agasynyň aýalynyň dogany al Mugaranyň sözüni ýykmady. Ol pyçagyny gynyna saldy. Onuň ýüreginiň töründe «Oglumyň deregine nämedir bir zatjagaz berip, onuň janyny halas edip bolaýjak ýaly-la» diýen bir süýjüje yşgalaň oýandy. Ol ýigdelen ýaly boldy, aýaklary ýeňläp gitdi. Erbet agyrynyň demir penjesi ýüregini goýberdi. Indi onuň öz janam eline gelipdi. Ol ara salym düşürmäň şol bada ogly Abdyllany düýesiniň yzyna mündirip, Haýberli Arrafa kempiriňkä bakan ugrady. Agyr ýoldan süňňüni lerzana getirýän tolgunmadan saplanyp baran ýolagçylary kempir şol bada kabul etdi. Ol garaňky öýüň dulunda oturyşyna ataly-ogly demini çykarman diňledi. Soň gözlerini ýumup kän oturdy. Birdenem: – Ýok, ýok, siz ertir geliň, siz ertir geliň – diýip, samrady. Abdyl Mutalyp gijäni çirim etmän diýen ýaly geçirdi. Onuň bar umydy şu kempirdedi. Eger ýatyp galaýsa, kempir baryny bulaşdyrjak ýalydy. Gün dogdy. Guşluk töwerekleri oňa kempiriň çagyrýandygyny aýtdylar. – Sizde adam huny näçe düýedir. – diýip, kempir onuň garaşmaýan ýerinden sowal berdi. Abdyl Mutalyp oýlandy, soňra: – Adam huny bizde her hiliräkdir! – diýdi. – Bir çeni näçeräkdir?! – On düýedir! Kempir başyny makullamak bilen atdy. Soň Abdyl Mutalyba garady. – Bar, gaýdyber. Ogluň hununa on düýe berersiň, almasalar ýigrimi et, oňa-da razy bolmasalar, şol köpelt-de gidiber. Ahyr soňunda razy bolarlar... Bu kempir munça-munça ýagdaýlary öňem görene meňzeýärdi. Ol Abdyllany has hem halady. Onuň ýüzüne garap ýylgyrdy. – Bije atyberiň. Bijeli oglan aglamaz diýipdirler. Abdyl Mutalybyň ýüki ýeňledi. Ol ýagdaýy gelip obadaşlaryna aýtdy. Şol günüň ertesi adamlar ýöne-de Käbe aýmançasynyň ýanyna üýşdiler. Olar peýkamlaryň birine Abdyllanyň adyny ýazyp, ony Hubalyň gujagyna üýşürdiler. Olar «Hubal öz hudaýymyz. Adalaty bir şol dikeldip biler. Bize dözmez. Işimizi oň eder diýip düşünýärdiler. Şonuň üçin Hubala ýakyn bolanlaryny gowy görýärdiler. On düýe çökerilip, tir çekildi. Abdyllanyň bijesi çykmady. Ýigrimi düýe çökerildi, emma bije çykmady. Otuz, kyrk, elli düýe çökerildi, emma Abdyllanyň bijesi çykmady. Soňra düýeleriň sany altmyşa, ýetmişe, segsene, togsana çykaryldy, emma Abdyllanyň maňlaýy gara bolup çykdy. Abdyl Mutalyp baryny-ýoguny orta dökdi. Hudaýyň ýoluna çykarylan düýäniň sany ýüze ýetdi. Adamlar içlerini çekdiler. – Ah-oň ol bir on adamyň huny ahyryn. – Beýle-de bir göz çykgynlyk bolarmy? Asman Şasynyň nebsi halys öňüne düşüpdir. – Alaryny bilse, hudaýlar hem azjak ekeni... Abdyl Mutalyp sesini çykarmady. Ýaş ýigit Abdylla üçin bije çekdi. Abdyllanyň bijesi çykdy. Üç sapar tir çekildi. Üç sapar hem Abdyllanyň bijesi çykdy! Abdyl Mutalyp, ine, Asman Şasy barada şol wakalary ýatlapdy. Ol wakalar onuň göz öňünden ýyldyrym çaltlygynda, bu wakalaryň indi gaýdyp adam oglunyň sadaka berilmezligine, onuň deregini özüniň mal bilen çalşanlygyny, şeýdibem ynsan ogluna juda ogly ýagşylyk edenini ol pikirine-de getirmedi. Ýöne asman Şasynyň hem öz paýjagazyna juda gaýymdygyny ýatlamak bilen Maksum urugynyň kethudasy Abul Halamyň gaýzygan ýüzüne köpmanyly garady. Ol goja bolsa garşysynda duran bendäniň öz sowalyna jogap berip bilmäň böwrüni diňläp durşuny nämä ýorjagyny bilenokdy. Ol gemmik-gemmik dişlerini güjeňläp, heziller edip ýylgyrdy. Abdyl Mutalyp gepi goýan ýerinden başlady. – Hawa, Käbe Ybraýym pygamberiň guran öýi. Bu hudaýlar bolsa, her bir urugyň döwletiniň şamçyragy. Asman şasy bolsa... Ol ogly Hamza az-kem ýumşaşyp garady. – Bar, aýmançanyň içine aýlanyp gaýt, näme hekaýat bar!.. Ol bil guşagyndan Käbe aýmançasynyň açaryny çözüp aldy-da ogluna berdi. – Ertirden bäri ýüregim demligime dykylyp, halys agzymdan çykyp barýar. Başymyzda näme hekaýat bar, ony bir Hubal bilýär. Ol sägindi. – Hawa, Käbe Ybraýymyň öýüdir. Her tiräniň öz hudaýy bardyr. Asman şasynyň hem, elbetde, gerek ýeri bardyr-da! Bize-hä düşenok şol. Biziň haşamy urugymyzyň öz Hubalymyz – butumyz bar. Şolam ömrümiziň ahyryna çenli bol ýeterlik. Bize-hä iki hudaý gerek däl. Maksum urugynyň kethudasyny bu gürrüň kanagatlandyrmady. – Beý, şeýle diýsen-e, byradar! Onda seniň Käbäniň öz ýeri bar, Hubalyň öz ýeri bar, asman Şasynyň öz ýeri bar diýdigiň-dä. Biz şolaryň haýsy birine sogap etsegem bolman durjak däl-ow onda, seniň aýdyşyň boýunça. Abdyl Mutalyp çep eli bilen ýüregini tutdy. – Bilmedim-dä, bir zat diýip, men saňa ýalançy bolmaýyn. Meniň öz butum bar, öz gutum bar. Şolam haşamylary ata-baba bela-beterden saklap gelýär. Şal bardyr, başymyz amandyr. Tüweleme, Hubalyň saýasynda rysgal-döwletimiz yrylanok. Ol bize mal-mülk berdi, abraý berdi. Her kimiň öz hudaýy-da!.. Maksum urugynyň kethudasy Maksum Abul Halam ýöne-de gözlerini pikirlije süzgekletdi. – Hä, bu bir mesele! Indi ikinji meseläni aýdaýyn... – O nämäniň ikinjisimişin. – Abdyl Mutalyp bir salym ynjysyny unudan ýaly bolup, gürrüňdeşine garady. Soňra gözlerini Hamzanyň geljek ýollaryna dikdi. Soň ýöne-de çep döşüni sypalap başlady. Aýdyber, meseläň bolsa... – Aýtsam, meniň urugym, ýagny Maksum urugy hem Käbäniň aýmançasynda öz hudaýyny dikmek isleýär. – Näm-me! – Goja ýer-gökden gelip, ýerinden nähili turanynam bilmän galdy. – O näme diýdigiň düşünmedim?! Abul Halam juda arkaýyn gepledi. – Sen ony eşitdiň byradar. – Ol öz sözüni hetjikledi, soňam, Sen ony eşitdiňem, oňa düşündiňem, ony pugta diňlediňem. Meniň düşünilmez ýaly gepim ýok. Iller öz hudaýyny goýdumy, menem hökman goýaryn. Ýöne, byradar, sen maňa göni jogap ber, meniň gaçgynym, ikiýüzlilik!. Gojanyň erbet gahary gelipdi. Ol şol hörpüni saklap: – Ýok, onyň-a bolmaz – diýdi. – Birinjiden-ä, üç ýüz altmyş but ata-baba goýlandyr. Ony üýtgetmäge meniňem, seniňem hakym ýokdur. Ikinjiden hem onuň ýaly meseläni sen meniň bilen çözüp bilmersiň. Men bir sakçy adam. Bu ýerde milletiň amanaty bar, men şol amanaty saklap oturan bende. Sen öz işiňi bitirjek bolsaň, bar, Mekgäniň aksakal kethudalarynyň ýanyna. Olary ýygna-da, arzyňy aýt. Goý, arzyňy şolar çözsün. Şolaryň diýeni meniň üçin kanundyr. Belki, işiňi bitirseler meniň ýamanlygym hem, garşylygym hem ýokdur... Abdyl Halamyň gözleri gazaply ligirdäp gitdi. – Onda diňle, byradar, birinji bilen-ä şuny aýdaýyn. Bizem edil Mekgäniň adamlary ýaly, adam. Özümiz hem az-kuç däldiris. Wagty gelende Abraha ýaly Serdara jylaw salara ýagdaýymyz bar. Mekge-Ýasrib aralygynda bäş sany süýji suwly guýymyz bar. Mal-garamyz ýere-göge sygýan däldir. Dälibaş-dälibaş, giden ýerinden getirýäň baran işini bitirýän müňlerçe ýigitlerimiz bardyr. Kem zadymyz ýokdur. Bir kem zadymyz, hudaýymyz! Onam sen eýläk ýatsaňam, beýläk ýatsaňam... Goja gazaplandy. – Hany, igenjiňi goý, özüňem bu ýerden garaňy saýla... Abul Halam gaýta möwjeýärdi. – Hawa, seniň ýalylar islese-de, islemese-de, hudaý edineris. Özünem hut Käbäniň aýmançasynda goýarys. Gojanyň akly başyndan uçan ýaly bolup samrady. – Onuň bolmaz. Seniň diýeniň bolup durmaz! – diýip, ol şol bir depen ýerini depip oturyşyna sözledi. – Onyň bolmaz, bolmaz! Bu gepe yssyda halys eňki giden agzy kepäp duran Abul Halamyň has hem bolmajasy boldy. – Byradar, seniň urugyň öz hudaýy bar gerek. Sen jogap ber, bar gerek? – Elbet-de bardyr!.. – Ine, gördüňmi. – diýip, Abul Halamyň göhi gelip aýtdy. Indi aýt, seniň urugyň gowy-da, meniň urugym erbetmi, jogap ber! Saňa gerek hudaý maňa gerek dälmi?! Goja Abdyl Mutalyp ony saklajak boldy. – Garyndaş, gel, şu biderek gürrüň bes edeli. Bu ýer bir mukaddes ýer. Bu ýerde ynsanyň göwnüni garaldýaň zehiniňi hapalaýan gürrüňleri etmek gelşiksizdir. Abul Halam elini gazaply silkdi. – Seniňki düşnükli, byradar, sen bir bolgusyz adam ekeniň. Men seniň ýanyňa möhüm bilen geldim. Sen bolsa maňa Käbäni kimiň guranyny aýtdyň ne-de bir Taňrynyň mertebesini sakladyň, ne-de bu ýerde ýatan hudaýlaryň abraýyny sakladyň. Seniň ýaly adamyny bu ýerden owarra edip kowmaly. Başyňa toprak bolsun peläket. – Ol kesewiniň ujy ýalyjak ýumrugyny depesinde galgatdy. – Sen şuny bek belle. Ýa-ha ähli butuňy kül edip hennege taşlap öz hudaýymy şu ýerde dikerin ýa-da öz Abul Halam adymy aýryp, seniň ýigrenji adyňy özüme dakaryn!.. Ol birden idenekläp gitdi. Abdyl Mutalybyň özem bu ýagdaýa haýran galdy. – He-he-eý! Sen... Hamza bu kakabaş arabyň kakasynyň depesinden nagarasyny döwüp oturyşyna çydap bilmändi. Ol öňem kakasynyň biderek käýinmesinden bokurdagyna gelip duran gazabyny inine siňdirip bilenokdy. Maksum urugynyň kethudasynyň bu goja adamyň üstüne düblemesi onuň zähresini ýardy. Ol ýerde ýatan ýumruk ýaly daşy aldy-da, kakasynyň garşysynda iner kimin kükräp duran adamdan saldy. Daş Abul Halamyň egnine zarp bilen degdide ony erbet tisgindirip goýberdi. Abul Halam aňka-taňka bolup, yzyna öwrüldi-de, eli daşly äpet pyýadany görüp, jynssyz gygyrdy. – Eý, dat, meni öldürjek bolýarlar-eý!.. Hamza sekiniň deňine ýetmäge howlugyp gygyrdy. – Upbat bol, şu ýerden! Ýogsam daş bilen kelläňi kül ederin!.. Abul Halam ýaşyna gelişmeýän çakganlyk bilen sekiden daşlaşyp ugrady. – Bolýar, siz indi gezegiňizi sowduňyz. Maksum urugynyň adam oglunda aryny köýdüren ýeri ýokdur. Sizem paýyňyzy alarsyňyz Sizi Käbäňiz, üç ýüz altmyş hudaýyňyz bilen tepbet etdirmesem, meniňem Abul Halam bolmadygym... Abdyl Mutalyp oglunyň bu etmişini halamady. – Görünme, gözüme, bidöwlet! Sen öz pähimsizligiň bilen ýöne-de bir urugy bize ýagy etdiň... Hamzanyň çapgy ýassygy ýaly ýogyn boýny äpet eginleriniň içine giden ýaly boldy. – Özi yrs araýar! – Diýer giderd-ä. Onsuzam şu ýere gelip şerebesini pürkmeýän az däl ahyryn. Hamza özüni aklady. – Eşideňokmy diýýän sözlerini, adam çydar ýaly däl ahyryn. Ol hudaýlara dil ýetirýär, geçirdim, Emma saňa dil ýetirse, geçirip bilmerin. – Men giňdirin. Näme diýselerem, ondan beterräklerinem çekerin. – Haçana çenli çekmeli olar ýalynyň sözüni. Olar seni ekläpmi, saklapmy. Ýa-da ary köýüpmi?! Gojanyň sesi barha ýumşady. – Öňem çekipdim, indem çekerin – diýip, ol ýuwaşja aýtdy. Hamza kakasy bilen ylalaşmaň öz ugruna gitdi. Oglunyň pälwansypat didary, birsözlüligi gojanyň ýüregine az-kem teselli berdi. Emma başga bir oglunyň derdi bagrynda göz-göz bolup ýatan başlaryň ýüzüni dyrnaçaklady. – Ah, Abdyllam! – diýip, ol gussaly başyny ýaýkady. – Didaryňa döneýin balam. Seni ýüz düýe berip ölümden alyp galdym. Öýerdim, öýüňi aýyrdym, balam. Beren malyma gynanmadym. Emma indi, hoşlaşmanjyk, gara ýere garyldyň-da gitdiň köşegim... Abdyllanyň gara ýeriň goýnuna girenine şu gün otuz gün bolupdy. Otuz gün! Pil ýyly Abdyl Mutalyp üçin ahyrzamana çalymdaş bir ýyl bolupdy. Onuň Abdyllanyň jany üçin beren ýüz düýesinden galanyny Abraha sürüp alyp gidipdi. Abrahany ýer ýuwdandan soň ol mallaryň hem näme bolanyny bilýän ýokdy. Onuň yz ýany, Abrahanyň sulsadynyň üstüne agyr çabga inende, Käbe deresi silden dolup, Käbäniň pagsa jaýyny hem sil suwy basypdy. Ony ýaňy dikeltdim diýse, Şamdan Ýasribiň üsti bilen Mekgä gaýdyp gelýän Abdylla Ýasribe bir dert tapylyp, amanadyny tabşyrypdy. Howa juda yssy bolany üçin ony Ýasribiň özünde daýylarynyň öýüniň golaýynda depin edipdiler. Iliň çylkasyz gepi, her hili myjabatlar hem ony halys lagar düşen süňňüni barha gurbatdan gaçyrýardy. Häli oglunyň nebis belasy, haram çörek iýmek belasy barada aýdanlary hem ýöne ýere däldi. Ol öz babadaşlary kuraýyşlaryň Mekgede ýaýradyp ýören gepidi. Araplaryň «Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy» diýip gaty dogry aýdyşlary ýaly, oňa babadaşlaryndan gaýry ýagy-da, duşman-da gerek däldi. Şolar oňa ýagy bolma kemini goýanokdylar. Indi durmuşyň özem jan ýaly ogly bolup, ol sözleri ýüzüne basyp durdy. Mahsum urugynyň kethudasy Abul Halamyň hem içi güjüklije gepleri ýöne ýere däldi. Onuň tutýan dawasy-da tarpdan däldi. Onuň hem aňyrsy hasap-hesiplijedi. Bu gepleriň barysynyň düýp teýkary Käbe aýmançasynyň açaryna, Käbäniň işiginden asylgy altyn jerenlere, gylyç-galkan şaýlaryna eýe boljak bolýanlaryň gurap ýörenje zadyňy. Kuraýyşlar Aby zemzem suwuna eýelik edýärdiler. Olar bu ýere topar-tonar bolup gelýän zyýaratçylara Aby zemzemi damdyk-damdykdan satyp, onuň pulunam jübülerine urýardylar. Aslyna seredeniňde, Mekge ilatyny durnanyň gözi ýaly dury, bal ýaly süýji suwly eden Abdyl Mutalyp dälmidi. Indi Megke ilaty agyz suwunyň jebirli sergezdançylygyndan dyndy. Ýöne haşamylaryň özi suw meselesinde gelip-gelip kuraýyşlara bakna bolup galdylar. Kuraýyşlar şol bal ýaly süýji suwdan tüçjar baý boldular. Indi olar Abdyl Mutalyp hem Käbäniň açaryny biline daňyp, ýeriň-gögüň ähli baýlygyny toplap oturandyr öýdýärdiler. Kuraýyşlar ýakynyrak ýollardan düzüm-düzüm bolup gelýän zyýaratçylary, Hyjaz, Ýasrib sähralaryndan Mekgäniň eteginden bu ýere gelýänlerden-hä däl, Mekgäniň öz ilatyndan hem Aby zemzem guýusyndan meşikläp suw alýany üçin hak talap edip başladylar. Şonda-da olaryň gözi doýar ýaly däldi. Gaýta, Abdyl Mutalyp hem ummasyz haýyr görüp oturandyr öýdýärdiler. «Maňa baýlygy, döwleti Hubal berýär. Käbeden Taňrydan näme görýärmişim Taňra berseň, sen gowy. Bermeseň, olam seni indäp duranok ahyryn... « diýip goja gussaly oýlandy. «Durmuş gün-günden kynlaşýar. Bu ýerler bir taňry gargan mekan ahyryn. Onuň ne suwy bar, ne oty bar, ne-de bir girdeýjisi bar. Könekilerimiz aýtmandyrlarmy, näme, «gyşy gyşsyramadygyň ýazy ýazsyramaz» diýip. Bu ýerleriň ne ýazy bar, ne-de gyşy. Ýeke gazanç çeşmesi, söwda! Söwdanyň hem nepinden gepi köp...» Onuň hyýaly ýöne-de Abdylla gönükdi. Gulagyna aýaly Patmanyň hasrata ýugrulan agysy eşidilen ýaly boldy. ...Hor bolmajak bolup hor bolan balam, Güni üçin ýat ýerlerden şehit bolan balam!.. Gara gözli geliniň bozlap galdy yzyňda-leý... Gyzlarynyň agysy aýalynyňkydan hem ýürek paralaýjydy. ... Awa salman algyr laçynym aldyrdym, Garaýer gurasyň arka dagym nirede... Ajy ölüm, gara saçym ýaýdyrdyň, Üzlüp galan ýürek-bagrym niredi... Gojanyň özem bu hasrata çydamady-da bozlaberdi. «Ah balam, balam, Emine ýaly boz gelni ýalňyz galdyryp, ak sakally ataň ýüregine daglar goýup, ak saçly ejeň bagrynda gözler goýup nirä gitdiň?! Seni men bu gurap galan çöllere şehit bermek üçin ýüz düýe berip ajalyň elinden alyp galdymmy?!» Omar kerwenbaşy diýen adamyň özüne bakan aldyrany bar ýaly edip gelýänini gördi-de, ol gözleriniň owasyny süpürdi. Emma ýüregi welin köşeşenokdy. – Sen Abdyl Mutalyp dälmisiň? – diýip, Omar onuň bilen tanyşlyk açdy. – Sen Asadyň ogly Omarmysyň! – Omardyryn! - Omar jany ýangynly gepledi: – Men halys ebter¹ boldum, agam ogly, halys. Men gömüp ýetişsem, aýal gyz dogrup ýetişýär. Edil bir ganjygyň güjükleIşi ýaly. Ýeke iki sany gyz dogrupdyr, men Şamdan gelesem. Men oňa ogul dogur diýýän. Ol gaz dogurýar. Men oňa ýöne ogul dogur diýýäň ol bolsa, ýamanlyk edýän ýaly, ýöne-de gyz dogurýar. Ol ganguýma gözlerini Käbäniň aýmançasyna bakan ümledi. – Sen bilýäň-ä, men Şama kerwen alyp gitmänkäm öz hudaýyma bir düýe sadaka berdim-ä, oglum bolsun diýip. Indi bu hudaýlar hem alaryny bilse, Allasyna garanok. Ýogsa, ogluň bolar diýip düýşüme girdi. Ýa indi olam lebziniň yzyndan ýetdirip ýörmükä?! Goja gülümsiredi-de Omary köşeşdirmekçi boldy. – Sen Omar kerwenbaşy, hudaýda, aýalda näme ýazyk bar. Nämäniň tohumyny sepen bolsaň, şony-da orarsyň-da... Omaryň gaharynyň üstüne gazap goşuldy. – Goý-aýt, goja! Senem meniň aýbygadym heleýimiň gepini tapma. Ol-a aňsadyna garan heleý gyz dograr edip, indem söz bilen meniň içimi ýakýar. Men: «Şu iki ganjyk güjügini gömjek» diýsem, «menem äkidip ýanlary bilen gömersiň» diýýär. Gömerin gömmän näme. Hudaýa şükür, heleý almaga malym-da, pulum-da ýeterlik bar. Dünýäde ogul dogurmaga ukyply heleýleriň tohumy tükönen däldir. Şol gurrumsak heleýiň şol gepi üçin edişime bir seret. Soň baý puşman eder-ä, şol sözi diýmeli däl ekenim diýip, baý gözlerininden ýaş döker-ä, emma peýdasy degmez. Ol Omar kerwenbaşyny tanamasa-da, il tanaýandyr. Men arymy köýdürenimden janymy berýändirin... Abdyl Mutalyp öz gözlerine ynanmajak boldy. Hol, mähelleniň bir gyrasyndan Mahsum urugynyň kethudasy Abul Halam ýanyna bäş-alty sany pyýadany tirkäp, ýetip gelýärdi. Näçe syr bildirmejek bolsa-da gojanyň dolup duran ýüregi sarsyp gitdi. – Saňa menden näme hemaýat gerek? – diýip, ol Omar kerwenbaşynyň ýüzüne garady. Omar Kerwenbaşy gojanyň ysgynsyz sesine has ham öjügen ýaly, haýbat bilen gygyryp ugrady. – Maňa aýmançanyň açaryny ber. Goja «Abul Halam näçeräk ýere ýakynlaşdyka» diýen manyňa oýlandy-da, ýüzüni aşak saldy. «Goý, gelsinler. Meni öldürib-ä dynarlar-da. Şeýdip, iki jahan owarrasy bolup, ýeter ýetmezçilikde, ogluň-gyzyň gep ýassygy bolup, iliň-günüň iterinjisi bolup ýaşap ýörenimden ölüp gidenim has ybaly bolar. Meniň janym indi oglum Abdyllanyňkydan süýji boldumy. Ol gidip, men galyp, görjegim näme. Her kim nobatynda gitse ýagşydyr, näme, indem giç-dä...» Goja şu ýerde ölümini boýnuny aldy. Soňra Omar kerwenbaşynyň ýüzüne garady. – Saňa açar berilmez! Omar kerwenbaşy ýer-gökden geldi. – O näme üçin açar berilmezmiş. Indi men öz hudaýymyň ýanyna-da senden sorap barmalymy?! Goja gabagynam galdyrmady. – Omar, men saňa bir zat aýdaýyn sen häzir nepesiňi dürse, päliňi-niýetiňi sapla. Diňe şonda öz hudaýyň ýanyna baryp bilersiň... – O näme üçin eý haýwan ber açary diýdim, ber açary! – Açar berilmez. – Näme üçin diýýän men saňa?! – Näme üçini şol. Şol aýmançada diňe seniň hudaýyň däl, tutuş il-günüň üç ýüz altmyş hudaýy bar. Mukaddes Käbe bar. Men olaryň arasyna seni bu ýagdaýyňda goýberip bilmen. Omar sözlemäge söz tapmady. Ol küdüň ýaly ýumrugyny goja görkezdi. – Haý, haýwan ine, şuny görýäňmi? Heleýime gelen gaharymy senden çykararyn. Ber açary, ýa-da ýöri, özüň işigi aç! Goja sözünden dänerli däldi. Ol hem gaharly azgyryldy. – Açar ýok! Omar gojany silterläp goýberdi. Bu wagt asmana ýetip duran tagtynyň üstünde perişdeleriň ap-ak ýüpek ýalkymyna, garry şeýtanyň Käbe aýmançasynyň ýanyndaky adamlaryň ýüregine salýan oýnuna tomaşa kylyp oturan Jebraýyl perişde birden gyssandy-da, ýerinden turdy. Emma ony bu wagt hiç kim görenokdy. Abul Halam dagy hem gelip ýetişdiler. Abul Halam bir gyra çekildi-de, ap-ak köpükläp duran dodaklaryny-da süpürmäň elini Abdnl Mutalyba bakan uzatdy. – Heýt, eşek ataly, tap hälki gepiňi! Galdyr eliňi ýöne-de Mahsum urugynyň kethudasyna. – Ol ýanyndaky degenek-degenek pyýadylara ümledi. – Hany, şol eşek ataly çaly ýola getiriň! Ol adamlar ýerli-ýerden topulyp, Abdyl Mutalyby çekeläp, silterläp başladylar. – Uruň! Uruň! – diýip, Abul Halam gijeleýärdi. – Hany, ýola gelýärmi, gelmeýärmi, göreýin! Goja iki eli bilen ýüzüni tutup oturyşyna, ol-a gaýtargy bermek ekeň ýerinden galybam bilenokdy. Abul Halam Omar kerwenbaşynam olara görkezdi. – Muny bolsa daş bilen uruň! Gözüni çykaryň. Hununy özüm tölärin. Olar Omar kerwenbaşynyň hem daşyna geçdiler. – Haýt, haýt, duraweriň! Emma Omaryň dady-perýadyna gulak asýan ýokdy. Ol adamlar onuň çem gelen ýerine depip, urup, alyp barýardylar. – Daş bilen uruň! Daş bilen urup gözüni çykaryň! Ikisinem uruň!.. – Abul Halamyň adamlary şarpa-da-şarpa girişdiler. Indi Omar kerwenbaşynyň ýüzünden-gözünden uçgun syçradýan urgular degip başlapdy. Olam edil Hamza pälwan ýaly, daýaw pyýada, şunça çydajak boldy. Bu goh-galmagalyň sebäbine düşünjek boldy, emma bolmady. Ahyr soňunda onuň özem gyzyl ýumruga girip başlady. – Uruň, öldüriň, hununy özüm tölärin. Arym köýendeň imanym köýsün!.. Abdyl Halamyň özem durup bilmäň sekiniň üstünde doňňara daş bolup oturan gojany depişdirip başlady. Özi hem aldygyna gygyrýardy. – Öldüriň daş bilen uruň!.. Omar kerwenbaşynyň garşysyna üç-dört adam çykypdy. Olar Omary öňünden-yzyndan depgiläp, ýere ýykjak bolýardylar. Ýöne iki sany adam bolsa özleriniň kethudasyna kömek berip, Abdyl Mutalyby çekeleýärdi. Onuň böwrüne arkasyna ýumruk çalýardylar. Daşyndan seretseň, bu ýer eşekleriň ala-tozan turzup depişýän ýerine meňzeýärdi. Ahyr soňunda Omar kerwenbaşy düýe çökerip agyr-agyr haltalary gondalap ýören gollarynyň her biri bilen ýüzüne, biline depýän adamlary aýlap aldy. Soňra olaryň biriniň aýagyndan tutdy-da şony daşyna aýlap başlady. Onuň beýleki golundaky oglan jany bokurdagyna gelen erkeç ýaly ulili bilen bar-bar bagyryp başlady. Sag elinde aýagyndan tutulyp parlampaç edilýän adam hem käte ýoldaşlarynyň arkasyna, biline gürpüldäp degende, «Waý, öldüm-leý» diýmäge ýa ýetişýärdi, ýa-da ýetişenokdy. Omar kerwenbaşynyň demine düşen pyýadälaryň hersi juwazyň oky ýaly bolşup, yzlaryndan ýetip gelýän urgudan gaçyp gutulyp bilseler razy bolup, onuň daşyndan aýlanyşyp ýördiler. Abdyl Mutalybyň ýakasyndan ebşitläp tutan Abdul Halamyň hem küpejine onuň alyp gelen adamlarynyň birisiniň kellesi jalkyldap degdi-de, ony honda tüwdürip goýberdi. Kethuda kişi bu urgyny, baý, gaty görd-ä. Oňa çenli Omar kerwenbaşy äpet aýagy bilen onuň syrtyna jaýdar depdi. Abyl, Abul Halam sähel haýal-ýagallyk ötse agzynyň indi hökman gum garbajakdygyny duýdy-da, atylyp ýerinden turup, wägirip, çabalanyp barýan ýoldaşlarynyň hem öňüne düşüp, Omar kerwenbaşynyň daşyndan aýlanyp başlady. Omar kerwenbaşynyň gazaby ýetjek ýerine ýetip, onuň endamyna ýaňy der gelip başlady. Ony indi saklamak mümkin däldi. Ol häli üstüne topulanlaryň ählisini bagyrdyp daşyndan aýlaýança köşeşjege meňzemeýärdi. Onuň bady, gaýta barha artýardy. Omar kerwenbaşy erbet bagyrdy-da, esrek iner ýaly kükräp, elindäki pyýada bilen ylgamakdan, urgudan halys ýadan Abul Halamyň ýeňsesine zarply saýgylady. – Waý, amaň eý, aman! Agam ogly, atam ogly, aman-leý, aman-leý! Aman-aman!.. Omar kerwenbaşy indi ojagaz amanyň bilen saklanar ýaly däldi. – Me, saňa, Käbe üçin me saňa Abdyl Mutalyp üçin me saňa üç ýüz altmyş hudaý üçin me saňa Omar kerwenbaşy üçin!.. Bu bolýan zatlara başyny ýaýkap, kimden haraý sorajagyny bilmän duran goja Abdyl Mutalyp birden ýerinden turdy. – Duruň, saklanyň! – Ol janhowully ýaly ses bilen gygyrdy. – Saklaňyň! – Ol sekiden düşdi-de, başyny özleriniň mähellesine bakan tutup, sowal bilen gygyrdy. – Näme boldy! Näme diýýäň! Ol aňyrdan nämedir bir zat diýip gygyryp gelýän oglunyň aýdýan zadyny aňdyrman ýanyndakylary henizem gyran-jyrana berip ýören Omar kerwenbaşa elini salgady. – Dur, bes ediň, gözüňize-başyňyza döneýin! Goja bu günki şumlygy öňem ýagşylyga ýoranokdy weliň oglunyň entek alty, on ýedi bolup gelşinden-ä halys ysgyndan gaçyp salyny suwa aldyrdy. Eziz balasy Abdyllanyň heniz ýüzem açylmadyk gelni Eminäniň haly harapdy. Ertir irden bu ýere gaýtjak bolanda aýaly Patma banu oňa: «Bir gulagyň bärde bolsun, daýym ogly, gelnimiz Eminäniň haly harapdyr.» diýipdi. Goja janynda baryny edip gygyrdy. – Näme boldy? Näme habar bar, jan ogul!.. Ebu Talyp aýagaldygyna ylgap gelşine, kakasyny gujaklady. – Ata jaň buşluk! Jan atam, gözüň aýdyň! Abdylla janyň gelni Emine banu ogul dogurdy!.. ________ 1 Ebter – ogulsyz. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |