17:08 Muhammet pygamber -2: romanyň dowamy | |
2. Eý, ynsanlar, öz belent terbiýeçiňiz bolan Taňrynyň azabyndan gorkuň! Gurhan. 21-nji süre. 98-nji aýat. – Gaýtala! – diýip, goja Abdyl Mutalyp özüni undup samrady. Ebu Talyp ýöne belent heňde gygyryp gaýtalady. – Abdylla janyň gelni Emine banu ogul bäbek dogurdy!.. – Gaýtala! Gaýtala, ýene gaýtala!.. Ebu Talyp ýene-de gaýtalady. Bu şatlykly habar gelen badyna dünýäniň otly nepesi birden ýumşady. Gojanyň kalbynyň töründe bir wagt öçen umyt çyraglary ýöne-de lowurdap ýandy-da, onuň köňül älemine dirilik eçildi. Şol güýç onuň damagyna direnip duran agyryly ýüregini köşeşdirdi-de, öňki ornuna eltip goýdy. Soňra onuň süňňüni owup duran elhenç agyrylary owarra eltip taşlady. Abdyl Mutalyp aýagyndaky hokgasyny sekiniň ýanynda galdyryp, aýakýalaňaçlygyna öýüne bakan ylgady. – Beriň, balamy maňa! Guzujygymy görkeziň maňa! Köşejigimi görkeziň maňa, getiriň gujagyma! Içerden aýaly Patma banu begençli ýylgyryp çykdy. – Daýym ogly, gözüň aýdyň, Abdylla jandan nyşan geldi. Goja düşnükli, düşnüksiz samrady. – Getiriň oglumy! Beriň balamy gujagyma! Patma banu içeri girip, misli bu gaflatdan ýaňa garalyp duran dünýäni ýatlatjak şamçyragy eline alyp çykan ýaly boldy. Ol akja gundaga dolangy nurana çyragy adamsynyň eline emaý bilen berdi. Abdyl Mutalyp gundagyň başujyny açanda, gözlerini birbada nädip ýumanyny-da duýman galdy. Gundagyň bir burçjagazyny açandan bir salym eşretli nur onuň ýüzüne çaýlyp gitdi. Bäbegiň nur buldurap duranja ýüzi diýseň mähribandy. Onuň gözünde, ýaňaklarynda heniz görlüp-eşidilmedik çyraglar ýanyp duran ýalydy. Şol nur gojanyň tutuş süňňüne ýaýrady-da, onuň dünýäsine dirilik paýlap goýberdi. Goja bagtyýar ýylgyrdy. Bäbejigiň ýüzünden öpmäge-de dözmän onuň tämizje gundagyna galyň dodaklaryny degirdi. – Nury didäm, geldiňmi! Başymyň täji dünýämiň diregi geldiňmi! Ol gözleriniň ýaşyny seçelendirip, bäbejigiň gundajygyny emelsizje göterip, samrap barýardy. – Ýeri, men saňa ata-babalarymyzyň mirasyny görkezeýin. Men saňa arap kowumlarynyň hudaýlaryny görkezeýin. Patma banu adamsynyň ýaňy dünýä inen bäbejigi beýdip silterläp ýörmesini halamady. Emma oňa kän bir zat hem aýdyp bilmedi. – Daýym ogly, bäbejigi kän silterlemäň! – diýip oňdy. Goja öz sesinde däldi. Ol näçe wagtlap baslygyp, bu gün göterilen ruhynyň belent dagyna çykypdy. Ondan hem aňsat-aňsat düşerli däldi. – Bu bäbek däldir. Ol öň seniňki bolsa-da, indi tutuş älemiňki boldy. Ol indi diňe biziňki däldir, düşünýäňizmi!.. Abdyl Mutalyp bäbejigi Käbäniň daşyndan ýedi sapar aýlady. – Indi Käbe-de seniňki boldy, balam! Goja hudaýlaryň duran ýerine geldi-de, olaryň ählisiniň öňüne geçip, bäbejigi ýokary galdyrdy. – Eý, gudratly Hubal, Lot, Uzza, Manat! Eý, üç ýüz altmyş Hudaý! Baryňyz meniň balama doga-dileg ediň! Ol il-günüň başynyň çyrasy bolsun! Hudaýlaryň öňüne gelenden bäbejik bir gozgalaň tapdy-da, ynjalyksyzlyk bilen aglady. Goja daş hudaýlara garady. Göwünne bolmasa, bäbejigiň bu sesi üç ýüz altmyş hudaýyň ählisini-de tisgindirip, olaryň eginlerini gysdyran ýaly boldy. * * * Muhammet pygamber (a.s.m) şeýle diýipdir: «Her kim Allatagalanyň edenine razy bolsa, Allatagala hem ol kişiden razy bolar.» Rowaýat: Adam alehyssalam aýdypdyr: «Alla Tagala: «Eger dostum Muhammet pygamber bolmadyk bolsa, megerem Ýeri we ynsany döretmezdim» diýendir». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |