MÜŇÝYLLYKDAN AŇYRDAKY
DUŞMAN
Kim bilen köp tirkeşseň, şol hakda, isleseň-islemeseň, köp gürrüň etmeli bolýar. Meniň halypam, dostum hökmünde gatnaşanym Ahmet Bekmyradow, Nobatguly Rejebow, Akmyrat Şirow boldy. Ahmet bilen Nobatguluda bir meňzeşlik bar, ikisem jedeliň ters tarapyny alyp, gepini gögertmegi gowy görýär. Ahmet pahyry jedelde ýeňmek mümkin däldi, Nobatgulam şeýle. Şonuň üçinem mahal-mahal Nobatgulyny gižželemegi gowy görýän. Nobatguly çürt-kesik adam: gowy görenini halys ýürekden gowy görýär, ýigrenenini hem şeýle bir ýigrenýär weli, ýöne goýaý. Onuň ýigrenýäniniň diri gezip ýörenem bar, mundan müň ýyl ozal ölüp gidenem... Hawa, hawa, baryp on ikinji asyrda ýaşap geçen Nyzamylmülk atly wezir bilenem, «Syýasatnama» ýaly beýik eseriň awtory bilenem ýap-ýaňy urşup, aýrylyşan ýaly. Nyzamylmülki türkmen alymlarynyň ählisi hormatlaýar, sowet alymlary hormatlaýar, hatda marksizmiň düýbüni tutan Karl Marks hormatlaýar... Nobatguly bolsa hut ony sud edýär. Onuň ikinji bir duşmany hem Abul gazy, gadymy Hywa hany, belli taryhçy. Nobatgulynyň pikiriçe, Nyzamylmülkem, Abul gazy hem türkmen halkyna ymgyr köp ýamalyk-hyýanat eden adamlar, olar taryhy bulaşyklyga salypdyrlar. Muňa şahyryň öz tutaryklary, delilleri bar.
Bu ýazgymy men Nobatgulynyň kemçiligini aýtmak üçin däl, ýok, ýöne taryha nazar salmagyň dürli ýollary barada pikir ýöretmek üçin başladym. «Wagt ähli zady ýerli-ýerinde goýýar, taryh her bir zada mynasyp bahany berýär» diýen düşünje, meniň pikirimçe, dogry däl. Biz taryha şu günüň nukdaýnazaryndan seredýäris, özümize zerur zatlary taryhdan tapyp, ýorgudyny özümizçe ýorýarys. SSSR diýilýän döwletiň düzüminde ýaşalan ýyllar-a, taryhy halys galplaşdyrdyk. Ol ýyllar: «Sizde taryh ýok, çarwa halkyň taryhy bolmaýar» diýildi, şonuň üçinem mysaly başda rus halkynyň taryhyndan alaýalyň.
Aleksandr Newskiý, Dmitriý Donskoý, Iwan Groznyý, Petr I, Ýekaterina II ýaly rus şalarydyr imperatorlary mekdep partasyndan başlap, ýokary okuw jaýlaryna çenli rus watanparazlygynyň nusgasy hökmünde görkezilip, okadyldy. Biz olaryň rus halky üçin eden tagallalarynyň ählisini bilip, şeýle parasatly şalaryň türkmende bolmandygy üçin kemsinmek kemsindik. Aleksandr Newskiniň «Kim biziň üstümize gylyçly gelse, gylyçdanam öler!» diýen jümlesini buýsanç bilen gaýtaladyk, emma onuň jeza bermekde tatarlardan hem geçirendigini weli bilmeýärdik. Iwan Groznynyň öz ogluna kast edendigini, ýurduň görnükli adamlaryna jeza bereninde keýp etmek üçin, olary aýynyň hamyna salyp tikdirip, adamçy itleri küşgürip, ýene şonuň ýaly ýok hokgalar çykaryp, lezzet alýandygyny weli bilmeýärdik. Dmitriý Donskoýy Russiýanyň azatlygy üçin göreşen, Kulikowo söweşinde basybalyjy Mamaýy derbi-dagyn eden halk gahrymany hökmünde görkezýärdiler. Emma Mamaý kim? Ol Çingiz hanyň neberesinden hem däl, ol diňe häkimiýeti basyp almak üçin, tagt üçin ata çykyp, daşyna birtopar düpbozany ýygnan talaňçy. Ol Çingiz hanyň Ordasyndaky hanlara hem duşman bolup ata çykan adam. Dmitriý Donskoý Mamaýy Kulikowoda ýeňeninden soň ony ýeňiş bilen hut Teýmirleňiň özi we beýleki tatar, mongol-tatar serdarlary gutlaýar. Donskoý basybalyjy Mamaýy ýeňmändi. Ol tatar-mongol serdarlarynyň «umumy duşmanyny» ýeňipdi. Şol söweşden soňam ruslar tatarlara göni ýüz ýyllap paç töleýärler, emma taryhda bize başga-başga zatlar okadyldy.
Rus şalarynyň daşynda döredilen şol mifler öz etmeli işini etdi. Watanparazlygyň ýokary nusgalary bilen terbiýelenen Sowet halky ýeňilmezek faşistik Germaniýany dyza çökerdi, ondan ejiz bolmadyk ýapon militaristlerini mugyra getirdi...
Russiýanyň döwlet gumanitar uniwersitetiniň rektory Ýuriý Afanasýew bulardan başga has eýmenç fakty getirýär. Bu fakty eşidib-ä däl, okap-görüp hem ynanar ýaly däl. «Prawoslaw buthana patyşany ykrar edip, dine ynanýanlary patyşa üçin ybadat etmäge çagyrýardy, ol mahallar rus ordasynyň hany musulmandy. Iki ýüz ýylyň dowamynda buthana her dürli ýollar bilen patyşanyň häkimiýetiniň, ýagny Ordanyň häkimiýetiniň güýçlenmegi üçin tagalla baryny etdi».
Başgaça aýdylanynda, rus prawoslaw buthanasy iki ýüz ýyllap basybalyjylaryň hökümetiniň durmagyny Allatagaladan diläp, ybadata gelýänleri musulman şasyna sežde etdirdiler...
Gunnlaryň, oguzlaryň, seljuklaryň, türkmenleriň taryhynda müňlerçe türkmen şalary dünýäni tagtlap ýaşap geçipdirler, olary öwrenmek, ýurduň şasyny-gedasyny söýmegi başarmak biziň jana-jan borjumyz.
Osman ÖDÄÝEW.
Edebi makalalar