16:13 Musulman jansyzlar | |
MUSULMAN JANSYZLAR
Publisistika
Antonio Gramşi (1891-1937)… Italýan marksist-filosofy. XX asyryñ iñ esasy marksist teoretiklerinden. Italiýanyñ Kommunistik partiýasynyñ esaslandyryjy başlygy. Halk deputatydygyna garamazdan faşist Mussolini tarapyndan türmä atyldy. Türmede geçiren on ýylynda jemi üç müñ sahypa (otuzdan gowrak depder) ýetýän teoretik makalalary ýazdy. Üstünde durup geçen meselelerinden biri-de diniñ jemgyýetçilik täsiridi. Meselem: Ýaponlaryñ milli dini şintoizmi döwlet dinine öwrüp, modernleşip, Günbatar ýurtlaryndan daşgaryn kapitalistik gurluşyñ stadiýasyny soñlandyryp, nähili ykdysady güýje öwrülişleri barada birnäçe sahypa ýazdy. Ýaponiýa ulus döwlet. Ýaponiýa - dünýewi döwlet. Ýagny, aslynda dünýewilik babatda (hökmany dini sapaklaryñ bolmaýşy ýaly) hemme zat çözülen. Gürrüñim diñe şu däl. Şuny soramaly bolýas: Sünnilik bizde müñ ýyl bäri döwlet dini... Modernleşme, Tanzimat bilen başlan 200 ýyllyk döwür... Ýagny, aslynda Ýaponiýa modernleşmäge Osmanlydan otuz ýyl soñ başlady. Daşary ýurt kapitalyna on bäş ýyldan soñ gapysyny açdy. Ýaponiýada Günbataryñ mysalynda birinji konstitusiýa Osmanlydan 14 ýyl soñ ýazyldy. Hytaý-Ýaponiýa (1894), Russiýa-Ýaponiýa (1904) uruşlaryny, Birinji jahan urşuny agzabam durjak däl, Ýaponiýa Ikinji jahan urşunda ymykly weýran boldy. Türkiýe urşa-da girmedi. Ýagdaý şeýle bolýan bolsa: Ýaponiýa nädip dünýäniñ iñ uly üç ykdysady güýjüne öwrüldi? Türkiýe şol üstünligi nädip gazanybilmedi? Ykdysadyýetimiz Ýaponiýanyñ bäşden biriçe-de ýok! 600 milliard dollar bergimiz bar, başga näme ýazaýyn! Eýse, şular ýaly bişow bolmagymyzyñ sebäpleri nämede? Jogap üçin bir mysal bereýin: Ýaponiýa modernleşmegi güýçlendirmek maksady bilen maglumat toplamak üçin Ýewropa delegasiýalaryny ugratdy. 1880-nji, 1886-njy ýylda Stambula-da geldiler. Abdylhamyt II 1890-njy ýylda "Ertuğrul" gämisini Ýaponiýa ugratdy. Nämüçin? Nejip Fazyl Kysakürek "Uly Hakan Abdylhamyt Han II" kitabynda saparyñ maksadynyñ yslam propogandasyny ýaýmak bolandygyny ýazdy! Şol wagtlar Ýaponiýa şintoizmi döwlet dini hökmünde konstitusiýasyna girizipdi! Abdylhamyt II-niñ maksady Ýaponiýanyñ ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyñ öwrülşigi hakda maglumat toplamak däl-de, dini "eksport" etmek, halyfyñ güýjüni Aziýa görkezmek bolupdyr! Ýöne bir zada düşünenokdylar: ýaponlaryñ şol wagtlar yslam bilen gyzyklanmalarynyñ sebäbi, Russiýa we Hytaýa garşy ulanmak üçin musulman jansyzlary taýýarlamakdy! Bulardan biri bolan Abdyreşit Ybraýym ependiniñ ýazan "Ýaponiýada yslamyýetiñ ýaýylmagy" (“Japonya'da İslamiyet'in Yayılması”) ýaly dini äheñli çagalaç kesgitlemelerden doly kitaplara häzirem konserwatiw gatlakda oñyn göz bilen garalýar. Hiç kim "munuñ ýazanlary dogrumyka beri?" diýenok! Ine, düýp mesele-de şunda: elementar faktlary däl-de, ynanmak islenilýänleri dogry hasaplamak... Şol sebäpli ýuwaş-ýuwaşdan başlap, soñky ýigrimi ýylda çaltlaşan döwlet dini ideologik motiwe çykarlyp, Türkiýäniñ ähli meselelerini çözmegiñ ýegäne guralyna öwrülmedimi? Mysal üçin: Etniki mesele barmy - “din çözer” öýdüldi. Ahlak taýdan agsamalar barmy - “din çözer” öýdüldi. Tersine, "oba yslamy" döwletde we jemgyýetçilik durmuşynda güýçlenip, ýaýyldygyça, hususanam soñky ýyllardaky ýaly basyş guralyna öwrüldigiçe meseleler azalmady, ep-esli artdy. Türkiýäniñ Ýaponiýanyñ ýeten sepgidine ýetip bilmezliginiñ sebäpleriniñ arasynda şu ýokmy? Gramşiniñ gözenegiñ añyrsynda otyrka ýazan seljermelerini biz häzirlerem ýazyp bilemzok. Türkiýede Ýaponiýa barada ýazylan ylmy-barlag kitaplary barmak büküp sanasak, bäşe-de ýetmez. "Urp-adatlaryny dowam etdirmek bilen bir hatarda Günbataryñ diñe tehnologiýasyny özleşdirip, gülläp ösen Ýaponiýa" ýaly ýöntem pikirler bolsa şo-ol dowam edip gidip otyr... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 14.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |