05:31 Myhman atañdan uly / satiriki hekaýa | |
MYHMAN ATAÑDAN ULY
Satiriki hekaýalar
«Emma rowylar andag rowaýat kylypdyrlar». Biz size şol rowaýaty gürrüň bermekçi bolýarys. Elkyssa aşyk Hemra Gyzylalma şäherine möhüm bir iş bilen komandirowka gidermen boldy. indi habary kimden al, Hemranyň kakasyndan. ― Ýeke perzendimi ýat ýere iberip, maňa munda parahat ýatma bolmaz. Ýatara ýer tapman, bir gije köçede galsa, kim bilýä, haýsy kesele sataşjagyny ― diýip, Aşyk Ahmet hem ýol şaýyny tutmaga başlady. ― Siz bilen menem gidermen, üç bolup ýalbarsak, myhman alarlar ― diýip, Selbinyýaz hem gara geýnip, yzlaryna düşdi. ― «Gal, Maralym, Selbinyýazym, gal indi» diýip, aşyk Hemra öz ýaryny ýalbaryp-ýalbaryp Häzirbejan welaýatynda galmaga boýun etdi. ― Hemra jan, gije köçede galan ýeriňde meni ýatlarsyň! ― diýip, Selbinyýaz asfalt ýoluň üstüne dökülen hünjüsini çöpläp oturan ýerinde zar-zar aglady. Aşyk Ahmet bilen Hemra az ýöräp, köp ýöräp, halys daýap, bir şähere ýetdiler. Şol wagt gün eňegini ýere beripdi. ― Oglum, şu şäherde bir gije myhman bolaýaly ― diýip, Aşyk Ahmet ogly Hemra ýüzlendi. ― Bolar, kaka. «Agşamyň haýryndan ertiriň şeri ýagşy» diýen sözem bardyr. Ertir irden ýola düşäýeli ― diýip, Hemra kakasyna aýtdy. Bular ýaňky «N» şäherindäki myhmanhananyň işiginden bardylar. ― Eger-eger, ýer ýok. Şu günler şäherimizde «Myhman ataňdan uly» diýen dewiz astynda kommunal kärhanalarynyň işgärleri bilen oblast konferensiýasy geçirilýär. Ähli ýeri şolar eýeleýär ― diýip, myhmanhananyň nobatçy administratory Hanperi diýen gyz aýtdy-da, kiçijik derejäni şakyrdadyp ýapdy. ― Jigim men komandirowka bilen gelipdim ― diýip, Hemra derejäniň gapysyny çalaja pitikledi. ― Huligan, men saňa komandirowkaňy görkezerin! ― diýip, Hanperi tasanjyrap çykyp gitdi. Aşyk Ahmet bilen Hemra ýüzlerini üç ýuwlan prostynýa ýaly edip, atlandylar-da eňdiler Gyzylalma şäherine. Indi habary kimden al, Hanperiden al. Onuň Arslan, Ýolbars diýen iki dogany bardy. Bularam myhmanhanada işleýärdiler. Biri slesar, birem montýor. ― Eý, agalam, ýaňy iki sany ykmanda gelip, bize myhmanhanadan ýer ber diýip, üstüme abanyp durlar. Şolary şäherden çykaryp gaýdyň, hemdäninim, olary galan ömründe komandirowka kagyzyny uzadyşyp, myhmanhanadan ýer soramaz ýaly ediň ― diýip, Hanperi aýtdy. ― Bolar, ejeke jan, biz ony oňarys ― diýşip, Arslan bilen Ýolbars atlanyp, ýigrimi ýigidi ýanlaryna alyp, Aşyk Ahmet dagynyň yzyndan eňdiler. Emma ýetip bilmän yzlaryna gaýtdylar. Ataly ogul az ýöräp, köp ýöräp, ahyrsoňunda Gyzylalma şäherine gelip ýetdiler. Bular: ― Gel, bagty synap göreli, ilki myhmanhana baraly ― diýip, owadan bir ymaratyň içine girdiler. ― Ýer ýok, şu günler bizde oblast seminary geçä, dewizi: «Gelen aş diýip gelmez, turşutmagyn ýüz, aşa mätäç däldir, söze myhmandyr» ― diýip, atagzy bilen hoz döwüp oturan nobatçy administrator gyz Banu keniz çyna berimsiz edip, jan ýandyryp aýtdy. ― Biz, gyzym, gaty görme, şu myhmanhananyň direktoryna arzymyzy aýtjak ― diýip, Aşyk Ahmet derejeden içerik kellesini sokdy. ― Ötüki, kimdir direktor?! ― Ýaşuly, direktoryna Saýat han diýýärler. Mämmethan patyşanyň gyzy. Ol häzir öýündedir. Sagat ýediden işleýär ― diýip, Banu keniz ak goşaryndaky elektron sagadyna seretdi. ― Ýör, oglum, direktoryň öýüne ― diýip, Aşyk Ahmet çykyberdi. Aşyk Ahmet dagy, sorap-idäp, garaňky düşenden soň ahyry Saýat hanyň çarbagly howlusyny tapdylar. Emma girere işik ýokdy, baram bolsa petiklidi. Bular bagyň daşyndan üç gezek aýlandylar. Demir-betondan beýik haýat galdyrypdyrlar. Guş bolup uçup giräýmeseň, başga alaç ýok. Ahyrsoňunda bular suw ötük tapdylar. ― Kaka, men şu deşikden sümlüp geçeýin-de, Saýat handan habar alaýyn ― diýip, Hemra kakasyna ýüzlendi. ― Eý köşegim, men gireýin, her ne bela bolsa, maňa bolsun. Sen şu ýerde atlary saklap dur ― diýip, goja içerik girdi. Elkyssa, habary kimden al, Saýat handan al, ol Banu keniz bilen telefonda gepleşip otyrdy. ― Hah-hah-ha, ol nähili gäbi azan ykmandalarka, myhmahanadan komandirowkanyň udostowereniýesi bilen ýer aljak bolýarlar diýdiňmi?! Wah, içim gyryldy. Meni mundan artyk güldürme, kenizim ― diýip, Saýat han jak-jaklap güldi. Elkyssa, Aşyk Ahmet salam berip durdy. Saýat han saglyk soraşdy. Soňra: ― Eý, baba, hyzmat nedir! ― diýdi. ― Hyzmat, bize myhmanhanadan ýer gerekdi ― diýip, goja dillendi. ― Biziň Gyzylalma şäherimize näme üçin geldiňiz? ― Iş bilen, komandirowka. ― Ýer ýok ― diýip, Saýat han çürt-kesik aýtdy. ― Oglum Hemranyň başy ýaşdyr, wokzalda ýa aeroprtda ýatar-da. Men-ä guragyryly. Köçede ýatyp biljek däl, ýer bermeseňiz, öýüňizden gitmen ― diýip, goja Saýat hanyň sekisinde oturyberdi. ― Kenizler, goja kyrk taýak turuň! ― Waý, dat! Elime urmaň, sazymy döwersiňiz! Wäk, ulyňyza arz ederin! ― diýip, Aşyk Ahmet ýatan ýerinden gygyrdy. ― Bar, arz et. Ulymyz kommunal kärhanalary edarasydyr. Onuň direktoryna Mammethan diýýärler. Ol meniň kakam. Gaty býurokratdyr. Ýagyrnyňa kyrk gançy urdurar. Gamçynyň tasmasynam öz hamyňdan kesdirip aldyrar. Hah-hah-ha! ― diýip, Saýat han sary kişmişden bir penjesini agzyna atdy. ― Goja, ýaňy oglum-soglum diýip, bir zatlar samradyň-la?! Düşnükliräk aýtsana ― diýip, Saýat han togsan bäş nomurly gök çaýdan owurtlady. ― Hawa, oglum bar, ol daşarda atlary tutup dur. Ady Hemra. ― Owadanmy, ýaşmy? ― Görk-görmegi siziňki ýaly, ýaşam siz deň-duşly. ― Näme hünäri bar ogluňyzyň? ― Ýaý atmaga çenden gaty türgen. ― Beýle bolsa, onda, goja, siz... ― diýip, Saýat han sözüni tamam etmänkä, Aşyk Ahmet üç bükülip, tagzym edip: ― Ýaşyň uzak bolsun, Saýat han, şeýdip, kalbyňa giňlik salaweri, bize myhmanhanadan ýer bereweri! ― diýdi. ― Ýaşuly, meniň sözümi bölme. Siz bu gün agşam wokzalda ýa alleýalarda ýatyň. Ertir ogluň biziň bilen ýaý atyşmakda ýaryşsyn. Onsoň, ýeňse ondakysyny görübereris ― diýip, Saýat han gojanyň yzyna it salyp, onam az görüp, ýanyna Jahan hem Gülperi diýen kenizleri goşup, howludan çykaryp kowdy. Bir hepde geçdi, on gün ötdi. Emma Saýat han bularyň halyndan habar almady. Günlerde bir gün Mämmethan patyşa, onuň goşun başysy Mämmetsöýün serdar, özleriniň kyrk ýigidi bilen Aşyk Ahmet bilen Hemrany demir ýol wokzalynyň garaşylýan zalyndan tapdylar. Bular şäheriň bir çetine çykdylar. Onýança Saýat han hem kyrk keniz bilen şol ýere bardy. ― Goja, myhmanhanadan ýer almak üçin atyşmaly bolarsyňyz. Eger ýeňseňiz... ― diýip, Mämmethan patyşa ýeserlik bilen gözlerini gypdy. ― Hemra janyň oky hata gitmez ― diýip, Aşyk Ahmet buýsanç bilen oglunyň egnine elini goýdy. Nökerlerden biriniň depesinde alma goýdular. Hemra ýaýdan ok atyp, almany urmaly boldy. ― Hemra, nökeri öldürseň gandar bolýaňyz, almany urup bilmeseň, köçede ýatýaňyz, almany atyp, bölüp bilseň... ― diýip, Mämmethan patyşa gyzy Saýat hana seretdi. Hemra sary ýaýyny alyp: «Ýa şiri derga, pena!» diýip çekip goýberdi. Almanyň ýarysy ok bilen gidip, ýarysy nökeriň depesinde galdy. ― Eý şahy älem, indi bize myhmanhanadan ýer bermeli bolduňyz! ― diýip, Aşyk Ahmet tagzym edip egildi. Emma wadada wepa bolmady. Kommunalçylar lebzini ýuwutdylar. ― Goja, biz size myhmanhanadan ýer berip bilmeris. Oňa derek ogluňa gyzym Saýat hany galyňsyz bereýin ― diýip, Mämmethan patyşa aýatdy. ― Hawa, hawa, men Hemra jana baraýyn. Ýöne myhmanhanadan ýer soramaň ― diýip, Saýat han çürt-kesik aýtdy. ― Bize ýatar ýaly ýer gerek. Gyzyňyz gerek däl. hemra janyň Selbinyýaz diýen gelni bar ― diýip, goja jan ýandyrdy. Emma ony diňlän bolmady. ― Kaka, indi meniň komandirowka wagtym gutardy. Saýat hany alyp, ýurda gaýdaýaly ― diýip, Hemra boýnuny burdy. ― Bize myhmanhana derkaram däl ― diýip, Hemra aýtdy. Bular ýurda gaýdarman boldular. ― Goja kişi, bu horjunlaryňyzdaky zarlar näme? ― diýip, Saýat han ýolda sorady. ― Bular-a gyzym, Guşgy pissesi, maňyz, sary kişmiş, erik kişdesi, waharman kaky. Çendiriň nary, Köne kesiriň hozy, Gyzyletregiň zeýtuny, aý, garaz, näme diýseň bizde bardyr ― diýip, Aşyk Ahmet bökderilgi horjunlary görkezdi. Saýat han atyň başyny çekdi. ― Weý-weý, dolanyň yzyňyza, ýörüň, myhmanhanadan häziriň özünde ýer alyp bereýin. Heý, şeýle zatlaryňyz bolubam wokzalda ýatarlarmy?! Siz akmakmy?! Köçede ýatyp, guragyra ýa dümewe sataşyp, keselhanada iňläp ýatasyňyz gelýärmi?! Janyňyzy ýerden tapdyňyzmy?! Gijede-girimde ogra-jümrä duşsaňyz nätjek? Pulsuz galyp, kesek gemirjekmi?! Pasportuňyzy aldyrsaňyz peýdamy?! Weý-weý, şunça zadyňyzyň barlygynda alma atyşyp ýörşüňizi ― diýip, Saýat han lapykeç halda gürledi. ― Biziň myhmanhanalarymyzda gowy nomurlar alyp ýatýanlar hol bazarlarda zat satýan peýdakeşler ahyry ― diýip, Saýat han bularyň ýagdaýyna ýürekden gynandy. ― Henizem giç däl, yza dolanalyň ― diýip, Saýat han çyny bilen aýtdy. ― Gyzym, sag bol! «Atylan ok daşdan gaýtmaz». ― Ýok, ýaşuly, mürähet däl, birki hepde ýatyň. ― Indi bolmaz, Saýat jan, men işe ýetişmelidirin ― diýip, Hemra hem ýagdaýyny aýtdy. ― Bolýa-da, günä özüňizde. Ýogsam, nobatçy administrator Banu kenize bir goşawuç hoz berseňiz, ol sizi ýorganyna-da salardy ― diýip, Saýat han degşip güldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |