21:06 Myhman iki begendir / satiriki hekaýa | |
MYHMAN IKI BEGENDIR
Satiriki hekaýalar
Dabaraly baýramçylyk saçagyny dürli-dümen nygmatlar bilen näçe göwnejaý bezäp bilseňiz, saçak başyndakylaryň, myhmanlaryň şonça-da göwünleri hoş bolar, keýpleri diýseň çag görner. Ýöne weli, baýramçylyk saçagyny oňat bezemek işiniň her bir salpaýaga, aýagyny süýräp ýören her bir öňýeten pyýada başardýan sungat däldigini öňünden aýdaýaýyn. Oňa örän kän serişde gerekdir, puluň bar bolaýanda-da şony toýa harçlamaga çep döşüňde mert ýürek gürsüldäp urup durmalydyr. Myhman bolup gelip, şol saçagyň başynda mesligiňe çydap, abraý bilen oturaýmaklygyň özüniňem her gezip ýörene eýgerderden has çökderdigini başda duýdurmaklyk artykmaçlyk etmezmikä diýýärin. Ol ýerden aman-sag turup gitmekligiň bolsa gaty çetindigini hem ilki-bada, turuwbaşdan ýaňzydýaryn. Biziň diýjek bolýan zadymyz, toý saçagynyň başynda çendenaşa medeniýetli bolmaly, juda edepli oturmaly, örän sypaýy geplemeli, şol bir wagtyň özünde-de gülki, ýomak, degişme doly güýjünde hereket etdirilmeli. Emma edýän gürrüňleriňiziň nirä baryp degjekdigini ilki pikir etmelisiňiz. Mysal üçin, goýun hakda gürrüň gidýärkä, birden düýe diýäýmeli däldir. Her bir hereketiň hem düzgüne laýyk bolsa gowy. Meselem, eliňizi ýuwup, ony polotensa bilen süpürmeli. Ýöne silkäýmeli däldigini unutmak bolmaz. Indi nahar edinmek sungaty barada birki agyz söz aýdaýyn. Bar üntüşigiňizi nahara berip, dünýäni unudyp, ýat ýerde symyşlap, sygnap iýip, najyrap oturmaly däldir. Aç hem bolsaňyz özüňizi köpüň üýşen ýerinde dokmäde görkezjek bolmaga çalyşmalysyňyz. Kyndyr weli nätjek-dä, dagy alaç ýok, çydamaly. Oňarmaryn öýtseňiz öz öýüňizden iýip-içiň-de baraýyň. «Öz öýümizden iýip-içjek bolsak, onda iliňkide nä körümiz bar?» diýýäňizmi?! Sizem mamla. Ýöne çydajak boluň. Nahar iýýäkäňiz okaranyň üstüne gaty egilmäň. Garşyňyzdaky bilen maňlaýyňyz çykyşar-da, gözleriňizden ot çykar. Nahar iýeniňizde ortada goýlan etiň uly bölegine topulyjy bolmaň. Özüňiziň adamdygyňyzy, aç gurt däldigiňizi ýadyňyza salyň. Iliň öýi siziň üçin et kombinaty däldir. Özüňize golaý ýerinden kiçeňräjik bir bölegini alyňdajyk howlukman, pyçak bilen kesip, çörek bilen huruş edip iýiberiň. Ýene bir zada mykat bolmalysyňyz. Öz öýüňizde jyňkyňyzy çykaryp bilmeýän halyňyza, kesekiniň öýünde nahara hergiz at dakyjy bolmaň. Oňarsaňyz-a öwüň, ýogsam-da lal-jim oturyň. Nahary dodaklaryňyz bilen şapbyldadyp iýmäň. Sesinden oturar ýaly bolmaz. Agzyň naharlyka, ylaýta-da tortluka pyňkyrmaň. Pyňkyrsaňyz saçakdaky ähli naz-nygmatlar mekruw bolar, harama çykar. Töweregiňizdäki oturanlaryň ýüzlerini görer ýaly etmersiňiz. Salfetka bilen olaryň ýüzlerini süpürip, kimdigini onsoň tanamaly edersiňiz. Ýöne weli, üsti-başyny zaýaladanlaryň arasynda size özüni tanadan-a tapylsa gerek. Umuman, agzyňyz talhanlyka «Osman» diýmäň. Naslyka «parowoz», ylaýta-da «tüflewoz» diýmek bolmaz. Men bilýän, sebäbi gözüňizden aňýan. Gözüňiz ortadaky goýlan gaýnan tutuş towukdadygyna düşünip otyryn. Şony siz aýaklaryndan tutaga-da tüýt-müýt edip, lak-luk atyp, towuk janawary dünýä inmedik ýaly etjek bolýaňyz. Päliňizden gaýdyň. Oýlanyň. Öýüň eýesi guşçulyk fabriginiň direktory däldir. Senem şagal ýa tilki dälsiň. Öý hojalykçy aýalyň ol towuk üçin, bilýäňizmi, näçe magazine selpänligini. Pelesaň kakyp, ahyry bir ýerde satylýan towugy görüp, 47-nji adam bolup nobata durandyr. Belki, hersini on manatdan elden alandyr? Gepiň gysgasy, towugy bölmäň. Towuk etinden doýar ýaly siz, ýene bir gezek aýdyň, şagal ýa tilki dälsiňiz. Siz adam ahyry. Bu ýerde esasy bilmeli zadyňyz, şol towugyň tutuş goýulmagynyň sebäbi myhmana haýbat üçindir. Alma, üzüm, nar, hoz hem towuk ýaly reklama üçin goýlandyr. Nahar wagtynda birden öz aýalyňyz size morta bir zat aýdaýmasyn. Meselem: — Näme üçin iýeňok, nahary halamadyňmy? — diýäýmesin. Beýle diýilse, öý eýeleri gaty görerler. Ýa bolmasa aýalyňyz: — Lakgyldap oturma-da, gara garnyňy doýur. Öýe baraňsoň şu gün agşam menden saňa zakgunam ýok. Daşyň gatysynam iýmersiň — diýäýse, barypýatan biedeplik bolar. Onda siz oturylyşyga diňe garnyňyzy otarmak üçin gelendigiňiz bes-belli bolar duruberer. Nahar, içgi, ylaýta-da soňkusy üçin gelendigiňizi birneme gizlejek boluň. Sebäbi ýörgünli kada şeýle. Toý saçagynda goýlan spirtli içgileriň oňat tarapy barada, artykmaçlyklary dogrusynda, içseň göjek degen torgaýa dönderýän güýji, gradusy, olara dünýä sergilerinde berlen medallar, etiketkasynyň görki hakynda şol ýerde otyrkaň aýtmak, elbetde, biedeplik däldir. Ol zatlary oňaryp aýdyp bilseňiz, öý eýeleri bir gez ösen ýaly bolarlar. Içgä beren puluna gynanmazlar. Ýöne weli, berk belläň, hem mykyt boluň, aragyň her çüýşesini magazinden on manatdan ýa bolmasa gije on bäş manatdan elden alandyklaryny öý eýeleri hergiz aýtmaly däldirler. Ony aýtmak barypýatan biedeplik bolýar. Aýtdygyňyz öz samsyklygyňyzy şaýatsyz boýun aldygyňyzdyr. Sebäbi siziň şony aýtmak bilen hil bir täzelik aýtdygyňyz däldir. Oturanlar ol nyrhy sizden gowy bilýändirler. Arak arzan bolsa ol adamlar siziňkide nämişlesinler. Araňyzda, belki, aragy on bäşden size we siz ýala ýelmäniň özem gözlerini çüýjerdip, symyşlap oturan bolsa nätjek. Utandyrmaň ýeri däl. Goý, garnyny mugt doýursyn. Onsoňam, saçak başy döwlet söwda inspeksiýasynyň edarasy däldir. Goý, olar ütüjilere berkräk darasynlar. Märekede asylly bolup oturmak, edebi saklamak juda kyn sungatdyr. Esasy çetin mesele diliňe bek bolmakdyr. Biderek gürrüň aýtmaly däl. Meselem, «Pylan ýerde pylan kärdäki pylankesi OBHSS gapjapdyr. Öýünden bir ýüz on ýedi müň manat nagt pul bilen ýedi kilogram gyzyl tapypdyrlar. Halysy, düşegi alty sany maşyna sygmandyr» diýen ýaly elhenç wakanyň gürrüňini ediji bolmaň. Oturanlara wehim salyp, märekäni dargadarsyňyz. Umuman, baýramçylyk oturylyşygynda söwda-satykdan, nyrh-nowadan, jygyllykdan, peýdakeşlikden, medisinadan, taksiden, otludan, gowusy, gürrüň açjak bolmaň. Ýalňyşarsyňyz. Öwmäňem, döwmäňem. Içgili adamlar öjügerler. Özlerine çekerler. Erbetdirler. Içegen myhmanyň gowusy bolmaz. Gowy bolsa öz öýünde oturardy diýip düşün. Aglaba oturylyşyklarda käbir adam öz keseli barada gürrüň edýär. «Meniň-ä aşgazanym zaýa» diýip uludan gägirýär. «Seniňki nähili», «Şorturşy iýseň iteşen örýär. Sen-ä, tüweleme, eliňe näme ilse dykyp otyrsyň», «Arada zaýalanan balyk iýdim. Baý ögemek-ögedim-ä. Men-ä çepbe çöwrüldimmikäm öýtdüm. Täs ölüpdim, içimi ýuwdurdym» diýen ýaly etika ters gelýän, keşdiň çekmeýän zatlary aýtmaň. Spirtli içgiler saçagyň ortasynda goýulsa has gowy bolar. Eger içki çet gyrada goýulsa serhoş biri elini dalawladyp, arakly çüýşäni hökman döwer ýa-da ýykyp, nebir içgini döker. Eger şeýle «betbagtlyk» bolaýsa «töle» diýip dyzap durmaň, aýyp bolar. Ol adam sowgat getirendir ahyry. «Goralan göze çöp düşer» diýen nakylyň hem bardygyny ýadyňyza salyň. Arak dökülse weli, ilkinji nobatda, hemmeden öňürti öý eýesiniň, ylaýta-da aýalynyň maňlaýynyň ýygyrtlarynyň köpelip başlajakdygy ikuçsuzdyr. Eger öý eýesiniň, ylaýta-da, aýalynyň aragy döken şol adamdan öňden içi kütüwli bolaýsa-ha, bar onsoň, ol myhmanyň dat gününe, onda ol üç-dört etažly gargyşlary eşitmäge taýýarlyk görübersin. Eger şol «zyýankeş» adam sowgatsyz gelen biweç adam bolsa, wezipesi pes işgär bolsa urulmaga-da kaýyl bolaýsyn. Sebäbi az aýlykly, pes wezipeli adam entek gyzyl kitaba ýazylanok. Oňa näçe isleseň gargap bolýar, eliň agyrmaz öýtseň uruberem. «Ohotnadzor» döredildi, «Rybnadzor» diýen edara bar, emma «Adamnadzor» entek döredilenok. Meniň bu diýýän zatlarym elbetde, dünýä möçberinde şeýle. Oturylyşykda artykmaç hereket etmeli dälsiňiz. Gepläniňizde elleriňizi hereketlendirmek gap-gajyň arasynda gelşiksiz görülýändir. Käbiri bakjada dikilen garantganyň ýelli gündäki köne dony ýaly zol galgap oturýar. Tost juda gysga, emma çuň, ýiti manyly sözlenmelidir. Edara başlygyňyz, ýa bolmasa başga bir uly adam araňyzda oturan bolsa tosty ilki şondan eşidiň. Soňra sizem şonuň saglygyna göterip, birki gezek içiň. Ýöne onuňam çeni ýagşy. Eger olam özi hakynda köpräk tost aýtdyrdasy gelse, onuňam gazany suwa gaçan däldir ahyry. Goý, harç çekip, öýüne myhman çagyrsyn. Tosty köplenç öý eýeleriniň we maşgala çlenleriniň saglygyna göteriň. Şolary halamaýanam bolsaňyz, nätjek-dä, syr bildirmäň. Birküç sagat tagapyl ediň. Zenanlar bilen gürleşeniňizde ony öwüň. Olaram öz gezeginde sizi magtasynlar, emma weli, zenanlaryň näçe ýaşyndadygyny, näçe çagasynyň bardygyny, saçyny haýsy jisime boýaýandygyny, näçe gezek durmuşa çykandygyny asla soramaň. Aýyp bolar. Utandyrarsyňyz. Içip-içip, kelläňiz gyzyp, öz adamsy bilen oturan zenanlaryň birine ýaşkak ikimiz hat alşypdyk, ýa bolmasa söýşüpdik, nesibämiz goşulmandyr, bir akmaga sataşypsyň, şindem gelseň alaýyn diýiji bolaýmaň. Beýle diýseňiz, oturylyşyk bozular. Goh turar. Öý eýelerini gap-gaç ýuwmakdan dyndyrarsyňyz. Goý, baýramçylyk gijesinde milisiýa işgärlerem, «Tiz kömegiň» lukmanlaram baýramçylyk stollarynyň başynda şadyýan dynç alsynlar. Ýaşkak «gezipdik», «Hat alşypdyk», «Bile surata düşüpdik», «Ölsem ýeriňki, ölmesem seniňki» diýipdiň diýen ýaly samsyk lakgyldy oturylyşykda gerek däl. Ol gürrüňlerimizi soň ýeriň giňinde, iş wagtynda telefonda etseňizem bolar. Iş wagtynyň sekiz sagat, on iki minutyny geçirmäge-de gürrüň gerek. Onsoňam öz aýallaryňyzam ýaşka iller bilen hat alşandyrlar, goşgy ýazyşandyrlar, belki, söýşendirlerem. Muňa durmuş diýerler, her zadyň bolan bolmagy mümkin. Bulgurlaryňyza guýlan aragy soňuna çenli içmek hökman däldir. Goý, magazinleriň garawullary ukusyny alsynlar. Ol görgülileri gije oýaryp, çüýşesini 20—25 manatdan arak almak öý eýesine ýakmaz. Ýaňy, başrakda aýdypdyk, nahary şapbyldadyp iýjek bolmaň diýipdik. Dodagyňyzdaky ýag hrustal bulgura degse, öý hojalykçy aýalyň gözleriniň agy köpelip başlar. Onuň üçinem elleriňizi ýagly-ýüzlä urmaň. Onsoňam içip, birneme başyňyz aýlanansoň, kelläňiz sämäp ugransoň ortadaky hrustal gap-gaçlardan elleriňizi daşrakda saklamaga çalşyň. Aňrujy oňarsaňyz-a şol hrustal gap-gaçlara galtaşmajak boluň-da. Sebäbi olar örän gymmat bahaly zatlardyr. Siziň üçin ol zatlar puluňyz çykmansoň, ýönekeý bir jäjejikçe-de ýokdur. Emma öý eýeleri ony juda eý görýändirler. Özlerem, biler bolsaňyz, ulanýan däldirler. Ol zatlar reklama üçindir. Çilim çekesiňiz gelse, hökman daşary çykyň ýa-da eýwana baryň, ýa bolmasa, açyk balkonda çekiň. Şeýtseňiz nakyslygyňyzyň bilinmezligine gowy bolar. Çilimi ilden dilemäň, özüňizden çekip bilseňiz-ä oňa ýetesi zat ýok. Käbir adam jübüsinde ýylan bar ýaly, öz kisesine asla el sokmalydyr öýdenok. «Haýsy çilim çekýäň? Muňa-da bir filtrjik okla. Meniň çilimim myrtar, üsgürdýär» diýip, ýürege-bagra düşýär. Ýeri üsgürmeg-ä beýlede dursun, seni öldürýänem bolsa özüňkiden çek, gardaş» diýäýseler nätjek? Çagyrylan ýere öz wagtyndajyk barmagyň özem medeniýetlilikdir. Gijä galmajak bolup jan ediň. Sebäbi oturylyşyk siziň üçin islän wagtyňyz barar ýaly öz iş ýeriňiz däldir. Beýle diýilse oturylyşykda öňküsi gün baryp, hekgerip oturmaň. Wagtynda bardyňyzmy, wagtynda-da gaýdyň. Ýöne weli, işden ir gaçyşyňyz ýaly garnyňyz doýanyndan jyrybermäň. Edepli boluň, birneme oturjak boluň. Myhman bolan ýeriňizde öte alçaksyramaň. Öý eýesiniň çagalaryna lak atmasaňyz gowy bolar. Käsi çagalara her hili sowal berýär. «Adyň kim? Ejeňi gowy görýäňmi ýa kakaňy? Agşam haýsy bilen ýatýaň? Kak bäşi!» Şu zatlar artykmaç. Ýeri, «kim pul berse şony gowy görýän» diýse nätjek?! Pul bermäge jigeriňiz çatjakmy? Kim bilen ýatýaň? «Ejem bilen kakam meni aralaryndan beýläk pyzyp goýberýä-da-reý» diýse, näme jogap berjek? Kä myhman çaganyň çermegine ýapyşyp: «Hany göreýin, «çekanka» etdirdiňmi?» diýýär. Ümbilmez çaga-da «Ilki sen görkez» diýäýýär. Bu zatlaryň näçesi bir pul? Çaga özüňizi öwrenişdirmäň. Ol şlýapaňyzy gorşok ediner. Galstugyňdan hiňňillik uçar. Pişigi bilen ýüzüňe urup, çekip alar. Çaga halkyna sowal beriji bolmaň, zyýan çekersiňiz. «Men puly, ýa şokolady gowy görýän» diýdi-dä. Diýen zatlaryny jübiňizden çykaryp beribilermisiňiz? Ýäş manat berseňizem içiňiz jüwläp gider. Onsoň şol puluňa laýyk arak içjek bolubam serhoş bolarsyňyz. Iýmek-içmekde kanagatly bolşuňyz ýaly, oturylyşyk wagtynda öz duýgyňyza-da eýelik etjek bolaweriň. Şu güne çenli söýüşmän, ýa bolmasa öýlenmän gezip, gel-gel şu gijede iliň öýünde söýüşjek ýa-da öýlenjek bolup dalaş etmäň. Göze-başa düşüp, gelin-gyza lak atyp oturmaň. Erkek kişi ýeke özüňiz dälsiňiz. Masgara bolşup, gözden düşäýmäň. Söýüşjek bolsaňyz, öýlenjek bolsaňyz, entek gün kändir. Aýagyňyzy ýükli sygra basdyrmaga ýetişersiňiz. Burnuňyz deşilen ýalyjak boluň-da oňatja, edeplije oturyň. Eger siz öýlenen bolsaňyz, oturylyşyga-da aýalyňyz bilen gelen bolsaňyz, ýanýoldaşyňyz bilen sögüşip, jark-murk, aýrylyşjak bolşup, dyzap «Sen talak» diýşip oturmaň. Beýtmek göwnüňizde bar bolsa wagt taparsyňyz. Ýene-de bir sargyt, asla maşynyň gürrüňini etmäň. Maşynyň gürrüňi gozgalsa, onda oturylyşyk awtoserwisiň önümçilik maslahatyna öwrüler. Ýer ýüzünde ýylda ýüz millionlarça adamyny ýuwudýan awtodinazawr hakdaky gürrüň keýpiňizi bozar. Ýöne weli, öý eýesiniň maşynynyň haýsy kysymdandygyny bilseňiz, şony duýdurman öwäýiň. Öý eýesine arak içirmejek boluň. Soňra ol «men içgili» diýen bolup, sizi öýli-öýüňize alyp gitmez. Myhman çagyrdymy, goý, görgüsini görsün. Heriňizi öýli-öýüňize düşürsin. Ýöne maşynyň içine ögemek bolmaz. Şu ýokardaky sargytlary diýmek bilen biziň size aýtjak bolýan esasy matlabymyz myhman iki begendirer, bir-ä gelende, birem gidende diýjek bolýarys. Olam myhmana bagly. Belki, bir gezek begendirersiňiz, oňa ýetesi zat ýok. Indi potrat, kärende, öz-özüňi maliýeleşdirmek eýýamy. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||