16:49 Myhman / satiriki hekaýa | |
MYHMAN
Satiriki hekaýalar
Telegramma geldi: «Çagalar bilen barýan. Garşyla, Atabal». Men olary öýe çagyryp gaýdypdym. Çagalar bilen barýas diýen ýeri bizi howsala saldy. Öýdäki içi balyjakly akwariumy we gülli küýzejikleri goňşymyz Ýagdynyň öýüne eltdik. Ýeri, bize ýokarky gatda gül ekmek näme gerekdi. Ýere bir gül ekdikmi diýsene. Telewizory ilki ýorgana dolap goýduk. Soňam, ynjalman, ýerzemine alyp gitdik. Bufetleriň ýüzüne ýuka tagta berkitdik. Döwläýjek abzallary, çüýşeden, jäçden ýasalan zatlary, gap-gaçlary, farforlary, hrustallary gapyrjaga salyp mäkäm çüýledik. Garaz, tarakanlary biynjalyk etdik-dä. Diňe bir konteýnerimiz kemdi. Ýogsam göçmelä meňzäpdik. Birdenem diwara täzelikde ýelmän nagyşly kagyzymyz ýada düşdi. Ýak, içigaragalan! Bäş ýüz manat berip bäş otagymyzy remont etdiripdik. Ýeri, ony nätjek diýsene?! Myhmanlar gelip gidýänçäler kagyzy sypyryp aýrybam-a bolanok. Käbir goňşymyz myhmanyny howludaky sekide kabul edip, şo ýerden hem «alla ýaryň bolsun» diýip ugradaýýar. Käsi öý goşuny görkezip-de: «Ýörsene, içeri petiş, daşary sergin» diýýär-de, myhmany gyrahladýar. Aeroportda durus. Gelmeli wagtyndan samalýot bir sagat gijä galdy. «Käbir sebäplere görä, pylanynjy reýs aňyrda saklanýar». «Be, bandit zat peýda boldumyka?!» Durus, kirpigimizi gaýşardyp. Gulagymyz reproduktorda. «Üns beriň! Garşy alýanlaryň dykgatyna, pylanynjy reýs gondy. Gaýtalaýaryn...» Wah, gaýtalamasaňam düşnükli-le. Myhmanlar geldiler. Görüp otursak, ýaşulynyň bir agtygy, atasynyň ady dakylany, Uçarişany, görkezmän öz güjügi bilen samalýota münen bolsa nätjek. Entek samalýot uçmanka güjük waňkyrypdyr. Ýaşulynyň agtygy onuň guýrugyndan dişläpdir. Stýuardessa gyz güjügi ýere oklamak üçin ony çekip aljak bolanda güjük guýrugynyň awusyna çydap bilmän gyzyň elinden hatylaga-da dişläpdir. Belli däl, ol gyzyň elinden ýaşulynyň agtygynyň özüniňem dişlän bolmagy ahmal. Garaz «tiz kömek» çagyrylypdyr, ol gyzy sançdyrmaga, güjügi bolsa analize alyp galypdyrlar. Ýene bir agtygynyň goltugynda çaga pişik bar ekeni. Ol-a duýulman aman-sag Aşgabada, biziň öýe geldi. Myhmanyň agtyklarynyň biri samalýot howadaka içinde karbit ýakypdyr. Garaz, öňýeten ýolagçydan aýdylan janly iýibermeli bolupdyr. Öýe geldiler. Ýarym sagadyň içinde içerde dik oturan zat galmady. Köwüşleri dördünji gatdan aşak dazyladyp zyňyp başladylar. Toklutaý ýaly gaýyp düşýär hersi. Soňra diwaryň ýüzündäki kagyza gözleri düşdi. «Ýaşasyn, gel-eý, kim köp goparmaşak oýnalyň!» Ýaşuly eger-eger haý-küş edenok. Gaýtam «Guduzdyr biziň çagalar» diýip, buýsanç bilen gülýär. Çöregiň, kökäniň, bulkanyň owuntugyndan, tüwiniň, makaronyň döküleninden ýaňa düşegiň haýsy reňkdedigi belli däldi. Sübse çalyp ýetişip bolmady. Tozan soryjyn-a garagollar şobada dargatdylar. Iýmitiň galan-gaçanlaryny çöplär ýaly jüýjeli towuk gerek boldy. Diňe Gülragna olaryň hakyndan çykýar ekeni. Gulak tozuna ýelmäýýär. Eline güller bitsin. «Haý, guwdumanlar, daýyňyzdan, daýzaňyzdan pul diläň. Mojorny alyp iýiň, gyzyl suw alyp içiň» diýip, Atabal aga olary odukdyryp, biziň üstümize ugradýar. Üýşüp dükana gitdiler. Çörek-bulka önümlerini satylýan dükanyň içinde hersi bir bulkany gemrişip symyşlaşyp ýör. Ulularynyň parhyna-da däl. Birini iýip, ikinjä başlaýarlar. Doýup çykýarlar-da gaýdyberýärler. Soňra limonad, tarhun, pepsi-kola satylýan dükana girip, hersi bir çüýşä ýapyşdy. Dişleri bilen açýarlar-da sokga sorýarlar. Pulam tölänoklar. Kefirem bolsa başyna çekäýýärler. Bary ýaşuludan sapak alan. «Aý, balam, doňuzdan bir tüý ýolmak ýolmakdyr» diýip, Atabal aga agtyklarynyň saçyny sypalaýar. «Günüňi gör, hor-homsy bolma. Şerigatda-da aç öl diýen zäkun ýok» diýýär. Agşam üçünji gatda ýaşaýan gyňyr goňşymyz Nadýa daýza haşylap öýe geldi: Ol front döwri uly gyz ekeni. Razwedkada bolupdyr. Gaharjaňrak. Ýöne gyzyl ýaly adam. Faşistler barada köp faktlary ele salyp, merkeze, bärik gizlin habarlary beripdir. Çilim çekýär. Hawa, goňşym Nadýa daýza haşlap geläýdi. — Dükür-dükür köp. Näme? Bu ýeri Ýanbaş, «Komsomol» at zawody konýuşna ili öý? — diýip, Nadýa daýza çilimini taýly gezek sordy. Ol türkmençe antak-mantagragada gürleýär. — Jüneýithan gaçdy, gidendir, emma bu nökerler galan bardyr?! — Bagyşlaň, Nadýa daýza, myhmanyň çagalary bu dar ýere sygşyp bilenoklar. Garagumyň giň sährasyna öwrenişipdirler. Günäkär. Myhman çagalary-da — diýdim. — K çertu, mihmen, çakalari — diýip, Nadýa daýza titredi. Bomba ýarylanda onuň beýnisine zeper ýetipdir. — Bi çaka däl. Ýikrim tokuzynjy ýil çakirtke, sarança — diýip, Nadýa daýza türkmençe gürledi. Çykyp barýarka: — Ýeý, bog zastrelýaýu! — diýip ýylgyrdy. Onuň atýan zady ýok. Ol soňky döwürlerde gorkak bolupdyr. Beýnisi gowşapdyr. Ýaňy aýtdym-a Nadýa daýza gyzyl ýaly adam diýip. — Myman, şu Nadýa diýen aýaly sen öz nikaňy özüň gyýyp alsana. Dul özi. Dünýeden doýgun, äri bolmansoň. Ýöne dilini başga görmeseň?! — diýip, Atabal aga bilen degişdim. — Aý, onuň öz dogasy bar. Kelemeýi şahadaty üç gezek gaýtalatsam, ine mele-myssan totamyň bardyr — diýip myhman güldi. Hawa, onsoň, Atabal aga topary bilen Aşgabatda öýde boluberdi. Toparyň arasynda okuwa girizjek oglam bardy. Ýaşulynyň çagalary jygyllyga gitdiler. Olary Ýagdynyň ogly Ähmet alyp gitdi. Ýaşuly maňa azar ýamanyny berdi. «Näme üçin jaýyňyz birinji gatdan däl-de, dördünji gatdan» diýdi. «Maşynsyz ekeniňiz» diýip igendi. Piträňizi, nezir-nyýazyňyzy kime berýäňiz?» diýdi. — Berseňiz özüm alýan — diýip degişdim. — Ýetimler öýüne berýäs. Profsoýuza, çagalar fonduna, tebigaty goramaga, medeni ýadygärlikleri dikeltmäge, Ermenistana, Ajarystana, Täjigistana — diýdim. — Olar Alladan daş düşendirler. Şonuň üçinem ýer çaýkanýandyr? — diýdi. Aý garaz, bu myhmanyň karkaşasy kän-dä. Aram-aram ony taksi tutup, ýyly suwly kündükli, kesekli şäheriň çetine-de alyp gitmelidi. Klýonkada çaý-nahar berseň «Ýok et bu äteňet zadyňy. Doňuzyň hamyndan ýasalan» diýýär. Ol şeýle diýmek bilen, özüni arymsy kişi derejesine göterjek bolýardy. Ýogsam onuň arak içýän wagtynam bilýänler bardy. Zähmet düzediş lagerinde bolanda elhenç oýunlara baş goşupdyr. Ol hyrsyz adam. Bir gözüni mydama gara mata bilen daňýar. Has hyrsyz görünýär. Gije görseň ganhordyr öýdýäň. Bu adamda oýun kän. Agşam öýde oturdyk. Ýagly palaw iýildi. Tüwüsini myhman halamady.«Daşoguz tüwüsi däl» diýdi. — Bärki tüwinem kän bir tapyp bilemzok — diýdim. Eliniň ýagyny mesisine çalyp, onam hala oýkap oturdy. Gözümiz çykaýjak boldy. — Myhman, mesiňi çykaraý! Çykarmady. Sebäbi gonjunda tirýek bilen pul bar ekeni. Agşam ýatdyk. Myhman irden oýandy. Synja gylmaga düýn goňşudan kündük alypdyk. Onam özüme gerek diýip agşam alyp gidipdiler. — Synja gylmaga bir bukurajyk ýer tapsana. — Aşgabat şäheriniň baş arhitektory Ahmedow şony göz öňünde tutmandyr-da. — Näme, ol musulman dälmi? Myhmanyň bir gowy eden işi ulanjak kesegini obadan Zamakşar galasyndan ýörite gyrdap horjuna salyp alyp gaýdypdyr. Aeroportda bu nämekä, dinamit bolaýmasyn diýip ony barlabam görüpdirler. Ýaşuly «bu zyýanly zat däl» diýip kesegi dişläbem görkezipdir. Meniň çagalarym ony bize getirilen sowgatdyr öýdüpdirler. — Kaka, daýym Daşoguzdan üýtgeşik bir halwa getiripdir — diýip, oglum Ata heşelle kakdy. — Halwa bolsa, onuň künjüsi bolmazmy? — diýip, agtygym Toýly kesege elini urman saklandy. — «Eşekde gerim bolmaz, mollada berim» diýipdirler. Halwaly adam biziňkä gelesi ýok — diýdim. — Hany täret gylaýyn-la. Buky ýer salgy bersene. Gyssanýan, namaz wagtym geçip barýar — diýip, myhman çermegini çekip, çyzganyp başlady. — Wanna giräýseňiz-le, myhman. Sowuk bilen gyzgyndan mylaýym suw edibereýin. Duşa-da düşünersiňiz. Deriňiz döküler. Okaberiň onsoň namazyňyzy. — Öýde arassa kündügem ýok öýdýän. Içi kerepläp giden bir-ä bardyr. — Kündük bolmasa çaý içilýän çäýnekleriňiziň uluragyny beräýiň. — Soň ony çagalar dördünji gatdan aşak oklarlar-da. Ikimizem bile oklaýmaklary mümkin. Şäher halky birhilidir. Mädesi iri däldir, myhman. — Täret gylnan gapdan çaý içseňiz, sizem jenneti borsuňyz. Namazlygyňyz-a bardyr-la?! — Ýok-da, şol diýýän zadyňyz. — Bäş-on sanysyny edinäýmeli ekeniňiz-dä. — Siz namazlygyň gürrüňini edýäňiz. Otaglarymyza düşek edinip bilemzok. On çaga, on bäş agtyk bilen pensiýa... çarwa gaýynymyzam ýok, her gelende keçe sowgat getir ýaly... — Aşgabatda musulmançylygyň tepbeti okalypdyr-ow — diýip myhman hüňürdedi. Atabal aga eli kündükli daşaryk çykyp, garaňka siňip gitdi. Bizem çaýyny demläp, polotensa bilen basyryp garaşyp otyrys. Bir salymdan üçünji gatdaky goňşymyz Nadýa daýzanyň öýünden çirkin ses eşidildi. Näm-boldy-ka, näm boldy, bütin öý aýaga galdy. Görüp otursak, ekiz taýy jaýlarda myhman ýalňyşyp, biziňkidir öýdüp goňşymyz Nadýa daýzanyň öýüne goräýen bolsa nätjek. Onuňam ýeke gyzy işe gidende ejesine gapyny içinden kiltlärsiň diýip tabşyran. Ejesi bolsa uklap galaýan ekeni. Myhman donunyň aşagyndan ýazmak üçin bir zat gözläpdir. Krowatyň üstündäki odeýaly çekipdir. Ol ýerde-de Nadýa daýza ýarym-ýalaňaç oýaly-ukuly ymyzganyp ýatan ekeni. Goh-gykylyk başlandy. Öý bikesi ony sakgal oturdyp gelen banditdir öýdüpdir. Gözüne daňylgy gara tasma mata Atabal agany has hem elhenç görkezýärdi. — Näme diýseň bereýin. Pulam al, pensiýam ol jübüde. Içeri goşam bereýin, başga zadam — diýip, Nadýa daýza «bandite» ýalbarýardy. — Ýöne meni öldürme, ýalbarýan, öldürme — diýip, Nadýa daýza özelenýärdi. Nadýa daýzanyň garranlygyndan çekäýmeli minneti. Ýogsam ol adama boýun burup tabyn bolýanlardan däl. Atabal aga aňk-taňk bolupdyr. Nadýa daýza ýuwaşlyk bilen elini pol ýuwulýan şwabra diýen taýagyna ýetiripdir. Ine şondan soň «negodýaý», «Ýeke gözli ataman», «Swinýa» diýen sögünji eşidilip başlady. Myhmany uruş weteranynyň elinden güýç bilen halas etdik. Irki çaý başynda Atabal aga: — Aý, otüki mele naçar «ataman» diýdi weli, ataýjakmyka?! — diýip sorady. — Ýok, Atabal aga, ataman başga manyda — diýdim. — Ýa Ata Aman diýen oýnaşy barmy?! — Ýok. Sizi «Alybaba we 40 galtaman» diýen kinodaky galtamanlaryň serdaryna meňzedendir. Myhman düşünýä. Ýöne ýeserlik bilen at oýnadýar. — Ýaňky mele gulpak zenan ýene bir zady köp aýtdy. «Swinýa» sözüni köp gaýtalady-la. Ol näme diýdigi? — diýip, myhman ýeserlik bilen sowal berdi. Menem düşündirdim. — Ýene ýuwunmaly boldum-ow! — diýip ýylgyrdy. — Hydyr jan, iti öldüren süýrär diýlişi ýaly, maňa ýene bir zatda kömek et. Oglumy okuwa salmaga gelipdim. Ýardam etsene. — Ýaşuly, oňarman. Şol ýumşuňyzy kyn görýän. — Hydyr jan, gaýrat et. Okuwyň ugruna çykmaly bolduk. Ony indiki bapda okarsyňyz. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |