00:18

Nädip Nobel baýragyna mynasyp bolmaly? / ýumoreska

Satiriki hekaýalar
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 334 | Добавил: Haweran | Теги: Gurbangylyç Hydyrow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Bagabat  
43
Nobel baýragyny nädip almalydygy, ony haýsy ugurdan almakçy bolýandygyňa bagly bolaýmasa.
Eger-de fizika, himiýa, biologiýa, ykdysadyýet ýaly ugurlardan almak üçin dyzaýan bolsaň, onda hakykatdanam umumadamzat ösüşine täsir edýän açyş etseň, ir-u-giç ykrar edýärler.
Parahatçylyk ugry - sap-tutuşlygyna diňe syýasy konýunktura bagly. Günbatara edýäni jüňk bolýamy? Diýmek bolýa.
Edebiýat ugram, şoňa ýakynrak. Ýöne bu ugurda ykrar edilmek syýasy konýunktura däl-de, Şwed Ylymlar akademiýasynyň Nobel komitetiniň düzümine girýän inkognito agzalarynyň şahsy simpatiýasyna we antipatiýasyna bagly.
Sebäbi üns berýäň weli, Şolohow mynasyp, emma Aýtmatow mynasyp däl.
Pasternak mynasyp, Brodskiý mynasyp, Bunin mynasyp, emma Ahmatowa, Twardowskiý, Woznesenskiý, Ýewtuşenko mynasyp däl. Solženisyn aýdylanny, ýagny islenýänni ýazany üçin mynasyp, emma şo temadan has ýiti, has hakyky ýazan, ýöne islenýänini däl-de, isleýänini ýazan Şalamow welin mynasyp däl. Ýa-da Najib Mahfuz mynasyp, Jebran Halil Jebran mynasyp däl. Kipling mynasyp Tolkiýen mynasyp däl. Tolstoý mynasyp, Çehow mynasyp däl.
Garaz bu mynasyplyk-dällik sanawyny näçe uzaltsaň uzaldybermeli.
Ýöne meniň pikirimç-ä bir zat anyk: Seçgiň adalatlydygyny köpçüligiň ykrar etmegi üçin, ilki bilen-ä oň şertleri düşnükli, takyk hem sada bolmaly. Galyberse-de seçgi açyk bolmaly. Sebäbi haýsydyr bir emin agza: "Ine şuny nämüçin goldadyňyz?" diýlen sorag berler ýaly we onuňam hut şo göni soraga: "Ine şuň üçin!" diýip, çürt-kesik düşnükli hem göni jogap bereri ýaly.
Galan zat bolsa, Konfusiý aýtmyşlaýyn: "Tüm-garaňky otagda ýok gara pişigi sermemek" bolýa :-(...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]