06:36 Nädip reportaž geçirmeli / ýumoreska | |
NÄDIP REPORTAŽ GEÇIRMELI
Satiriki hekaýalar
Ýygymçy bilen ine şu zeýilli gepleşmeli: Reportýor: ― Siz, «Görelde» kolhozynyň 13-nji brigadasynyň ýygymçysy Bibinabat Ataýewa bolsaňyz gerek? Ýygymçy: ― Hawa. Reportýor: ― Siz her günde ýüpek pagtadan 150―200 kilogram ýygýan ekeniňiz?! Ýygymçy: ― Ýygýan. Reportýor: ― Siz 17-nji brigadadan Aýsona Gullyýewany ýaryşa çagyrypsyňyz? Ýygymçy: ― Çagyrypdym. Reportýor: ― Aýsonadan ozýan ekeniňiz. Ýygymçy: ― Hä, ozýan. Reportýor: ― Oňat gürrüňiňiz üçin sag boluň! Çopan bilen şeýle gürleşmeli. Reportýor: ― 900 sany goýun bakýan ekeniňiz? Çopan: ― Hawa. Reportýor: ― Her ýüz ene goýundan 150 guzy alypsyňyz? Çopan: ― Aldym. Reportýor: ― Awtolawka, wraçlar, çeper höwesjeňler goşuňyza ýygy-ýygydan gelip durýan ekenler. Çopan: ― Gelýärler. Reportýor: ― Her goýundan 4 kilogramdan ýüň almagyň deregine 4 kilogram 500 gramdan ýüň alypsyňyz? Çopan: ― Hawa. Reportýor: ― Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Indi büçe bolanyna görä reportýora käbir maslahatlar bereliň. Ýygymçy bilen gürrüň geçirmek üçin haýyr-heläk bolup gidibem ýörme. Bibinabat Ataýewanyň berýän jogaplaryny «hawa», «ýygýan», «çagyrypdym», «he, ozýan» diýen ýaly sözlerini öz aýalyňa aýtdyraýmaly. Ýygym baradaky faktlary telefon üsti bilen alaýmaly. Ikinji bir mesele, olam çopan bilen gürrüň. Reportaža itiň sesi gerek bolar. Şäherde-de näme şol mahluk gytlyk eder ýaly däl. Garaz, taýak atsaň, itiň üstüne düşýär-dä. Çopanyň «hawa», «aldym», «gelýärler» diýen jogaplaryny öýde ataňa aýtdyraýmaly. BELLIK: Eger reportaž geçirmegi iş ýüzünde öwrenerin diýseň, radioda berilýän käbir reportažlary üns berip diňläň. Kimiň kän gepleýändigini bilersiňiz. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |