01:23 Nagyşlardaky üçburçlyk, romb,kwadrat, gözenek. Bular näme? | |
"Kökler"
NAGYŞLARDAKY ÜÇBURÇLUK, ROMB, KWADRAT, GÖZENEK. BULAR NÄME? Meniň häli şindi salgylanýan “Mif we simwol” diýen kitabymyň awtory Ariel Golan uly ylmy işiniň ýeke ýerinde-de türkmen halylaryna salynýan nagyşlar barada ýörite bir zat ýazmandyr. Ol adamzat siwilizasiýasynyň döräp ugran irki döwürlerine häsiýetli bolan kult belgilerini, grafemalary, iýeroglifleri, olaryň ýaýran sebitlerini, olary döreden ynançlary teswirlände Alynky hem Orta Aziýanyň adyny örän köp tutýar. Bu ýöne ýerden däl. Men muny irki medeniýete biziň amaly-haşam sungatymyzyň-da doly dahyllylygy bilen düşündirip biljek. Uzak gürlemän, anyk mysallara ýüzleneliň. Üçburçlukdan başlalyň. Öňi bilen doganyň üçburç şekillidigini aýtmaly. Doganyň şekilini ýatladýan üçburçluklar geýimlere, halylara, kümüş şaýlara salynýan nagyşlaryň arasynda azlyk edenok. Üç- burçluk aýallaryň belgisi hökmünde baryp-ha paleolit zamanynda döräpdir. Diýseň-diýmeseň, zenanlaryň çabdyna, kürtesine, çyrpysyna siňe syn ediň, üçburçlugyň dürli ölçegdäki şekiline gabat geler- siňiz. Gursakçanyň ýüzünde üçburçluk bar. Şaýly tumar üçburçluk şekilinde. Doganyň üçburç bolmagynyň manysy-da örän gadymy. Üçburçluk Zeminiň simwoly. Zemin hudaýy jaýlaryň, öýleriň penakäri. Biz täze gurlan jaýyň gapysynyň ýokarsyndan doga asýarys, günbataryň arhitekturasynda gapylaryň, penjireleriň ýokarsynda bezeg şekilli üçburçlugy görýänsiňiz. Ikisiniň-de düýp mazmuny bir ýerden, ýagny Zemin hudaýynyň penakärligine bolan ynançdan. Krit ýazuwynda üçburçluk görnüşdäki iýeroglif gapyny aňladypdyr. Indi gapylaryň ýokarsyndaky üçburçlugyň manysy has aýdyň bolandyr. “Türkmenistanyň amaly-haşam sungaty” albomynyň 88-nji illýustrasiýasyndaky gursaga dakylýan täsin tumaryň suratyna serediň. Ol äpet ymaratyň fasadyna (maňlaý tarapyna) meňzeýär. Goşa gapyny ýatladýan kwadratlaryň ýokarsyndaky üçburçluk hem düşnükli bolsa gerek. Pişme romb görnüşli nagyşa geçeliň. Bu nagyşa has-da köp duş gelinýär. Ol esasan halyda köp duş gelinýär. Ýomut halylaryndaky dyrnak göl romb şekilinde. Ony salyr halysyna salynýan sekme ýa- da çemçe gölde, saryk topbalarynda görüp bilersiňiz. Şaýlardan: il- dirgiç, çaňňa romb görnüşde, gursakçanyň ýüzüne-de romb çekilen. “Türkmenistanyň arhitektura ýadygärlikleri” diýen kitapda neolit zamanynyň ymaratlaryna çekilen nagyşlaryň nusgalary berlipdir Ýokardan aşak romb şekilli nagyşyň hatary türkmenleriň düýehalylygynda-da bar. Bu nagyşyň hem asyl köküni Zeminiň simwoly bilen baglaýarlar. Ol peliň, atyzyň şertli belgisi-de bolup biler. Içine nokat çekilan romb gadymda däne ekilen meýdany aňladypdyr. Kiçi Aziýa- dan tapylan keramiki nusgalarda düýehalykdaky ýaly romblaryň hataryna gabat gelindi, ýöne hatarlaryň arasyna egrem-bugram çyzyk çekilipdir. Bu çyzygyň ýagyş bilen baglydygyny aýdypdyk. Alymlaryň pikiriçe, bu görnüş topragyň ygaldan ganmagy üçin dilegiň beýany. Ýomut halysyndaky romb şekilli “dyrnak gölüň” teke halysynda- ky aralyk gölüň daşy ujy gaňyrçakly çyzyjaklar bilen gurşalypdyr. Gaňyrçaklaryň iç ýüzden goýulýan wariantlary-da bar. Bu belgi neolit zamanynda Kiçi Aziýada döräpdir. Romb suwarylýan ekin meýdanynyň belgisi bolsa, gaňyrçakly çyzyk ösümlikleri aňladýar. Edil şeýle many gaňyrçakly çyzyk goýlan kwadrata-da mahsusdyr. Indiki söz kwadrat hakynda. Kwadratyň şekili şaý bezeglerimizde-de, hala salýan nagyşlarymyzda-da örän köp. Topbynyň ýüzünden asylýan ildirgiçler kwadrat görnüşde. Gölleriň içindäki meýdança kwadrat formada. Gara öýleriň ortasyndaky ojaklaryň ölçegi-de kwadratdan alnan. Bu alamatlaryň-da köküniň çuňdugyny aňladýan faktlar bar. Gadymy müsürliler Zemini kwadrat görnüşde göz öňüne getiripdirler. Şu garaýyş gadymy Hytaýa-da mahsus. Gadymy grekler, rimliler üçin mukaddes ojaklar kwadrat hem tegelek görnüşde bolupdyr. Bizde-de şeýle. Hristiançylykda kwadrat ölümiň simwoly. Munuň sebäbini neolit zamanynyň ynançlaryndan gözleýärler. Zemin hudaýyny ölüme- de erk edýän hudaý hasap edipdirler, şonuň üçinem merhumyň jesedini topraga duwlaýarlar. Teke gölüň ortasyndaky dörtburçluk dört bölege bölünen. Gamyýetden gaýdýan düşünjä görä, bu şertli belgi dört bölege bölünen meýdany görkezýär. Gadymy hytaý iýeroglifikasynda haç bilen bölünen kwadrat “özleşdirilen meýdan” diýen manyny aňladypdyr. Bu many teke gölüniň ortasyndaky dörtburçluga-da gabat gelip dur. Biz göl diýlende suwly lälezar meýdany göz öňüne getirýäris. Salyr hem saryk halylaryna salynýan “tegbent” gaýmasy belli bir derejede küşt tagtasyny ýada salýar. Kwadratlardan, romblardan emele getirlen gözenek şekilli nagyşyň ýene bir nusgasy hök- münde düýehalygy, zenanlaryň donuna berkidilýän çaňňalaryň ha- taryny alsa bolar. Belli alym S.Tolstowyň “Gadymy Horezm” diýen kitabynda aýdan pikirine salgylansak, gadymy Orta Aziýada gözenekli belgi öýüň penakärleriniň ruhuna ýüzlendirilen doganyň aňlatmasydyr. Örän gadymy hindi hatynda bu belgi “öý” manysyny beripdir. Eger Zemin hudaýy ýaşaýyş jaýlarynyň penakäri saýylan bolsa, jaýlar şol keramatly hudaýyň simwoly bilen baglylykda gurlupdyr Biz ýokarda rombyň-da, kwadratyň-da Zemin hudaýynyň simwolydygyny belläp geçipdik. Bu ynançlaryň türkmenleriň sungatyna, senetine siňendiginiň ýene bir aýdyň nusgasy hökmünde öýlerimizi görkezip bileris. Öýüň daýanjyny düzýän tärimiň gözenek şekillidigi ýöne ýerden däl ekeni Hudaýyň simwolyndan nyşan alany üçin ony mukaddeslige deňäpdirler: “Öý – öwlüýä” diýipdirler. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |