15:54 Näm-aýt, Seýdi tagmañ barmy?.. | |
Osman ÖDE
Edebi makalalar
▶ «NÄM-AÝT, SEÝDI TAGMAŇ BARMY?!» Oglan mahalymyz agşam naharyna üýşülende, ýadymdan çykaryp şamlyk iýmäge otursam awam pahyryň: – Haý, çykar telpegiňi! Näme, kelläňde Seýdi tagmaň barmy? — diýenini kän eşidipdim, hatda bir gezek: – «Seýdi tagma» bolanynda näm bolýar-aý, aba? – diýip, soranym hem ýadyma düşýär. Awam onuň näme bolýandygyny bilmeýän eken. – Atamyz bize diýýädi, menem size diýýän, sizem ogullaryňyza diýiň! Ýaman söz bolsa, şony diýmezdi könelerimiz... Maňa ol sözüň hakyky manysyny – mekdepde türkmen edebiýatyndan okadan mugallymym, folklorçy Gandym Ýolbarsow aýdyp berdi. Seýdi ýaş ýigit çykyp Hatyja öýlenen döwürleri üstlerine ýagy dökülýär. Atly-atyna atlanyp garpyşyga çykýarlar. Gelen ýagy azak-tenek däl eken, uly garpyşyk-söweş bolýar. Duşmany kowalap gelen ýerine dykyp gaýdýarlar... Seýdi entek serkerde däl eken, ýöne akyl-paýhasyna, batyrlygyna, şahyrlygyna buýsanyp, bir sebäp bolsa Soltannyýaz beg ony ýanyna çagyrar durar eken. Seýdi öýüne gelip atdan düşüp-düşmänkä, Soltannyýaz begden «Basym gelsin!» diýen habar gelýär. Seýdi atyna atlanyp gidýär. Soltannyýaz begiň galasynyň içinde ýigitleriň gaty känligini görüp, bir bolmasy iş bolandyr güman edip barýar bärden. At tutýarlar, garşylaýarlar. Seýdi döwre gurup oturan ýigitlere golaýlanyndan Soltannyýaz beg ümläp goýberýär. Bäş-alty sany ýigit mal dölesinden iki sany eli arkasyna gaňrylyp daňlan, başy ýalaňaç adamy çykaryp orta getirip oturdýar. Soltannyýaz beg Seýdä ýüzlenip: – Batyr, bizde-hä ile çykarlyk ýüz galan däldir. Özüň-ä bir iliň hany bolup, obaňdan hem şunça gara ýüz ýagy dökülende heleýiniň ýorganyna busup galsa nädersiň?.. Aýyp ýöňkelýäniň biri özüniň keseldigini aýdyp gümmi-sümmi edip ugraýar. Seýdi: – Aga, sen meni tebip diýip eşitdiňmi, hekim diýip eşitdiňmi? Bular ýaly hassany tiz sagaldyp biljek tebip obaňda ýokmudy? – diýip, lah-lah gülýärmiş... Soltannyýaz beg: – Aý, inim, kesel näme işleýär, beýleki näme işleýär. Ýagy dökülende ölüm ýassygynda ýatan adamyň ata tarap okdurylanyny öz gözüm bilen gördüm... Bularyň keseli heleý keseli!.. – Hä, hä... Heleý keseli diýsene! Heleý keseline em etmäge men Lukman hekimden hem zorduryn – diýip, Seýdi gylyjyny alyp, eli arkasyna daňlan adamlaryň depesinden gylyç inderip başlaýar. Ýyldyrym çaltlygynda inip çykýan gylyja hiç göz ilmeýärmiş. Bir demde Seýdi iki züwwetdiniň kellesiniň hamyny şalgam artan ýaly artýar. Hudaýyň gudraty bilen gylyç süňke dagy degmeýärmiş, ýöne her gezekde esli saçly kelle hamy tozup ýere düşýärmiş. Seýdiniň em edişine haýran galyp oturanlar içinem çekip ýetişmändir. Soltannyýaz beg gülüp-gülüp hezil edip, olaryň gollaryny boşatdyryp: – Baryň, şol kelle bilen iliň içinde ýaşasaňyz ýaşaberiň – diýip, kowup goýberipdir. Ol Seýdä ýüzlenip: – Men olara ata-baba edilişi ýaly, şahy geýdirjekdim, gaýdyp züwwetdinlik etmez ýaly. Seýdi: – Han aga, her kişiniň janynda gorky ýaşaýar. «Gylyç degse, naýza sanjylsa näderin?» diýen bükgüldi köp kişide urşa girip ýara alýança bolýar! Men olaryň göwresinde höwürtge guran gorkularyny öldürdim! Indi ol ýigitleriň batyr bolşuna bir bak – diýipdir. Soň-soň şol ýigitler kelläni orta goýan il batyry bolup gidipdir. Olar: «batyr» bolaýmasaň, iliň içinde telpek geýer ýaly hem bolan däldir, telpek çykarar ýaly hem» diýer ekenler. Gorkaklara, züwwetdinlere Seýdi şeýdip göz görkezipdir. Şondanam «Seýdi tagma» sözi galypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |