15:32 Näme berjek? / satiriki hekaýa | |
NÄME BERJEK?
Satiriki hekaýalar
Biziň Woroşilow adyndaky kolhozymyzyň prawleniýesiniň başlygy Mommy Gulkişiýew kabinetinde işläp otyrdy. Şol wagt onuň kabinetine çep aýagy ýempik, eli pişekli bir ýigit tyrk-tyrk edip gelip girdi. ― Essalawmaleýkim, Mommy aga ― diýip, ýaňky gelen tokga jahyl pişeksiz sag elini uzadyp, Mommy aga bilen gadyrly görüşdi. ― Waleýkimessalam, Sapar han. Saglykmy? Gurgunmyň? ― diýip, başlyk içgin salamlaşyp, hormat bilen Saparyň hal-ahwalyny soraşdyrdy. ― Ýagdaýlar oňatdyr. Mommy aga. Häzirlikçe işler gowy. Galanam özüňize bagly, başlyk aga ― diýip, Sapar oturdy. ― Bizden bitmeli iş bolsa, Sapar han, onuň gaýgysyny etme-de aýdyberginiň ― diýip, Mommy aga çöňňelen gözlerini süzüp, Sapara seretdi. Sapar pişekli ellerini alkymyna diräp oturan ýerinden söze başlady. ― Mommy aga, özüňiziňem habaryňyz bardyr, men oba hojalyk institutyny üstünlikli tamamladym. Gyzyl diplom berdiler. Oba hojalygynyň maldarçylyk pudagyndan ýokary bilimli spesialist hökmünde meni öz raýonymyza iberdiler. Öz raýonymyzyňam ýolbaşçylary meni öz kolhozymyza, şu ýere, siziň ýanyňyza ugratdylar. ― Iberen bolsalar, gowy zat. Bärik gaýdanyň oňat bolaýypdyr, «Gelen döwlet» diýilýär, myhman öz rysky bilen gelermiş. Kolhoz bir akýan arykdyr, gözli çeşmedir, nygmaty maňa-da bolar, saňa-da. Başlyk şeýle diýip, telefon trubkasyny basyşdyrdy, barlady, öz sözüni biri diňleýändir öýtdi. ― Ynha-da raýonyň oba hojalyk uprawleniýesiniň maňa beren naprawleniýesi ― diýip, Sapar bir kagyzy jübüsinden çykaryp başlyga uzatdy. Mommy aga naprawleniýäni alyp, ony okajak boldy. Emma äýneksiz okap bilmedi. ― Bütüki, Sapar han, getiren kagyzyň ýazylyşy näteňet keçje, okap bolanog-a muny?! ― Başlyk aga, siz naprawleniýäni ters tutýaňyz-a, başşak saklap okajak bolýaňyz ahyryn. ― Ýeri, bolýa-da, Sapar han, okap biderek azara galyp oturmaýyn. Äýnegim döwülipdir. Gözler kütelişipdir. Üstesine-de meniň sowadymam ýabygorly. Şu ýylky pagtany tabşyrsam pensiýa çykjak. Onsoň otüki, Sapar han, sen ferma müdiri ýa bolmasa kolhozymyza baş zoohetnik bolaýsaň nädýä?! ― Raýon ýolbaşçylaram-a şony maňa maslahat berdiler. Siziň kolhozyňyzyň maldarçylygy hojalyga esli zyýan berýär diýdiler. Ýolbaşçylary spesialist däl, köne kadrlar diýip aýtdylar. Täze karar barada, azyk programmasy hakynda gürrüň boldy. ― Sapar han, gel, bärräk otur. Gapy ýapykdyr-da hernä. Äpişgäni petikle. Tamda gulak bar diýlenem söz bar. Sen öz obamyzyň oglany. Bazarda ýat adam ýok diýen söz bar. Sapar han, eger seni ferma müdiri edip işe alaýsam, sen onda bize näme berersiň?! Şeýle diýip, Mommy aga gözlerini elek-çelek edip, ilki telefon apparatyna, soňam gapa we äpişgä seretdi. Yzýanyndanam Sapara tiňkesini dikdi. ― Başlyk aga, siz haýsy fermanyň gürrüňini edýäňiz?! ― diýip, hiç zatdan bihabar Sapar sorady. ― Meselemki, aýdaly, otüki, bar, sahylyk menden bolsun, gara mallar fermasyna seni müdir edip aldym diýeli. Näme berjek? ― Gara maldan näme önýän bolsa şony bol-elin bererin, başlyk aga. ― Takyk aýtsana berjek zadyňy. Mus-Mus diýme-de Mustapa diýsene, köşek. Çöp döwlen ýaly etsene gürrüňi. Garaňky tamda el bulan ýaly etme-de, ebşitläp ýakasyndan tutsana, jigi. Pikiriň aýdyň bolsun-la. Ondördi gijäniň aýy ýaly tüýnükden görünsin-le ― diýip, Mommy aga gaharly gürledi. ― Mommy aga, däliden dogry habar diýlişi ýaly, men sygyrlardan süýt bererin ― diýip, Sapar çyny bilen jogap berdi. ― Be, tüweleme-tüweleme, ýetişen kadrlar bar-ow bizde. Gör, bularyň ökde spesialistlerdigini. Hakyt sygyrdan süýt alyp bilýärler. ― Başlyk aga, her sygyrdan bäş-alty tonna süýt sagyp alarys. ― Ony senden soramok. Sygyrdan Adamata-Howene dagam süýt alypdyrlar. Ol täzelik däl, jigi. Guşlardan süýt sagyp almajagyň öňýeten samsyga belli zat. Onuň üçin bäş ýyl Aşgabatda okamak geregem däl. Başga näme berersiň?! Mommy aga titräp başlady. ― Gara mallardan et öndürip bererin, başlyk aga. ― Baý, jigi, gepe-söze düşmez berebekgeý ekeniň-aý. Ýogsam näme, sen eti gökdäki durnadan öndürjekmiň?! Näme berjegiňi aýt. ― Süýtden mesge alyp berjek. ― Beh, kişi gürledi-how, baý, spesialist täzelik aýtdy-how! Mesgäni süýtden öndürmän, näme, sen ýaponlar ýaly mesgäni nebitden alaýjak bolýarmyň?! Ýeri, bolýa-da başga näme berersiň? Mommy aganyň gany gaçyp, ýüzi agardy. Dodaklary tirpildäp başlady. ― Mommy aga, sagdyn tohum göleler ösdürip bererin diýen tamam bar. Elita mallar... ― Sölite mallar diýdiňmi? Baý, döwletem arkaly-how. Şular ýaly pekgeleri bäş ýyllap okadýar. Ummasyz harç-harajat çekýär. Sapar han, gara maldan-a almaly zatlary alyp gutardyň. Seni towuga, doňza, goýna geçiräýsek nädýär, şonda bize, meselem, maňa näme berjek, näme eçiljek?! Şu gün ýa ertiriň gürrüňini et. Şeýle diýip, Mommy aga gönüläp aýdýar. Emma Sapar düşünenok. Şol öňki äheňini dowam etdirýär. ― Goýun gyrkyp, döwlete ýüň tabşyrjak. Mommy aga, her goýundan bäş kilogram. Onsoňam... ― Weý-weý, dur entek, men bir derman içeýin. A-haw, düşün ahyry. Ýüň, elbetde, goýundan gyrkylyp alynýandyr. It gyrkylýan däldir. Eger itiň bir ýerini kesdirseň, tomaşany şonda görersiň. Ýa bolmasa, eli gyrkylykly pyýadalaryň pyşdylyň aýaklaryny güýlüp, ony gyrkyp duranyny gören dälsiň. Öwf, öldüm. Neneň gan basyşyň iki ýüz ýigrimi bolmasyn diýsene. Men saňa jigi, başga näme berjek diýýän? Meni öldürmejek bolsaň, başga üýtgeşik näme berjek bolsaň aýt diýýän. ― Başlyk aga, ýumurtga berjek. ― Horazdanmy?! ― Mäkiýandan. ― Elbetde ýumurtgany mäkiýandan berersiň. Saçakçydan bykga almajagyň her bir dunduga belli. Öwf! Weý-weý! Şular ýaly aýlançaksyz, göni turba ýaly spesialistler bilen nädip ilata çörek berjek. Neneň edip, ýurdumyzyň azyk programmasyny ýerine ýetirjek. Mommy aga şeýle diýip, diliniň aşagyna bir tabletkany atyp, ony sormaga oturdy. ― Göniňden gel, haw, Sapar han, näme eçiljek, näçe we haçan?! ― Döwlete baharda bagana eçiljek. Ýüz ene goýundan, ýüz altmyş sany. Deri berjek. Ýaz ýüňi ýazda, güýz ýüňi güýz gyrkym döwründe. ― Be, nämäň derisini sypyrjak?! Saýra bakaly, ballym?! ― Goýunyň derisini, başlyk aga. ― Elbetde goýun janawaryň derisini sypyrarsyň. Saňa şir, gaplaň öz derisini sypyrdasy ýok. Ol seniň üç gezek hamyňy sypyrar. Ol, näme, burny şahly, gözi kiçijik kerk, ýa bolmasa agzy goçak, bokurdagyndan possunly sümäýmeli begemot saňa öz çagasyny gözüniň alnynda soýduryp, «baganasyny» ardurja aldyrmaz. Demirden don geýip barsaňam, öz «baganaňy» sypyrarlar. Janawar, ýuwaş goýun-guzudyr-da saňa derisini, baganasyny sypyrtdyrjak. Ol belli zat. Başga näme eçiljek? Erkek adam bolup, mert jogap bersene. Ýa meni öldürmekçi bolup, kastyma çykdyňmy?! Tizräk göniňden gel. Men zähmet rugsadyna çykjak. Ýene üç günden Kryma kurorta gidýän. Häzir brigadirler meniň ýanyma gelmek üçin dalanda garaşyp otyrlar. Gün gijigip barýar. Men olary ýeke-ýekeden kabul etmeli. Ýogsa-da sen bu ýerde, edarada aýtmaga çekinseň, agşam öýe baraý. Çaý başynda gürleşeris. Baý, jigi, näme berjegiňi aýtmak beýle kynmy-aý?! ― Mommy aga, doňuz eti bilen jojuk bereýin. ― Weý-weý-weý, öwf! Dermanym gutardy. Bar bolubilşiňmi şu? ― Başlyk aga, bizi oba hojalyk institutynda şeýle okatdylar-da. Ylym, teoriýa öwrendik. ― Ylmyňa, teoriýaňa şek ýetirip biljek däl, oňa sözüm ýok. Saňa biziň praktikamyz gerek. Şol sende ýetenok. Hut, özüňe biziň köne, baý iýiş tejribämiz derkar, iýiş tejribe zerur. ― Işläbersek, Mommy aga, iş tejribe gazanarys-da. Barýaka iş tejribe toplanar-da, başlyk aga. ― Sen, Sapar han, düşünmediň. Edil Ömrüzaýa ýa Kerwengyran ýyldyzyndan pöküläp şu gün Ýere düşen ýaly-la bolşuň. Men saňa iş tejribe diýemok, iýiş tejribe diýýän. ― Menem şony diýýän-dä, Mommy aga, iş tejribäni aýdýan-da. ― Ýok, beýle däl. Iýiş tejribe bolmaly. «I» harpyndan soň «Ý» harpy hem bolmaly. Bizem, han ogul, otuzynjy ýyllarda likbezde okapdyk. Hemme zady bilmesek-de, «iýiş» sözüniň dogry ýazylyşyna beletdiris. ― Başlyk aga, iýiş tejribe diýlen zady-ha bize institutda geçmediler. Ondan habarym ýok. ― Düşün, iýiş tejribe, hap-hap-hap edip iýmekden-dä. Sapar, sen oba hojalyk institutynda sporta gatnaşdyňmy?! ― Hawa, gatnaşdym. Çempionam boldum. ― Haýsy ugurdan? ― Elbetde, meniň pellehana ilden öň gelip, döşüme ýaşyl lenta çolaşdyrmajagym belli zat. Aýak maýyp. Men küştden, şaşkadan institutda öňüme adam geçiremok. ― Sen, Sapar jan, beýle bolsa, onda, biziň kolhozymyzyň sport işleri boýunça inspektory bolaýsana. ― Başlyk aga, men sport işgäri bolup ýörsem gelşiksiz bolar. Il güler. Çep aýagym, ynha, bir aýagym agsak ahyry. ― Zyýany ýok. Işläber. Biziň kolhozymyzda işler iki aýagy bilen agsaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||