00:03 Naw ýaly Nagym aga | |
Durdymuhammet NURALYÝEW
Edebi makalalar
▶ NAW ÝALY NAGYM AGA Wagtyñ geçmegi bilen döwür üýtgäp, heññamlar çalşar eken. Elinde okan ýa-da işlän, öz ýaşan ýyllarynda mähriban halkymyzyñ öñünde belli bir hyzmat bitirip, dünýäden öten halypalaryn hakynda şu günler, Milli garaşsyzlygymyzyñ datly miwelerini tirip otyrkam, olaryñ nurana keşplerini göz öñüme getirýärin. Şu günler aramyzda gezip ýörenliginde togsan ýaşy doljak uly edebiýatçy, professor, frontçy ýazyjy, Türkmenistanyñ at gazanan ýokary mekdep işgäri Nagym Aşyrow hakyndaky oý-pikirler bilen söz açmak üçin galama ýapyşdym. Nagym Aşyrow türkmen pedagogikasynyñ bir sütünidi, özi aýatdaka tüýs "ötsüz adam" diýilýänleriñ hilindendi. Ony tanaýan, bile işleşen adamlary şu setirleri okap pikir edibersinler ~ heý, bir gezek dagy onuñ şatlanyp gülenini, bokurdagyna agram salyp, janygyp geplänini, "men ony etdim, muny etjek" diýip, parlañküşlik edenini ýa-da kimedir birine käýýäp ýa-da gygyryp duranyny gören barmyka? Ýok bolsa gerek. Nagym Amanowiç örän sypaýy, biçak ýuwaştap, resmiden gelen medeniýetli, özüniñ gylygyna, egin-eşigine birkemsiz serenjam berýän, iñ kyn ýagdaýlarda-da parahat durkuny saklaýan ýolbaşçysypat adamdy. Ol ýaşan 85 ýyllyk ömrüniñ 65 baharyny mekdebe, ylma, edebiýata, pedagogika bagyşlan alym-ýazyjy-mugallymdy. Okuw, terbiýe, döredijilik ýoluna 20-nji ýyllaryñ ortalarynda başlap, tä 1993-nji ýylyñ iýunynda aradan çykýança, elinden bir gezegem galamyny düşürmedik adam barasynda dar meýdanda ine-gana söhbet açaýmagam kyn. ...Türkmen topragynyñ ýüzi garaşsyzlyk şemaly bilen ýelpelip, adamlaryñ ruhlary täzelenip, ozalky SSSR-iñ ýetmiş ýyllyk şorlugyna ýatyrylan "Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy" diýilýän ady bar-da, özi ýok döwletimiziñ Humaý guşunyñ öñdengörüji Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan uçurylyp, başymyza gonan günleriniñ birinde men goja halypanyñ halyndan habar almak üçin onuñ timarly howlusynyñ derwezesini kakypdym. O ýyllarda ýaşuly ýeke ýaşaýardy. Maşgalasy ýogalyp, iki oglunyñ hersi bir ýerde ýaşap, kaşañ jaýda bir özüdi. Tomus günleri bolansoñ, eýwana çykarylan stoluñ üsti ululy-kiçili kitaplardan, dürli gazet-žurnallardan doludy. Däbe öwrülen saglyk-amanlykdan soñ, gürrüñ döredijilikli pikir alyşma ýazyp gitdi. Ol uzak ýyllap orta mekdepleriñ edebiýatdan okuw kitaplaryny, hrestomatiýalaryny ýazýan awtorlaryñ biri bolansoñ, bu işleriñ Garaşsyzlykdan bärki ýörelgeleri, tärleri, ideýa-syýasy daýançlary, edebi eserleriñ çeperçilik gymmatlyklary hakynda oýlanyp oturandygyny aýtdy. Stoluñ üstünde ençeme şahyrlaryñ, ýazyjylaryñ, dramaturglaryn eserlerinden okuw maksatnamalaryna laýyklykda kesilip, saýlanyp alnan bölekler ýatyrdy. 1991-1993-iñ aralygy türkmen jemgyýetiniñ onki süññüniñ täzeden döräp ugran döwrüdi. Kimler Garaşsyzlygy dessine kabul edip, onuñ talaplaryna görä işläp, döredip, täzeçe añ-huşa dolup ýördi, ýek-ýarym halys "sowet" keseline uçranlar bolsa, suwa gark bolýanyñ samandan ýapyşyşy ýaly, ýykylan SSSR-i küýseýärdi. Emma gözüñi giñ açmaly wagtdy, Türkmenistan Garaşsyz döwletdi, milli döwlet dilli ýurtdy, depämizde ýaşyl tugumyz pasyrdaýardy, bäş dürli haly gölli Gerbimiz lowurdaýardy. Öñde bolsa T ü r k m e n b a ş y l y ajap maksatnamalar garaşýardy. Nagym Aşyrow olaryñ bir ujuny gören, soñ hemmesini görüp ýetişmese-de, ýüregi bilen duýup, kalby bilen uýup, öz gündelik işlerine siñdirip ugrab milli pedagog kadrlaryñ ýolbaşçysydy. - Bütin ömrümi nesilleri terbiýelemeklige siñdirdim. Garaşsyzlyk ýaly ynsany, şahsyýeti erkinlige çykaran döwri görmedim. Ykbalymdan nägile däl, şükür, türkmeniñ gerçek ogly Saparmyrat Ataýewiç bütin milletimiziñ Dañ ýyldyzy bolup dogdy. Ömrümiñ köpi geçip, azy galdy. Men "Beýik Oktýabr rewolýusiýasy" diýiilýän nägehandan sekiz ýyl öñ dünýä inen oglan, segsen ýylymy-da şoña çyn ýürekden ynanyp, alyna aldanyp, erk-ygtyýarsyz, dilsiz-agyzsyz lal bolup ýaşan "sowet" adamsy. Diñe soñky iki ýylymy öz hak ýaşym diýäýsem, sen geñ görme. Ine, seniñ nesliñ, senden kiçiler-ä ylaýta-da Saparmyrat Türkmenbaşynyñ guran täze Türkmenistanynda ýaşar, onuñ hözirini görer. Meniñ özümiñ, dogan-garyndaşlarymyñ, dost-ýarlarymyñ, edebiýatçy kärdeşlerimiñ SSSR-den gören ruhy azaplaryny indiki nesiller görmäwersin - diýdi. Tebigaty gürrüñçi däl, az sözli halypa mugallymyñ gürläsi gelýänini, açyljak bolýanyny añdym, başardygymdan göwnüni göteresim geldi. - Ýoldaş mugallym, siz, tüweleme, entek gojalyga baş berer ýaly däl. Milli Garaşsyzlygyñ hözirini sizem görersiñiz, enşalla, ýene on-ýigrimi ýyllab-a naw ýaly Nagym Amaniç bol-da, geziberiñ. Gowusy, başyñyzdan geçen "çaşammalardan" gür beriñ - diýdim. Ol sözüni dowam etdi. - "Çaşammalar" köp-de, olary bir kökene düzmäge wagt ýok. Onsoñam ömri SSSR-iñ salgymynda geçende açlykdan, horlukdan, ýaýaply ýaşamakdan, otuz ýediñ howpundan, kyrk biriñ urşundan, ellinji ýyllaryñ ýanalmalaryndan başga näme bolsun! Ýöne bizi Watana söýgimiz, türkmen topragyna wepamyz, edebiýata yhlasymyz alyp çykdymyka diýýän. Indi pikir edip otursam, şolaryñ hemmesi bir umyda, şu günki Milli Garaşsyzlygymyza ýetirdi. Seýitnazar Seýdiniñ "Ýüz elli ýyl "Watan" diýip gezildi" diýen setiri ýadyñdadyr. Bizem okasagam, işlesegem, pidalar çeksegem, okatsagam, ýazsagam hemmesini türkmen topragy üçin etdik. Men mahal-mahal hyýalymda özümiñ saglyk bilen Garaşsyzlyk zamanymyza ýetenime begenýärin. - Size nesillere aýdara-goýara pursat beripdir, Biribaryñ özi - diýip, oña ýüzlendim. - Wa-ah, sorama. Şahsyýet kulty döwründäki bikanunçylyk her maşgala "paý" berdi. Biz uly maşgaladyk. Ilki atamyzy, soñ onuñ iki inisini, bir ogluny bile äkitdiler. Şol inileriniñ biri we menin doganym geldi. Beýlekileriñ ykbaly belli bolman galdy. Biz öýde ýedi oglandyk. Mugallymçylyk edýärdik, işden kowdular, birnäçe wagtdan soñ söýgüli kärimi gaýdyp berdiler. Hiç sebäpsiz toparlaýyn äkidiberdiler. Ahmet-Ahundow Gürgenli, Hojaberdi Hanow ~ üç bolup bir günde Leningrada, häzirki Sankt-Peterburga, aspirantura okuwa iberildik, bir günde-de Beýik Watançylyk urşuna şol ýerden gitdik - diýip, bir owadan suraty ~ üç sany "men" diýen gyzyleñek türkmen goçaklarynyñ suratyny maña görkezdi. - Bu taryhy surat eken. Nähili gidişiñiz, okuwyñyz, front ykbalyñyz, olaryñ soñky täleýleri hakda aýdaýsañyz - diýdim. Ol sözüni dowam etdirdi. - Üçimiz uruşdan öñem bile institutda bile işleýärdik, ýokary okuw jaýynda okadýardyk, ylmy işem alyp barýardyk, ençem kitaplary, programmalary düzüpdik. 1940-njy ýylyñ tomsunda Türkmenistanyń Halk magaryf komissarlygy pedinstitytyñ edebiýat mugallymlaryndan üçimizi saýlap alyp, SSSR Ylymlar akademiýasynyñ Leningraddaky Gündogary öwreniş institutynyñ aspiranturasyna okuwa ugratdy. Ahmet öñem Leningradda okap, meşhur akademikler W.Bartolddan, A.Samoýlowiçden tälim alypdy. Indem üçimizem giri ekzamenlerinden üstünlikli geçip, ady belli gündogarşynas Ýe.E.Bertelsiñ ýolbaşçylygynda aspiranturada okuwlarymyzy dowam etdirip başladyk. Bizi meşhur akademikler I.Kraçkowskiý arap edebiýatyndan, A.Kononow türki dillerden, Ýe.Bertelsiñ özi Eýran we Orta Aziýa halklarynyñ edebiýatyndan okadýardylar. Bir ýyl doly okadyk. 1941-nji ýylyñ iýun aýynda kanikula çykdyk. Eliñdäki surat hem iýunyñ ortalarynda aldyrylandyr. Üç-dört günden Aşgabada gaýtjak bolup ýördük. Birden "wäh" diýlen ýaly uruş turdy habaryny institutda aýtdylar. Şobada harby tälim alyp ugradylar, çaltlyk bilen fronta mobilizasiýa başlandy. Ahmet aýaly Nyýazgül, çagalary bilen Leningradda ýaşaýardy. Hojaberdi ikimiz bir ýatakhanadadyk. Ikimiz Ahmediñ ýanyna ugradyk maslahatlaşmaga. Biz üç türkmen bolup göni Harby komissariata fronta meýletin gidýänliginiz üçin arza berdik. ...Dogrudanam, üstünden tas ýarym asyr geçen wakalaryñ öz janly şaýadyndan bu gürrüñleri diñlemekligiñ ähmiýeti uludy. Bu goja kişi urşuñ ot-ýalnynyñ içinden geçipdi, türkmen filologiýasynyñ gözbaşynda durupdy. Heniz ellinji ýyllaryñ başynda, milli filolog kadrlaryñ az döwründe ol "Beýik Watançylyk urşy döwrüniñ türkmen edebiýaty" diýen ähmiýetli temadan kandidatlyk dissertasiýasyny gorapdy. Onuñ işi-de, ýazýan zatlary-da utgaşykly gidýärdi. Stalinçilikli kult bolsa ellinji ýyllarda ýene-de kakynlap ugrapdy. Milli ylmy filologlar B.Garryýew, M.Kösäýew, O.Abdalow dagy "Gorkut ata" eposyny çap etjek bolanlary üçin ýigrimi bäş ýyllyk basylypdylar, tutulman galan iki-ýekelerini paýtagtdan çetleşdirip, täsiri ýetmejek hem pes derejeli işlere iberipdiler. Indi filologik ylmyñ düýbi opurylypdy, ýaşlara ýolbaşçylyk edere diplomly türkmen ýokdy. Şol agyr ýyllarda ol Dil we edebiýat institutyna direktor edilip bellenildi. Ol haýal etmän Moskwanyñ, Leningradyñ, Daşkendiñ, Almaatanyñ, Bakuwyñ alymlary bilen ylalaşyp, gepleşip örän köp türkmen ýaşlaryny diplomly kandidatlar edip ýetişdirýär. Şolaryñ arasynda K.Berkeliýew, T.Durdyýew, R.Rejebow, B.Şamyradow, A.Meredow, A.Ulugberdiýew, A.Taýymow, B.Ahundow, S.Annanurowa, S.Ataýewa, K.Salyh, K.Jumaýew, M.Gurbansähedow, K.Seýitmyradow dagy bar. Bular öz döwründe türkmen filologiýasy üçin uly hyzmatlar bitirdiler. Köne mirasy, hut dini kitap çeşmeleri toplamakda-da N.Aşyrowa Dil we edebiýat institutynyñ direktory hökmünde batyrgaý, tüýs graždanlyk gahrymançylygyny görkezdi. 1962-nji ýylyñ tomsunda onuñ öz ýolbaşçylygynda bir aýlap Mary welaýatynda ylmy komandirowkada bolnup, meşhur Töre ahunyñ 700 kitaby golýazmalar fonduna getirildi. Ol "Ýürek we ýarag", "Leningrad ~ meniñ öýüm", "Ýagşydan at galar", "Ýagşyny ýasan ussalar" atly awtobiografik häsiýetli kitaplaryñ awtory. Köpgyrañly zehin salyhatly, kanagatly bolansoñ, onuñ döredijiliginden giñ okyjylar köpçüligi, dogrudanam, ýeterlik habarly däl. Ýogsam, onuñ geçen alymlyk, pedagoglyk, ýazyjylyk ýollarynyñ özi giden mekdep ahyryn. 1937-nji ýyldan başlap, 90-njy ýyllara çenli edebiýatdan okuw kitaplarynyñ awtory, mugallym, alym, professor, bölüm müdiri, pedinstitutyñ, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyñ direktory, Türkmenistanyñ Magaryf ministri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ edebiýat kafedrasynyñ baýry professory Nagym Amanowiç Aşyrowyñ ömri, dogrudanam, müñlerçe nesilleri terbiýelemeklige siñipdi. "Edebiýat we Sungat" gazeti, 27.08.1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |