13:28 Nazar Baga: Gaty oýdaky toý | |
• Gaty oýdaky toý
Aýdym-saz sungaty
Gölli ýomutdaky toýy sowup soňra Gajar baýyň ili bilen goňşyrak Gaty oý diýen ýerde bir toýa ugradylar. Ýolda bir ýatyp toýa bardylar. Mähelle diýseň gaty köpdi. Bu toýda iliň kazy reýsi, kethuda, ýüzbaşy ýaly emeldar dikmeleri diýseň köpdi. Hersiniň ýanynyň ýolawaçlary-da köpdi. Halypa bagşy märäkäniň içki pikirini aňdy. Soň Nazara ümledi. Häki dikmeleriň biri Nazara Muhannesi halypaň aýdar, sen hünäriňi görkeziber diýdi. Ýaňky dikme beriň hemmesi diýen ýaly kişiniň gany bilen bala-çagasyny ekläp ýörenlerdi. Nazar baga şolara degirip Magtymgulydan beýleki şoňa çalymdaşlardan düzläp birnäçe aýdymlary bilgeşländen aýtdy. Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda Zalymlar har bolar galar aýakda Garyp sen ýyglama şir dek bolar sen! Ýokarky zalymlaryň hemmesi diýen ýaly öz guran gapanlaryna düşüp armanly gitdiler. Şeýdip olary köpçüligiň göz öňünde paş etdi. Soň olaryň bir ýalançysy Nazara sen hara ýüz näme o dünýä baryp geldiňmi? – diýip hyňlyrak aýtdy. Soň halypasy Nazara ümledi. Soň ol hem goýdy. Halypa: Olar bilen oýnuň deň gelmez, külüňi çykararlar. Ýöne sabyrly bolsaň, olaryň külüniň tozanyny gözüň bilen görersiň. Soň halypada Muhannesde ýuwaş ses bilen şu aýdymlary aýtdy. Salgyt üçin eňrederler illeri Adam saýmaz bendesini gullary Gana suwsan ganhorlaryň elleri Ýüreklere tagma salar tilleri. – diýip paş etse-de muňa ündemäge ýalçy tapylmady. Soň ýat ilde çekindimi nätdimi hemişeki aýdymlaryny dowam etdirip başlady. Dessansyz aýtdy. «Meşrep», «Hojamguly teke», «Ak maýa gerek» çekim aýdymlardan aýdyp adamlaryň gözüni kepdirmedi. Ertesi Begler begiň obasynda aýtdylar. Mämi baýyň toýunda dürli milletlerden bardy. Ylaýta-da özbek, galpaklar kändi. Ýene Nazary orta çykardylar. Muňa eger bu aýtsa hezil beräýýärden bagşa zat aýtmadylar. Nazar Muhannesden tiz çykdy-da käbir türgünleşen artistiň iki eli bilen on şary dagy ýokary zyňyp ýere düşürmeýşi ýaly dürli aýdymlary gopjap otyr. Halk muňa haýran galýar. Tekeçe, ýomutça, salyr-sarykça, gazakça, özbekçe, galpakça, çowdyrça aýdyp bütin adamlary gyzyl-gyran gülüşdirip otyr. Ine şu toýda Nazar baga meşhurlyk gazandy. Şondan soň meniňkide öň aýtsyn. Seniňkide soň aýdar diýen soň halypasynyň aýtmagy boýunça kim öňürti habar etse şoňa söz berip başlady. Soň şol tertip boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |