08:37 Nazar Baga: Gulpak bagşy | |
• Gulpak bagşy
Aýdym-saz sungaty
Gulpak bagşy barada Nazar, Şaýlaw aga, Mätjan aga, Maşan dagy köp gürrüň berdiler diýip Saparmät maşyryk, Muhammet juwazçy dagy ile gürrüň bererdiler. Gulpak bagşy az möwsümli bolup ötdi diýerdiler. Ol Ediweliniň arka tarapynda bir toýuň bagşysydy. Özi hem Alilioýda bolmaly. Gulpak bagşy «Bagalarda bir gözleri mölerip duran bagşy oglan bolmaly. Şol oglan şu märekede barmykan diýip sorady. Soň biri Nazary märekeden tapyp getirdi. Gulpak bagşy aýtdyryp görüp göwnüne ýaransoň tüwelemesini ýetirdi. Soň gündizki aýdymda ilki Nazary aýtdyrdy Iller: tüweleme, ýaşyň uzyn bolsun diýip alkyş aýtdylar. Indi Nazar deň-duşlary oturyşsa-da iller, toý etseler-de çagyrýardylar. Toýdan boş wagtlary kakasynyň hojalyk işlerine kömekleşip işi bilen bolup ýördi. Işden boş wagtlary bolsa wagtal-wagtal möwç urup aýdyma gygyryp obany getirýär. Obanyň adamlary uly höwes bilen oglan bagşynyň aýdymyny diňleýärdiler. Bir gün kakasy Nazary ýanyna çagyrdy. Oňa Öwezgulyň bendiniň arkasyndaky çowdur obasyna bir hyzmat bilen gitmeli diýdi. Nazar Sary ýegeni bilen ata artlaşyp aýdylan ýere ugrady. Baryp ol ýerdäki hyzmatyny bitirip yzyna öwrüldiler. Gelişlerine Öwezgulyň bendiniň arka tarapyna gelip ýetipdiler. Bularyň yzlaryndan Gulpak bagşy dagy üç-dört atly bolup ýetdiler. Salamlaşyp soraşdylar, gürrüňleşip gülüşip gelýärdiler. Şol wagt Gulpak bagşy: «Bizede bir yzymyza ytgy gerekdi» diýdi. Ýanyndakylar onuň äheňine düşündiler. Ine gerek bolsa diýip Nazary görkezdiler. Ýanyndakylar Nazara ýüzlenip, Bagşa bir şägirt gerek eken diýdiler. Onda Nazar bu meseläni men çözmeýärin diýdi. Eýsem kim çözýär diýip soranlarynda Kakam dagy diýip jogap berdi. Gulpak bagşy: Onda kakaňa geňeş-de ýene bir sataşaňda maňa mälimini beräý diýdi. Bagşynyň bu sözi bilen Nazar ylalaşdy. Soň mesawy gürrüňe tutup ýöräberdiler. Şeýdibem Gökleň obasynyň deňine bardylar. Soň Gulpak bagşy dagy bir ýere barjakdyklaryny aýtdylar. Gulpak bagşy: «Nazarjan senem biziň bilen ýöräber» diýip mürähet etdi. Nazar, aýdanyňyz üçin sag boluň aýdanyňyz üçin minnetdar diýdi. Nazar dagylar hem ýoluny dowam edip, atlaryny derledip oba bardylar. Barsalar obanyň ilersinde bir toýa çakylykçy gelipdir. Nazar: gyjakçy bilen barmalymy diýip sorady. Ýaňky adam toýuň bagşysy ýok diýdi. Ýöne şonda-da dutaryny getirsin diýdiler. Nazar ertesi toý ýere dutaryny alyp bardy. Aýdym bolmady. Nazar hiç bir zada düşünmän haýran boldy. Soň gelin alyja Nazary hem äkitdiler. Ýöne dutaryny içinden asynmagy ýatlatdylar. Soň gaýdyşda gelinli kejebäň gapdalynda aýdym buýrdylar. Nazar Kejebäň çekmäge akmaýa gerek özüňi çekmäge boz maýa gerek diýip başgada aýdymlaryň gyzyklysyny tapyp gülüşdirip geliberdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |