17:29 Nazar Baga: Hakdan içen beýik bagşy | |
NAZAR BAGA
Aýdym-saz sungaty
• Hakdan içen beýik bagşy Türkmen halkynyň gadym zamanlardan bäri ol halypadan bu halypanyň ussatlyk mekdeplerini geçip gelýän bagşylary bagşydan has beýikdir... Öwezdurdy NEPESOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor. Ýomut ýolunyň ussady aýdym saz äleminiň parlak ýyldyzyna öwrülen Nazar baga 1880-nji ýylda Gubadag etegindäki ýokary Jemşit galaly bagalarda Morsynyň garyp maşgalasynda doguldy. Ejesi Gül eje pahyr oglunyň iki bolanyna begenip iki bolup bilmeýärdi. Nazar baganyň atasy Torumçy baganyň bäş ogly bardy. Ogullary: Amangeldi, Welmämmet, Mämmetguly, Welgurban we Morsydy. Baga diýmek ýomudyň uly tiresi. Bagada öz gezeginde dört bölege bölünýär; Olar: Akjaly, Nagdyly, Beg, Çapar. Morsynyň maşgalasynda doglan ikinji çaga ejesi Gül eje Nazarym düşdi diýip, Nazar goýdy. Gül eje çagany irginsiz terbiýeledi. Morsynyň Ilmyrat sazanda diýen bir ýegeni bardy. Ilmyrat Nazarjyk entek sallançakdakada Morsynyňka gelip saz çalardy. Çaga eýýäm bäş, alty aýlykka saza endik edipdir. Saza kelle yralaýan ekeni. Kähalatlarda sallançakdakada saza goşup kelle urardy. Çaganyň ata enesi bolsa bu kelle yralama çagada ýeser raý keseli bar bolaýmasa ýagşy diýip gorkardylar. Soňra Nazar üç dört ýaşanda Taşyn diýen doganoglan agasy hopbalap toýlara äkidip bagşy diňlederdi. Nazarjyk toýdan gaýdyşyn şeýle sorag bererdi. Taşyn däde bagşy näme diýýär? Taşyn bolsa, gülüşmek islärdi-de: «Garaja oglan owlak bakar, owlajygnyň alny sakar» diýdi diýerdi. Nazar ertesi häki garaja oglany deň-duşlaryna aýdym edip aýdyp bererdi. Nazar ýene bir gezek bagşydan gaýdanda Taşyn däde bagşy näme diýdi» diýip sorady. Taşyn bolsa: «Düýşümde bir bilbil gördüm» diýdi diýerdi. Nazarjyk ertesi ýene deň-duşlaryna aýdym edip aýdyp bererdi. Deň-duşlary muňa çäksiz guwanardylar. Nazarjyk bola hondan bärsi bolardy. Nazar kem-kemden many aňlap başlaýar. Soňra oba adamlarynyň işde, pişede güýmenji üçin hiňlenen aýdymlaryndan az-azdan öwrenip deň-duşlaryna aýdyp berdi. Nazar ýedi-sekiz ýaşlarynda öýlerine gelen bagşylardan peýdalanyp kämilleşip ugrady. Arasynda Ilmyrat ýegeni hem gelip öwredýärdi. Indi onuň aýdymlaryny oba adamlary gelip diňläp başladylar. Nazaryň aýdymyny diňleýänler gün-günden köpelýärdi. Indi Nazaryňam zähmet çekmeli, işlemeli wagty gelip ýetdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |