08:56 Nazar Baga: Halypa bilen ikinji duşuşyk | |
• Halypa bilen ikinji duşuşyk
Aýdym-saz sungaty
Ýokarly diýilýän ussat halypa bagşy Sapar süýrentgini Alilioýa ýene toýa çagyrdylar. Bu toýy Potola sopy diýilýän adam berýärdi. Halypa şonda: Baýaky garaja oglan bagşyny getiräýseňiz diýdi. Nazara habar ýeten dessine mürähede zar eken. Dessine gelip ýetdi. Halypa Nazary gijede, gündizde aýtdyrdy. Onuň aýdymlary halypa ýarady. Bu toýdan soň özi bilen äkidip, sekiz atlyk Mädemin galadaky toýlarda hem aýtdyrdy. Nazaryň aýdyşy ussat halypanyň maňzyna ornady. Sebäbi iň soňky toýdan soň ussat bagşy köp tüweleme diýdi. Soň şeýle diýdi: Eger-de şägirt tutunsaň adyň köp döwre gidýär. Şonuň üçin Nazarjan sen maňa şägirt bolaý diýdi. Nazar bolsa kakama geňeşeýin diýdi. Halypa bagşy kakaňy maňa bir sataşdyr diýdi. Ertesi Gökleňlerde bir uly toýda kakasyny halypa bagşa sataşdyrdy. Sataşyp salamlaşyp soraşdylar. Mähirli gürrüňleşdiler. Soňra halypa meseläni gozgady. Nazaryň kakasy Morsy: Näbileýin, bagşymyz biziň tohumda bu ýakynlarda bagşy bolan ýokdy. Morsy gepini soňlamanka halypa bagşy sorag berdi. Öňler sizde bagşy bolmanmy? Morsy: Torymçy kakamyň atasy Saparguly sazanda bagşy bolupdyr, Halypa: Ol hem meniň bilen atdaş ekeni. Ikisi hem gülüşdiler. Ýöne aýry manyda. Onda aňyrdan gelýän ugur ekeniňiz «Ozal akan ýerinden akarmyş aryk». Ýene Morsy: Biziň adymyza çirk getirmese bolýar. Halypa bagşy: Adamyň gelejekki ykbalyny bilýän ýokdur, bir Alla bilmese diýdi. Ýöne durmuşyň ýolundan dogry diýip zähmetkeş ynsanyň maksadyna ýetmejek gümany bolmaz diýdi. Zähmet soňy rehnetdir. Halypa: Sakgaldaş Seniň ogluň ýalyny Horezmiň oýundan tapman ýöremok. Tüweleme ogluňdan Şindizden şägirt däl-de ussatlyk ysy gelýär. Kärine örän yhlasly. Näme üçin diýseň kärine berk ýapyşyp irinmeýär. Barha gyzygýar. Bermezek Taňrydan irmezek awçy alar» onsoňam bu senede ýaşdan şeýle ýapyşan ýokdur. Bu oglan ýapyşan zadyna berk ýapyşýar heý goýaý. Ussat halypa Nazary näçe günläp gözden geçiripdi. Köp synap görüpdi. Ýöne bir bagşyçylyk däl muny durmuşyň dürli ýerli günden hem geçiripdi. Halypa şeýle diýdi: Alym bolmak aňsat Adam bolmak kyn. Halypa: Nazar diýýäniň öň adamlyk mekdebini gutarypdyr. Indi öz senedi boýunça alym bolmak ugrunda göreşýär» diýdi. Netijede Morsy ylalaşyp halypany öýüne çagyrdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |