16:44 Nazar Baga: Halypa-şägirt Alili ilinde | |
• Halypa-şägirt Alili ilinde
Aýdym-saz sungaty
Ussat halypalaryndan ugrap ýene näçe güni ýollarda geçirip Kakaly Alili ilinde Çary bagşynyňka bardylar. Ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, Çary bagşy Çarwa bagşynyň kakasy diýýärler. Ol Akdepe etrabynda ýaşady. Ol ýerde Nazaryň deň-duşy Magtymguly Çuwal diýen ýaş bagşyda bar eken. Ine bu ýerde Çary bagşy, Sapar bagşy, Nazar bagşy hem-de bile baran Sary bagşy dagy bardy. Başga-da nätanyş bagşydyr, sazandalar ýygnandylar. Iki üç günläp aýdym aýdyşma saz çalyşma boldy. Nazar bilen Magtymgulyny hem aýtdyryp, çaldyryp gözden geçirdiler. Nazar bu ýerde-de kemsiz peýdalandy. Nazaryň «Gyrat gel», «Kelesaw», «Abdylla şyh» ýaly aýdymlarynyň perdesini şonça ökde bagşylar öwrenişmänsoň tapmadylar. Hezil edip gülüşdiler. Näçe gaýtalap ahyry tapdylar. Erjel yhlasly oglan köp zatlary öwrendi. Mysal üçin: Kelte gaýdym ýerlerini düzetdi. Aýdymda: «Şirmaýy darak», «Elden gider», «Köne güzer» ýaly aýdymlaryň kemsini düzetdi. Bu ýerden Sary bagşy rugsat alyp: Öý eýesi, myhmanlar, hem beýlekiler bilen hoşlaşyp nirädir gitdi. Soň Hywaly myhmanlar hem rugsat alyp, sylanyňyza Taňryýalkasyn diýip Tejene ugradylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |