16:49 Nazar Baga: Ilerli halypalar bilen üçünji duşuşyk | |
• Ilerli halypalar bilen üçünji duşuşyk
Aýdym-saz sungaty
Nazar baga şeýle derejä ýeten hem bolsa entekler bagşyçylygyň ugrunda zähmet çekesi gelýärdi. Onuň isleýşi ýaly hem halypasy ony üçünji gezek ileriniň ussatlaryna duşurmakçydy. Halypasy Nazary öň iki mertebe äkidipdi. Şol iki sapar gidende hem Nazar ilerli halypalar örän köp zat öwrenipdi. Bu gezek gidilmezinden iki gün öň Nazar halypasynyňka ugrady. Bu gezek Nazaryň öýüniň ýele ýanyndan hem tukatlyk aralaşmady. Indi Nazaryň ýüzi öňküleri ýaly solyk däldi. Gaýtam örän höwesli, şadyýandy. Bular ugran güni ilden çykyp çopan goşuna bardylar. Bu sapar ýoluny Balkana dälde Baleýşeme niýetlediler. Bu ýollar Nazaryň görmedik ýollarydy. Gonup-göçüp gidip barýarlar. Garagumda çopanlar köpdi. Ertesi görseler halypa bilen Aman Serdaryň aty ýok. Çopanlar yzarlap gitdiler. Şeýdip bu gijede galmaly boldular. Şol öýüň agzalary Nazara ýetik boldular. Ertesi şol öýüň Aýnagözel diýen gelni owlak-guzy örüzdi. Nazar meýdandady. Içini gepledip: biziň ýurdumyzyň gyz gelinlerini dört tärimden daşarda görjek gümanyň ýok. Ýaňky gelin birdenem owlak guzular pytrap gitdi diýip haý-haýlap gygyrdy. Nazar baryp kömekleşip tegeläp öňüne salyp berip özi galmakçydy. Gelin çarbaýlap owlak guzulary ýene pytratdy we Nazary örä tarap alyp barýar. Nazar howatyrlanyp gelin näçe jibrinsede yzyna gaýtdy. Ertesi ýaňky gelin malyna kömekleşdiren bolup hile bilen jadylap Nazary hem öri meýdana äkitdi. Soň gelin Nazara sen nämeden üşerýäň? Näme obaňda meniň ýaly gelin göreňokmy diýdi. Nazar gördüm. Ol ýerler obanyň arasy. Bu ýerler nire? Halypalaryň bu senetde arassa gezmeli diýeni ýadyndady. Ýokarda aýdylan nireler diýen sözüne tapawudy ýok diýdi. Nazar bagşyçylykda arassa gezmelidigini aýtdy. Gelin güldi. Soň seni hapalajak bolup duran barmy? – diýdi. Şeýdibem ýüz kereşmeli näz bilen Nazaryň elinden tutup güldi. Hany bulaşan zat diýip öňki äheňinde güldi. Nazar hem güldi. Soň Nazaryň ellerini iki eli bilen tutup goýbermän çägede oturtdy. Ýene-de hany bulaşan zat diýip jadyly gülüp Nazary köp güldirdi. Soň bir aýagyny Nazaryň aýagynyň üstüne oklady. Ýene iki eli bilen Nazaryň ellerini barmagynyň arasyndan barmak geçirdi. Boýnuňa ýogynja eken diýip boýnundan tutdy. Soň elini boýnunyň ahyrsyna oralap tutdy. Birden beýlesine garadylar. Görseler daşdan bir gara peýda boldy. Indi Nazar nätmeli? Derrew alaňyň aňyrsyna geçdi. Kerweniň ýoly dogry geldi. Nazar salamlaşyp, ýaşulylar heý ýolda yzda iki sany at göreňizokmy? diýdi. Ýolda-da sorap arka gidip barýardylar. Nazar hem goşulyp myhman ýerine bardy. Üçünji gün diýlende garaňky gatylşanda atlary tapyp getirdiler. Ertesi ýollaryny dowam etdirdiler. Netijede Goýmatdyr, Garaýmana bardylar. Nazar başga ýoldur öýdüpdi. Ol bu ýollary öňki sapar hem görüpdi. Bular her gelen ýerlerini aýdym-saza gark edip barýarlar. Bu gün çopanlary gönendirdiler. Ertesi Baleşýemde boldular. Bu ýerde halypa bagşynyň düşelgesi bardy. Oňa Ýazdurdy hywaly diýýärdiler. Onuňkyda aýdym-saz edip töwerekdäki goňşy golamlaram gönendirdiler. Ertesi gün ýene ugrap Gazanjyk, Janahyr diýen ýerlerden sürüp näçe günlerde Gyzylarbat ýurduna Sary bagşynyňka bardylar. Sary bagşy diýeniň durky bilen mähirden doly adam. Ýöne ady ýalnyş. Onuň ady Sary däl-de gyzyl-göwher bagşy diýmeli eken. Ol edil gyzyl bilen barabar adamdy. Myhmanlary hemişekiden hem gowy äheňde kabul etdi. Myhmanlar bu gün dem aldylar. Ertesi Asmandan taşlanan ýaly bagşy sazandalar ýygnandylar. Her güni aýdym saz Nazar hem öwrenişdi. Ilkiler ýaly gysynyp oturanok. Aýt diýseler aýdýar. Çal diýseler gaýgyrman çalýar. Oňa ilkiler ýaly ondan tut, mundan tut diýip oturan ýok. Aýtsa-da, çalsa-da diňe kelle yrap tüweleme indi döküni ýeten ekin ýaly ýetipdir diýip otyrlar. Indi bu başgalar ýaly dutary köp eline alyp oturanok. Gaýtam indi biz muny soraglap baraýmasak bu bizi soraglap ýöresi iş ýok. Bu birinji gelende eýýäm Ahal, Arkaç, Saryklaryň birnäçe aýdymlaryny aýdýardy. Indä muňa öwretjek zadyň ýok bolsa gerek. Öňlerä halypasy muny sazdan peýdalanmaga getiripdi. Indi muňa niräniň sazy aýdymy bolsun tapawudy ýok, aýdym üçinä bu ýere halypasy getiresi ýok. Sebäbi her ýurt özüniň aýdymyny gowy görýändir diýip bir ökde sazanda aýtdy. Beýleki bagşylar hem ýylgaý gol gowşuryp oturanoklar. Olar hem arasynda gezekme-gezek aýdym aýdyp saz çalyşyp otyrlar. Nazar üçin şol hem ýeterlikdi. Sebäbi şolar aýtsa, çalsa Nazar ondan hökman geregini kabul edýär. Nazaryň halypasyny ileriniň bagşylary ussat halypa diýen hormatly at bilen adyny tutýarlar. Nazar şeýle güýçli ussat meşhuryň elinden çykan. Bu ýerlere gelmänkä-de ganat guýrugyny ýetirip uçaýmaly bolan. Ondan soň hem üç mertebe Şagadam-Tejen aralygynda aňyrky saryklaryň hem ellerinden gözlerinden geçen bagşy. Şoňa görä-de indi mundan öwrenäýmeseň näme öwretjek. Hälki ökde sazanda ýene kesgitledi. Soňundan ýene dutary Nazara uzadyp aýt han ogul diýdiler. Nazar ilki köpräge-de saz çaldy. Gaty çekip çaldy. Aýdym aýt diýen soň gaýtaladyp oturmany uslyp görmedi. Dutary gaýtardy. Soň bäş perdeden aýdyma başlady. Muňa çekimden gaýdymdan plan dürli zat diýmäni diňlediler. Nazar hem ýaňkylaryň aýdanlaryndan goltgy aýdymy nämemi barha joşup ugrady. Kemsiz aýtdy. Oturanlar alkyşyny ýetirdiler. Bu aýdany Garly bagşynyňky, Buda Söýeg bagşynyňky diýip tanap otyrlar. Arsynda özbekçe, gazakça aýtsa oturanlaryň bary gülüşdiler. Gülende-de haýran galyp gülüşýärdiler. Bu oturanlaryň köpüsi Garly bagşyny, Gylyçmät bagşyny, Söýeg bagşyny görüp olara ýetik ekenler. Bularyň biri: – Bagalaryň Beggeldi diýen bir ussat bagşysy bardy. Ol kyrk ýaşaman dünýäden ötäýdi diýdi. Soňra Halypa şägirdi töwerek daşdaky goňşular gezekli-gezegine çagyrdylar. Ol ýerde-de öňüni sazdan, soňuny sazdan soň aýdyma ýazdyrýardylar. Soň ýene Nazary aýtdyrdylar. Şonda Nazar: «Durna», «Taý atym», «Haýyt ýykan», «Şirin-Şeker», «Abdylla Şyh», «Kelezaw», «Gyrat gel», «Hojamguly teke», «Salap gelipdir», «Yňdarma», «Gazak getiren» ýaly aýdymlary güýçli depginde aýdardy. Şonda oturanlar dört-bäş aýdymyny eşitmän ekenler. Ylaýta-da Gazak getirenine täsin galdylar. Hem manysyny soradylar. Nazar baga gysgarak gürrüň edip berdi. Ine şol aýdymy bir çopandan öwrenenligini gürrüň berdi. Şol günüň ertesi üçünji güni Sary bagşynyňkydan rugsat alyp ugramakçy boldular. Hyzmat edendikleri üçin halypa ilerli ussatlara köp minnetdarlyk bildirdi. Myhman halypa eden hyzmatyňyz, çeken zähmetiňiz üçin sizleri Allanyň özi ýalkasyn diýip örän minnetdarlyk bildirdi. Soň hoşlaşyp Kaka ýurduna ugradylar. Bu uzak ýola köp ýörediler. Ahyry ýetip geldiler. Göreniň Çary bagşy örän myhmansöýer. Myhmanlary ýürek açyp kabul etdi. Çary bagşyň özem Hywa ýurdunyň Diregli diýen ýerine köp barypdy. Sapar halypanyň hezzet-hormatyny köp görüpdi. Sylag-serpaýlarynam geýipdi. Deregine iki halypa biri-birine ýerlikli duşupdy. Ýene-de Nazar baganyň Alilili Çuwal dosty başga-da bagşy-sazandalar jemlendi. Bu ýerde-de ilki sözden-soň sazdan başlanyp soňy aýdyma ýazdy. Iki ýaş bagşy gönendi. Beýleki bagşy-sazandalar bir hatar diýen ýaly aýdym aýdyşdylar. Soňundan ýüregiňi paralap barýan sazlardan çaldylar. Soň ýaş bagşylary diňlemegi makul bildiler. Ilki Magtymguly Çuwal başlady. Çuwal bagşy şeýle bir owazly şirin aýdýardy heý goýaý. Şirinliginiň owazlylygynyň derdinden ýüregiňi paralap gyýym-gyýym edip barýardy. Aýdymlary eşitdigiňçe eşidesiň gelip durdy barha ýürek bagryňy endiredip barýar. Munuň aýdymynda özüne çekiji bir täsinlik bar. Nazara tüwelemäni ýanybar ýagdyrdylar. Indi muňa dem bermeli diýip soň Nazar bagany başlatdylar. Göreniň Nazar baga orta çekimden başlady. Kem-kemden agyzdyrygy çekdirmeýän at ýaly paýyrdyny berip ugrady. Barha gyzyşyp hiç durary bolmady. Göýä ir-iýmişli baga giren ýaly her taraplaýyn onlarça çagryma ýetjek ses bilen şeýle bir aýdandyr Hywaly ýomutça, Ahalça, Salyr sarykça, özbekçe, galpakça, gazakça aýdyşyna haýran galdylar. «Yňdyrma», «Sowranly», «Gardaşym», «Öz şirin-şekerim», «Meşrep», «Kelezaw» sanardan kän. Ahalyň «Köne güzeri», «Selbinýazy», «Şirmaýy daragy», «Apaty» sanasaň sany köp. Özbegiň «Işbaýy», «Agaçdandyry», «Şiralysy» we ýene ýeneleri. Beýlekileriňkide şonuň ýaly hersi özboluşly aýdymlar. Muňa oturanlaryň agzy açylyp haýran galdylar. Oturanlardan birisi tüweleme öňki biziň gören Nazaryň aýdyşy däl ýaly-la. Muňa bagşyçylyk ylahyndan berlen eken diýişip haýran galdylar. Oturanlaryň birisi ötüki gazakçamy, özbekçemi diýenden waglap gülüşdiler. Nazar bolsa aýdymyny kinaýaly görnüşde goýdy. Mundan sebäbini soradylar. Sebäbi, meniň üstümden güleniňiz üçin goýdum. Ýaňkylar ýene waglap gülüşdiler. Soň biz saňa gülişemizok. Ýöne seniň bu deň zatlaryň ylla özi bolaýşyňa haýran galyjy begençli gülüşýäs diýdiler. Soň Nazar ýene birneme aýdansoň indi demiňi alaý diýdiler we alkyş baryny aýtdylar. Şol güniň ertesi Çary bagşydan rugsat alyp oňa köp minnetdarlyk bildirip ýola düşdüler. Ugramazdan öňünçä töwerek daşy hem gelip hoşlaşyp olar hem minnetdarlyk bildirip ugratdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |