16:47 Nazar Baga: Myhmanlar ugrady | |
• Myhmanlar ugrady
Aýdym-saz sungaty
Alili ilinden Çary bagşydan rugsat alyp hoşlaşdylar. Minnetdarlyk bildirip ýola düşdüler. Ýene at aýagyna näçe gün ýöräp Sary bagşyňka geldiler. Gelen güni dem dynç aldylar. Ertesi çagyrlan ýerlere bardylar. Onuň ertesi Sary bagşydan rugsat alyp ýola düşdüler. Niredesiň Hywanyň ýurdy diýip ugradylar. Bu Sapar gelen ýoluny özgertdiler. Gazanjyk, Baleýşem, Akja guýma, Goýmat, Garaýman diýen ýerlerden geldiler. Bir çopan goşuna bardylar. Bu ýerde bir kiçijik obalyk bar eken. Bu ýerde Hywadan gelen aşaklyklarda bar eken. «Aşakly» diýmek Köneürgenjiň halklary. Ine bu ýerde aslyýeti aşakly maşryk adam toý berdi. Töwereklerinde başga-da şunuň ýaly obajyklar bar bolara çemeli. Toýuň ortasyna bagşylary äkeldiler. Niredendir adam köp ýygnanypdyr. Bagşylary gören adamlaryň ýüzlerinde şeýle bir şatlyk emele gelipdir haýran galýan köpçülikden birisi Nazar aýtsyn diýdi. Halypa ümledi Nazar orta çykdy. Häki adam Köneçi: Goýmada, saýgyla diýdi. Nazar tiz wagtdan aşaky perdeden «Agalar agasy» gadymy heňde «Hol leýli», «Gerekdir», «Gelmedi» çekimli aýdymlara tutup oturanlary aňk edip haýran galdyrdy. Häzir gerdeninden yraýmasaň ukydaka çalymdaşdy. Bularyň düzgüni boýunça başga aýdym buýrar ekenler. Soňra buýrulan aýdymlary aýdýar. Şu aýdymy-ha bilmezow diýseň ondan men muny bilemok sözüni eşitmersiň. Bagşylaryň dördüsini hem serpaýladylar. Ertesi ýerde toýda-da aýtdyryp serpaýladylar. Soň myhman ýerinde: Halypa? Şägirdiňi galdyraý. Soň özümiz obasyna gowşyraýly diýip ýalbardylar. Halypa: Beýdip men Morsyňkylara gandar bolup bilmen. Sebäbi men baryp Nazar barmasa Morsyňkylar Nazary tap diýerler. Maňa ynanman gandarymyz sen diýip daşymy gabarlar. Onsoň men nädeýin. Ertesi ýola düşüp ugradylar. Bular Hywadan gelen aşaklylar hem gitdiler. Nazaryň keýpi örän kökdi. Nazar görmedik uzak ýoluny gördi. Ýolda her dürli adamlary gördi. Köp adamlar bilen tanyş boldy. Şeýdip ýata-tura iliň çetindäki çarwalara geldiler. Ondanam halypa bagşynyňka geldiler. Gelseler Direglide bir toý bar eken. Ertesi märäkäniň ortasyna çykdylar. Öňürti Nazary başlatdylar. Nazar indi öňki Nazar däldi. Derrew tüwelemesini ýetirip başladylar. «Gelemen», «Hüwjan», ileri aýdymlaryndan «Geldiňmi», «Elden gider» ýaly aýdymlara-da tutuberdi. Il muňa haýran galdy. Toý gutaryp ertesi her kim öýli öýüne dargadylar. Aman bilen Nazar hem öýli öýüne geldiler. Gelip öýleriniň tukatlyk serpigini açyp öýlerini ýagtyltdylar. Goýun soýup il-güni çagyrdy. Obasynyň adamlaram, goňşy obanyň adamlaram göz aýdyňa gelip durlar. Sen gideliň gulagymyz halys poslady diýişdiler. Nazar-da men hem siziň gulagyňyza deň ýurduň dermanyny getirdim diýip ili gülüşdirýär. Adamlar tama-da şeýledir diýdiler. Soň endigi boýunça Nazar aýdyma başlady. Bu aýdymlar adamlaryň eşitmedik aýdymlarydy «Selbinýaz», «Köne güzer», «Gaşly ýar» eşidilmedik aýdymlardan aýdyp adamlary nahardan goýan ýaly etdi. Tüweleme Nazarjan. Ileri gidip eliňi hem diliňi türgünläp täzeläp gelipsiň diýip adamlar gülüşdiler. Birnäçe günden soň Weli keliňkiler bir uly toý berdiler. Şoňa Nazaryň halypasyny belläpdirler. Şonda halypanyň özi ilden öňürti Nazary orta çykardy. Nazaryň aýdym äheňi indi öňkisi däl. Ileri ýurda baryp geleli bäri täze mekdep görene dönüpdir. Gubadaglylaryň agzy açylyp bütin il aňk boldy. Kimseler gözüne ýaş aýlap, tüweleme bu hünärleri kimden öwrendikän öz-ä diýseň ökdow diýdiler. Ine şu toýda Mergeniňkiler bagşy bilen eňekleşdiler. Biziň hem plan güni toýumyz bar şoňa Halypaň bilen aýdyp ber diýdiler. Toýa çenli Nazar Halypasyny öýünde saklady. Toý güni toý ýere bardylar. Soň Gubadaglylar Nazary öň diňläpdirler. Şonuň üçin bagşylar orta geçenden Nazar aýtsyn diýip hemmeler gygyrşdylar. Nazar endigi boýunça töwerege göz aýlady. Soň berdi paýyrdyny. Barha gyzyşyp eli şirwan perdä ýetdi. Soň Nazar çynlap, joşup aýtdy. «Daglara», «Hajy golak», «Daglar», «Döwletýar beg», «Salam» gelipdir diýip joşdy: Maňa jogap beriň agalar begler Maňa Senem jandan salam gelipdir Rugsat beriň maňa goş galyň sizler Maňa Senem jandan habar gelipdir – diýip salam gelipdiri dagy aýdanda on çagrym ýerlere ýetýän ses bilen ýen ýetirip aýdymy gaýnawa girizmek dagy diýeniň oýun zat däl ahyry. Iller alkyş baryny edip öýli-öýüne dargaşdylar. Nazar toýy sowup ertesi halypa bilen öýüne geldi. Gubadaglylaryň gelmedikleri heniz göz aýdyňa gelip durlar. Halypasynyň hormatyna mal soýuldy. Soň obasy halypasynyň aýtmagyny haýyş etdiler. Halypa ilki pesden başlap şeýle bir aýdandyr oturanlar ýer ýaş bolup gözünden Jeýhun akdyryp otyrlar. Nazara ökde halypa sataşan eken diýdi. Beýleki biri Nazar halypasyna barmazdan öňem aýdan aýdymlaryny aýdardy diýdi. Ýene biri onda Nazara kakasynyň bilinde beriläýdimikä diýdi. Oturanlar geň galyjy gülüşdiler. Beýleki biri Senede: yhlas, zehin, irmezeklik, köp zähmet gerek diýdi. Haýsy bir zada irginsiz köp zähmet siňdirseň miwesinem berýändir diýdi. Soňundan Halypasyna Nazary şu derejä ýetirenine minnetdarlyk bildirdiler. Köp alkyş aýtdylar. Halypasy Nazara üç-dört gün demiňi alda baraý diýip obasyna gitdi. Halypasyny boş goýbermedi. Uzak ýoly söküp şeýle zähmet çekeni üçin tüwi serpaý berdi. Araba bilen ullakan bir goç goýberdi. Bu ýokary ýörüşler barada ýol Serdary Aman aga telim gezek gürrüň berdi. Mundan başga-da Sary Bagşy bilen gürrüňdeş bolan Çarwa bagşy aýdardy. Başga-da köpler aýdardy. Soň-soňlar Taşyn, Arazmyrat, Çowka, Amanjan aga, Gazak aga dagylar hem gürrüň bererdiler. Ýöne eşidenleriň göreniň ýaly tekrarçy däldi. Nazar bagşy halypasyndan oba gelende Jemşit galada iki toý boldy Ýagşymyrat palowhoryň hem Atanyýaz baýyňky Palowhoryň toýunyň bagşysy Nazardy. Nazar öz iliniň toýuna duş bolanyna wagty hoş bolup bir aýdandyr. Ili haýran galandyr. «Aslym», «Ýar seni», «Galmady», «Gazak getiren», «Ynandym» diýen aýdymlary dagy aýdandyr. Tutup jaýa saldy bizi, Gara boldy duşman ýüzi. Hemranyň ahyrky sözi, Seni miýesser eýledi. – diýende uly umman bolup joşdy. Söz bilen aýdyp düşündirer ýaly däldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |