18:26 Nazar Baga: Nazar copan durdy | |
• Nazar çopan durdy
Aýdym-saz sungaty
Taşynyň, Welniýaz Nurjanyň, Amanyň aýtmaklaryna görä durmuşyň, agyr gün-güzeranyň agramy Morsy aganyň gerdeninden hem basýar. Şeýlelikde Morsy öz eziz perzentlerini kişiniň gapysynda işletmäge mejbur bolýar. Şoňa görä Nazary hem güýjüniň ýeten işi çopançylyga berdi. Ony Nazaryň daýzasynyň gaýyn toparynda Ganýokmaz tiresinden Welniýaz ganýokmaz diýen adama çopan berýär. Ol adam muňa kyrk elli geçi bakdyrýar. Geçi eýesi Nazary ýanyna çagyryp: Günortanlyga geçileri şu ýerde ýatyrarsyň diýip iki ganat köne diwaryň kölegesini görkezýär. Çopan oglan aýdymyny gün-günden kämilleşdirip başlady. Geçileriň yzynda öride aýtdy. Oba gelende aýtdy obany sesine ýygnardy. Guda garyndaşlygy üçinmi ýa-da hakykymy geçi eýesi Welniýaz hem muňa guwanardy. Munuň aýdym saza örän erjellik bilen yhlasyny aňan ýegeni Ilmyrat sazanda köp gelip başlady. Köp çekilen zähmetiň netijesinde Nazara on üç perdäni öwretdi. Şeýdip iki üç aýyň içinde Ilmyrat bir dutarda öňden gaçardy Nazar bolsa bir dutarda onuň perdesini yzarlap kowardy. Muny görenler tüweleme Nazaryň eli dutara ýaraşýar diýerdiler. Ondanam başga Ilmyradyň birmahalky ýasap beren dilli tüýdügini hem saýradyp çalýardy. Nazaryň çopançylygynyň ikinji ýylydy. Kakasy Morsy häzirki Akdepe etrabynyň Alilioýly bagalarynyň arasyna göçdi. Nazar bolsa çopançylygy bilen geziberdi. Obany aýdym-saz bilen gönendirýär. Obada bagşyly toýlar bolsa Nazar hem barýardy. Käbir oba adamlary erteräkden gaýdaýsada Nazar ahyryna çenli diňlärdi. Ýöne indi Ilmyrat sazanda gelmeýärdi. Şonuň üçinem Nazar Öwezmädiň ýanyna baryp, Beggeldi bagşydan galan dutary çalardy. Nazar öňki aýdan iki ganat diwarymyzyň kölegesinde geçileri ýatyrýardy. Obanyň oglanlary bilen her güni günortan suwa düşmäge giderdiler. Şol wakanyň bolan günem Nazar oglanlar bilen suwa düşmäge gidipdi. Häki iki ganat köne diwar gübürdäp ýykylypdyr. Bäş-alty sany geçi aşagynda galyp lenç bolupdyr. Ýöne geçi eýesi geçileri halallap ýetişipdir. Nazar bilen suwa düşmäge giden Welniýazyňkylar suwdan süllerişip gelýärdiler. Bulardan Nazar nirede diýip sorasalar bilmediler. Nazar bolsa bu wakany ýolda eşidipdir. Gelmäge çekinipdir. Ilki Öwezmädiň ýanyna barypdyr. Öwezmät bolsa yzarlanarsyň bu ýerden git diýipdir. Soň Nazar Tonty doganynyňka Annagulylara barypdyr. Dogany Nazary çaýlap, naharlapdyr we agşam Durdylara ugratdy. Agşam olarda bolup ertesi Aşaky Baýyşly bagalara baryp, Abajyk ussanyňkylarda geziberdi. Soň birgün Aliloýdan Arazgeldi ata gelipdir şonuň atyna artlaşyp öýlerine barypdyr. Öýlerinde üç-dört gün myhmansyrap gezdi. Öýündäkilere aýdym aýdyp hezil berdi. Soňra kakasynyň hojalyk işlerine kömekleşip geziberdi. Soň kakasy: Nazarjan oglum men saňa bir gowy dutar alyp berjek. Holha aga-inileriň nädip ýörler. Gün görmek üçin her haýsysy biriniň gapysynda gul bolup ýörler. Şoňa görä sen hem güýze çenli gaýrata galaý özümize derekleriň birine kömekleşäý. Iň bolmanda güýz günleri harmanda adyňy tutarlar diýdi. Onda Nazar: «Kaka! men ýene geçi bakmalymy?» diýdi. Kakasy loh-loh gülüp: ýok oglum indi geçi bakmarsyňda içi bakarsyň diýdi. Kakasy çynlakaý äheňe geçdi we şeýle diýdi: «Eýdip-beýdip agaňy bir öýeräýsek onsoň gezek seniňkidir. Durmuşyň hemme gowulygy mydam zähmediň yzky ýoldaşydyr. Şoňa görä-de zähmet hökman çekmelidir» diýdi. Şeýdip Nazar şol ýyly dogany Döndülere kömekleşdi. Netijede agasy Maşany öýerdiler. Şu zatlaryň hemmesini Torumçydan tä Nazaryň ömrüniň ahyryna çenli bilýänler gürrüň berdiler: Arazgeldi ata, Annaguly, Taşyn, Mäweli, Arazmyrat dagylar. Nazar şol Arazgeldilerden geleli bäri öz öýleriniň hojalyk işlerinde gezip ýör. Nazaryň kakasynyň tabşyrmagy boýunça Ilmyrat oňa bireýýäm bir gowy dutar getirip beripdi. Nazar şol dutary bilen başga-da bagşy sazandalara gatnardy. Olardan tälim-terbiýe alardy. Ondan başga-da daş ýerdäki toýlara gidip bagşy diňläp gelerdi ondan öwrenerdi. Ol toýlarda Sapar süýrentgi, Söýeg bagşy, Biçeme kör, Pälwan bagşy, Döpdar köri diňlärdi. Şeýdip ýaş başyndan kämilleşipdi. Indi Nazara oba toýlarynda aýdym aýtdyrardylar Ilmyrat ýanynda gyjak çalardy. Oba adamlary berekella, tüweleme oglan bagşy diýip guwanardylar. Indi Morsynyňka niräniň bagşy sazandalary-da gelip başladylar. Indi Nazar il arasynda çopan bagşy däl-de oglan bagşy adyny gazandy. Morsynyň öýi gün-günden gelim-gidimli öýe öwrüldi. Nazaryň ejesi Gül ejäniň elmydama saçagy açykdy, dili mähriban sözlüdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |