09:32 Nazar Baga: Nazar meşhurlara duşdy | |
• Nazar meşhurlara duşdy
Aýdym-saz sungaty
Nazar ilerik gitmek hakynda köp oýlanýar. Haýran galyp aňyrsyna çykyp bilenok. Ileri ýurt diýýäniň atly aýagyna bir aýlyk ýolmuş. Şonça ýerlere meni äkidip bagşyçylygymy halypam güýçli berkitjekmiş. Bar diýeli berkiden ekenem-dä. Hany şonda halypa näme peýdasy barka. Halypa ondan hiç hili nep zat ýok ýöne oýlanyp görsem men ýakamy jüpläp tutup içimden begenmeli ekenim. Men nähili beýle durky bilen mähirden ýugrulan mähriban halypa duşupdyryn. Bu meniň üçin nähili ýokary derejeli bagt. Bu gelen bagty hernä göterip biläýsem bolardy diýip pikir etdi. Bu halypanyň göwün matlaby Nazara hemişe-de ýaraman duranokdy. Näme üçin ýaramasyn. Öňde soňda hiç bir halypa şägirdine şeýle zähmet siňdiren däldir. Nazary halypasy edil öz ogul-gyzlary ýaly gaty eý görerdi. Hat-da Nazar şeýle pikir ederdi. Munuň maňa edýän aladasy oýalygymdamyka ýa-da düýşümdemikä diýerdi. Başga bagşylaryňam şägirtlerinide görüpdik. Olar başgaçady. Olary halypalary daýhan ýa-da günlikçi ornuna ulanardylar. Sygryna ot ýygmak, orak ordyrmak, döwek döwdürmek, güýz aýlary bolsa buýan ordyrmak, ýandak çapdyrmak ýaly işleri ederdiler. Aýdyp otursaň tükenjek gümany ýok. Onsoň Nazar näme üçin halypasyndan minnetdar bolmasyn. Nazaryň halypasy Nazara ýatan çöpi galdyrtmazdy. Ol nazara gije-gündiz saz-söhbet etmek, çalmak, adamkärçiligiň ýokary sypatlary hakynda köp zatlary öwrederdi. Märekede özüňi alyp barmak, adamlara hormat goýmak ýaly zatlary näçeler gaýtalap öwrederdi. Netijede: Halypa bagşy, gyjakçysy, ýol serdary we Nazar bilen dört bolup ileri ýurda ýola düşdüler. Bular gidensoň Morsynyň öýüne-de tukatlyk aralaşdy. Bu ýol Nazarada garaňky ýaly bolup durdy. Her niçikde bolsa Nazar syz bildirenokdy. Ýolda gyzykly gürrüňler edilip barýardy gitdigiçe Nazaryň hem dünýäsi giňäp ugrady. Bular dört bolup ugran hem bolsa kerwenli ýolagçylar hem goşuldylar. Bular ugran güni iliň çetindäki çopanlarda ýatdylar. Bu aýdym saza zar bolan bendeleri aýdym saz edip gönendirdiler. Ertesi ýene ýollaryny dowam etdiler. Näçe gumluk, düzlik baýyr daglardan ötüp gyýalap sürüp gitdiler. Şol sürhä-sür bilen Balkanyň Hudaýberdisine bardylar. Bu ýerde bagşylary üç-dört günläp sakladylar. Bagşy daýy gelipdir diýişip toý berdiler. Iki günläp toýlarda aýtdyrdylar. Soňra bular Oglanly, käriz diýen ýerlerden geçip, Jebele bardylar. Ol ýerde iki gün toý, üç gün oturşma gurap aýtdyrdylar. Soň çagyryşma başlandy. Şol ýerde Rejep kakaňkylar toý tutýan eken. Bu toýuň bagşysy Sapar halypa eken. Şonuň üçin ýoluny mundan süren eken. Bu toýuň tutumy öňden tutulan eken. Sebäbi muňa Hywadan, Gubadagdan, Köneürgençden, Akdepeden hem adamlar gelipdir. Bular bu ýerde dört-bäş toýy sowmaly boldular. Halypa her toýda öňňürti Nazary aýtdyrardy. Nazar bolsa wagt az berilýär diýen manyda tüýs porhana dönüp aýdardy. Ýomut, Ahal, Saryh, özbek, çowdur her haýsynyň aýdymyndan aýdyp köpçüligi gülüşdirdi. Balkanlylar tüweleme Beggeldi bagşy daýym ýaly Nazar daýyda ökde diýişdiler. Ýöne muňa has ýaşlykdan berilen eken diýip tüwelemesini ýetirip haýran galdylar. Toýdan beýleki toý aralygynda Balkan ýigitleri Nazary halypasyndan sorap alyp oturşardylar. Şol oturuşmalarda Nazar beýleki milletleriň aýdymyny aýdandan soňra Amangeldi daýy seniň näme aýdymyňa düşünemizok. Ýöne öň görmedik, eşitmedik zadymyzyň äheňine täsin galyp gülüp içimiz gyrylýar. Soňra bulary daýymyza Şagadamy görkezjek diýip Şagadama äkitdiler. At aýagyna näçe gün ýöräp bardylar. Nazar dagyny gämide ýüzdürdiler. Bular gorkýar, olar bolsa gülüşýär. Soňra Nazary toý ýaly ýygnanşyp aýtdyrdylar. Nazaryň jahyl wagty öňki aýdyşy ýaly dürli milletleriň aýdymyny aýdanda köpüsine düşünmän, täsin galyp köp wagtlap gülüşýärdiler. Märekäniň beýemçileri goýha-goý edip zordan goýdurýarlar. Olar näme öňler özbekçe Işbaýdyr, Peşrewiňi nirede eşidip görüpdirler ýa-da gazaklaryň arýaýdyşyny görüp eşidenoklar. Şonuň üçin hem daýym ökde diýip gülüşýärler. Ol ýerde iki gün bolansoň ýene-de Jebele geldiler. Bu ýerde hem iki gün bolup dem-dynçlaryny alyp niredesiň Gyzylarbat diýip ýola rowana boldular. Gazanjygyň üsti bilen sürüp näçe günde Sary bagşynyňka bardylar. Halypa bagşy öňler bu ýerlere köp geler eken. Iki tarap öňden bir-birine gatnaşykly eken. Şonuň üçin Sary bagşy bulary mähirli garşylady. Sary bagşy goýun soýup myhman hormatyna oba çagyrdy. Sary bagşynyň bu hereketleri Nazara ýarady. Sary bagşy üç günläp bulary sylap-hezzet hormat etdi. Bu ýere nätanyş sazandalar hem geldiler. Halypasy Nazary görkezip ýaňzytdy. Muny sazyňyzdan tälim alsyn diýip getirdim diýdi. Hoş gelipdir diýip ýerli-ýerden halys üns berip Nazara sazyň hemme hünärlerini öwredip başladylar. Nazar bolsa zehinli oglan janybar der depip öwrenýär. Sazandalar: Tüweleme bu şägirdiň awçy guş ýaly sypdyrjak gümany ýok eken diýdiler. Soňra özara aýdym saz başladylar. Arasynda Nazary-da aýtdyryp gördüler. Nazaryň aýdymlary entek Hywa namalarydy. Ileriniň aýdymlaryndan: «Şirmaýy darak», «Ýar gara gözli» ýaly dört-bäş aýdym bilýärdi. Nazar köpüräk bilse-de çekinýän bolara çemeli. Sebäbi ýurtdaka ileriniň köpüräk aýdymlaryny aýdardy ahyry. Üç günüň her güni şeýle ýagdaýda geçdi. Nazar bolsa her güni ilki ýaly peýdalanyp öwrenýär. Myhmanlary hormatlap näçe ýere çagyrdylar. Her baran ýerlerinde şol aýdymdyr saz çalyşma. Netijede Nazary kemsiz gözden geçirdiler. Ýerli bagşy sazandalar Nazara köp sazlary, aýdymlary öwretdiler. Myhmanlar dördünji gün Kaka tarapa gidermen boldular. Myhmanlaryň hormatyna Sary bagşy-da bular bilen ugrady. Birnäçe günde Kaka däl-de bagşylaryň mesgeni bolan Gökdepä Suhanguly halypanyňka bardylar. Bu ýerde hem edil öňküleri ýaly iki gün boldular. Bu ýerde Çowdur kör diýen myhmanlara nätanyş bagşy-da bar eken. Bu ýerde bagşydyr, sazandalar has köpräk eken. Halypa bagşy başyna düşen ýaly her baran ýerinde Nazar barada ýaňzydýar. Onsoň ol halypa bilen gatnaşykly mähirli adamlar, gatnaşykly myhmanynyň hormatyna jany-teni bilen Nazara öwredýärdiler. Nazar hem yhlaslylygynyň netijesinde aýdymyna aýdym sazyna saz goşýar. Olardan peýdalanýar. Soň olar hem Nazary aýtdyryp gözden geçirdiler. Hemmesi diýen ýaly tüwelemesini ýetirdiler. Oturanlar Nazara: Ýa alla, ýa Jöwher çykarsyň diýdiler. Bular myhman halypa: Sen tüweleme şägirdi oňat tapypsyň diýdiler. Bu oturanlaryň arasynda Hywa Gubadagynyň ussat meşhurlary Garly bagşyny, Gylyçmät bagşyny ussatlyk gazanyp kyrk ýaşaman dünýäden öten Beggeldi bagşylary tanaýanlarda bardy. Olar bilen gatnaşar ekenler. Soň Suhanguly halypa Nazary ýanyna çagyryp edil eliniň aşagynda oturtdy. Öňürti dilden öwretdi. Soňundan perde, basuw, şabram kakuw ýaly köp zatlary öwretdi. Soň ikisi goşup çaldylar. Soň halypa tüweleme munuň ganat guýrugyny ýetirip diňe gobsunyp usmasyny öwretmäge getiren ekeniň dost diýip gülüşdirdi. Tapsaň lagl, tapmasaň lal diýip buda myhman halypasynyň sözüni gaýtalady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |