08:58 Nazar Baga: Ýokarly bagşy Morsynyňkyda | |
• Ýokarly bagşy Morsynyňkyda
Aýdym-saz sungaty
Morsy öýüne şeýle ussat bagşynyň gelenine begenip iki bolup bilmedi. Halypa Nazaryň sebäbinden bu öýe gelipdi. Öňler Morsy garyp wagty hiç kim gelmezdi. It gözlemez, pişik bakmaz, saçak ýazylmagan ýerde diýlişi ýaly. Indi Morsynyň hem saçagy ýazylyp başlady. Morsy kowum-hyşdyny çagyryp mal soýup uly hormat etdi. Halypany iki günläp sylag-hormat etdiler. Muňa deň duşlary hem çagyryldy. Morsyň dogan-garyndaşlary halypa bagşydan Nazardan bir zat çykarmy? diýip soradylar. Halypa jogap berdi Adamzat durmuşyň çarkandagyna görnetin özüni urman zähmet çekse, adamyň bolmajak zady bolmaz, Nazar diýeniň zähmetden tüýs bir irmezek adam. Garyndaşlary begenip gülüşdiler. Şeýdibem myhman bagşy myhman ýerinden rugsat aldy. Soň obasyna gidermen boldy. Nazary bolsa özüňiz eltersiňiz diýdi. Morsyňkylar Nazary eltmäge ejap edip iki aý gezdiler. Ahyrsoňy iliň igenjine çydaman eltdiler. Ýöne Morsyň öýüne tukatlyk aralaşdy. Nazar üçin hem aýralyk ýeňil düşmedi. Sebäbi Nazar onuň ýaly ýerleri öň görmändi. Kem-kemden öýleri hem Nazar hem öwrenişdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |