09:31 Nazar Baga: Oglan bagşy şägirt boldy | |
• Oglan bagşy şägirt boldy
Aýdym-saz sungaty
Nazaryň halypasy örän parasatly adamdy. Şeýle bolansoň Nazar tiz öwrenişdi. Nazardan öň halypasynyň Baky bagşy diýen şägirdi bar eken. Ol Nazar bilen il biriräk bolsada Nazar ony öň tanamandyr. Soňra Nazar her obasyna baranda onuň bilen aragatnaşyk saklapdyr. Azda-kände ondan öwrenipdir. Ýöne ol uzak ýaşamandyr. Nazaryň halypasy örän ussat bagşydy. Şeýlede bolsa ol örän kiçi göwünlidi. Adama örän mähirli, mähriban adamdy. Şonuň üçin Nazar özüniň halypasy bilen hem, obasy bilen hem örän tiz öwrenişdi. Obanyň ýigitleri nazary äkidip oturşardylar, aýdym diňlärdiler. Halypasyndan sorap äkidip toýlarda-da aýtdyrardylar. Indi toýlarda adamlar öňürti şägirt aýtsyn diýerdiler. Nazaryň özi hem aýdyma örän höwesekdi. Şeýdip ýat illerde şägirt-bagşy gün saýyn rowaçlanyp başlady. Nirä barsalar şägirt oglan aýtsyn diýip halys ýürege düşerdiler. Nazar geçiren iki ýylynyň içinde halkyň arasynda has gowy tanaldy. Nazaryň şägirtliginiň ikinji ýylydy. Kakasy Morsy bolsa ýene Gubadaga aşaky bagalara göçüp geldi. Nazar halypasyndan sorap her wagt öýlerine gaýdardy we täze oba bilen hem öwrenişip gitdi. Bu obanyň adamlary örän mähirlidi. Şeýdip tälim alyp ýörkä Halypasy Nazara men seni ileriniň bagşylary bilen tanyşdyraýyn, sebäbi sen olardan köp zatlary öwrenersiň olar örän ýiti sazanda bolýar diýdi. Halypanyň özi ileri bilen öňden gatnaşyklydy. Halypa Nazara ýene şeýle diýdi Sen ileri 1-2 mertebe diýip gelseň on üç perdäni milli barmaklaryňa düzüp gelene dönersiň diýdi. Soň ýurda gelensoň ýerli bagşylara garanda sen has tapawutly bolar duryberersiň diýdi. Nazar ylalaşdy. Şeýdip halypasy Nazary üç mertebe ileri äkitdi we meşhur sazanda-bagşylar bilen tanyşdyrdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |