08:54 Nazar Baga: Ýokarly bagşy | |
• Ýokarly bagşy
Aýdym-saz sungaty
Bu bagşa ýokarly diýilmeginiň sebäbi şeýle. Onuň ýaşaýan territoriýasynda han höküm sürüp durka şol ýere ýokary diýilýär. Alilioýly Manty bagaňkylar bir uly toý berdiler. Bagşysy öň toýlaryny sowup berýän bagşydy. Bagşy meşhur sapar süýrentgi lakamly bagşydy. Bagşy myhman ýerinde otyrdy. Siziň şu obaňyzda bir bagşy oglan bolmaly. Gözleri-de süsegen öküzçäniň gözi ýaly ady Nazar bolmaly. Eger-de şol şu märekede bar bolsa şony meniň ýanyma getiriň diýdi. Obadaşlary Nazary derrew tapyp getirdiler. Ýaňky ussat halypa Nazary aýtdyryp gördi. Soň tüwelemesi bilen berekellasyny ýetirip dürli äheňde magtady. Toýda ilki Nazary orta çykardy soň özi aýdyp il-güni gönendirdi. Indi ýaşlygyna garamazdan uly toýlarda aýtdyryp başladylar. Şol döwürde onuň gyjakçysy Ilmyrat sazandady. Nazaryň şeýle derejä ýetmeginiň sebäpkäride şu adamdy. Şonça siňdiren zähmetiniň şeýle netije berenine Ilmyrat çäksiz guwanýardy. Nazar başdan şeýle goldawlydy, arkalydy. Ol arkalyşykly tiz ýetişdi. Dagdan arkasy bolanyň daşdan ýüregi bolar diýilişi ýaly Halypa bagşam Nazara şeýle baha berdi. «Eger Nazar şu goldaw bilen häzirki yhlasyny ýaýmasa bagşyçylygyň iň beýik daragty bolup öser» diýdi. Soň bu aýdylan ajaýyp sözleri Nazara habar berdiler. Nazar bu aýdylan hoşamaý sözlerden ruhlandy we goltgy aldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |