NEBSIÑ TOÝNAGY
Oturanlara "bäý-bä" diýdiren bu hekaýaty Sapar diýilýän döşlüden dilewar ýigit şüweleñli oturşyklaryñ birinde süýjüdip gürrüñ berdi.
-Ha ynanyñ, ha ynanmañ, öz işiñiz. Ýöne biziñ obamyzda şeýle waka boldy. "Seýitguly çemeç" at aldy şo işi eden ýigidem.
- Hä-ä, ol nememi ~ goşa ýassygy tirsekläp keseräk ýatan uzynak ýigit derrew dikeldi. - Bu jelegaýda ilki firma açan mendirin diýip güpüleýän togalak kişi dälmi şo diýýäniñ?! "Şakyrdap duran pul bilen gökje dollary gazanmagyñ müñ-de bir ýoly bardyr" diýip dünýä sygmajak bolýa özem geçisi daga ýaýran wagty. Boldy, boldy bardyñ üstünden.
- Äý, firmaç bolaýşyñy señ. Halaly, haramy garyp-gatyp: "Men firma hojaýyndyryn" diýýänden daş etsin - diýip, çetde oturan garaýagyz adam haýalçyrap gürledi. - Gaty tiz yzyñdan ýetdirersiñ, nebsiñi ynsapdan öñe salsañ. Söwda hem pygamberli, hem şeýtanly pişe diýýäler. Şoñ şeýtanly tarapynda nebis terezisi, pygamberli tarapynda-da sogap terezisi duranmyş. Saýlaber onsoñ özüñ.
- Dur-la, men ýañky Seýitguly firmajyñ nädip gapjyk galñadanyny aýdyp bereýin. Onsoñ özüñiz terezä salyp görüberiñ ynsap bilen nebsi - diýip, Sapar ileri omzady. Hemmäniñ agzyna suw alan ýaly dymanyna ýagşy göz ýetirensoñ, ýylgyrybrak gürrüñ başlady.
"Aç-ha-aç" bolnanda Seýitguly dükançam işiniñ gapdalyndan firma açdy. Lomaý düşewündiñ gözbaşy görnensoñ-a asyl dükançydan firmaç öwrüldi gidiberdi. "Tereziden göze güýdüşip, on gram çiljek bolup ýa-da çotuñ bir düwmesini artyk kakyp, bäş teññe iýjek bolup durlan döwürleriñ ýüzüne köz degsin. Kör çeşmäni dörüp ýörüpdiris, ynha, derýa akyp ýatyrka. Beýle elpe-şelpelik nirede gören zadymyz" diýip, gübür-gübür edýä ýañky. Dükan işini başybitin taşlap, hususy "Rysgal" firmasyny açdy-da, ýortuberdi bir manady iki etmegiñ endişesi bilen. Bir oñarmadyk ýerem, özi ýaly hususyýetçilige ýykylanlaryñ aglabasy ýere ýapyşan, mal-garany köpeltmäge ymtylan bolsa, Seýitguly tüýs söwdagärligine tarap ýykyldy. Aldy-satdy, satdy-aldy. Özem arzany gymmat etmäge topuldy. Bir gezek dagy-ha: "Seýitguly pürslük agaç-tagta satýarmyş" diýilse, körpe oglunyñ rysgalyny aýran agasy gelipmiş.
- Inim, özgelerden bäş-üç manat bärräk bereweri maña, her niçigem bolsa agañdyryn. Görüp dursuñ, orlup-çapylyp körpe ogla jaý dikledik. Ýigrimi sany pürs aljakdyryn senden - diýen ýañky. Şonda hekeme çykan horaza meñzäp, petekesini gaýşardyp duran Seýitguly göwnübir jogap gaýtardy.
- Agam, "göreşde atañam bolsa ýyk" diýip eşidipmidiñ? Eşiden bolsañ, söwda diýenem şeýledir. Senden, ondan ýykylsa-da näme, lütjek düşen söwdagäriñ bardyr-da. "Biznes", "kommersiýa" diýleni şeýleräk oýun eken. Şoñ üçin ýeke teññe aşak düşer diýibem tama etme.
- Ahaw, gaty gidýäñmi sen. Men herniçigem bolsa, inimdir diýip dilimi dişläp durun häliden bäri. Indi bolmady. Etini iýmiş diýsänim, sen keýigiñ şahyna çykaryl bahalap dursuñ-a bu porsy agaçlaryñy. Ynsabyñy ýitirme. Soñam "Il aglak bolsa, doñuz depä çykar etseñ, uzaga gitmersiñ. Bilseñ "Kanagat bereketiñ ýarpysy" diýen ata-baba sözem bardyr.
- Bar-aý, agam, akylyñ köp bolsa, äkidip jara dök. Mañ akyl däl-de, pul gerek. Onsoñam ~ girre gahary gelen Seýitguly agasyna barmak çommaldan. Doñza deñäniñ üçin şu agaçlar mugt bolanda-da saña ýekesi ýetmez indi, düşdüñmi?
Hyrra yzyna öwrülen agasam gep alyp galmady:
- Pulmesi bolup sylaşyk serhedini depelän eşek diýerler saña. Bek belle: haramdan ýygnan ahyry garañky gorpa gapgarylýandyr. Päliñ-niýetiñ ýoldaşyñ bolsun, ylaýym!
- Bar, bar, it gargyşy gurda ýokýan däldir.
Bäş manat üçin atasyny satyp iýmäge taýyn boldy gidiberdi şeýdip Seýitguly firmaç.
Bir günem... Obany säher bilen eşekleriñ aññyrmasy oýardy. Gör-le muny! Seýitgulynyñ kireýine ulanýan "MAZ" maşynynyñ beýik kuzowynyñ içi durşuna hargulak bolup dur. Eşekleriñ hem-ä gaty daýawdygy, hemem biçak sarçdygy äpet maşyny sarsdyrýan dükürdilerindenem belli.
- "Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna" boldy meñki bu gezegem. Paýtagta baryp, gaz pejinden ýükleneýin, indi mugt gaz bolansoñ, hemme ýerde şo haryt geçginli diýen pikirim bardy. Içigar, o zawud-a remont, oñ dükanam işlemeýär görsem. "Gel-aý, büçe bolanyna görä, yzymyza boş dolanmaly" diýip, çarwalaryñ üstüne sürdük. Ine, gerek bolsa saña! Gatytakyr diýlen oýa geldik. Bäý, şu çopanlaryñ myhmansöýüjiligine-de, dilewarlygyna-da telpek goýaýmaly, how! Hezzet-hormatdan ýaña mesirgäp otyrkak, gürrüñden gürrüñ çykaýmazmy, ekin-dikinden. Ýapbaşyk telpekli bir çopan nasyny gapdala tüýkürip, geñ bir gep tapdy oturyberdi. "Soñky döwürde bir manadyny iki etmek üçin ylgaýan köpeldi, dogrumy?! Ýöne how, şularyñ gaty keçetelpek. Ah-aw, şolar soñky döwürde dowaryñ örüsiniñ otuny gögermedige dönderip ötägidýärler, naýynsapar. Maña galsa söwdany şondan urjak. Kolhoz-sowhozlar ýatyrylansoñ, obalarda her kim oñarsa ýerini özi sürjek, özi dökünlejek, barjak ýerine baýaminnet gatnajak. Şoñ üçinem her kim diñe traktor-maşyna garaşyp ýörmän, oñarsa at-eşek edinjek. Äkit ine, "hersi gulan ýaly dükürdäp duran ýabany eşekleri". Şeýdip boş gaýdyp gelýänime bozulan keýpim göterildi duruberdi. Bäş-üç manat berip, eli boşrak çopan-çoluklara ýigrimi-otuz eşegi tutduryp basdym "MAZ-a". Ine, güzlediber indi...
Elbetde, içi gülýän Seýitguly näçe böwrüni gyjyklasa-da, by "syry" hiç kime agzamady. Dogrudanam, oba içinde ady ýitiberen daýaw eşekleriñ hyrydary az bolmady. Emma, il ylla mizan terezisi, ýagşy-ýamanyñy derrew ölçäp beräýýär.
- Bir-ä öz idedip, bakyp-bejermedik malyñy, birem renjiñ-azabyñ siñmedik zadyñy bazara salyp satmak günä. Kowahada sygmaýan söwda bolýa onsoñ şuñky. Il göterýä diýip beýdiberse-hä bir belanyñ üstünden baraýmasa ýagşy.
- Hudaý-eý, halkyñ gürrüñi Hakyñ gulagyna ýeten ýaly-la, bu bolýan zatlara seretseñ! Köne ýataga gaýym gabalan "mallaryny" öz gözi bilen görüp gaýtmasa ynjalmadyk Seýitguly gijara şo ýere barýar. "Şükür, ep-eslini-hä ýerledim. Äl, özem diýen nyrhyña ýüzüni çytman alyp dur-aý adamlar. "Çemeçile çemçe kän" diýleni boljak bu-ýa. Nesip bolsa, şulary sag-aman ýerläp bilsem, ýene guma tarap depeýin. Maşyny mas ýükläp getiribilsem, ine, lükge girdeji..."
Süýji hyýallarda ýüzüp barýan Seýitguly özi bilmezden ýatagyñ jebis ýapylan işigini bat bilen açmazmy? Ýeri, içerdäkileri dañylgy duran malyñ hasap etdiñmi diýsene! Dar ýere gabalanyna gahar edip, bir-birini gapyp-depip duran eşekler yş görnenden hyzzynlap eñýärler şo tarapa. Eden telek hereketi giç ýadyna düşen Seýitguly işigi açyp ýetişmeýär. Sähra ýerinde agaýana gezmäge ram eden janawerler alagüpürdi bolup gaçyp gidýäler. Gollaryny gerip öñlerinde durjak bolan daýawy hatap ýaly açan agzynda gapyp, hol gapdala oklap goýberýär. Ýene turup ylganda-da, yzrakdan gelýän ýaltarak eşegiñ gaty toýnagynyñ aşagyna düşse nätjek?
Çigninden diş yzy geçen, çep böwrüniñ iki gapyrgasy döwlen, sag aýagynyñ injik süñki çatlan Seýitguly hassahanada bir aý töweregi ak hasa dolangy ýatdy.
Ilçilik-dä, gör-ä, tapýan gürrüñlerini!
- Ony gapyp-depip giden o haram janawerler däl-de, öz haram nebsi bolmaly.
Toba, nebsiñ toýnagy juda gaty borly.
Gurbannazar ORAZGULYÝEW.
Satiriki hekaýalar