13:17 Nemrudyñ oduny söndürmäge çagyryş | |
NEMRUDYŇ ODUNY SÖNDÜRMÄGE ÇAGYRYŞ
Edebi tankyt
■ Çeper eser we Beýik Galkynyş zamany Çeper edebiýat adama bagta barýan dogry ýoly salgy bermeli, ony şerden saklap, haýra gönükdirmeli, ynsan kalbyny saplap, oňa ýagşylyk tohumlaryny sepmeli. Netijede, özi, sözi, hereketi, edýän işi, pikiri-hyýaly, niýeti – bütin durky diňe haýyrly bolan ajaýyp ahlakly kämil adamlaryň köpelmegini gazanmaga hyzmat etmeli. Kämil adamlardan emele gelen jemgyýet hem, şeýle adamlaryň ýaşaýan ýurdy hem kämil bolup, ol ýerde abadan durmuş, gowulyga tarap ösüş, bereket, geljege beýik ynam, ruhubelentlik höküm sürýär. Diýmek, çeper edebiýatyň gerdeninde ynsanyň bagty, jemgyýetiň kämil, döwletiň berkarar bolmagy baradaky beýik wezipe dur. Edebiýat adamyň medeniýetli ýaşap başlan zamanyndan bäri şu wezipäniň amal bolmagynyň aladasynda. Edebi eser şu talaba jogap berip bilse, ol adamzadyň ruhy baýlygy, ruhy hemrasy bolup baky ýaşaýar. Beýik Galkynyş zamanamyzyň çeper edebiýaty hem halkymyzyň ruhuna ganat bermeli, gazanan mukaddesliklerimiziň gadyr-gymmatyny açyp görkezmeli, arzuwlanyp ýetilen şu günki bagtly ýaşaýşy wasp etmeli, adamlary ösüşlerimize badak saljak her hili bela-beterlerden ägä etmeli, jemgyýetimiziň kämilligine, milletimiziň jebisligine, nesillerimiziň geljegine, döwletimiziň berkararlygyna howp salaýjak görner-görünmez apatlardan goramaly. «Ýazyjy men, şahyr men» diýip, mübärek ak kagyza galam dürten kişi ýüregi, zehini, yhlasy, zähmeti bilen şeýle maksatdan ugur alyp, adamzat ýaşaýşynyň beýik hakykatyna gulluk etmeli. ■ Adamzadyň agyryly meselesi ýa-da «Garlawajyň gaýynyň» gymmaty Ýazyjy Kömek Kulyýewiň «Garlawajyň gaýy» powesti («Garagum» žurnaly, 2008, №9, 51-71 sah.) bütin adamzada degişli bolan häzirki zamanyň iň bir agyryly meselesinden söz açýar. Aň, tehnologiýa, medeniýet, eşretli durmuş babatda juda köp zat gazanan, juda köp zada eýe bolan adamzadyň ösüşlerine, jemgyýetiň sagdynlygyna zyýan ýetirýän neşe belasyna garşy bu gün bütin adamzat göreşýär. Köp belanyň körügi bolan neşäniň biziň şu günki bagtyýar durmuşymyzda hem duş gelýändigini ýaşyrjak bolmak Günüň öňüni etek bilen ýapjak bolmaklyga meňzär. Aýbyny ýaşyranyň aýňalmajakdygyny ata-babalarymyz pent edip ötüpdirler. Ýurdumyzyň dünýäniň iň kuwwatly döwletine öwrülmegi, jemgyýetimiziň kämil, ruhy taýdan sagdyn bolmagy, halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, nesillerimiziň eşretli geljegi üçin beýik hem sogaply işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz neşä garşy gaýragoýulmasyz hem barlyşyksyz umumyhalk göreşini yglan etdi. Turkmeniň şu günki bagtyna, milletimiziň ruhy hem beden saglygyna, nesillerimiziň geljegine, döwletimiziň berkararlygyna zyýan berýän neşäni aramyzdan köki-damary bilen ýok etmek ugrundaky göreşde raýatlyk hem ýazyjylyk borja ygrarlylyk bilen döredilen bu powest ony okan her birimizi biparh goýmasa gerek. Eserde neşe belasynyň diňe bir oňa agyz uran iki-ýeke adamyň ykbalyny, ömrüni weýran etmän, onuň maşgalasyna, goňşy-golamyna, dogan-garyndaşlaryna, obadaşlaryna, bütin jemgyýete, şonuň netijesinde umumy ýurda, külli adamzada zyýan ýetýändigi baradaky hakykat açylýar. Neşe söwdasy, ony ýaýratmak ýoly bilen haram baýlyga eýe bolmak, neşäniň men-men diýen negözel ýigitleriň ömrüni zaýalamagy, neşe bilen meşgullanýanlaryň adamçylyk ahlagynyň hapalanmagy, olaryň her hili jenaýatlara baş goşmagy ýaly ýagdaýlar we wakalar eseriň mazmunyny düzýär. Şeýle durmuş wakalaryny dürli çeperçilik tärleriniň, pelsepewi pikireriň, çeper keşpleriň, çeper diliň, dürli gömüşli duýgularyň üsti bilen janlandyryp bilmek ýazyja doly başardypdyr. ■ Eseriň gahrymanlary − öz tanyşlarymyz Edebiýat teoriýasy ylmynda «gahrymanyň tipleşdirilen keşbi, tipleşen keşp» diýen ýaly meseleler bar. Tipik keşp – bu eserde jemgyýetdäki adamlaryň belli bir toparynyň häsiýetini, pikir-hyýalyny, arzuw-islegini, duýgy-düşünjesini umumylaşdyryp özünde saklaýan edebi-çeper keşpdir. Ýa-da hakyky durmuşda bar bolan käbir adamlara mahsus ähli taraplaryň we häsiýetleriň jemlenip, eseriň gahrymanlarynda, keşplerinde berilmegidir. Şeýle keşpleriň ussatlyk bilen döredilmegi eseriň gymmatyny artdyrýar, oňa ömür berýär, durmuş hakykatynyň çeper eserde has ynançly şöhlelenmesine şert bolýar. Ussat ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň okyjylar bilen duşuşyklarynyň birinde biri ondan: «Artyk kim, ol hakyky durmuşda barmy, bolan adammy?» diýip sorapdyr. Ýazyjy şeýle jogap beripdir: «Hawa, ol hakyky durmuşdaky adam, ol siziň her biriňiziň obaňyzda bar». Ussat ýazyjynyň köpmanyly bu çeper jogaby eseriň gahrymanlary, keşpleri, olaryň tipleşen häsiýeti baradaky edebiýat teoriýasynyň ylmy meselesine sada hem örän jaýdar düşündirişdir. Şoňa görä «Garlawajyň gaýyndaky» gahrymanlaryň ýagşysynyňam, ýamanynyňam, ussat ýazyjymyzyň şol sözüne görä, biziň öz tanyşlarymyzdygyny, aramyzda ýaşap ýören adamlardygyny bilmegimiz gerek. Eserdäki ýaşajykka beýnisine şikes ýetip, akyl taýdan ösüşine zeper ýeten, ýöne özüni akyly ýerinde saýyp ýören kişileriň bitirmedik işini bitiren, ýetim Ugurly neresse, halal zähmeti bilen gün görüp, bu dünýäde bela-beteriň barlygyndan habarsyz bolup, ýekeje oglunyň neşäniň aýylganç girdabyna çümeninden äm-säm galyp, nesil dowamatyny ýitiren Patyşaguly aga, mazarynda başy «1970...» diýen sanly daş goýlan Batyr... biziň öz tanyşlarymyz dälmi näme?! Neşäniň haram puluna dänjiräp ýaşap ýören, adamçylyk sypatyndan, ahlagyndan nam-nyşan galmadyk Bally Kaşaň, Züleýha, daýawlygy bilen öküz lakamyny alan Pälwan Rüstem ýalylaryň bir obada bolmasa-da, beýleki bir obada bardygy hiç kime gizlin däl. «Bally Kaşaň ýalylar, neşeli wakalar biziň obamyzda ýok» diýilse, wah, oňa nä ýetipdir! Hany, şeýle bolaýsa! Ýöne şeýle kişileriň käbir ýerlerde bardygyny, bolandygyny gül ýaly zamanamyza, bagtyýar durmuşymyza hapa ýokmagyny islemesek, boýun almagymyz gerek. Geljekde Ugurly neresse, Patyşaguly aga, onuň ogly Batyr ýaly ak ýürekli tanyşlarymyzyň neşe oduna ýanmagyny islemesek, «Bela menden sowlup geçse bolýar» diýilýän pikire gulluk etmeli däldiris. ■ Nemrudyň ody näme? Eseriň ahyrynda Rabguzynyň: «Kysasyl-Enbiýa» kitabyndan alnan gysgajyk jemleme bar. Ýazyjy şu günüň wakalaryny gürrüň berip bolup, şol jemlemäniň üsti bilen okyjyny adamzat taryhynyň irki zamanlaryna, dünýäde haýryň berkarar bolmagy ugrunda çalşan pygamberleriň wakalaryna sary ugrukdyryp goýberýär. Onsoň Nemrut patyşanyň kimdigi, onuň odunyň nämedigi, Ybraýym aleýhyssalam, dünýäniň boluş-gelşi, adam, adamzat nesli, şu gün we geljek hakynda oýlanyber. Powestiň içinde Nemrudyň ody hakynda aýdylmaýar. Eseriň umumy häsiýetine, mazmunyna, ideýasyna görä, onuň ýazyjynyň wezipesine hem girmeýändigini aňlamak bolýar. Nemrudyň ody näme? Nemrut bütin dünýä patyşalyk eden dört patyşanyň (ikisi musulman – Süleýman aleýhyssalam, Zülkarneýin, ikisi kapyr – Nemrut, Bahtunnasyr) biri. Ybraýym aleýhyssalam bu kapyr patyşany we onuň halkyny imana çagyrýar. Nemrut Ybraýym aleýhyssalamy ýok etjek bolup, ony oda atmak isleýär. Şu maksat bilen bütin leşgerine dört aýlap odun ýygdyrýar. Ýygnalan odun bir agaçlyk (1 agaç - 6 km töweregi) ýeri tutýar. Onuň degresini deri bilen gaplap, daşyny kükürt bilen suwap, nebit guýup ýakýarlar. Ot kyrk gije-gündiz ýanýar. Ol oduň dört agaçlyk ýakynyna baryp bolmaýar. Onuň üstünde guş uçup geçse, ganatlary köýüp, ýere gaçýar. Şeýle oda dünýäniň hemme daglaryny salsaň, eräp gitmeli eken. Ybraýym aleýhyssalamy şeýtanyň maslahaty bilen ýasalan manjanyga salyp, şol äpet hem aýylganç oda oklaýarlar. Ybraýymyň köňlünde ondanam güýçli Taňrynyň ody bolanlygy üçin Beýik Allanyň gudraty bilen ol Nemrudyıi odundan halas bolýar. Bu dini-filosofiki rowaýat «Gurhanyň» aýatlarynda, pygamberler hakdaky kyssalarda, edebi mirasymyzyň köp sanly nusgalarynda beýan edilýär. Ol Magtymguly atamyzyň ikl setir şygrynda şeýle şöhlelenýär: Saklady nary-beladan Halylullany, Nemrut oduny oňa Kadyr gülüstan eyledi (Nury-iman eýledi). ■ Eseriň simwolik yşaraty Indi bize ýazyjynyň eseriň daşynda Nemrut patyşa bilen Ybraýym aleýhyssalam kyssasyndan bölejigi näme üçin getirendigi belli boluberýär. Biz eseri simwolik mana eýe diýip hasaplaýarys. Onuň tutuş mazmunynda, pikir gatlaklarynda syrly manylar, simwolik yşaratlar bar. Ony açmaga synanyşalyň. Eserdäki näletlenilýän neşe – bu bir zamanlarda bolan Nemrudyň odundan kem zatmy eýsem?! Imansyz Nemrut patyşa bolup, şol aýylganç ody ýakyp, adamzat nesliniň soňuna çykjak bolup ýörenler kim? Olar Hudaýyny ýatdan çykaran, adamçylyk ahlagyndan çykan Bally Kaşaň we beýleki neşekeşler, neşe ýaýradyjylar. Oda atyljak Ybraýym aleýhyssaiamyň umumy keşbinde bolsa, adamzat nesliniň keşbi jemlenýär. Eseriň mazmunynyň çäginde aýtmaly bolsa, onda Patyşaguly aga ýaly halal adamlary, Batyr ýaly men-men diýen batyr ýigitleri, Rüstem öküz ýaly aldanan biçäreleri görmek bolýar. Ýatlanan rowaýatda çüňki bilen suw getirip, Nemrudyň oduny söndürjek bolýan garlawaç bar. Şol garlawaç eserdäki ejizje Ugurly. Ol ejizje bolsa-da, bu apata garşy döş gerip göreşýär. Neşekeşleriň öýjüginde, Bally Kaşaňyň howlusynda görülmedik gaý turuzýar. Özi ölse-de, Bally Kaşaňyň tutulmagyny gazanýar. Ugurlynyň turzan bu gaýy eseriň orta gürpüräginde Patyşaguly aganyň dilinden aýdylýan garlawajyň gaýy bolmaly. Eseriň ady hem şundan gelip çykýar. Rowaýatdaky Nemrudyň ody üçin odun daşan gatyry-da, oduň üstüne çöp taşlan galazy-da (serçe), garaz, oduň ýanmagyna, güýçlenmegine hemaýat edenleri eserden tapmak mümkin. Olar Bally Kaşaňyň ýük – neşe getirýän ýaranlary, myhmanlary, gulluk borjuny, ynsabyny neşä satan, olar bilen arasy bolan polisiýa işgärleri... Ine, eseriň basyrylgy, täsirli simwolik manysyny biz şularda görýäris. ■ Ägä boluň, Nemrudyň ody dek neşe odundan... Beýik Allanyň ýaradanlarynyň iň beýigi adam bu jahana gelensoň, onuň öňünde ençeme ylahy hem dünýewi nygmatlar we beýik borçlar dünýäsiniň gapysy açylýar. Dünýä gelip, ýagty jahanyň howasyndan, ene süýdünden ganmak, ata-ene mähri, bigam çagalyk, edep, mekdep, heserli ýaşlygyň söýgi dünýäsi, hünär-bilim, zähmet, mukaddes ojak gurmak, perzendiňi edepli, ekramly adam edip ýetişdirmek, ata-enä, il-güne, Watana hyzmat etmek, gurmak, döretmek, ýagşy at galdyrmak, garaz, pederleriň geçen haýyrly ýörelgelerini geçip, ony hem nesliňe miras goýmakdyr. Adam ogluna berlen şeýle süýji ömre gapdaldan bir bela howp salsa neneň bor?! Onda-da adamyň öz eli bilen döreden belasy. Ol bela ulaşyp-ulaşmazlyk adamyň öz elinde. Ol bela – Nemrudyň ody dek aýylganç neşe ody. K. Kulyýewiň «Garlawajyň gaýy» powesti şu mesele hakynda oýlanmaga, onda-da çynlakaý oýlanmaga iterýär. Şeýle belanyň barlygyndanam habarsyz, parahat ýaşap hem işläp ýören kişileri habardar edýär. Aýyp-saýyp şol bela ulaşan kişileriň gözüni açýar, bu belanyň ýakyp-ýandyrýan otdugyny, ondan gaçmasaň ömrüň nesliň ýanyp-köýüp kül boljakdygyny açyp görkezýär. Nemrudyň oduna, aýylganç atom bombasyna deňelen neşe diňe türkmeniň däl, beýleki halklaryň hem göreşmeli ýagysy. Ýöne ýere ýazyjy eseriň dowamynda ýürekden gyýlyp: «Waý, günüňe, türkmen aga! Waý, günüňe, özbek eke! Waý, günüňe, gazak daýy!» diýip janyganok. Eseriň tutuş süňňünden: «Eý, adam ogly, ýanmajak, köýmejek bolsaň, özüňi, nesliňi oda bermejek bolsaň, neşe odunyň oňünden gaç, ony söndürmäge howluk. Ägä bol, Nemrudyň ody dek neşe odundan...» diýen bütin adamzada gönükdirilen çagyryş-owaz ýaňlanýar. Nury SEÝIDOW, «Türkmen dili» gazeti, 2008, 24-nji dekabr. | |
|
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |