11:48 Nowaýynyñ ýubileýinde ýazylan goşgy | |
NOWAÝYNYŇ ÝUBILEÝINDE ÝAZYLAN GOŞGY
Goşgular
Samarkant toý geýmin geýindi bu gün, Şäher şagalaňam başlandy has ir. Gyrata däl, aerostata atlanyp, Seýrana çykdy, gör, beyik Alyşir. Asmana çykdy, gör, beýik Alyşir, Zyňyp asyrlaryň agyr labyryn. Eger ol ýetişip bilsedi, häzir Guçardy bagtyýar nesliniň baryn. Şeýle dabaraly, şadyýan günde Heý saklap bilermi ýürek joşmasyn? Serediň, asmanda, belent asmanda Ýazýar ol özüniň täze goşgusyn. Ol goşgy diňe bir öz halkyna däl, Düşnükli alysdan gelenlere-de: «...Hossara mätäç däl diňe diriler, Howandar gerekdir ölenlere-de...» Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |