15:06 Nowgül / hekaýa | |
NOWGÜL
Hekaýalar
Nowgülüň adyny tutsaň, ýedi obanyň ýigitleriniň barysy birden yraň atardy. Hemmäniň ýetip bilmeýän arzuwy, islegi şoldy. Özümiň ondan iki ýaş kiçidigime garamazdan, ol gyzyň yşgynda menem bir entäp alypdym. Sekizinji klasy gutaran ýylym, raýon merkezinde orta mekdep okuwçylary üçin açylan lagere dynç almaga gaýtdym. Nowgülüň lagere terbiýeçi bolup gelýändigini eşidenimde bolsa, guran bokurdagymy arçap, töweregime garanjaklaberdim. Çünki, her gezek şähere gelenimde ony daşyndan görüp, köýüp, ýuwduna-ýuwduna giderdim. Kolhozara festiwal ýa sport ýaryşlary bolaýsa dagy, hemmäniň gözi Nowgüldedir. Ol aýdym aýdardy. Saçlaryny hallanladyp aýlana, öwrüle tans edende welin, aklyňy aparyp, yşkyňy joşdurardy. Eger-de şol ýyl tötänden lagerde gabat gelişmedik bolsak, meniň ony daşyndan söýüp ýörendigimi özümden başga hiç kim bilmezdem, eşitmezdem. Ol lagere günaşadan gelerdi. Özem her gelende bir dürli köýnek geýip gelerdi. Gök sowsany-da geýerdi, ýaşyl keteni-de. Ýöne meniň üçin iň owadany, iň enaýysy onuň mämişi köýnegidi. Şol köýnegini onuň özem gowy görýän bor-a çemeli. Ilki günem şony geýip geldi, iň soňky günem. Aralygynda-da birnäçe gezek geýip geldi. Men bolsam heniz-henizlerem mämişi köýnekli gyz görsem tolgunman durup bilemok. Ýatlaýan, Nowgüli ýatlaýan. Ýaşlygymy, tüýs ýürejigim bilen ter gyz söýen, tämiz günlerimi ýatlaýan. Ol wagtlar biz ýaşdyk, bigünädik. Päkdik. Terdik. Arassadyk. Kir-kimirsiz göwünlerimiz biziň sadalygymyz, ýaşlygymyz zerarly köp gezekler kösenen hem bolsalar, goý, bizden närza bolmasynlar. Howwa, men bir aýlap raýonda belli, owadan, aýdymçy gyzy ýakyndan synlap gezdim. Ýeke synlamak däl, men ony çyn ýürekden söýdüm. Örtenipler söýdüm. Gysga tomus gijelerini krowadymda gorsana-gorsana geçirerdim. Irden turanymdanam işikdäki bagyň aşagynda Nowgül bilen gürleşip, gülüşip oturan bedenterbiýe mugallymyny görüp, öz-özüm hapa bolardym. «Bu kim, men kim?» diýip, öz ýanymdan kemsinerdim. Onuň Nowgül bilen söýüşmäge-de, gezmäge-de haky bardy. Meniň welin hakym ýokdy. Kiçiligimi hasap etmäniňde-de, ol meniň terbiýeçimdi ahyry. Onsoňam okuwçy baraga-da, terbiýeçisine: «Men seni söýýän!» diýse nähili bor? Birhili bor. Ony golaýyndan görüp ýörmegem meniň üçin tükeniksiz lezzet. Men ony hyýalymda öpýärdim, gujaklaýardym. Özüni görenimde welin, sussum basylyp, dilim tutulýardy. Nowgül mende ilkinji bolup yşk oduny döretdi. Belki, ömür boýy ony ýatdan çykarybilmän ýörmegimem şonuň üçindir. Ol bir şäher gyzy, men bolsam sada oba oglany. Şonuň üçin Nowgül menden olar ýaly zada garaşýanam däldir. Näbilsin ol meniň içimde harasat gopýandygyny. ...Bir gezek bizi derýa boýuna, jeňňele gezelenje äkitdiler. Ýanymyz bilen Nowgül we şol bedenterbiýe mugallymy gitdi. Gür jeňnelligiň içinden geçýän derýanyň boýunda düşledik. Her kim bir ýana dagady. Nowgül bilen mugallym bolsa güzere suwa düşmäga gitdiler. Gözümde okum bolan bolsa, urjakdym şol wagt şolaryň ikisinem. Garama-gara yzlaryna düşdüm. Olar çykaryndylar, suwa düşdüler. Suwuň içinde-de, gyrasyna çykybam kowalaşyp, basalaşyp oýnadylar. Bu ýagdaýy görüp meniň bolmajym boldy. Özüme erk edip bilmän agladym. Men Nowgülden beýle zada garaşamokdym. Juda beýder öýdemokdym. Aýtmanymda-da ol meniň söýýänimi bilmeli dälmi? Sarpamy saklamaly dälmi? Ýüregim gyýym-gyýym bolup gitdi. Özümi ejiz duýdum. Şu çaka çenli Nowgüle hiç zat duýdurmandygyma puşman etdim. Agşam, şähere gaýdyp gelenimizden soň, bir çete çykyp, Nowgüle hat ýazdym. Ýazdym, söýýän diýip. Öňki-soňky ahmyrymy iki tagta kagyzdan çykardym. Ertesi irden haty bereýin diýip barsam, ol mugallymjyk eýýäm Nowgüli alkymlap otyr. Meni görüp gaýra süýşen boldy. Beräýeýin diýdim oturgyç bilen depesine. Näme diýjegimi bilmän ýaýdanyp durşuma: «Ertir öýe gidip geleýin-le, mollum!» diýen boldum. Sesim welin özümiňki däl. Şeýle bir ebeteýsiz çykdy welin, özüm utanyp gitdim. Olam: «Ertir başga-da gidýän köp, sen birigün gidäý» diýdi. «Hoş!» diýip, çykyp gaýtdym. Gapynyň agzynda durup, Nowgüliň ýeke galaryna garaşdym. Emma, ol gün näçe garaşsamam, haty oňa berip bilmedim. Ertesi ir bilen maşk edip bolanymyzdan soň, ýuwunyp durkam, Nowgülüň ýeke özuniň jaýa girip barýanyny gördüm. Ylgap gidip tumboçkadan haty alyp geldim. Işikden çykjak bolup durka, haty eline tutdurdym-da, özüm ýatýan jaýymyza tarap ylgadym. Ertirlik nahar başlanmanka bellisini bilesim gelip, damagym gurap barýar. Krowadyň gapdalynda köwejeklap durkam, «ýyrş-ýyrş» edip Nowgül geldi. Elinde-de meniň hatym. Aşak bakyp durşuma hatly eliniň maňa tarap uzanyny bilýän. Bütin süňňüm bilen galdyrap durun. Zordan ýüzüne seretdim. Ýylgyrdy. Azajygam gyzardy. Al ýaňagyna gözüm düşenden bildim men onuň gyzaranyny. Seýmedik bolsa-ha gyzarmazdy diýip, soň-soňlaram göwnümi hoşladym ýördüm. Diňe bir gyzarmak däl, sesem sandyrady: —Neme... Al munyňy... Sen menden kiçi ahyryn, Muhy jan. Ýöne men senden gaty göremok, senem menden öýkeläýme... Onsoňam... Soňuny eşdemok. Eşidesimem gelmedi. Nädeýin eşidip. Bolmady. Bolmajagyny-ha aňýadymam welin nätjek-dä. Indi ýöne masgara bolanymy hiç kim bilmänkä göterilmeli. Şeýle bir ýüzüm gyzýandyr welin, hoşuň gelsin. «Lap-lap» edip howur berişini özümem duýýaryn. Özümi ele alyp bilmän kän kösendim. Jaýdan çykyp barýarka Nowgülüň: Gamlanma, Muhy jan, sen gowy oglan... — diýenini çalaja eşdip galdym. — Nahardan gijä galaýma! — diýeninem bilýän. Nahar işdäň alarmy ondan soň. Köp pikirlenip durman, zatjagazlarymy, çalşyrgyç üçin saklap ýören köýnejigme duwdüm-de, ýatakhananyň köçe tarapky peňjiresinden böküp, yzyma garaman oba tarap eňdim. Şol gün agşam öýde, ýüňleri çykyşyp duran, köne ýorganyň içinde ýatan ýerimde: «Bolup ýatyşyň şü, ýene-de Nowgül ýaly gyzdan hantama bolýaň» diýip, öz-özümden utandym. Gaýdyp Nowgülüň gözüne görünmezligi ýüregime düwdüm. Şondan soňam birnäçe gezek Nowgüle gabat geldim. Her gezegem ýüzüne seredibilmän, aşak bakyp geçerdim. Ol welin: «Muhy, gurgunmyň, hany salamyň?!» diýerdi. Geçip gidensoň onuň yzyndan seredip, köneje welosipedime ýaplanyp kän durardym. Egninde mämişi köýnegi bar bolan wagty-ha garasy ýitmese gözümi aýyrmazdym. Soň-soňlar ol täze gullukdan gaýdyp gelen, ştangaçy, daýaw, Gulberdi diýilýän bir oglan bilen tirkeşip ugrady. (Bedenterbiýe mugallymy bilen uzak gezmedi). Ol oglan diýseň kiçi göwünli, sada ýigit ekeni. Bir gezek raýon merkezinde mekdebara spartakiada boldy. Şol gün oýunlar gutaryberende ol meniň ýanyma geldi-de: — Salam, dost, şaher oglanlary seni urjak bolýalar, häzir bol. Ýöne gorkma, men seni oba barýançaň ugradaryn — diýdi. Şondan soň Gulberdi bilenem dost bolup gitdik. Bir ýola men ondan: «Nowgül hatyňy birinji gezek bereniňden aldymy?» diýip soradym. Ol güldi. «Ýok, üçünji gezekde aldy». Men içimden: «Häý, menem beriberen bolsam boljak eken-ow!» diýip ahmyr etdim. Ýene-de öz gowşaklygymdan göwnüm galdy. Nowgül ýaly gyzyň söýgüsini gazanyp bilen ýigidi gözümiň gytagy bilen synladym. «Bu dogrudanam şoňa mynasyp» diýip öz-özüm tassykladym. Gulberdi menden şo-ol bedenterbiýe mugallymy hakynda hem sorady. «Şeýle-şeýle diýýäler welin şol dogrumy?» diýdi. «Ynanma!» diýdim. Gulberdi bilen dostlaşyp tirkeşip ýörenimsoň Nowgül bilenem öwrenşip gitdim. Men öňki Nowgüli, mämişi köýnekli Nowgüli henizem söýýärdim. Häzirki Nowgüli bolsa dostumyň gelinligi hökmünde hormatlaýardym. Bir wagtky meniň beren hatym hakynda Nowgülüň oýundan, çyndan ýekeje gezek hem agzamandygy üçin, men oňa ömürlik minnetdar. «Duýgusyny äsgermezlik etmäýin» diýendir-dä. Şol ýylyň tomsy men mekdebi gutaryp, Aşgabada okuwa gitdim. Gulberdi bilen Nowgülüň toýuny hem görüp bilmedim. Gulberdi neressäniň ömri gysga ekeni. Nowgül bilen ýyl ýaryma golaý ýaşaşyp- ýaşaşmanka, tarpa-taýyn ýogaldy. «Ýürek agyryly ekeni» diýdiler. Ýöne men-ä onuň: «Ýüregim agyrýa» diýenini eşitmändim. Nowgüli hem şondan soň göremok diýen ýaly. Okuwy gutarybam Aşgabatda işe galdym-da, oba hem kä wagt bir barylýa. Onda-da gabat geleni-hä görýäň, gabat gelmedigem galyberýä. Ine, seredip otursam, ondan bäri eýýäm ýigrimi ýyl geçipdir. Ýyllar biziň den-duşlarymyzyň, dost-ýarlarymyzyň birnäçelerini özleri bilen alyp gitdiler. Galanlaryny bolsa üýtgetdiler. Daş keşplerini, hüý-häsiýetleriii üýtgetdiler. Dek düýnüň özünde men Nowgüle gabat gelmedik bolsam, bu zatlar barasynda belki, henizem çynlakaý oýlanmasam oýlanmazdym. Durmuş bir akyp ýatan derýa. Onuň öňünden sowlubam bolanok, sowubam bolanok. Men ony görenimden tanadym. Heý-de tanamanmy?! Egninde mämişi köýnegi ýok diýäýmeseň, ol henizem şol birwagtky ter Nowgüli ýadyňa salyp dur. Siňe seredäýmeseň, geçen ýyllaryň goýan yzlary kän bir bildiribem duranok. Şol bir dykyzlygy, alçaklygy, çalasynlygy. — Ýagdaýlaryň niçik?! — diýip beren soragyma: —Aý, biziňkem bir dul mydarydyr-da — diýip gümürtik jogap berdi. Onuň häsiýetinde uly özgerişligiň bolandygyny derrew aňdym. Öňki Nowgül heý-de, şeý diýermi? Diýmez! Ölse-de diýmez. Ol buýsançlydy, merdemdi. —Nowgül, ýör öýe baraly, duz dat, çaý iç, çagalary, gör! — diýdim. Ol ýüzüni ynjyly çytdy. —Men howlukmajrak. Agşamky otly bilen gaýtmaly. Ýör, bolmasa myhmanhana baraýaly. Şol ýerde ine-gana gürleşeris, könäni ýatlaşarys. Soňam meni ugradyp goýbärsiň... Nowgül meniň golumdan tutup diýen ýaly, myhmanhanadaky bir adamlyk otagyna eltdi. Çaý goýdy. Başga-da oduk-buduk getirip, orta goýdy. Nowgül meniň gabat garşyma geçip oturdy. Häzir içgin synlap men onuň ter ýaňaklarynyň diýseň, diýmeseň, könelişip başlandygyny, alkymynyň sallanyp, dişleriniň az-kem saralyp ugrandygyny gördüm. Bir mahalky hallan atýan gara saçlaryň indi menzili gysgalypdyr. Bolsa-da, entek özüni gaty bir elden bermändir. Belki-de, meniň göwnüme şeýledir, kim bilýär. —Ýigit bary yzymdaka men özümi dünýäde iň bir bagtly adam hasap edýärdim — diýip, ol turuwbaşdan könäni ýatlap başlady. — Emma men kembagt ekenim, Muhy jan. Kembagt bolmasam, iki ýyla ýetmänkä bagtym suwa çökermidi? Şol gidişi-gidişi boldy. Ilki-ilkiler-ä göwnüme ýalan ýaly, ol geläýjek ýaly boldý durdy. Soň bildim çyndygyny. Bileňde nätjek diýsene? Başga hiç kime göwnüm urmady. Ýekeje gyzymy saklap oturdym. Borjumy haklap oturdym. «Ýigit ýasy ýedi ýyl» diýip, ýedi ýyl ýedi aý oturdym. Bir görsem ömrüm köýüp barýar. Ýigit barynyň arzuwy Nowgül dünýeden bipaý geçip barýar. Gizläp nädeýin, Muhy jan, ýaryldym. Ahyr ýaryldym. Nädeýin. Menem janly-jandar ahyry. Nowgül ýaşaran gözlerini süpürdi. Maňa gezek bermän gürledi. Menem sesimi çykarman dinläp oturdym. Seniň ýagdaýlaryň nähili?! — diýip, ahyry menden sorady. — Durmuşyndan razymy? — Gül ýaly, kem zadym ýok. Men muny hamala Nowgüle gyjalat bermek üçin aýdan ýaly, ol ýüzüni çytyp, aşak bakdy. Dodagyny dişläp, ýürekgyýdyryjy görnüşde ýylgyrdy. Köýneginiň üstünden buduny sypalap oturşyna, gaşyny galdyrman sorady: — Könäni ýatlaýaňmy, Muhy? — Heý, onam bir ýatlaman bormy? — Maňa hat bereniňi bilýäňmi? — Howwa-la. —Näbileýin, ýatdan çykaraýdyňmykaň diýdim. Şol gezekki utanyp ýüzümiň gyzaryşy, Nowgülüňem gyzaryp, sesiniň sandyraýşy şu günki ýaly ýadyma düşýär. Häzir welin ol zatlary arkaýyn ýatlaýa. Gürleşip ep-eslk oturypdyrys Birdenem Nowgül humaý gözlerini süzüp maňa seretdi. Üýtgeşik bir hyrydar nazara duçar boldum. Beýle ahmyr gatyşykly maýyl gözleri men şondan öňem göremok, soňam. Onuň sesi sandyrap çykdy: —Ahmyrdan çykasyň gelenokmy? Men aňk-taňk boldum. Bu sözler meni iki gulagymdan tutup getäräge-de, ýeriň biline çalnan ýaly etdi. Agyr töhmediň astynda galyp barýan ýaly demikdim. Meniň ýakmaz bir zat aýdaýmagymdan howatyr eden Nowgül howlukmaç gürledi. —Ine men, ine-de sen. Şu jaýda ikimizden başga janly jandar ýok. Göwnüňde arman galmasyn. Sen birwagtlar meni söýüpdiň, ýaşlygyň päk söýgüsi bilen söýüpdiň. Men seni hiç wagt ýatdan çykarmandym. Ýüregiňde arman galannam bilýän. Al, göwün solpyňdan çyk! Ajal deri diýýänleri hem şondan sowuk däl bolsa gerek, meni şeýle bir der basdy, hudaý, saklasyn, ömrümde beýle zulum gören däldirin. Ýatyrkam gara basanda oýanmanyň tärini tapýardym. Häzir welin, turup ötegitmäge göwrämde gurbat tapmadym. Hyýalymda Gulberdi neressäniň keşbi peýda boldy. Onuň berdaşly göwresi eplem-büklem bolan köne demir ýaly elhenç, naýynjar göründi. Bileje iýlen tagamlar, gyzgyn gatnaşyklar, galyberse-de, onuň köýen ömri ýadyma düşdi. Bu alabeder dünýäniň ýakasyndan tutaga-da, maňlaýyna beräýesim geldi. Usullyk bilen ýerimden turdum-da gapa tarap ýöneldim. Gulply gapyny açjak bolup, dyzap durşuma yzyma bakyp ysgynsyz ses bilen: «Açary ber!» diýdim. Nowgül şol bir oturşyna sag elini ýaňagyna diräp, maňa bakyp, ýylgyran bolup otyr. Nä ýygyrmak. Ine-de, ol ýerinden turup başyndaky ýumşak ýaglygyny aýryp taşlady. Ýakasynyň tylla bendini ýazdyrdy, öňküsiiden sähelçe-de mizemedik ak alkymyny sypalap goýberdi. —Men bu gapa ýalňyşyp gelipdirin, Nowgül! Aç gapyny. —Men oňa golaý bardym. Ýalbardym. — Haýyş edýän, aç gapyny. Men seni söýüpdim, Nowgül. Mämişi köýnek geýen Nowgüli söýüpdim. Emma ol öwsen şemallar bu wagta çenli ýeriň daşyndan gör, näçe gezek aýlanandyrlar. Meniň maşgalam bar, öýüm bar, çagalarym bar. Ikimiziň aramyzda bolsa, Nowgül, dost sarpasy gala bolup dur. Men ol galany ýumrup bilmen. Men şol gezek senden öýkelemän gidipdim. Senem menden öýkeleme. Saňa sapak berip biljek däl. Öz eliň, öz ýakaň. Isleýşiňçe ýaşa. Ýöne meniň bilen dostlarça hoşlaş, Nowgül! Ol ýene-de stoluň başyna geçdi. Iki elini kükreginiň üstünde çalşyryp goýdy-da, uludan bir sowuk demini aldy. —Durmuş bir ýolagçy otlusyna meňzeýär ekeni, Muhy jan. (Ol özüniň bary-ýogy iki ýaş uludygyna buýsanyp ömür boýy maňa: «Muhy jan» diýip geçdi.) Ýolda duşýaň, ýolda-da aýrylyşýaň. Ol otludan bir düşen bolsa, gaýdyp oňa münmeýär. Gulberdi neresse gözümiň öňünden gidenok. Ýygy-ýygydan düýşüme girýär. Emma indi ol ýok... Nowgül ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy. Gelip gapyny açdy. Ýuwaşlyk bilenem yzyna dolandy. Baryp, diwanyň üstünde, goşa dyzyna bakyp kän oturdy. Göz ýaşlaryny sylyp, başyny galdyrdy. Penjireden uzaklara seretdi. Howwa, penjiräniň ed-dil agzyndaky gök şahalara, onuň üstündäki jürküldeşýän serçelere däl-de, has aňryk, has uzaklara seretdi. Men usullyk bilen otagdan çykdym. Hoşlaşman gaýdanyma birhili boldum-da, ýene yzyma öwrüldim. Gapydan boýnumy uzadyp bu biçäre aýala, bir mahalky ýetibilmeýän arzuwyma: «Hoş, sag bol, Nowgül!» diýdim. Ol tisginip bärsine bakdy. Birdenem sandyraýan elleri bilen ýüzüni tutup, aglap başlady. Göwresini diwanyň üstüne taşlap, ýüzüni ýassyga berdi. Onuň ýanan ýüreginiň agyr nalasy ömür gulagymdan gitmez. Gitmejegi çyn şonuň. Hernä, açyk howa birneme özüme getiräýdi. Barýançam agyr pikirlerden açylar ýaly, öýe pyýada gitmegi ýüregime düwüp, köçäniň ol tarapyndaky trotuara düşdüm. Kükregimi ýelden dolduryp, öýkeniminň howasyny täzeledim. Myhmanhananyň onlarça penjireleriniň içinden Nowgülüň bolýan jaýynyň penjiresini agtardym. Şol wagt açyk peňjireden bäri seredip duran Nowgüle gözüm düşdi. Ol aglaýardy, gollaryny ysgynsyzlyk bilen bulaýlaýardy. Egninde bolsa şo-ol bir mahallarky ýaly al ýaňaklaryna al goşýan ýukajyk, mämişi köýnegi bardy. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |