NURY HALMÄMMEDOWYŇ MAZARYNYŇ BAŞYNDAKY OÝLANMA
Beýik ogullaryň kysmaty şeýle:
Göriplik ir gazýar olaň gabryny.
Duýmadyk seň ýürek awularyňy,
(Oturdyň ikiçäk gözüň gubarly).
Ozaldanam zardyň ata mährine,
Ganmadyň mukaddes ene mährinden.
Doýurdyk biz seni olara derek,
Ýüregiňe barýan töhmet zährinden.
Beýik-beýik daglaryňa sygyndyň,
Daglar boldy köňül beren syrdaşyň.
Nazarym eglense dogduk diýarda
Ilki bilen ýada düşýäň gardaşym.
Barmaklaryň hünärine boýun men,
(Oňa boýun däl adamy aparyn)
Ýürek owazyňa diň salyp mydam,
Ýalňyz çagym ýitigimi taparyn.
Gezen daglaryňda seýil etdim kän.
Tagarowda gördüm aýak yzyňy.
«Daýnanyň öňüniň beýik arçasy...»
Saklapdyr oglankaň çalan sazyňy.
Wagt boldy, gideýin men, hoş indi.
Ýürek köşeş, keç ykbaldan nalama.
Bu gün ýene ýolagçy men daglara,
Nury dogan, Daýna barýan salama!
▶ OTUZ ÝEDIDE BASYLAN
GOJANYŇ MONOLOGY
Bir gije döküldi öýüm,
Ellerimi baglap gaýym,
Biri diýdi: «Halk duşmany,
Edersiň indi puşmany».
Açyldy gözüm Sibirde,
Geçdi aý-günüm jebirde.
Hiç kim ýetişmez dadyňa,
Garamazlar perýadyňa.
Goly bagly, gözi girýan,
Bendilerden doly çar ýan.
Tutulan kim, atylan kim?
«Dost» dilinden satylan kim?
Biri olaň narkom bolan,
Başga bir gorkom bolan,
Başy çal saç gojalar bar,
Perişde deý uýalar bar.
Gerçek dogan-gaýalar bar.
Çüýrediler türmelerde,
Mekan tutup garymlarda.
Köpüsiniň ýok mazary,
Ýürekde olaň azary.
Ýüz müň, million ýa on million,
Hiç bir takyk san däl aýan.
Ýaşap ýören bu jahanda,
Halkym, Watanym dahanda.
Ogul, gyzym, agtyk-çowluk,
Durmuşym bar ajap-gowluk.
Ýöne göz öňümde mydam,
Tiken sim, tüpeňli «adam».
Çukur. Müňläp-müňläp maslyk,
Ölenler dur dardan aslyp.
Ýary-ýardan aýran «serdar».
Öz halkyny maýran «serdar»...
Göz ýetirdim hakykata,
Indi bir goýbermäň hata!
▶ «ÝUMŞAK ELLEŇ BILEN
EGNIME KAKÝAŇ...»
Meret Temmimowa
Durnagöz çeşmäniň gözbaşy ýaly,
Dury gözleriňi güldürip bakýaň,
«Ine, munyň bolýa, jan inim!» diýip,
Ýuşmak elleň bilen egnime kakýaň.
Hil-hil bolýan eken adamkärçilik,
Öwrülip barýar ol juda gytlyga.
Başyňa iş düşse begenýänler kän,
Deň şärik bolýanlar az-la şatlyga?
Oýlanýan gijeler kellämi tutup,
Çarkandakly ýollaň garamaty kän!
Gytçylyga dönýär mähir diýen zat,
Eýsem bu nämäniň alamatyka?!
▶ DÜNÝÄDE ÝAŞAP ÝÖRKÄŇ
Mukaddes iýen duzuň,
Diregiň – söýen uzuň.
Az eken segsen, ýüzüň...
Dünýäde ýaşap ýörkäň.
Gijesi bar, gündizi,
Aýy, Güni ýyldyzy.
Ne ajap gyş, ýaz, güýzi
Dünýäde ýaşap ýörkäň.
Kim geçer, kimler geler,
Kim aglar, kimler güler,
Derdiňi kimler biler?
Dünýäde ýaşap ýörkäň.
Bäş gün süreli döwran,
Gelmen-ä öwran-öwran!
Ýagşy-amandan öwren
Dünýäde ýaşap ýörkäň.
Zemin, arşa höküm bar,
Menden bagtly kim bar?
Şeý diýmäge hakym bar
Dünýäde ýaşap ýörkäm!
▶ «GÜÝÇSÜZLIKDEN JEBIR
ÇEKÝÄN DÜÝŞÜMDE...»
Güýçsüzlikden jebir çekýän düýşümde,
(Huşumda-da kän öwünip bilmerin).
Arkaňda direnip duran bolmasa,
Bilýän muny, hem öwülip bilmerin.
Ikiçäkkäň öwen borlar ýuwaşja,
Eşdäýmezi ýaly başga biriniň.
Öwmezler öwmeli ýere gelende,
Agzyna mum çalnan ýaly barynyň.
Durnagöz çeşmäniň gözbaşy ýaly,
Dury gözleriňi güldürip bakýaň.
«Ine, munyň bolýa jan inim!» diýip,
Ýumşak elleň bilen egnime kakýaň.
Hil-hil bolýan eken adamkärçilik
Öwrülip barýar ol juda gyslyga.
Başyňa iş düşse begenýänler kän,
Deň şärik bolýanlar az-la şatlyga?!
Oýlanýan gijeler kellämi tutup,
Çarkandakly ýollaň garamaty kän!
Azalýan ýalymy mähir diýen zat,
Aýdyň, bu nämäniň alamatykan?!
Goşgular