16:11 Nury Halmämmet: Beýikler birleşdi - beýik döredi | |
BEÝIKLER BIRLEŞDI - BEÝIKLER DÖREDI
Edebi makalalar
Marynyň ortasyndaky kinoteatrda “Aýgytly ädim” kinosy günde üç gezek görkezilýärdi. Gara gözelejik, gaşlary gözüne kölege berip duranja bir oglan bu kinony her gün üç gezek görýär. Artyk “Aýna” aýdymyny aýdýança ol parahat ýaly. “Aýna” başlaýaram weli, ol oglan bu dünýäni unudýar. Aýdym tamamlanansoň, elýaglygy bilen gözýaşlaryny sylýar. Begenip aglaýanyny, gynanyp aglaýanyny bilenok. Şeýdip ol oglan bu kinony on sekiz gezek gördi. Ýene-de görjekdi weli, kinony başga şähere alyp gidäýdiler. “Aýgytly ädimi” on sekiz gezek gören oglan, soňra meşhur aýdymçymyz bolan Atageldi Garýagdydy. Ol Aşgabatdaky sazçylyk uçilişede okap ýörkä, mugallymasy oňa “Aşgabat” diýen aýdymy öwredýän günleri bir gezek gapyny bir kişi açdy weli, mugallyma ony çagyrdy. ─Gelsene, gelsene. “Aşgabady” öwrenýäs, diňläp gör. O geleniň özi roýal başyna geçip çalyp başlady. ─Jigim, “Aşgabady” çynyň bilen aýdasyň gelýämi? ─Hawa. O kişi örän ezber hem joşgunly çalyp başlady. Birdenem sazy kesdi-de: “Jigim şu taýyny göni alma, sesiňi gaýnadyp, esräp aýt” diýdi-de özi aýdyp berdi. ─Bilýämiň, men şu sazy seniň üçin ýazdym. Hany, başlaly. Bu pianino başyndaky tokgaja adamyň şo-ol on sekiz gezek aýdymyny diňlän Nury Halmämmetdigini, gelejekki dosty we ýakyn howandary boljak Nury Halmämmetdigini, aýdymlaryny aýdyp, beýik şöhraty paýlaşjak Nury Halmämmetdigini, beýik şahyrymyz Gurbannazar Eziz bilen dostlaşdyrjak Nury Halmämmetdigini Atageldi bilmeýärdi. Şondan soň Nury Atageldi bilen ýygy-ýygydan duşup başlaýar. Atageldi uzak wagtlap bu ahwala ynanman gezýär. Öňler adyny eşidip, aýdymlaryny aýdyp, guwanyp ýören kompozitory, pygamber ornunda görüp ýören kompozitory birden onuň bilen bile gezip ýör. “Düýşüm däldir-dä”. O geçen günleri ýatlanda Atageldi şeýle diýdi: “Şo günleriň birinde Nury meni ors bazaryň içi bilen alyp barýar weli, başym buluda degip-degip gidýä. Men özümi jennetde ýaly duýýan. Ähli kişi bize seredýän ýaly, asyl, aýagym ýere degmän barýan ýaly”. Atageldi Nury Halmämmediň aýdymlaryny iň köp aýdan aýdymçy. Meşhur pianistkamyz Orazgül Annamyradowa ikisi öňki SSSR-iň çäklerinde we daşary ýurtlarda Nury Halmämmediň eserlerini iň köp propagandirlän ynsanlar. Bir gün Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda Atageldi Nury Halmämmediň bir aýdymyny aýdanda zal joşup el çarpypdyr. Atageldi bir künjekde ýygrylyp oturan Nury Halmämmede elini uzadyp, ony sahna çagyrypdyr. Nury sypaýy ýöräp sahna çykypdyr weli, el çarpmalar has güýçlenipdir. Nury hem zaldan bir ýigidi çagyrypdyr. O ýigit ýerinden turup, halaýyga baş egipdir-de ýene oturyberipdir. El çarpyşlyk gutarmandyr. Nury ýene elini bulap: “Bäri gel” diýen yşarat edipdir. Ahyry, o kişi sahna çykypdyr. Gök gözli, ýagty ýüzli, saçlary owadan bejerilen, syratly ýigit Atageldiniň we Nurynyň elini gysypdyr. Ol Gurbannazar Ezizdi. Atageldi onuň bilen ilkinji gezek elleşýärdi. O sahnany görenler bagtyýar ekeni. Gaýtalanmajak, gözüňi nurlandyrjak, taryhda uzak sözlenjek görnüş. So-oň-soň Nury öz aýdymlaryny Atageldiniň aýdyşyna göwni ýetip: “Hudaýjan seni meniň üçin ýaradypdyr” diýer. Atageldi Moskwa konserwatoriýasynda okaýarka onuň mugallymasy Oksana Semýonowna Sweşnikowa Nury Halmämmediň aỳdymlaryny Atageldiniň aỳdyşyny diňläp öz äri, şol konserwatoriýanyň rektory Sweşnikowy bu aýdymlary diňlemäge çagyrýar. Atageldi Nury Halmämmedowyň aýdymlaryny aýdýar. Rektor o aýdymlardan hezil edinýär. Nurynyň okan ýyllaryny ýatlaýar hem-de Atageldiniň jübüsine pul salýar. “Halk artist bolaňda gaýtaraý” diýip ýylgyrýar. Nury Halmämmedem eçilmek meselesinde o rektordan kem galar ýaly däl ekeni. Nury bir gezek gonorar alanda Atageldini ýörite alyp gidip, magazinden islän kostýumyny alyp geýdiripdir. Hatda bir gezek Nury Atageldiniň başy açyk gezip ýörşüni görüp, öz başyndaky papagy Atageldä geýdiripdir. Onsoň Nurynyň ýüreginiň neneňsi ýumşaklygy hakda aýtmagyň zerurlygy ýok bolsa gerek. Ol Atageldiniň Moskwada galmagyny, uly tejribe toplamagyny, dünýä özüni tanatmagyny isleýär. “Atageldijan, şu mahal Türkmenistana barmajak bol. Meni batga batyryşlary ýaly, seni-de batga batyrarlar”. Atageldi Garýagdy Nury Halmämmedi ýatlanda duýga çümýär, bir nokada bakyp, bile geçiren günlerini göz öňüne getirýär. “Nury çekinjeň, akylly adamdy. Ol örän uly filosofdy. Oňa düşünmek gerekdi. Biz sözleşmän düşünişip bilýädik. Ol gaty sowatly fanatik. Milli saz bilen Ýewropa saz usullaryny utgaşdyryp, mukamy şeýle bir eýleýär weli, kalbyňy heýjana salýar. Özüne uly baha bilen garamaýanam bolsa, “Inim, döredeli, soň birwagt gerek bolar” diýýärdi. Gurbannazar, Nury üçimiz bile köp işledik. Ol başga dünýäde ýaşan adam. Ýöne ýanyndaky birtopar içigara adamlar “Sen geniý” diýip, işini gördüler, içirdiler. Biz onuň bilen Moskwa köp gidýärdik. Ýaraman ýören günleriniň birinde: “Ýör, surata düşmäge gideliň” diýdi. Dogrusy, men geň galdym. Sebäbi, ol suratyň adamsy däldi. Beýle zady ýalbarsaňam etmezdi. Onsoň biz Kalinin prospektine gidip surata düşdük”. Bu surat Nurynyň ömrüniň iň soňky suraty boljagyny Atageldi güman etmese-de Nury duýan bolsa gerek. Iň soňka... iň soňky... Aýylganç söz. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |