10:38 Nury Halmämmet: Dag ýykyldy ─ dogan gitdi | |
DAG ÝYKYLDY - DOGAN GITDI
Edebi makalalar
Nury Çaýkowskiý konserwatoriýasyny tamamlap, köneje goşlaryny, notalaryny göterip Moskwadan Bäherdene gelende uly dogany Baýlynyň ýüzi gülmeýärdi. Ol Nuryny görüp, özüne zor berip, açyk ýüzli görünmek isledi. Duýgur Nury muny şobada duýdy. Salam-selimden, çaý-nahardan soň Nury gönüledi. ─Baýly, näme boldy? Menden gizlemän aýtsana! Baýly az salym dymdy, soň ýuwdundy-da gamly gepledi. ─Aşyrberdijan gitdi. ─Habar geldimi? ─Ilki Gürgen radiodan aýdymy kesildi. Garaşdyk, soň sesi çykmady. Bir gün Daýna baryp, araçägiň aňyrsyna habar iberdim. Habaram, näme, aýdym aýdylan ýaly edip, “Aşyrberdi Halmämmet oglundan habar barmydyr – ho-o-ow” diýip gygyrmaly-da. O taýdan biri iki günden soň gygyryp habar beräýdi. “Patasyny alyberiň, gidenine dört aý boldy” diýdi. Aşyrberdijan... Aşyrberdi... Baýlynyň damagy dolup gepläbilmedi. Nury hälden bäri gözýaşlaryny süpürip otyr. Aşyrberdi bilen bileje oýnan günleri göz öňünde janlanyp, Aşyrberdiniň radioda aýdýan aýdymlary gulagyna ýaňlanyp , Nury hasam gama batdy. Gam gamy oýardy. Aşyrberdi şo-ol oglanjyk şeklinde Nurynyň göz öňünde galdy. Ýat ilde öleniň, ah-ah, Gözi ýumulma-a-az. Gabry gazylma-az. Wah-wah, eý ja-an-e-eý. Ýene dokuz ýyldan Baýlynyň özi hem ýurduny täzelär. Nuryny has uly Ýalňyzlyk bogup başlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |