16:26 Nury Halmämmet: Daýna, Daýna! Topragyňy göze sürtsem! | |
DAÝNA, DAÝNA! TOPRAGYŇY GÖZE SÜRTSEM!
Edebi makalalar
Nuryny hiç zat kanagatlandyrmady. Beýikleriň hassalygy bolan – dünýä sygmazlyk oňa-da ýokuşdy. Ogul-gyz, aýal hem ýalňyzlygyny aýryp, sabyr berip bilmedi. Dost men diýip gatnaşýan känem bolsa, Gurbannazardan soň, ol beýle wepadara ýa sataşmady ýa-da sataşsa-da Nury olary köňül gapysyndan salmady. Şeýle ahwalda Nurynyň zehini solup başlady. Saz ýazylsa-da öňki belentlik, öňki çuňluk, öňki pelsepe, öňki joşgun başartman başlady. Özüniň birmahallar ile aýdan: “Joşmasaň, joşdurmarsyň” diýen sözüni indi özi ýatlamaly boldy. Ol özüniň bu ýagdaýyny mertlik bilen boýun aldy. Belli dirižýor, Moskwanyň Çaýkowskiỳ adyndaky konserwatoriýasyny we aspiranturasyny tamamlan, uly tejribeli Orazgeldi Berdiden Nury özüniň käbir sazlary hakda pikirini sorapdyr. “Mysal üçin “Hirosimanyň, Nagasakiniň çagalarynyň diňläp ýetişmedik aýdymlary” Nuryjan, seniň derejäňden pes ýazylypdyr. Sebäbi, sen stil çalyşjak bolupsyň, olam şowsuzrak çykypdyr” diýende Nury o pikir bilen ylalaşypdyr. Nury özüne orun tapman ýören günleriniň birinde Daýna gitmegi ýüregine düwýär. Sekiz ýaşyndan bäri görmedik Sumbary, obasyny, dogduk topragyny göresi gelýär. O-ol dyrmaşyp, endam-janyny çyzym-çyzym edip münen agaçlaryny göresi gelýär, Dänegulyň depesine çykyp, durna sanan ýerlerini göresi gelýär. Iň esasy hem armanly giden ejesiniň mazaryna baş goýasy gelýär. Ol geçen günleriň ýatlamasy ony soňky wagtlar halys surnukdyrdy. Bir gitse, bir barsa, ýekeje özi ejesiniň mazar başynda oturyp aglasa-aglasa. Başga hiç zat gerek däl. Daýnany görse, köňül, belki, köşeşer. Ýalňyzlyk, belki, uzaklaşar. Bu bir-biregiň aýagyna taýak gysdyryp, bir-biregi batga basyp ýörenleri görmese, belki, ýürek özüne orun tapar. Köneje awtobus Gyzylarbatdan çykyp, tigirlene-tigirlene bir menzile ýetende saklandy. Sürüji suw daşap, maşyny sowatmaga başlady. Ýolagçylaram aýak ýazmak üçin oňa-muňa ýaýrady. Şonda Nury gözýeterinde bir ýylan bilen zemzeniň söweş gurýanyny gördi. Bir salym gamly bakyp durdy. “Be-e, biziň haýwanlarymyzam özümiz ýaly öýdýän. Özgeleri ýaşatman, diňe özleri ýaşasy gelýär. Ýeri, şu giň sährada ýer gytmy diýsene. Heriňiz bir derä gidiň-de ýaşaberiň-dä”. Nury bir daş aldy-da söweşýänlere baka zyňyp goýberdi. Ýylan bir ýana, zemzen bir ýana çekildi, emma az salymdan ýene garpyşyp başlady. Beýle ýandaky bir adam: “Agam, degmesene, goý, uruşsynlar, kimiň ýeňýänini göreli” diýdi. “Bu söweşde ýeňiji ýoklugyny, duşmany güldürýändigimizi, öz-özümizi pese gaçyrýandygymyzy, duşmanlyk duýgularyna gümra bolup, bu dünýäniň lezzetini, meselesini unudýandygymyzy her kişä nädip düşündirjek. Magtymguly, biçäre, muny düşündirjek bolup, ömrüni kül etmedimi, näme?!” Awtobus ýolda suw içe-içe, ahyry, Garrygala ỳakynlaşdy.Nuryda bir birahatlyk döredi. Maşyn Garrygala girenden Nurynyň demi-demine ỳetmän, zor bilen howa sorup başlady. Maşyn Garrygalanyň duralgasynda duranda, Nury argyn halda maşyndan düşdi. Beýle ýanda bir gapyly awtobusyň maňlaýynda “Daýna” diýlen ýazgyny okady. Şo ýazgynyň özi Nuryda ýüz-müň gam oýardy, şo-ol dört ýaşyndaky wakalary, şemal ýaly, düýrläp toplap, göz öňünde janlandyrdy. Nury pessejik öýleriniň bir dulunda, sallançagyň ýanynda gana bulaşyp ýatan ejesini gördi, ýene şo gezekki ýaly, ejesiniň ganynyň uýap, sowap, agyr kükäp, burna urýan ysyny aldy. Nury bir hassyldady. Ol başga howa sorasy geldi. Emma her demde şol agyr ys geldi durdy. “Ýok, ýok. Gidip bilmen, görüp bilmen. Men nätsemkäm? Nirä gaçyp gitsemkäm? Bu dünýäden doýdum . Maňa hiç zat gerek däl. Men öldüm. Öldüm!” Nury Gyzylarbada dönýän şol köneje awtobusa münenini bilmän galdy. Az salymdan awtobus şäherden çykdy-da daglara siňip gitdi. Kem-kemden Nury başga howa sorup başlady. Demi dürseliberdi. Başynda öz düzen “Keç peleginiň” owazy tyrňyllady durdy. “Ölemde şu sazyň çalynmagyny islärdim”. Garyp, gamgyn, şeýle ýalňyz Nury Gyzylarbatdan otla münüp, Aşgabada geldi. Bir otaglyja jaýyna girdi. Bir diwaryň düýbünde gaty tagtaly, aýak ornuna aşagyna agaç kesindisi atylan krowatyna süýndi. Maňlaýym gara boldy, Bilbilim garga boldy, Ölenler öldi gitdi, Galanlar yrga boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |