14:06 Nury Halmämmet: Dünýäniň asly sazdyr | |
DÜNÝÄNIŇ ASLY SAZDYR
Edebi makalalar
Ýetimhana müdiri günleriň birinde söwda edaralarynyň birine barsa, bir pianinony sklada saljak bolup durlar. Müdir ur-tut muny öz ýetimhanasyna bermek hakda karar çykardyp, öýlänler pianinony ýetimhana getirdip, koridorda goýdurýar. Okuwdan gelen çagalar bu täzelige geň galyp, pianinonyň daşyna üýşdiler. Oglanlaryň ekabyry onuň gapagyny açdy-da ak-gara ýatan taýajyklara basdy weli, gümmürdedi. Onsoň her kim basyp görüp, ala gümmürdi etdiler. Nura gezek ýetende ol bir barmagy bilen bir taýajyga ikinji barmagy bilen ýene bir taýajyga seresaply basdy, ýene gaýtalady. Läläniň owazyna çalymdaş owaz çykdy. Nury muňa gaty begendi. Şol arada dyknyşyp, basalaşyp duran oglanlar Nuryny pianinodan uzagraga südürrikledip goýberdi. Indi başga barmaklar pianinony manysyz gümmürdedip başlady. Şol gün agşam hemmeler ýatansoň, bir oglan ilki emedekläp, koridora çykansoň çybşyldap baryp, pioninony ýuwaşja tyrňyldadyp başlady. Haýsydyr bir sazy çalmaga synanyşýar, bolanok. Ýene şol basymlary gaýtalaýar. Emma batly basanok, ýuwaş, ýumşak ses çykýar. Bolmady. Onsoň başga-başga basymlar gaýtalanyp, ses batlanyp başlady. Birdenem kesildi. Bir ýerden terbiýeçiniň hüňürdisi eşidildi, soň dym-dyrslyk boldy. Ertesi agşam ýene gijäniň bir wagtlary pianino tyrňyldysy eşdildi. Ýene düşnüksiz owazlar çykdy. Terbiýeçi agyr uklana çemeli, bu gezek pianino uzak oýnaldy. Ahyry ümsümlik aralaşdy. Üçünji gije ýene şol oglan çybşyldap geldi, görse pianino diwara bakdyrylyp goýlupdyr. Ol oglan pianinonyň ýylmanak agajyny lezzetli sypalap-sypalap bir salym durdy-da ýene sessiz ýöräp ýerine geçip ýatdy. Ertesi öýlän okuwçylar mekdepden ýetimhana girip barýarkalar Rahman aga Nuryny ýanyna çagyrdy. Nury pianino getirleni bäri Rahman agadan sapak almany goýupdy. Şonuň üçin birhili müýnliräkdi. Gürrüň dutar barada gider öýden Nury bu gezegem haýran galdy. Rahman aga oňa mylaýym bakdy. Ýylgyrdy. ─Nuryjan, üşemän gelýämiň? Seni pianinodan okatjak bir mollym tapdylar. Gaty ökdedir. O saňa köp zat öwreder. Indi gijelerine turup çalmasaňam bolar.- Rahman aga Nurynyň arkasyna kakyp ýene ýylgyrdy. ─Bar, ogul, nahar-şoruňy tizräk iý. Nury gije turup, pianino oýnaýanyny hiç kim bilýän däldir öýdýärdi. “Nädip bildilerkä?”. Birmahallar, kiçijikkäler Daýnada oglanlar bilen kolhoz hozundan iýenlerinde-de hiç kim görmändi, emma bilipdiler. Haýran galaýmaly. Şol günüň öýläni terbiýeçileriň biri Nuryny yzyna düşürdi-de Olga Alekseýewna Kriwçenko diýen saz mugallymasynyň otagyna eltip gaýtdy. Olga daýza goňur pianinosynyň öňünde otyrdy. Nuryny mylaýym garşylady. Göz astyndan synlady. Nury hem çekinip-utanyp otyr. ─Adyň näme? ─Nury. ─Hany barmaklaryňy öňe uzat. Nury birgeňsi çekindi. Sabyn ýoklugy üçin barmaklaryň arkasynda dörän çory görkezmäge utandy. ─Utanma, Nuryşka. Men barmaklaryň saza gelişişini görmekçi. Nury ýüzüni aşak salyp, barmaklaryny öňe uzadyp, tiz çekdi. ─Ýagşy, ýagşy. Men häzir elimi bir-birine urup, nähili şarpyldatýanymy diňle, soň özüň gaýtala. Ynha, şeýle: şarp, şarp, şarp. Nury hem yz ýanyndan gaýtalady. ─Ýagşy, ýagşy. Ynha, indi men bir sazjagaz çalmakçy, dykgatly diňle, soň näme sazlygyny aýt. Olýa daýza barmaklaryny ýumşak hereketlendirip bir bölek saz çaldy. ─Läle. ─Gaty gowy, hany ýene bir saz çalaýyn, bil bakaly. ─Parasatly serdarymyz Stalin. ─ Boldy, boldy. Sen-ä ökdeje ekeniň. Hany, ýör o jaýa geçeli. Onsoň beýleki otagda mylaýym suw bilen sabyny görkezdi-de: “Üç gezek gowuja sabynlap ýuw. Her geleňde-de eljagazyňy sabynlap ýuwarsyň, onsoň saz sapagyna başlarys” diýdi. Olýa daýza Nuryny çep ýanynda, pianino bakdyryp oturtdy. “Şu günki sapagymyz─saz diňlemek. Rahatja otur-da diňläber”. Ol türkmen sazlaryny çalyp başlady, garşy-garşy Nura bakyp goýberýär, Nurynyň ýüzünden, gözünden duýgy okaýar. Soňra rus we ýewropa sazlaryndan çalyp başlady, ýene-de Nuryny synlaýar. Saz tamamlandy. ─Nähili, Nury, gowy gördüňmi? ─Hawa. ─Soragyň barmy? Seniň isleýän sazyň bar bolsa çalyp bereýin. ─ “Ýok meniň” aýdymyny pianinoda çalyp bolýarmy? ─Elbetde, ähli aýdym-sazlary pianinoda çalyp bolýar. Ynha, diňle. Belki, aýdymyny aýdarsyň. Nury baş ýaýkady. Ol Işan aganyň aýdymynyň pianinoda üýtgeşik ýaňlanyşyny diňläp hezil edindi. Daşarda gar eräp, jaýyň üçeginden damýardy. ─Hany, damjalaryň owazyny diňle. Tiz damsa, haýal damsa hersiniň başga-başga owazy bar. Ana, görýäň dämi? ─Şo mahal ullakan buz salkymy ýere pagşyllap gaçdy. ─Ana, buzlaryň öz owazy bar, eşitdiň dämi? Men häzir pianinoda damjalara, buzuň pagşyldaýşyna öküneýin. Ynha, üns ber. Dogurdanam, pianino o owazlary ýeserlik bilen gaýtalady. ─Umuman, ähli zadyň öz owazy, öz sazy bar. Ähli zat özüçe aýdym aýdýar, ony duýmak gerek. Eşitmek hökman däl. Öten agşam şemal nähili aýdym aýtdy. Ýazda derek ýapraklarynyň sazyny diňlegin. Ähli zat ölýä – direlýä, diňe saz ölenok. Adamyň iň gowy görýän zady saz. Saňa köp nahar berseler, doýaňsoň goýarsyň, emma sazdan doýma ýok. Sebäbi şu dünýäniň asly saz. Şuny hiç unutmagyn, Nury. O gün Nury Olýa Alekseýewnanyňkydan ýetimhana uçup geldi. Ähli görenini Rahman aga aýtmakçydy. Sekide Rahman agany görmänsoň, göni ýatakhana gitdi. Barşyna koridordaky pianinonyň ýaldyrawuk agajyny sypap-sypap az salym durdy. Oňa pianino örän ýakymly göründi. Käşgä pianino bilen gepleşip bolýan bolsa. Oňa ýüregindäki duýgulary aýdyp bilse. Käşgä, käşgä... Olýa mugallymyň bu günki çalan sazlary Nurynyň gulagynda ýaňlanyp başlanda, ol gymyldaman durdy, soňra ýene pianinony sypalady. Käşgä, şu mahal çalyp bilsedi! Nury tolguna-tolguna ýatdy. Ertir gaty ir oýandy. Howlynyň bir burçundaky tuwalete baka çykanda, howanyň ýene bulaşanyny gördi. Şeýle bir ownuk gar şeýle tiz ýagýar. Nirä, nämä baksaň, edil ak perdäniň aňyrsynda görünýän ýaly. Nury garawulhananyň ýanyndaky sekä bakdy, geň galdy. Rahman aganyň beýle garly günlerde-de daşarda ýatyşyna Nurynyň nebsi agyrdy. Sekä ýakyn bardy. Gar ýagýanyny Rahman aga bilmän ýatandyr öýdüp, oýarmakçy boldy. Oýarmaga dözmedi. Şo mahal ỳapynjanyň aşagyndan ses çykdy. Nuryjan, ukyň tutmaýamy? ─Salawmaleýkim, Rahman aga. Gar ýagsa-da daşarda ýatýaňyzmy? ─Ömrüni buz üstünde geçirýänlerem bar, oglum. Gaýta, dört diwara bogulup ýaşamakdan kyn zat ýok. Hudaýjan başga birine baknalykdan, dört diwara dykylmakdan gorawersin-dä. Bar, oglum, ýat, entek daňam atanok ahyry. Nury ýatakhana girdi. Koridoryň garaňkysynda sermenekläp pianinony tapdy. Sypalady. Soň pianino degmän, edil pianino çalýan ýaly, barmaklaryny gerip, hereketlendirip, başyny silkip, Olýa mugallyma öýkünip başlady. Gulagyna ejesiniň aýdýan “Bibijany” eşidilip gitdi. Şo-ol, esger ugradylandaky “Bibijan”. Bu ümsümlikde, bu garaňkylykda ejesi has anyk göz öňüne geldi, hat-da ejesiniň keteni köýneginiň keşdeleri hem göründi. Nury pianinony gaty tiz öwrener, sebäbi näçe tiz öwrendigiçe şonça tiz ejesini göz öňüne getirip, ejesi bilen edil janly ýaly görşüp biler. Nura mundan başga bagt gerek däl. Onsoň Nuryda saza dörän höwes, yhlas we kuwwat daglary süýşürmäge ýetjekdi. Ähli zat ikinji, üçünji, dördünji derejeli boldy galdy, iň zerur zat saz boldy. Rahman aga oňa ata duýgusyny, Olýa mugallym ene duýgusyny berdi. Nurynyň hyýaly ösdi, giňedi, aýdyňlaşdy. Şo günlerden başlap, ol hyýal äleminde ruhy dünýäsi bilen ýaşap başlady. Onuň dem alyş howasy saz boldy. Saz oňa iň belent jadyly gözellik bolup göründi. Ol gözüni ýumup, saza topuldy. Saz bilen kesellemäniň iň uly dertligini, soň-soň hiç bir zada eliň ýetmän, diňe saza gul bolup galjakdygyny, saz üçin işläp başlan beýnisiniň hiç-hiç rahatlyk, dynçlyk bilmejekdigini,gaýta ýyl geçdigiçe barha beter ruhy ejirler berjekdigini Nury häzir bilmeýärdi. “Birini kowalap barýarkaň, arkaňa-da bak, belki, seni kowalap gelýän bardyr”. diýen paýhasdan Nury entek bihabardy. Nury üçin gün, hepde, aý, ýyl ýok, asla wagt ýok, diňe saz bar. Nurynyň tapylgysyz saz başarnygyny Olýa mugallym ýetimhana müdirine habar berdi. Hem begenip, hem gynanyp habar berdi. Begenýäni ─Nurynyň ilkinji saz mugallymy bolany. Nurynyň Aşgabatda has güýçli tälim aljagy. Gynanýany ─ beýle çagany elden gidermek, ony her gün görüp durmaga mümkinçilik boljak däl. Iň beteri hem unudylmak. Ýetimhananyň müdiri Nury hakda habary Aşgabada ýetirdi. Nurynyň bu zatlardan habary ýok. Bir gün gijara ýetimhana koridoryndaky pianinoda Nury saz çalyp otyrka, terbiýeçi geldi-de sazyny kesdirdi. ─Aý, oglan, tyrňyllatmaňy goý. Seni Aşgabada geçirýärler, goşlaryňy çemodanyňa sal. Häzir Aşgabada gidýän bir adam seni alyp gidýä. Otla ýetişmeli. Nury habary diňledi-de ýene çalyberdi. ─Saňa goý diýilýä, otludan gijä galýaň. Baý, tyrňylladyp bildiň-le! Gije-gündiz ýatuw bermediň. Indi Aşgabatlylar çeksin bakaly, çydaýarmykalar?! Nury sazyny goýup, o terbiýeçä geňirgenip, gözlerini mölerdip bakdy. Gün batyp, garaňky gatlyşanda Nury goşjagazyny goltugyna gysyp, beýleki elinde-de nota kagyzlary, mekdep kitaplary, depderleri salnan okuw sumkasyny göterip, ýetimhanadan çykdy. Onuň töweregi oglandan doly, ala wagyrdy. Nurynyň şo dymmalygy, içinde hernäçe harasat gopsa-da, dymmany bilýär. Ýüzündenem begenýäni-gynanýany duýulmaýar. Üýtgewsiz. Garawulhanaň deňinden geçensoňlar terbiýeçi oglanlary alyp galdy. Nury bir erkek kişiniň yzyna düşüp gitdi. ─Nury hat ýazgyn. ─Sag bol-eý, Nury. ─Bizem bararys, ýer belläp goý. ─Nuryňky hezilläý, saz çalyp ýörmeli. Nury geplemän, ýylgyrman, yza bakdy-da el bulap goýberdi. Demir ýol wokzalynda uzakdan otly yşygyny görende, Nury ilkinji gezek Daýnadan furgonly gelip, demir ýoldan geçişlerini ýatlady. Ol wakalar gaty uzak wagt öň bolan ýaly boldy. Wagona münenlerinde Işan aga geläýjek ýaly, onuň zaryn owazy eşidiläýjek ýaly boldy durdy. Nury wagon içinden gelip-geçenlere garaý-garaý, Işan aga garaşdy. Bir garyş oglandym, bakdyň-bejerdiň, Senden başga howandarym ýok meniň-ow, Enemiň ornuna ak süýdün berdiň, Golum tutan dosty-ýarym ýok meniň-ow. Nury, ahyry, özüni Aşgabada alyp barýan kişä ýüzlendi. ─Işan aga aýdym aýdanokmyka? ─Işan aga, indi, başga ýerde aýdym aýdýar. ─O kişi gaty rahat jogap berdi. Nury onuň gepleýiş sesinden hiç zat duýmady. ─Bir ýere işe geçdimikä? ─Öldi, inim, öldi. Nury ýüzün sallady. Emaý bile ýerinde süýndi, agaç diwara bakyp ýatyşyna Işan aganyň her bir hereketini, onuň mährem ýüzüni göz öňüne getirip gynandy ýatdy. Rahman aga bilenem, Olýa mugallymy bilenem hoşlaşman gaýdypdyr ahyry. Ýogsa garawulhananyň edil ýanyndan geçip gaýtdy ahyry. Jaýynda bolmasa, howlynyň bir ýerlerinden tapyp bilerdi ahyry. Nähili gödeklik edipdir. Olar indi, Nury hakda näme diýerler, näme pikir ederler?! Aşgabada bardygy hökman hat ýazar, ötünç sorar. Hany, Işan aganyň suratyny çekjekdiň ? Suratyny çekmese-de onuň aýdymyny pianinoda çalar. Belki, Işan aga hakda saz döreder. Saz bilen onuň mährem, gamly ýüzüni görkezer. Işan agany unudyp bolmaz. Nury şu pursatda edil ata-enesini gözleýşi ýaly, Rahman agany, Olýa mugallymyny şeýle bir küýsedi weli, şo sebäpli uzak wagt uklap bilmän ýatdy. Otlynyň birsydyrgyn “şakydak-şak, şakydak-şak” sesi hem onuň gamyny artdyrdy. Eger pianinoda otly sesini berjek bolsa, haýsy klawişlere basmaly boljagyny, özi hem duýmazdan, tebigy ýagdaýda oýlandy. Şakydak-şak, şakydak-şak, şakydak-şak! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |