22:22 Nury Halmämmet: Geçi al - öküz diýip sat | |
GEÇI AL - ÖKÜZ DIÝIP SAT
Edebi makalalar
O döwürler otly bilen Moskwa Daşkendiň üstünden gidilerdi. Özem dört günüň otluda geçýärdi. Nury Aşgabatda karton çemodanyny göterip wagona münenden wagonyň koridory, özboluşly ysy Nura ýene Işan agany ýatlatdy. Işan agaň hiç kime meňzemeýän, agy gatyşykly ýaly bir üýtgeşik sesini Nury öz beýnisinde diňläp başlady. O sesde: “Sen ölme men öleýin” diýýän many bar. Bir garyş oglankam bakdyň bejerdiň, Senden başga howandarym ýok meniň-ow. Enemiň ornuna ak süýdün berdiň, Golum tutan dosty-ýarym ýok meniň-ow. Nury, her gezek bolşy ýaly, bu aýdym ýadyna düşdügi, Daýnany, ejesini, doganlaryny ýatlap başlaýar, olar göz öňüne gelýär, şonda gaty uzak ýaşan garry adam ýaly duýgy döreýär. Uludan dem alýar. Özi saz çalasy gelýär. Saz çalyp derdini egismek indi onuň üçin adat bolup galypdyr. Saz çalanda geçmiş has köp göz öňüne gelýär ahyry. Nury ejesiniň, Maýa jigijiginiň, Işan agaň mazaryna baryp, baş uçlarynda baş egip oturasy geldi. Rahman aga nädýärkä? Olýa mugallymyna bir gezejik hatam ýazmandyr. Ynha, ýetimhanaň beren terbiýesi. Men ony başyma täç edinmeli ahyry. Olýa mugallym ony nähili irginsizlik bilen okatdy, öz ogly ýaly görýärdi, mahal-mahal öýünden köke getirip iýdirýärdi. “Eger Olýa mugallym şeýle ökde öwretmedik bolsa, meni konserwatoriýa almazdylar. Men näme üçin munça ýyllap Olýa mugallymdan, Rahman agadan habar almadymkam? Olar maňa atam, enem ýaly görünýärdi. Men şeýle geleňsizmikäm, Şeýle doňýürekmikäm?” Duýgular çogup başlady, onsoň o ýatlamalaryň arasynda şeýle bir sahna-da bar: Olýa mugallym pianino tirsegini diräp, Nura bakýar. ─Nuryşka, ata-eneňde, ýa aňrylaryňda aýdymçy, sazanda bolupmy, bilmeýämiň? ─ Men diňe ejemi, doganlarymy bilýän. Ejem mydama göz öňümde. Ejem aýdym aýdýady. Ol ilki başlaýady, beýlekiler oňa goşulýardy. ─Ejeden ogula köp zat geçýä, kakadan gyza geçýä. Sen ejeňi köp ýatla, onuň aýdan aýdymlary ýadyňdamy? Hany, birini aýt. Nury pessaý sesli aýtdy. Bilbilim garga boldy, Maňlaýym gara boldy, Ölenler öldi gitdi, Galanlar yrga boldy. Olýa mugallym ýanyndan sazyny çaldy. ─Gaty gamgyn. Sowatsyz halk nädip şeýle çuň duýgulary berip bildikä? Haýran galýan-da. Nury hem duýgudan doldy. Birmahallar ejesiniň Sumbar kenaryndan getirilişini, kakasynyň “öldürerin” diýip ejesine hemle urşuny, ejesiniň dulda gamgyn, sessiz oturşyny, Nuryny özüne gysyşyny ýatlady. Ýatlady, damagy doldy. Olýa mugallym oňa bakanda Nurynyň aşak garap gamly oturşyny gördi. ... Ynha, birnäçe wagtdan bu şakyrdap barýan otly Baýramala, Olýa mugallymlaryň ýanyna barar. Otly durup-durmanka Nury böküp düşer-de tanyş gözlär. Munça adamyň arasynda Rahman agany, Olýa mugallymy tanaýan-bilýän bardyr. Eger olary wokzalda göräýse, Nury uçar. Barşyna gujaklar. O geçen ýyllary ýatlaşarlar. Hökman-hökman minnetdarlygyny aýdar. Moskwa ýaly uly şähere, konserwatoriýa barýanyny eşitseler, Olýa mugallymam, Rahman aga-da begener. Rahman aganyň henizem şo daşarda ýatyp ýörşümikä? Nähili gowy adamlar! Nury olara bagyşlap, olary göz öňünde tutup saz ýazmaly ahyry. Birmahallar olaryň suratyny çekesi gelýärdi. Soň olar hakdaky duýgularyny saz bilen aýdasy gelýärdi. Hany, nirede? Ýok, Nurynyň bu bolşy bolanok. Ýagşylyga ỳagşylyk edip bilmese-de, ýagşylygy unutmaly däl ahyry. Nämüçin beýle bolýarka? Nury özüne igene-igene gama batdy, başyny sallap oturdy, az salymdan hem ýassyga gyşardy. Wagonyň ýyly howasy ony ýumşadyp, meýmiredip, ahyrda-da gözlerini bürdi. Gaty agyr uklady. Uzak wagtdan soň edil gulagynyň ýanynda adam sesleri ýaňlanyp başlanda tisginip turdy. ─Baýramala geldikmi? ─Çärjewe ýetip barýas. Näme, Baýramalyda düşjekmidiň? ─Ýok, ýöne soraýdym. Nury uklanyna ahmyr edip, içinden özüne sögünip otyrka, täze gelenler goşlaryny ýerleşdirip, ornaşykly oturdylar. Nurynyň edil garşysynda, bu üç kişiniň ýaşulyragy, inçe,hor göwresi egilibpäk duran, sesi sowuklanyň sesi ýaly gyryk, gözleri ýakymsyz uly bir adam Nura köp bakdy-da soň gepläp başlady. ─Inim, gidiş nirä? ─Moskwa. ─Okuwamy? ─Hawa. ─Haýsy okuwa? ─Konserwatoriýa. ─Konserwa çykýan ýer-dä. Bolubilýä. Gutaryp gelseň, bir ýeriň hojaýyny bolarsyň. Okaýakaň boş gezmegin. Seňki hezil. Her gezek oba gaýdaňda, ýüň ýalyk bile çäýnek-käseden ýüküňi tut. Ata-eneň satyp berer. Moskwada ýigrimi manatlyk ýüň ýaglyk, bärde sesgenden ýere degmän geçýä. Bizem şo ýüň ýaglykdan getirmekçi. Nury pallap goýberdi. Dört günläp beýle gürrüň diňläp gitmeli bolsa başga ejir gerek däl. Nury ýene pallady we ýüzüni çytdy. Gürrüňdeş öz gürrüňine gyzygyp, başga hiç zat duýmady. ─Puluň bolsa, dünýä düzüw. Satyn alynmajak adam ýok, ýöne az görýän bar. Biz nätdik diýsene, üç bolaga-da bir keselhananyň dogtoryna puljagaz sokduk. Biz şu mahal keselhanada ýatyrys, hä-hä-hä-ä. Söwda gaty gyzykly zad-aý. Ilki başlaňda nätdik diý, bir geçiniň injigini deşäge-de berdim ýeli, berdim ýeli. Horja geçi tegelenip duran semiz geçi bolaýdy. Gyzan bazara eltdim weli, bir biçäre şobada şapba-şapba el alyşdy-da aldy ötägitdi. Kakam pahyr: “Geçi al-ökuz diýip sat” diýerdi. Bu dünýä başdan gurlanda-da almak-satmak üçin gurlan dünýä-dä. Kämahal özüm haýran galýan, öwgüsini ýetirseň, pyşbagany uçýa diýip satyp boljak. Her zat etmeli, pul gazanmaly. Puluň bolmasa, salam bermeýäler... Nury emaý bilen düşeginde süýndi, üstüni örtdi. Gürrüňçi birsalym takyrdady-da: “Ýat bakaly, ukyň geldi öýdýän. Ýol uzakdyr, mende gyzykly gürrüň kä-än. Entejik gürrüň baryny ederis” diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |