12:24 Nury Halmämmet: “Sen bu dünýä öz asyryňdan ir gelipsiň” | |
"SEN BU DÜNÝÄ ÖZ ASYRYŇDAN IR GELIPSIŇ"
Edebi makalalar
Moskwa konserwatoriýasynda okan bäş ýyly Nury üçin, üstünden guş uçan ýaly bolup, tiz geçdi. Moskwanyň aňzak gyşynda titräp, köneje paltosynda ýygrylyp gezeni geçipdir, sowuk-sowuk ýagyşlarda buýup, uzyn saçlaryndan suwuň şorruldap akany geçipdir. Stipendiýa göz dikip, günüň tizräk ýaşyp, tizräk dogaryny dilän günleri geçipdir. Şöhratlar, el çarpmalar, söýgüler, öýke-kineler, gözýaşlar - bary geçipdir. Diňe saz galypdyr. Nury soňky ýylda özüni büs-bütin saza berdi, sazyň içinde ýaşap başlady. Ol şeýle bir sazyň içine çümdi weli, saz haýsy, Nury haýsy-biler ýaly bolmady. “Eger Nurynyň agramy ýetmiş kilo bolsa, onuň altmyş dokuz kilosy sazdyr” diýäýmeli boldy. Ol konserwatoriýany gutaryş diplom işi hökmünde “Türkmenistan” simfoniki sýuitasyny ýazdy. Şol saz bilen gümra günleriniň birinde Türkmenistanyň wekilhanasynyň bir işgäri umumy ýaşaýyş jaýyna geldi-de Nuryny alyp gitdi. ─Nirä gidýäs? ─Bir uly adam seniň bilen gepleşmekçi. Saçyň bejeriksiz, jalbaryň bu ýyl ütük görmändir. Men-ä seni o adama görkezmäge-de utanýan. Nury aýak çekdi. ─Utanýaň bolsaň, bar sen özüňi görkezäý. Men gitjek däl, meniň saçym-sakgalym bilen hiç kimiň işi bolup bilmez. Özüme özüm patyşa. Başga patyşalaryň betbagt halyna gülesim gelýär. Düşnüklimi ?! ─Ýuwaşrak ho-ow, seň bilen adam ýaly gepleşip bolmaýa. Ýör, ýör, maňa getir diýdiler, başga mesele bilen işim ýok. Wekilhananyň başlygy Nuryny gowy garşy aldy. ─Nuryjan, ýagdaýlaryň gowudyr-la. Näme ýetmeziň bar bolsa, göni maňa aýdybermelidir. Häzir seň bilen Türkmenistan komunistik partiýasynyň Merkezi Komutetiniň Ideologiýa bölüminiň müdiri gepleşmekçi. Häzir ýygnakdan gelýär. Nuryjan, düşünýäň dämi, näme diýse ünslüje diňle, sypaýyja gepleş. Gaty gowy adamdyr. ─Ýaşuly, men birinji klasa gidemok, öňem adam gördüm.─ Wah, Nuryjan, sen dogry diýýäň. Ýöne adamçylyk-da. Olam uly wezipeli bolansoň... Hawa-la, gül ýaly bolar, gül ýaly bolar. Wekilhana başlygy şundan soň, kagyzlara güýmenip başlady. Nury hem başyny sallap otyr. Uzak garaşmaly boldy. Birden turup, kabinetden sessiz çykdy-da, göni ýerzemine baka ylgap diýen ýaly indi. Pianinoly otaga girdi. Çalyp başlady. Uzak çaldy. Ahyry, orta boýly, tegelek ýüzli sypaýy bir kişi emaý bilen gapyny açyp girdi-de, assaja ýöräp, pianinonyň beýle ýanyndaky oturgyçda oturyp saz diňläberdi. Nury o kişini ilkinji gezek görýär. Sazyny böljegem bolmady. Ýene gözlerini ýumup ep-esli wagt çaldy. Gelen kişi saz tamamlananda ýerinden turup Nurynyň elini gysdy. ─Nury, ýagdaýlar ýagşymy? ─Hawa. ─Ýör, bileje garbanaly. Ýaňky sazlaryňy öň eşitmändik, täze ýazdyňmy? ─Hawa, ýazylýa-da. ─Gowy gördüm. --Seň gowy göreniň ỳeterlik däl, sazyň özi gowy bolmasa bolmaýada.Ýaňky çalanlarymda kem barlygyny bilýän, ýöne tapmaly-da. ─Ýuwaş-ýuwaş kämilleşdirersiň. ─Bar bela şonda. Ýazmany hemmeler başarýa, kämilleşdirmek, sünnälemek başga mesele. Ýaşuly, gaty uzaga gitmäli. Men ýene gelmeli boljak. ─Bolýa, bolýa. Gel şu kafe giräýeli, adam azyrak ýaly-la. Olar ýönekeýje nahar aldylar. Ondan-mundan gürrüň edip oturdylar. Nura o kişi ýarap başlady. Sypaýylygy, tebigylygy gowy. Türkmenistandan gelenleriň köpüsi nahara alyp gidýär. Gymmat restorana eltip, dürli araklar, konýaklar içirjek bolşup jan edýäler. Özüniň pulludygyny görkezesi gelýär. Bu oturan mugallymdyr ýa garypja alymdyr, pukaraja kitaphanaçy bolmagy-da ahmal. ─Onsoň konserwatoriýany tamamlap, näme etmekçi? ─Göreris-dä. ─Ermenileri, azerbaýjanlary, tatarlary, ýewreýleri synlasaň-a güýçli bolsa, merkezde galýa. Has güýçlenýä, dünýä çykýa. Soň Watana gidesi gelse gidiberýä. Nury sypaýy ýaşulynyň sözüni böldi. ─Wah, ol aýdýanyň dogry weli, men Türkmenistansyz oňup bilmen. Türkmençe gepleşmesem, ýüregim ýarylyp barýa. Şu mahal ikimiz türkmençe gepleşip otyrys weli, bä-äý, lezzet-lä. ─Düşünýän. Ýöne sen Türkmenistanyň ýagdaýy bilen içgin tanyşsaň, soň belli netijä gelseň gowy bolar. Meniň Moskwada gaty gowy dostlarym bar, olar saňa eýelik ederler. Menem elimden gelen kömegi ederin. ─Nury, sen bu dünỳä öz asyryňdan ir gelipsiň. Türkmenistanda pagtany hem, medeniýeti hem şol bir terezide çekýärler, o taýda seni çeýnäp-çeýnäp taşlarlar. Ikimizde pulam ýok, garyndaşam ýok. Seni batga batyrarlar. Men saňa gaty köp zady aýdyp bilmeýän, sen şo zatlar hakda oýlan. Saňa Moskwadan bir jaýjagaz almaga ýol taparys. Men rektoryňyz bilen gepleşdim, sen hakda gaty uly umytda. Sen diňe saz ýazmaly, saz ýazyp ýeňmeli. Saňa sabyr gerek, diňe sabyr gerek. Sen türkmeniň abraýyny dünýä ýetirip bilersiň. ─Ýaşuly bagyşla weli, men seni tanamadym-la. ─Men Ýazguly. Ideologiýa işgäri. Nurynyň garşysynda oturan sypaýy kişi Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň ideologiýa bölüminiň müdiri bolup işläp ýören bolsa-da häzir ony Merkezi Komitetiň sekretary wezipesine hödürlemek üçin söhbetdeşlige çagyrypdylar. Ýazguly Hudaýberdiýew ýene ýigrimi günden Aşgabatda geçjek partiỳa ỳygnagynda sekretar boljagyny bilýärdi. O döwür bu wezipe Türkmenistanda üçünji adam diýmekdi. Nury bilen Ýazguly Hudaýberdiýew sowuk hem pukara kafede gije çenli gürrüňleşip oturyp, dünýäniň derdini gozgadylar. Gelejekki dört ýylda ikisiniň ýakyn dost boljagyny, Moskwada galmak teklibini kabul etmänsoň, Nura Aşgabatdan ýaşaýyş jaýyny edinmäge kömek berjegini, Nuryny esgerlikden alyp galmaly boljagyny, Nurynyň aýagyndan ýazylýan golsuz arzalara ýol bermejek bolup kösenjegini Hudaýberdiýew güman etmese-de, kynçylygyň az bolmajagyny bilýärdi. Ol gelejekde Gara Seýitli Medeniýet ministri bolup ýadaşanda, şonda Nuryny Medeniýet ministri wezipesine bellemegi planlaşdyrýardy. Dogrusy, Türkmenistanyň uly ýolbaşçylarynyň arasynda Nuryny çyndan goraýjy, goldaýjy Ýazguly Hudaýberdiýewdi. 1966-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda awtomobil heläkçiliginde Ýazguly Hudaýberdiýewiň wepat bolanyny eşidenden, gözýaşlaryny boýur-boýur döküp, pianino başyna geçen Nury bolupdy. Klawişlere barmaklar däl, gözýaşlar urýardy. Ýüregiň agysy – “Elegiki prelýudiýa we fuga” atly meşhur saza öwrüldi. Nury bu sazy wepat bolan dosduna bagyşlapdy. Ýazguly Hudaýberdiýew diri bolan bolsa, Nurynyň şahsy ykbaly başgaça bolardy. Nury ýany bilen o dünýä äkiden genial sazlaryny, belki, ýazyp ýetişerdi. Muny Nurynyň özi syzan bolmagy bolup biljek zat. Her niçik bolsa-da dostdan aýra düşmegiň awusy Nurynyň soňky demine çenli köşeşmez. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |