23:52 Nury Halmämmet: Söýgi gelýä! Söýgi gelýä däli sil bolup! | |
SÖÝGI GELÝÄ! SÖÝGI GELÝÄ DÄLI SIL BOLUP!
Edebi makalalar
Baýramalydan gelen Nury Aşgabatdaky sazçylyk mekdebinde saz sapagyny dowam etdirdi. Onuň saza örän ökdeligi, kämahal özündenem bir zatlar goşuşdyryp çalşy─bu ýerdäki mugallymlary hem haýran etdi. Nurynyň özüniň aýratynlykda saz döretmegine sanalgyja ädim galypdy. Ony sazçylyk mekdebini tamamlamanka sazçylyk uçilişesiniň-häzirki D.Öwezow adyndaky orta sazçylyk mekdebiniň ikinji synpyna geçirdiler. Beýle böküş edip bilen başga ýokdy. Ol üstünlikler Nura täze kuwwat berdi, uçilişede, aýratyn-da, öz synpynda Nury şöhratly oglan boldy. Ol ýigit çykmasa-da, ýaňy ýetişip başlan, görmegeý oglandy. Onuň kölegeli gözleri, edil ejesiniňki ýaly mähremlikden ýaňa eräp barýardy. Elbetde, her bir zadyň öz wagty-pursaty bar. Nury hem düýşünde gyz görülýän pursatlary başdan geçirip başlady. Bir gezek Bäherdene Baýly doganynyňka ýük maşynynyň üstüne münüp gitdi. Başga-da erkek, aýal-gyz bardy. Bir gyz oňa assyrynlykda şeýle bir bakdy weli, Nury ýüzüni öwürenini bilmän galdy. O gyzyň gara garaly ýaly gözleriniň howry Nuryny ýakana çemli, kebelegiň oda dyzaýşy ýaly, Nury o gözlere ýene bakasy geldi. Endam-jany, ýüregi birgeňsi ýylylyga meýmiräp, bendi bolup başlady. Nury özüne zor berip, utanjy ýeňip gyza bakdy weli, asyl, gyz hälden bäri oňa bakyp oturana çalymdaş, duýular-duýulmaz ýylgyran ýaly etdi-de, aşak bakyp oturdy. Nury oňa uzak baksa-da, gyz başyny götermedi. Hamana, gabak aňyrsyndan görýän ýaly. Ýoluň çarkandaklary artdy, tozan köpeldi, kämahal garşydan çykýan maşynlar bir-biregi guma gömüp geçdi. Üstündäkileri maşyn siltäp, ýaýkap, galtap-galtap urýar. Şol başagaýlykda Nury öz başagaýlygy bilen gümrady. Eger birden o gyz özüne bakaýsa, o bakyşy, o garaýşy sypdyrmajak bolup, hälki mährem gözlere zar bolup, Nury gyz tarapa bakdy oturdy. Ynha, bir salymdan , maşyn tekizräk ýola düşüp başlady. Şonda o gyz birden Nura tarap gözledi weli, Nurynyň ýanyp duran gözlerinde eredip barýan yşgyny gördi-de gaty tiz gözüni sowdy. Özüne bakylýanyny duýan gyz mylaýymja ýylgyryp goýberdi. Nury gyzyň şo ýylgyryşy üçin dünýäni bermäge taýýar. Aýlar-ýyllar geçse-de, başa näler düşse-de şo ýylgyryşy hiç-hiç unutmajagyny häzirden duýýar. Başga hiç bir gyz, asla hiç bir ynsan beýle ýylgyryp bilmez. Başga hiç bir wagtda-da, öňde-soňda-da beýle ýylgyryşyň bolmajakdygyny, o ýylgyryşyň ýyldyrym ýaly ýalpyldap, diňe Nurynyň kalbyny ýagtyldyp öçüp gidendigini Nury duýmaýardy. Söýgidäki tejribesizlik, her bir ýaş oglany köseýşi ýaly, Nuryny hem kösemäge başlady. Tä Bäherdene barýançalar, gyz başyny galdyrman oturdy. Maşyndan düşenlerinde Nury egin-eşiginiň tot-tozanyny kakyşdyryp eglendi. Gyz öz ýeňňesi bilen bir tarapa ýörediler weli, Nury-da olaryň yzragyndan garama-gara gidiberdi. Gyz bir gezek yza garap goýberdi, Nuryny gördi. Gyz ýeňňesine bir zatlar aýtdy öýdýän, ýeňňesi hem yza garap-garap goýberdi. Soň ýeňňesi aýak çekdi, gyz haýalja ýöräberdi. Nury gyzyň ýeňňesiniň deňine ýetdi weli, ýeňňe pessaý seslendi. ─Aý, oglan, bizi beýdip yzarlama. Tanşasyň gelýän bolsa ho nebit dükanyň ýanyndaky howluda ýaşaýas. Gije onda tamdyryň ýanyna geläý. Ýeňňe bu sözleri aýtdy-da tiz ýöräp gitdi. Gyzyň yzyndan ýetip, bile ýöräp gitdiler. Nury bolsa bir sözem aýdyp bilmän dymyp, az salym olaryň yzyndan garap durdy-da, soňra Baýly doganynyňka öwrülip gitdi. O gün Gün gaty giç batdy. Nury daş-töweregiň, tutuş bu dünýäniň , adamzadyň haýallygyny, beýle äwmezligini şu gün duýdy. Asyl, özi hem ýere sokaýmaly haýal ahyry. Ýeňňesi agşam diýende häzir duşuşjak, häzir sözleşjek diýip bilerdi ahyry. Ynha, indi gije on bolýança, it ýaly iki ýana sebsede ýör. Nury gün batmanka nebit dükanyň ýanyndaky howlynyň deňinden ikiýana geçip, beýle ýandaky tamdyry, tamdyryň beýle ýandaky basylgy ýandak küdesini göre-göre, howlynyň agaç gapysyny synlaý-synlaý geçdi. Ynha, şu gapydan çykar, şu ýerden ýörär, şu taýyk barar, şu ýerde durar diýip hyýal etdi. Gyzyň jaýlarynyň penjirelerine bakanda bir tuty ýeňiljek ýelpildän ýaly boldy. Ýok, bu gün ähli zada bir bela degen ýaly. Nury Baýly doganynyňka gelip, bir ýerde oturyp karary ýetmedi. Gelnejesi hem gaty haýal-a. Agşam naharyny gaty giç iýdi. Birdenem sessiz çykyp gaýtdy. Ýolda sagadyna seretdi. Ýaňy ýedi bolupdyr. Sagady hem haýal ýöräp başlady öýdýän. Ynanman, başga birinden sagat sorady. Ýok, sagady dürs işleýär. Onsoň tä on bolýança iki-ýana baý ýörändir-ä. Sagat ony görkezdi. Emma gyz çykanok. Nuryda sabyr büs-bütin tükendi, umyt galmady. Ahyry, howlynyň gapysy emaý bilen açylyp, gyz çykdy, töweregine howatyrly garady. Şo pursat Nury gyzyň ýanyna uçup bardy. ─A gyz, men şo maşynda tanyşan oglanyň . ─Biz entek tanyş däl-ä. ─Men Nury. Öz adyň näme? ─Men adymy aýtjak däl. ─Gorkma. Menem Bäherdenli Baýlynyň inisi-dä . ─Bir ýerde okaýamyň? ─Men sazandalykda okaýan. ─Bagşy diýsene. ─A gyz... – Nury näme diýjegini bilmän aljyrady-da az salym hiç zat diýip bilmedi. – A gyz, sen owadan ekeniň. ─Goýaweri. Gaty gepleme. ─Seniň alnyňda ne söz tapýan aýtmaga, ne göz tapýan bakmaga. Men söýgi heýkeline döndüm-ä. ─Ilki gören gyzyňa söýgi hakda sözlemäge utanaňokmy? ─Sen şeýle bir näzik weli, seni özümden gabanýan. Akja gar tozgajygy ýaňagyňda yz goýup gider. ─Sen meni tanaňog-a. ─Oňa derek men seni gowy tanaýan. Damarymda gan bolup aýlanýan sensiň. ─Ýuwaş-la, oglan. Sen Mejnun ýaly däli bolaýmasaň? ─Mejnun kimmiş?! Mende has güýçli söýgi bar, “Mejnunyň diňe ady bar”. Seniň şu günki ýylgyryşyňa dünýäni bermen. ─Men däldirin. ─Seniň gözleriňe bakan, başga dünýäni görmez. Sen meni söýýäň-ä. ─Ýalan aýtma. Sen goşgy okaýan ýaly sözleýäň, ýa şahyrmyň? ─Men duruja güýz suwy, sen o suwda akyp barýan gül ýapragy. ─Aý, oglan, näme üçin meni yzarladyň? ─Duýmadyňmy? Men, men... Seni gowy gördüm. ─Meni gowy görer ýaly üýtgeşik gelşik ýok. ─Seniň gözleriň gara-da, mawy-da däl, söýgi reňkinde. ─Men gitdim. Birden duýaýmasynlar. Meniň adym Gurbanjemal. ─Ýaňyja çykdyň, gitmesene. Gyz emaý bilen ýöräp ugrady. ─Ertir ýene çykaý. ─Sen şähere gitmezmiň? ─Ýok, ýok. Çykgyn, garaşaryn. Gurbanjemal ýyldyrym ýaly görnüp gitdi. Nurynyň oňa pynhan-pynhan aýtjak sözleri bardy. Bu tümlük ýol bermedi, ýagty bolan bolsa Gurbanjemalyň gözlerine uzak-uzak bakyp durasy geldi. Şol ýylgyryşy göresi geldi. Eger garsa gujaklaga-da öpäýse, Gurbanjemal gaty görermidikä? Nury Gurbanjemallaryň deňinde uzak durup, ahyry gaýtdy. Haýalja ýöredi. Onuň başyna heniz eşitmedik owazlary gonup başlady. Nury pianino küýsedi. Şol owazlary joşgunly çalsa, Gurbanjemalam ýanynda ýylgyryp otursa... “Ellerimi bilinde çigip, şeýle bir gujaklasammm! Näzik dodajyklaryny şeýle bir sorsammm!!!” O gije uzak wagt oýa ýatyp, hyýal baryny edip, ahyry uklady. Ukladygy, onuň ýanyna Gurbanjemal geldi. Onsoň ikisi söýgüli-muhabbetli, näz-kereşmeli, şeýle bir ezizlik bilen söhbet edip başlady. Geň tarapy Nury näme diýse, Gurbanjemalam oňa ses goşýar. ─Bu gije men saňa şem bolaýyn, ereý-ereý yşyk berip, köňlüňe damaýyn. ─Men saňa gije bolaýyn. Yşk duralgasy gijedir. ─Men gury ýaprak ýaly lowlap-lowlap ýandym. ─Men ojar közi ýaly, şo köräp durun. ─Sen ýyldyrym bolup meni ýaksadyň. ─Sen däli sil bolup, meň odumy öçürsediň. ─Seň ýoluňa köpri bolup düşelsem, ökjeli köwşüň bilen döşümi deşim-deşim etseň, ganym fontan bolup atylsa. ─Men bir guş bolsam, uklaňda ganatym bilen ýüzüňi ýelpesem. Nury Gurbanjemaly gujaklajak bolup elini uzadýar, emma hiç eli Gurbanjemala degenok. Birdenem Gurbanjemal gözden ýitýär. Ertiri Nurynyň bar işi Gurbanjemallaryň köçesinden geçmek boldy. Gurbanjemal bir gezejik çyksa, bir gezejik ýylgyrsa, başga zat gerek däl. Emma gün batýança Gurbanjemal görünmedi. Ýene-de sagatlar tersine işleýän ýaly boldy, hiç-hiç wagt geçmedi. Ahyry, on boldy weli, gapy zarply açyldy. Nurynyň ýürejigi böküp başlady. Emma Gurbanjemalyň deregine ýeňňesi çykyp dur. Nury görünjegini, görünmejegini bilmän durka, ýeňňe tamdyryň ýanyna geldi. ─Aý,oglan, bamyň? ─Salawmaleýkim. ─Gurbanjemala garaşma. Biziň bagşa berer ýaly gyzymyz ýok. Eşitdiňmi? Bar gaýt. Indi bu taýlarda görünäýmäweri, howlymyz doly erkekdir. Ýeňňe gapyny bat bilen ýapyp, içinden kilitledi. Nury hiç zada düşünmedi. Ol Gurbanjemalyň ýeňňesinden däl-de özünden habar eşidesi geldi. Bolmaz ahyry, hiç bolmaz. Bar günä bagşylykdamy?! Dünýä bagşa baş egýäkä, bularyň beý diýmesi nämedenkä? Nury gaýdybermelidi, bu taýdan beýle boş gidiberesi gelmedi. Öten agşamky düýş ýadyna düşdi. Näme etjeginem bilmän, başyny sallady durdy. Şonda ýene başyna başga-başga heňler gonup başlady. Nury o heňleri başynda diňläp, gaýta, beter gamlandy. Ýene oňa pianino ýetmezlik etdi. Ol başyny sallap, gözlerini ýumup, kämahal klawişlere basyp, haýal bir owaz çykarasy geldi. Edil simli sütünleriň aňzakda iňňildeýşi ýaly. Bä-äý, bu gijäniň garaňkydygyny, şeýle bir içgysgynç gije weli, ne itler üýrýä, ne horazlar gygyrýar. Asmandaky ýyldyzlaram gaty uzaklara çekilişipdir. Nury ömürlik ýalňyzlygyň ilkinji gijesini geçirýänini, soňra hernäçe owadan gyzlara duşsa-da olaryň Gurbanjemalça bolmajagyny, Gurbanjemalça ýylgyrmajaklaryny asyl, olaryň barynyň bir kemjagazy göze dürtülip durjakdygyny, emma Gurbanjemalyň şeýle päk, mukaddes görünjekdigini we şol görnüşde galjakdygyny häzir aklyna getirip bilmeýärdi. Sebäpsiz we duýdansyz şarpyk alan ýaly ahwaldaky Nury, ahyry, göwünli-göwünsiz mytdyllap gaýtdy. “Meniň söýgim bulut satyn alanyňka dönäýermikä? Söýgüsiz hem ýüreksiz galmak. Birmahallar ejesi pahyryň “Balyk diýip tutanym ýylan bolup towlandy” diýýäni şumyka?” Gurbanjemalyň Nuryny söýýänine güman ýok. Muňa Nury monça bolýar. Ýeňňesiniň garşy bolany bilen iş gutarmaz ahyry. “Iki ýürek bir bolsa, bir garyp ene neýlär?!” Nury ýene Gurbanjemaly hyýalyna getirip, onuň tapylgysyz ýylgyryşyny öz ýanyndan synlap doýup bilmedi. Ertirki yhlaslaram, bir hepdeden ýene Aşgabatdan gelip, Gurbanjemallaryň köçesini ikiýana dähedem-dessemläp çykmasy hem, gözleý-gözleý jorasyny tapyp Gurbanjemala arzyny ýetirmesi hem peýda bermedi. Gam berdi, hesret berdi, tükenmez ýalňyzlyk berdi. “Durmuş meni saýgylap-saýgylap, demir darak bilen daraklap, sümek edip sozdy. Ikde egire-egire ýumak edip taşlady. Gurbanjemalym, adyňa gurban, menden bir kilim doka, belki, ýöräňde aýajyklaryň galtaşar” . Ýetimligiň derdi ýaňy azalyp başlady diýende, bu dert başa bela boldy. Aslynda, Nurynyň ýetimligini bilip, şo sebäpli Gurbanjemal ýüz öwüren bolsa näme?! Bu pikir şu çaka çenli başa gelmändir. Nury öýe, köçä sygmady, edil, it aýagyny iýen ýaly, herýana sebsäp ugrady. Kanagat tapmady. Ahyry, pianino başyna geçende ýüregi ynjalyp başlady. Şu çaka çenli öwrenen sazlaryny gümmürdetdi, barha möwjedi, barha joşgunly çaldy. Aralygynda gysga-da bolsa başga-başga heňleri hem çaldy. Nuryda, o heňler öňden bar ýaly, öňem çalyp ýören ýaly ýagdaýda çaldy. Ahyry, surnugyp, elleri gurap, bili egrelip ugranda Nury saz çalmasyny goýdy-da maňlaýyny pianino diräp, gözlerini ýumdy. Şo mahal bir gyz sesi ony özüne getirdi. O gyz başga bir şäherden gelen, bir synpda okaýan gyzdy. Örän owadan, örän dilewar, üstesine-de örän ökde sazandady. O gyza söz aýdýan kändi, emma onuň howalasy gaty ýokarydy. Sözlemän ýa-da gaty berk gaýtawul berip bilýärdi. Oňa Maýsa diýýärdiler. Ynha, Maýsa Nurynyň sazlaryny hälden bäri tolgunyp diňläp, arkada duran ekeni. ─Nury! Nury seni gutlaýan! Sen sil ýaly joşduň. Ajaýyp, örän ajaýyp sazlar çaldyň. Sen öz döreden sazlaryňy-da çaldyň. Ajaýyp! Saz döredỳäniňi näme üçin maňa aýtmadyň?! Maýsanyň owazy ýakymly. Ol Nura ýakyn geldi. Bir elini pianino, bir elini Nurynyň çignine goýdy. ─Ýürekden gutlaýan, Nuryjan! Sen şöhratly kompozitor ekeniň. Sen iň söýgüli oglanymyz. Sen.. sen... – Maýsa örän tolgunyp, duýgularyna erk edip bilmän, birden Nurynyň iki çekgesinden tutup, özüne tarap tiz öwürdi-de şeýle yhlasly ogşap başlady. Nury o elleriň, o dodaklaryň, o demleriň howruna eräp başlady. Üýtgeşik bir jadyly ys kükäp burnuna doldy, has jadyly saçlar degen ýerini ýakyp-ýakyp, eredip-eredip gitdi. Nurynyň boýnuna saralan gollar ony seresapja ýokary çekdi. Nury emaý bile dikeldi hem-de özi hem duýmazdan Maýsanyň näzijek bilinde elini gowşurdy. “Nuryjan! Nuryjan! Men seniňki, Nuryjan!” diýlen mähirli pyşyrdy eşidilip gitdi. Ýene humarlandyryjy, başyny dumanlandyryjy öpmeler egsilmedi. O gyz oňa her bir belent sazça täsir etdi. Gyz lezzetlimi, saz lezzetlimi, duýar ýaly bolmady. Maýsanyň gyzgyn söýgüsi ony bihuş edere getirdi. Ýetimlik zerarly Nurynyň bu güne çenli çeken ezýetleri, jebri-jepalary, küde-küde gamlary, kemsidilmeleri-bary uçdy gitdi. Onuň beýnisi ýaňy dünýä ineniňki ýaly täp-täzeje boldy. O tämizligi ýaňy ýagan akja gar görse-de özüniň garalygyna kemsinerdi. Nury uçdy, Nury joşdy. Onuň giň hanaly gözleri öňküden has şöhleli ýandy. Şonda-da onuň dymmalygy düýbünden aýrylyp gidibermedi. Dymmalar öz-özi bilen köp sözleşýär diýilýäni dogry bolsa gerek. Şol günüň ertiri eýýäm uçilişäniň ähli okuwçysy Nury bilen Maýsanyň söýgüsinden habarly boldy. Sebäbi Maýsanyň özi bu täzeligi tizräk hemmeleriň bilmegini, aýratyn hem uçilişedäki gyzlaryň bilmesini isleýärdi. Gyzlar bilse, Nuryny awlajak bolmaz, awlajak bolaýanda-da Maýsa Nuryny hiç kime bermejegine gaty berk ynanýar. Maýsa iň güýçli pianinoçy, Nury iň güýçli kompozitor bolar. Iki ýyldyz birleşer, dünýä olara bakar. Olar dünýäniň depesinden bakarlar. Nury hem özünde tükenmez joşgun, ummasyz kuwwat duýdy. Onsoň pianino başynda bir gijäni geçirende-de ýadamaýar, irmeýär. Aýratynam, ýanjagazynda, edil çiginjigini çignine degirip oturanja Maýsa bolsa, Nury günüň batanyny, doganyny bilmeýär. Maýsa bile Nury bir pianinoda dört el bolup saz çalýar, şeýle lezzetli bolýar, saz çalynýarka Maýsa jadyly gülüp, özüne Nurynyň bakmasyny isleýär, Nury bakýar, Maýsa bolsa pokgüje dodajyklaryny çömmeldip, müňkülledip “Öpäý, öpäý!” diýýän ýaly edýär. Öpüşlik başlananda saz pessaýlaýar, birsalymdan ýene şowhun alyp, ýene gümmürdäp başlaýar. Maýsa bilen Nurynyň goşa gumry ýalyja bolşup, bir-birine mäkäm ysnyşyşlaryny synlap ýören mugallymy Walentin Iwanowiç öz ýanyndan begenýärdi. Hem-de çiliminiň tüssesine bogulyp pelsepeli oýlanýardy. “Emma söýgi küşt ýaly däl, gelejekki göçümleri biljek gümanyň ýok”. Walentin Iwanowiç ölemen küştçüdi, onsoň ol ýanyna gelýän Nura diňe saz däl, küşt hem öwretdi. Şeýle duşuşyklaryň birinde mugallym çilim tüssesine gözüni süzüp oturşyna Nura dykgatly bakdy. ─Nuryşka, sen pikir et, bu dünýäni adamsyz göz öňüne getirip gör. Ähli zat sazlaşykly boljak ekeni. Tebigatyň sazyna bir gulak goý, bakaly. Nähili belent, nähili şirin! Gyş ỳelleriniň , ýaz ýagyşlarynyň simfoniýasyny diňläp gör. Derýalaryň, çeşmeleriň balladasyny unutma. Ŷürek sazy hem bardyr. Ýürek iň beýik sazandadyr. Ýalňyzlykda şony diňlemäni başar. Adam bu sazlaşygy ýumurmaga, kesmäge dyzaýa. Düşünýämiň, adamda wagşylyk güýçli.─Nury birahat boldy. Walentin Iwanowiç muny duýmady.-- Şoň üçin adam bar ýerinde seresap bolmany unutma. Adam ýer planetasyna ýalňyş getirilipdir ýa-da ýalňyş gelipdir. Onuň bu wagşylygyny diňe saz, diňe, diňe saz aýryp bilýä, ýumşadyp bilýä. Bu durmuşyň uly bir kanuny ýok. Ýagşylyk edibilmeseňem, ýamanlyk etme, gözel gyzlary söý, joşgunly ýaşa, wessalam. ─Ol ýylgyrdy-da Nurynyň arkasyna ýumşak kakdy. Nury bu mugallymyny hem gowy gördi, emma Baýramalydaky Olýa mugallymyny hiç unudyp bilmedi, kämahal ol düýşüne girip, Nura pianino çalyp berýär. Rahman aga bilenem ara kesildi. Şeýle-de bolsa Nury olary ýüreginiň çuňunda saklap, wagtal-wagtal hyýalynda söhbetleşýär. Nury olara ne salam iberdi, ne-de hatjagaz ýazdy. Birgeňsi başagaýlykda ýaşaýar. Maýsa bilen ýakynlaşmasy, beýleki gyzlary köşeşdirmegiň deregine, gaýta öjükdirdi. Her gyz içinden Nura hyýal baglap ýörkä, Maýsanyň birden-bire ur-tut öňe çykmasy hem-de Nuryny özüne baglap goýmasy olary kemsindirdi, gabandyrdy, hereketlendirdi. Nurynyň uçilişede şöhraty artdygyça oňa meýil bildirýän gyzyň sany has artdy. “Aýal ada çapar, är buda” diýleni şu taýda dogry boldy. Üstesine-de Nurynyň bir saz döredip, ony hem “Söýgülime” diýmesem Maýsany uçurdy, onuň bäsdeşleriniň bolsa içine köz taşlady. Ýeňilje, şowhunlyja saz Nurynyň özüni hem gaty tolgundyrdy. Asyl, ol bu sazy nädip döredenini bilmän galdy. Saz döredip biljegine ynandy, düýrmegi bilen saz döretmäge ýöneldi. “Nury saz döretdi, Nury kompozitor bolýar” diýip töwerekde döreýän şowhun-şöhratam Nura gaty uly täsir etdi. Onsoň bir gün saz mugallymlarynyň biri, respublikada ady belli kompozitor Tagan Myradow sapaga girende, saçsyz başyny sypalap, kiçijik gözlerini tiz gyrpyp, Nura daş ýagdyryp başlady. ─O-how, sen oglanjyk, soňky wagtlar gyzlar bilen köp jirkilleşýäň. Sapagy özleşdirişiň gowşak. Bu bolşuň bolsa synpyňda galarmykaň öýdüp gorkýan. Gyzlar, oglanlar muňa geň galdy. Bu mugallymyň öňem ýumşak däldigini bilýärdiler, ýöne hemmeleriň öwýän Nurysyna beýle diýilmesine garşy çykdylar. ─Ýoldaş mugallym, Nury gaýta hemmämizden ökde, ol sazam döredip başlady. Mugallym gözlerini has tiz gyrpdy. ─Men bir zat diýýän bolsam, ýalan däldir. Öz ýoldaşyňyzyň arkasyny aljak bolmaň. Boldy! Nury, adatdakysy ýaly, dymdy. Mugallymyň käýemesine ýagşydan-ýamandan hiç bir duýgusy duýulmady. Aşak bakdy oturdy. “Dymmalar öz-özi bilen köp gepleşýärler”. Ol: “Men seni saz ýazyp ýeňerin. Ugran ugruňda Nurynyň sazy öňüňde durar” diýip oýlandy. Kelteräk, süňklejik, sessiz we daşyndan göreňde näme üçindir nebsiň agyrýan Nuryny uçilişäniň köp mugallymy goldady. Walentin Iwanowiç bolsa Tagan Myradowyň Nura hemle urmasyny eşitdi-de Nura maslahat berdi: “Öz işiň bilen boluber, Nuryşka. Oňa üns berseň, ýa gaýtawul berseň, o hezil ediner, onsoň işi sen bolarsyň. Sesiňi çykarmasaň, o seni ýatdan çykarar. O ýaman adam däl”. Walentin Iwanowiçiň aýdyşy ýaly boldy. Nury hem aldygyna saz çalýardy, saz döretjek bolup uzak gününi pianino tyrňylladyp geçirýärdi. Eýýäm dört-bäş saz ýazdy. Ýöne Nury o sazlaryň notalaryny jemläp, gizläp ýörmän, onda-munda dagatdy. Indi bütin uçilişe Nuryny ökde fortepianoçy hem-de kompozitor hökmünde tanap başlady. Baýramçylyklarda, gözden geçirişlerde Nura pianino çaldyrýarlar. Şeýdip, Nury sahna bilen, tomaşaçy bilen öwrenişip ugrady. Emma soňky wagtlar ýene Gurbanjemalyň ýylgyryşy göz öňüne gelip başlady. Ol Maýsadan şeýle ýylgyryş gözläp gezdi. Gözledi, tapmady. Sowaşyp başlady. Syr bermedi. Maýsa bolsa edil öňküsi ýaly, Nuryny başyna täç edinýär. Nurynyň her bir hereketini, saz çalşyny, saz ýazyşyny öwýär, uly ile Nurydan başga gürrüň edenok. Özem şeýle bir begenip, heziller edinip gürrüň berýär. Gözlerini süzüp, aýasyny aýasyna goýup, bal ýaly süýnüp-sarkyp gepleýär. Maýsanyň bu bolşuna Nurynyň nebsi agyryp başlady. Şo günler Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasyna mynasyp talyp gözleýän bir topar adam uçilişä geldi. Köpleri synagdan geçirdiler. Nura gezek gelende ol özüniň täze sazyny pianinoda çaldy weli, komissiýanyň bir agzasy şo bada ýerinden turup el çarpdy, soňky synaglaram şowly boldy. Nuryny, heniz uçilişäni tamamlamanka, dördünji synpy okamanka, dünýäniň şöhratly konserwatoriýasyna, özem kompozisiýa bölümine kabul etdiler. Bu habar uçilişä örän tiz ýaýrady. Kompozitor Nurynyň şöhraty has beýgeldi. Sazçylyk mekdebi tamamlamanka uçilşäniň ikinji synpyna, indi-de ýene bir ýyl, uçilşede okamalyka, göni konserwatoriýa, özem kompozisiýa bölümine alynmagy köpleri haýran etdi. Bu işde tanyşlyk ýok, garyndaşlyk hiç ýok. O döwür okuwa para-peşgeşli girmek hakda gürrüňem ýok. Her kim Nuryny gutlaýar. Begenişýärler, sorag baryny berýärler, elbetde, olaryň içinde kemsinýänlerem, görübilmezligini gizleýänlerem bar. Nurynyň özi bolsa parhsyz, gaty rahat, göwnibir görünýär. Hamana, muny öňden bilýän ýaly, adaty bir iş ýaly, öňde-soňda bolaýmaly ýaly. Emma haýran galýan zady-Tagan mugallym muny bilmeýän, eşitmeýän ýaly gezýär. Ýogsa kompozisiýadan Tagan mugallym okatdy ahyry. Ol öz okuwçysynyň konserwatoriýa girenini bilmeýärmikä? Ýa Nuryny şeýle ýigrenýärmikä? Nurydan dynanyna begenip ýörmükä? Nuryny haýran eden ýene bir zat – Maýsa görünmeýär, gutlamaýar. Nury Maýsany gözläp başlady. Maýsa öz otagyndaky krowatda ýüzüni ýassyga berip aglap ýatyr, iki sany jorasy hem oňa göwünlik berýär. Gapy kakyldy weli, Maýsa dik oturdy. Ol gapynyň kakylyşyndan Nurynyň gelenini duýdy. Elýaglyjygy bilen gözlerini süpürişdirip otyrka, Nury otaga girdi. Gyzlar otagdan çykyp gitjek boldular weli, Maýsa olary saklady. ─Gyzlar, bir minutjyk duruň. Meniň aýtjaklaryma şaýat boluň. ─Saňa nämbolýa, Maýsa? ─Nury Maýsanyň agyly ýüzüni ilkinji gezek görýär. Hiç zada akyl ýetirip bilenok. ─Nury, konserwatoriýa alypdyrlar, gutly bolsun. Sag-aman oka. ─ Sag bol. ─Indi diňle, men senden öýkelämok, seň bile geçiren iki ýylym meniň jennetdäki ýyllarym bolup galar. Nury sen mert ýigit, dogryňy aýt, soňky wagtlar sowaşanyňy aýt. Men seniň göwnüňe degesim gelenok, ýöne şu pursatdan soň, ýolda duşsak salamlaşyp geçeli. Menem mertdirin, Nury! Başa geleni çekerin. Sen mertligiňi et, sowanyňy aýt, Nury! Otagda içgysgynç dymyşlyk başlady. Gyzlaryň biri çydap bilmän, daşary ylgady. Maýsa ýüzüne ýaglygyny tutup otyr, Nury aşak bakyp dymýar, onuň ýüzünden gynanç-begenç duýlanok. Bir gyz bolsa, beýle ahwala ilkinji ýola sataşansoň, hä Maýsa, hä Nura aňkarylyp bakýar. Birsalymdan Nury ýeňiljek üsgürip goýberdi, elini jübüsine salyp çykardy. ─Özümem bilemok, ýöne sowaşanym çyn. ─Sen mert ýigit, Nury. Hoş, sag bol. Nury gitmedi, dymdy. Bir zat aýtjak ýaly bolup, ýene aşak garap dymdy. ─ Gaýdaý, Nury. Sag bol. Nury geplemän, gapyny emaý bilen ýapyp, şeýle gamgyn, argyn ýöräp gaýtdy. Nury çykandan, Maýsa ýene ýüzüni ýassyga goýup, içigip-içigip aglady, ýassygy gözýaşlar ezdi. Ony häzir diňdirmek mümkin däldigini joralaryň ikisi hem duýdy. Olaryň biri, ahyry, näderini bilmän,Maýsa bir käse suw içirjek bolup, onuň başyny zor bilen göterende, o näzijek akja ýüzüň, o ýukajyk gabaklaryň çişden ýaňa solup, gabaryp, ýarylaýjak bolýanyny gördi. “Wah, söýgi diýmek, köz üstünden aýak ýalaň ýöremek ekeni, men seni söýmedik günlerime bir dolanyp barsam. Munça gözýaş dökýän, hi, odum öçmezmi?! Allajan meni ýakmak üçin ýaratdymyka?! Kime aýdaýyn, kime dada baraýyn?! Meni ýalňyzlyk öldürýä, ejeja-a-an!” Maýsa hem, Nury hem yşkyň bu şarpygyna ýaňagyny däl, kalbyny gyzdyrýarkalar, buza gömülen ýaly gagşaýarkalar, yşkyň bu gözýaşlarynyň, çekip-çydardan agyr bu hesretleriniň, gamlarynyň iň soňky gezek däldigini, öňde ýene şatlyk-joşgunyň soňundan näçe-näçe gam-hesret boljagyny pikir etmeýärdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |