23:04 Nury Halmämmet: “Şükür bagşy” – duýdansyz gelen bagt | |
"ŞÜKÜR BAGŞY" - DUÝDANSYZ GELEN BAGT
Edebi makalalar
Çärjewde önüp-ösüp, şo taýda sazçylyk mekdebini tamamlan Bulat Mansurow soňra Bütinsoýuz döwlet kinematografiýa institutynda okaỳarka, öz gutardyş diplom işi hökmünde Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti esasynda kino döretmegi niýet edinýär. Bu kinoda baş gahryman Şükür bagşy bolany üçin kino sazyna hem gaty köp ähmiýet berýän režissýor Bulat Mansurow kompozitorlar bilen, olaryň saz döredijiligi bilen ýakyndan tanşyp, öz isleýän kompozitoryny tapasy gelýär. Ahyry, oňa Nury Halmämmedi salgy berýärler. Beýik režissýor Bulat Mansurow o günleri şeýle ýatlaýar: ”Biziň “Şükür bagşy” filmimiz ilkinji gezek Orta Aziýa we Gazagystan kinematografiýaçylarynyň 1964-nji ýylda Frunzede (Bişkekde) geçen festiwalynda iň oňat film diýlen baha alypdy. Şonda filme ýazylan saz üçin aýratyn baýrak döredilip, oňa Nury Halmämmet mynasyp bolupdy. Baýrak gowşurylanda ol çekinjiräp: “Bu meň işim däl. Bu halkyň, Şükür bagşynyň sazy. Men diňe öwrendim, saz döretmedim, men halky diňledim. Bu baýragy türkmen sazyna goýlan hormat hökmünde kabul edýärin” diýipdi. Men 26 ýaşly ýigidiň şeýle zat aýdyp bilendigine entegem haýran galýaryn... ...1961-nji ýylda biz “Şükür bagşy” filmini almaga başladyk. Aktýorlary, hudožnikleri gözleýärdik, ýöne saz meselesi has-da biynjalyk edýärdi. Halk sazynyň ruhunda, şoňa mynasyp sazy ýazyp biljek kompozitory nireden tapsa bolar?! Bir gün biziň ýanymyza bir ýaş ýigidi getirip, ine kompozitor, Moskwa konserwatoriýasynyň talyby diýip tanyşdyrdylar. Ol utanjaňlygy zordan ýeňip, biziň haýyşymyza görä, roýalyň başyna geçdi. “Dutaryň owazy” diýen sazyny çalyp başlady. Surata alyş meýdançasyndakylaryň ählisi haýran galyp bakdylar hem-de gözleýän adamymyzyň biziň öňümizde oturandygyna göz ýetirdiler... ...Ýene bir duşuşyk. Biz Moskwadan uçjak bolýardyk. Uçar gijä galýardy. Ikimiziňem halymyz teňdi, ýadapdyk. Men ondan işleri barada soradym. Ol şonda: “Hiç zat başa baranok. Orkestr düzjek boldum, meniň ynanan sazandalarym bolsa dagady. Moskwa gitmegi, simfoniýa ýazmagy ýüregime düwdüm. Bu ýerde-de bir dil tapmadyk. Göräýmäge gaty gowy dirižýor, sazandalaram ökde, ýöne meň diýýänim bolanok. Opera, balet ýazasym gelýär, gowy libretto tapyp bilemok” diýip jogap berdi. Men öz maksadyna ýetip bilmeýän uly ussadyň alaçsyzlygyny, zerur materialyny tapman heläk bolýandygyny gördüm. Ol meniň ýadymda şeýle galypdyr, şondan soň ony görmedim. Häzire çenli hem oňa kömek edip bilmeýändigime gynanýaryn. Her hili zatlar bolan bolsa-da, oňa päsgel berip, badak atanam bolsalar, umuman alanyňda, ykbal oňkyny ugruna edipdi. Onuň çeken jebirleriniň ählisiniň sebäbi başga zatda...” Beýik režissýoryň “Şükür bagşy” filmi we oňa saz ýazan Nury Halmämmedow diňe baýraga däl, ömürlik şöhrata hem eýe boldular. Filmiň filosofiki mazmuny Nury Halmämmediň çuň filosofiki sazy bilen garyşyp-gatyşyp ajaýyp bir eser orta çykdy. Mundaky saz filmiň özündenem has kämildi, has beýikdi. Şol kino festiwalda dünýä meşhur ỳazyjy Çingiz Aýtmatow Nury Halmämmediň sazynyň belentligini şobada duýdy we gyzgyny bilen uly bir makala ýazdy. O makala tutuş SSSR möçberinde medeniýet babatda iň uly gazet bolan “Sowetskaýa kultura” gazetinde çap edildi: “Şükür bagşy” birküç gezek tomaşa etmek gerek... Eger kompozitor Nury Halmämmedowyň sazy bolmadyk bolsa, film şeýle derejede çykmazdy. Bu şeýle tebigy dörän saz türkmen halkynyň saz medeniýetine şan-şöhrat getirýär . 1964-nji ýylda Çingiz Aýtmatow özüniň “Jemile” powesti bilen dünýäni sarsdyrýan ýyllarynda, dünýäniň birinji ýazyjysy hökmünde onuň her bir setiri gapylyp alynyp okalýan ýyllarynda Nury Halmämmet hakda belent söz aýtmagy Nury üçin garaşylmadyk bagt boldy. Nurynyň sazlarynyň reklamasy üçin gaýtalanmajak, iň uly pursat boldy. Sazsöýerler diňe “Şükür bagşynyň” sazy bilen däl, eýsem Nurynyň öňki ýazan sazlary bilen içgin gyzyklanyp başladylar. “Dutaryň owazy” hem-de “Türkmenistan” simfoniki sýuitasy başgaça diňlenip, başgaça, has ýokary baha mynasyp görlüp başlandy. “Şükür bagşy” kinosynyň sazy Nuryny täzeden açdy, ony dünýä meşhur etdi we ägirt uly şöhraty Nurynyň egnine ýükledi. Bilşiňiz ýaly, iň agyr ýük şöhrat ýüki, ony köpler göteribilmän maýrylýar. Şöhrata çydam etmek uly mesele bolup durka, o şöhrat göripleriň Nura duşmanlygyny hem artdyrdy. Ýigrimi alty ýaşlyja ýigidiň öz sazy bilen älemi gümmürdetmesi ondan ep-esli ýaş uly, tejribeli we ylmy ýokary, wezipesi beýik türkmen kompozitorlarynyň käbirine ýaramady. Düýn burnuny sykyp ulaldan oglanyň şöhraty bu gün saňa kölege berýän bolsa, begenmäni diňe mertler başarýar. Nury şöhrat atyna mündi, bu güne çenli şagal uwlaýan jübüsinde pul barlygyny hem duýdy. Şobada Nurynyň dosty köpeldi. Nury olara parh goýman gatnaşyp, tirkeşip başlady. Diňe göripligi ýüzüne çykyp duranlary golaýlaşdyrmady, başarsa olaryň üstünden gülmek isledi ýa-da olaryň göripligini hasam artdyrjak oýunlar etdi, gysgajasy göripleri gyjyklady. “Maňa geniý diýýärler weli, kabul etsemmikäm – etmesemmikäm?” diýýär. “Çygylyp-çygylyp bir zat ýazypdyr weli, hernäçe çygylsamam diňläp bilmedim”. Kinoda ilkinji galam haky, soňra köp görkezilenligi üçin galam haklary berilýär. Onsoň köp pul gören Nury o pullary saga-sola sowrup başlady. Dostsyraşyp ýörenler ony gije-gündiz ýalňyz goýman bizar etdiler. Hakykatda-da oňa sen geniý, sen ýeke-täk diýip başladylar. Nury şu mahal özüni gaty gowy duýýar. Öz şöhratyna içinden guwanýar. Diňe içinden guwanýar. Ony entek öwgi-mahabat bilen sarsdyryp bilenoklar. Nurynyň ykbalyna ummasyz uly täsir eden kinorežissýor Bulat Mansurow soňky kinolaryna Nuryny çagyrmandyr. Munuň sebäbi hakda oýlansa bolar. Şeýle şowly çykan “Şükür bagşy” filminiň sazyny Moskwada kinematografiýa simfoniki orkestri çalmaly, lenta geçirmeli bolanda Nury zym-zyýat bolupdy. Onuň nirä gürüm-jürüm bolanyny Alladan başga bilýän ýokdy. Kino topary, näçe studiýa, simfoniki orkestriň bir süri sazandasy, hut baş režissýor Bulat Mansurowyň özi Nura garaşýardy. Nuryny her ýerden gözleýärdiler. Asyl, onuň ölüdigi-diridigi belli däldi. Howpurgaşyp, her tüýsli gorkunç pikirler edip başladylar. Bu ullakan şäherde, dünýäniň adamsy üýşen ýerde her zat bolup bilerdi. Nura garaşma uzak dowam etdi. Bulat Mansurow Nura garaşa-garaşa halys surnukdy. He aglara, ne gülere sebäp bar. Ahyry, başga bir kompozitora gyssagara saz ýazdyralyň diýşip ýörkäler, goltugy notaly kagyzdan doly Nury göründi. Onuňam durky gaty naýynjar. Çekgesi çekgesine ýapyşyp, gözleri bürüşip, ysgynsyzlykdan ýaňa aýak üstünde zordan durýar. Ol: “Şu notalary dirižýora beriň. Özi düşüner. Gül boldy, gül. Men näçe gije uklamok, iýgi-içgi ýatdan çykdy. Bir salym uklap bilsem uklaýyn” diýip holodilnikden bir bölejik kolbasa alyp, bir stakan aragy içip krowada özüni goýberdi. Notalary dirižýora eltseler, ol göz gezdirip: “Brawo, brawo! Nuryşka geniý. Nuryşka klassik!” diýip, begenjinden uçaýjak bolýar. “Şükür bagşy” kinofilminiň sazy, ynha, şeýle ejirler bilen döredi, şeýle ejirler bilen halka ýetdi. Bulat Mansurow hem özüne, hem Nura beýle ejir bermejek bolup, soňraky kinolarynda Nura ýüz tutmadyk bolmagy mümkin. Eger “Şükür bagşy” kinosy bolmadyk bolsa ýa-da o kino üçin Nurynyň sazy ýazylmadyk bolsa Bulat Mansurowyň, filmiň we Nury Halmämmediň ykbaly başgaça bolardy. Bu jedelsiz hakykat. Her niçik bolsa-da, ahyrda, “Şükür bagşy” kinosy özüniň genial sazy bilen taryhda uly orun eýeledi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |