08:58 Nury Halmämmet: Ykbala badak atan bir söz | |
YKBALA BADAK ATAN SÖZ
Edebi makalalar
Bir gün talyplar üýşüşip ondan-mundan söhbet edişip otyrkalar, bir polýak ýigidi Şopenden söhbet açdy. Onuň şeýle watansöýerligi hakda, wesýetine görä ýüreginiň bir ýerde göwresiniň başga ýerde jaýlanyşy hakda gürrüň berdi. ─Men Şopeniň göwresiniň jaýlanan ýerine-de, ýüreginiň jaýlanan ýerine-de zyýarat etdim. Bir ýanda oturan Nuryda bu söhbet uçilişede okaýan döwründen bäri ýüreginde höwürtge edinen arzuwyny oýardy. “Kompozitorlaryň doglan ýerini, ýaşan ýurduny, elleri degen saz gurallaryny görsem. Olaryň oturan oturgyjynda otursam”. ─Men-ä okuwy gutaramsoň, ilkinji etjek zadym, köpük-köpük ýygnap, ilki Ýewropadaky kompozitorlaryň watanyny görjek. Şeýle göresim gelýär. Göwnüme bolmasa, şolaryň ýörän topragyndan saz ýaňlanyp duran ýaly. ─Eger Polşa gelseň, meni tapgyn. Bileje aýlanarys. Ýöne gözel polýak gyzlaryny görseň, sen şobada aşyk bolarsyň. Olary üçünji gata prostyn bilen çekmek gerek däl. Özleri uçup girerler. ─Şeýle owadan bolsalar, öýlenäýmeli bolar-da. Soňra söhbet Nurynyň üçünji gata gyz çekişine syrykdy, başga-başga gürrüňlere geçildi. Şol söhbetdeşligiň ertesi güni Nury umumy ýaşaýyş jaýyndan çykyp barýarka, bir erkek kişi onuň bilen salamlaşdy-da bile ýöräp başlady. ─Sen Nury dämi? ─Hawa. ─Men saňa Ýewropa syýahata gitmäge kömek edesim gelýär. Gidesiň gelýär dämi? ─Şeýle gidesim gelýär. Biz ýene duşuşarys. Maňa Iwan Iwanowiç diýýärler. Nury hiç bir ýamanlygy göwnüne getirmän hoşlaşdy. “Düýnki oglanlaryň biriniň tanyşydyr”. Emma özi hakda bireýýäm açylan gizlin papkada täze bir gara sahypa ýazylanlygyny Nury otursa-tursa aklyna getirip bilmeýärdi. Gara sahypada: “Nury Halmämmedowyň daşary ýurda gaçmak isleýänligi hakda habar tassyklandy. Ol Ýewropa gidip şo taýdan Eýrandaky doganlarynyň ýanyna geçmekçi bolmagy mümkin” diýlen ýazgyny Nurynyň özi okasa ýüregi ýarylardy. Nury öz atasy Baýlynyň ruslara garşy Gökdepe goranyşynda jarçy bolanyny hem şol ýazgyny okamasa bilmejekdi. “Uly jenaýatkär we Watan dönüginiň ogly Nury Halmämmedow her ädimde jenaýat edip biler” diýen ỳazgyny okasa dagy Nurynyň başy aýlanyp ýykylmazmydy?! Köneje we özüne giň bolýan paltosynyň ýakasyny galdyryp, gara saçyna ak gar ýagdyryp konserwatoriýa barýan Nurynyň başynda häzir sazdan başga pikir ýokdy. Özi hakda gelejekki ömründe-de galyň-galyň gara sahypalar ýazyljakdygyny, bu sahypalaryň ony daşary ýurda gezelenje gitmeg-ä däl, ýurt içinde öz hakyny almakdan hem goýjakdygyny Nury gümanam etmeýärdi. Ol häzir beýnisini gyjyklaýan bir heňi gaýtalap, barmaklaryny pianino çalýan ýaly hereketlendirip, aşaky dodagyny çeýnäp barýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |