18:03 Ogluma | |
OGLUMA
Goşgular
Ulal oglum, ulal basym, Hem halas et ýekeligiň derdinden. Gelýär saňa kän zatlary aýdasym, Emma ulalmasaň düşünmersiň sen. Dogan gitdi, dostum gitdi nädeýin. Gara gijelerden siňdi saça ak. Şahyrlary halamazdym, täleýim Beripdir şahyryň ykbalyn saýlap. Ýalňyz galdym, ýitirdi men okgunym, Dartyklygym, ynamyny illeriň, Ýitirdim... ýitirdim... ýöne baryna Ýeke-täk günäkär menem däldirin. Ýeke-täk günäkär menem däldirin, Bardyr ahyr menden gaýry günäli. Onda diňe maňa gözýaşym bile Ýuwmak gerekmikä boşan dünýämi? Her hal men durmuşda ejizlemedim, Hiç kim eşden däldir meň çeken zarym. Bujagaz şygrymam ýazyp gutarsam Hiç kese okatman ýyrtyp taşlaryn. Nobatguly REJEBOW. | |
|
√ Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Merhum dostumyñ gelnine / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Kytgalar / Goşgular - 21.08.2024 |
√ «Be» harpy / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |