OGULMY-GYZ
Penjiräni açandan, onuň ýüzüni baharyň mylaýym şemaly sypady. Daň şemaly guşlaryň jürküldisini, ho-ol, uzakda üýrýän itleriň sesini alyp geldi. Şol demde beýnä dolan ýakymly ys ony meýmiretdi. Bu hoşnut ysdan ganmak üçin ol boýnyny daşaryk yzatdy-da nazaryny has uzaklara dikdi. Belentli-pesli baýyrlary etekläp oturan dogduk obasynyň oýanyp başlamagy ony süýji hyýallara garyk etdi. Şahalary dolduryp oturan pyntyklaryň arasynda iki ýana bökjekleýän serçeleriň sesi , daň şemalynyň ýakymy onuň erkini örükledi. Älem gözelligini özünde jemleýän birmahalky kiçijik oba indi şäherden gaýra duranokdy. Ozalky gumak köçeler öz ornuny iki gyrasy ýaşyl arçalar bilen jäheklenen şaýollaryna beripdi. Ene ýabyň bol suwunyň belent baýyrdan şaglap inýän sesi daňdanyň ümüş-tamşynda edil ýanyňda ýaly eşidilýärdi. OI bu ümsümligi diňläp, onuň çalýan şiirin mukamyny kalba siňdirmegi endik edipdi. Günler, aýalar, pasyllar ýerini çalyşsa-da Gülsoltan daňdanyň şol lezzetini hiç zat bilen çalşanokdy. Daň saz berip, Günüň al şapagy asmana çaýylmanka, howanyň sowuklygyna, yssylygyna seretmezden, penjiräni açardy-da, endigine görä, esli salymlap dünýä diň salardy.
Kem-kemden ýagtylyp barýan älemi synlap, onuň süýji ümsümligini bu günem müň bir höwes bilen diňläp duran Gülsoltan gursagyny kir-kimirsiz howadan doldurmak isleýän ýaly, demini uludan-uludan aldy. Mylaýym howany nebsewürlik bilen demine dartanda göwresinde çalaja tirpildi duýdy. Ol muňa birsellem diňşirgendi. Tirpildi gaýtalanmady. Gülsoltan indi demini tutup, diň saldy. Esli salymdan uşajyk türpildi ýene bildirdi. Ol demini uludan alyp başlady. Şondan soň, göwredäki tirpilldi güýçlenen ýaly boldy. Gülsoltan birsellem böwrüni diňläp durandan soň, begenjini Röwşene buşlamak isledi. Ýöne onuň süýji ukuda hezil edip ýatyşyna dözmän, esli salym penjiräniň öňünden aýrylmady. Pikir derýasyny boýlap durşuna dürli oýlary başdan geçirdi. “Sered-ä bu bolýan zatlara. Tylla Günüň çym-gyzyl bolup, Ýerden göterlip barýan pursatynda kalbymda üýtgeşik mähir oýandy. Balajygym, hut şu pursat “Men seniň ýüregiň astynda, eje jan! Men el-aýagymy mazaly duýýan, senem meniň gymyldymy aňan bolsaň gerek” diýdiň öýdýän. Men seniň bardygyňy duýan pursatymdan bäri arzuwyňda. Heniz ýagty jahana inmäkäň, enä şunça duýgy hem mähir eçilýän perzent, sende nä gudrat barka? Sen jägildäp dünýä geleňden soň, enäň kalbyna mähir inýärmikä diýsem, asyl beýle däl eken. Häzirden men seni janym bilen ezizleýän, senem meniň mährimi duýýansyň. Çaga heniz enesiniň göwresindekä, ejesiniň sesini özgeleriňkiden tapawutlandyryp bilýä diýýäler weli, sen meň sesimi saýgarýarmyň? Men bolsa eýýäm seniň eýjejik keşbiňi göz öňüne getirip, hyýalymda näzijek elleriňden, garaja gözüňden, mymyjak saçlaryňdan öwran-öwran öpýän. Seniň ysyňdan ganmak üçin bagryma basýan. Ýöne ene bolup, perzendiň mährinden, onuň ysyndan ganma ýok bolsa gerek. Men seni heniz elime almadygam bolsam, ene diýen ynsanyň neneňsi bagta eýediigini duýýan. Saňa döneýin, seni bize eçilen, maksadaymyza ýetiren beýik Alla döneýin...”
Garaňkylygyň öz ýerini ýagtylyga berşini, Gündogaryň al şapagyny, tegelenip, ýuwaşjadan Ýerden galyp barýan Güni maňlaýyna sylyp, göwresindäki tyrpylda begenjini içine sygdyrmadyk Gülsoltan ýanýoldsaşynyň ýanyna bardy.
-Röwşen, turjakmy ýa-da dynç güni bolansoň, entäkler ýatjakmy?
- Ýataýsam kem däl weli, ýatmaga goýduňmy, Soltanym. Onnoňam biz çagalary alyp, gezelenje çykalyň diiýip, gepleşipdik ahyry, eýýäm unudaýdyňmy?
-Ýok, unudamok, ýöne men saňa gowy zady buşlaýjakdym.
-Ýeri, bakaly, Soltanym.
Gülsoltan daşyndan aýtmaga çekinýän ýaly, adamsynyň gulagyna çawuş çakdy.
Röwşen böküp ýerinden galdy:
-Soltanym, soltanlyk işini bitirýän diýsene, çynyňmy? Ogulmyka, gyzmyka?
- Ony ertir lukmana gidemizde anyklarys. Indi biz lukmanyň gözegçiligi astynda bolmaly.
- Adyna näme dakarys. Hany, tapsana, at saýlaly-la.
Gülsoltan göwnündäkini orta dökdi:
-Ejeň-kakaň barka, at saýlamak bize ýetmändir. Goý, ilkinji agtyklaryna olaryň özi at tapsyn.
-Biz näme?
-Biz olaryň dakan ady bilen ylalaşarys. Ejeň-kakaň at saýlamaga ökde, tüweleme. Ine, saňa-da gerçek Görogla meňzesin diiýip, Röwşen dakypdyrlar-a.
–At saýlamak mesele däl, ýöne ogulmy-gyzmy, meni şo gyzyklandyrýa.
-Ogulmy- gyzmy diýeňde, şol birmahal ogulmy-gyz oýnaýanymyz ýadyma düşäýdi. Şonda sen baý jyzakdyň-a. Sähel utulyberdigiň gykylyklap başlardyň. Seň bolşuňa janym ýanardy. Seň bilen indi gaýdyp oýnaman diýsemem, ýene ýanyňa baranymy duýman galardym. Käte bolsa senden gaçgaklardym. Çünki sen maňlaýyňa uran gunçan ak köýnekli oglan bolsa, hezil ederdiň. Gyrmyzy köýnekli gyz bolsa, seniň jynyň atlanardy-da gunçany eliň tersi bilen zyňyp goýbererdiň.
- Gaçgakladygyň saýy menem saňa ýakyn durjak bolardym.Ýöne sen meň bilen düýşümde-de oňuşmazdyň. Haçan görseň, basdaş çaga ýaly gyr tutuşdyk. Maňa üns bermedigiňsaýy näme üçindir saňa beter ymtylardym. Ýadyňa düşýärmi, onýyllygy tamamlaýmankak, baharda Ýelken depä gezelenje gidenimizde, Dörtguly sen ,men üç bolup, tirkeşip gaýdypdyk. Şonda Dörtgulyň saňa bakyşyny, saňa ýaranjak bolup, meýdan güllerinden çemen baglaýşyny gabanyp, hokga çykaranym. Bir çukura ýykylan bolup, size näzimi çekdirjek boldum. Oňa çenli Kyýas mugallym gelip, aýagymy görüşdirdi-de, gorkuly zadyň ýokdugyny aýtdy. Sen maňa üns bermän durup bilmediň. Gapdalymda pyr-pyr pyrlandyň. Men muňa öz ýanymdan begendim. Meni söýýänsiň öýtdüm. Ýöne sen öz duýgyňy gizlin saklap bilýän ekeniň. Söýýäniňi duýdurman, ejir baryny çekdirdiň.
– Ykbal bizi biiri-birimize gowşuranda şo zatlary göz öňüne alandyr-da elbet, ýogsam hiç mahalam sen diýip, ýüregim üzülip baranokdy. Gaýta Görogly ýaly gerçegiň adyny götermäge mynasyp görmämsoň, saňa Genjim diýerdim. Göwnüme bolmasa, Genjim begiň häsiýeti agdyklyk edýän ýalydy sende.
Röwşen gelniniň ilkinji gezek öz adyny Genjim diýip tutanynyň sebäbini eşidensoň, näme diýjegini bilmedi. Gaty görendigini bildirmejek boldy:
– Şol mekdep ýyllarymyzdan bäri kalbyma soltan bolup dolaňsoň, Genjim diýseňem gaty görmezdim. Gaýta meni halap, özüňe üns berdirjek bolup, diýýänsiň öýderdim. Belki, şol döwürlerde eýýäm biziň biri-birimize synymyz oturandyr. Şoň üçinem mydama birek-birege nähilidir bir usul bilen mährimizi duýdurjak bolup, çytraşandyrys.
– Goýsana, indi şeýdip, gep owadanlajak bolýaň. Genjim diýemde baý gaharyň gelýädi, sesiňi çykarman, ýeňsäňi tüňňerdip gidýän mahallaňam az däldi.
-Gaharym gelse-de sen her gezek Genjim diýeňde birhili ýakymly duýgulary başdan geçirýärdim.Ýöne ony bildirmezlige çalyşýardym. Sebäbi maňa Genjim diýýäniňi oglanlar eşidäýse, üstümden güljeklerini bilýärdim. Soň-soňlar-a seň adymy Genjim diýip, tutuşyňa halys öwrenişdimm, adymy şeýdip tutsaň, monça bolardym. Mydama maňa Röwşen däl-de, Genjim diýeniňe garaşýardym. Onýyllygy gutardyş agşamynda seň maňa “Genjim” diýeniňi Bossan eşitdi. Ol ilki sen meni çagyrýansyň öýtmedi. Seniň maňa ýüzlenýändigiňi bilensoň, senden öňürti ýanyma geldi-de: “Nebir adyň barka, özüňe Genjim diýdirmäň näme?” diýip, maňa igendi. Asyl soň görüp otursam, ol öz ýanyndan meni özüniňki saýyp ýören bolsa nätjek? Men weli, dünýäde senden başga gyz bardyr öýdemokdym.
– Seni gaharlandyrjak bolup Genjim diýýärdim. Asyl, beýle bolup çykdy diýsene.
- Hawa, Soltanym, şeýle.
- Genjim begim, sen näçe ogul isleseňem, men-ä ilkinji perzendimiziň gyzjagaz bolmagyny arzuw edýän. Adyna-da ejeň dagy göwnese, Güldesse dakasym gelýä. Sebäp admyň ady onuň häsiýetine-de, ykbalana-da täsir edýär diýýäler. Şeýle bolsa, gül dessesi ýaly göze ýakymly, mähirli, owadan gyzymyz bolar.
– Soltanym, gel, onda ýaşlygymyzdaky ýaly ogulmy-gyz oýnaly. Häzir meýdanda gülälekleriň gülleýän pursaty. Şu gün gezelenje gidemizde ogulmy-gyz oýnarys. Kim utsa, diýen zadyňa razy bolmaly.
- Bolýa, hany sen, ilki aýt ogulmy-gyz?
- Ogul.
- Men gyz diýýän.
Gelniniň dolup barýan göwresini höwes bilen synlan Röwşeniň oňa degesi geldi:
- Soltanym, meni gyjyklajak bolup, gyz diýýäň gerek? Ýa sen henizem özüňi dört örüm saçyny ýaýyp, gülälekli meýdanda boýdaşlary bilen seýkin basyp, gül ýygyp ýören ulugyzdyryn öýdýärmiň? O ýyllardan oba göçdi . Ogulmy-gyzy indi biz çyndan oýnaýas. Şu çak sen açylmadyk gülälegiň dolup duran gunçasynyň keşbini ýada salýanyňy bilýäňmi? Sen şeýle bir owadan weli, şol alaýyp gunçany bagryma basyp, maňlaýyma müň mertebe togap edesim gelýär.
- Duraweri, oglan, ukyňdan bir açyl entäk.
- Ukudan häli açyldym. Ýörüň, tizräk meýdana çykalyň. Bar, jigilerime aýt, taýynlansynlar.Men ulagy gyzdyrýançam, sizem çykyberiň. Ejem-ä “Siz gidiberiň, meň işim bar” diýdi. Ertirligi şol ýerde edineris. Ogulmy-gyz oýnarys. Ap-akja gelin kömeleklerden ýygnarys, ysmanak ýygarys.
- Ogulmy-gyzy köp bolup oýnasaň has gyzykly bolýa.
- Çagalar üçin şeýle-de gyzyklydyr. Biz bolsa, ogulmy-gyzy ertir lukmanyň otagyna baranymyzda oýnarys. Bu gün bize açyk meýdan, gülälekli gollar, ysmankly ýaýlalar, ak kömelekler garaşýar.
Uzakly gün giň ýaýlada ýaýnan çagalar begençden ýaňa dylym-dylym edip gelişlerine ejeleriniň ýanyna ýetmäge howlukdylar.
- Eje, biz ogulmy-gyz oýnadyk. Biz bilen gelnejemem, Röwşenem oýnady. Röwşen gelnejemden utuldy. Men bolsa Rahymy utdum. Soň biz kömelek tapdyk, ysmanagam ýygdyk.
Gaýyn ene gelniniň toýlydygyny güman etse-de, hiç zady takyk bilenokdy. Körpe gyzynyň habary enäni arzuw atyna atardy. Ol basym ene boljakdygyna begenip, utanjyndan ýaňa çym-gyzyl bolan Gülsoltanyň maňlaýyndan mähir bilen öpdi.
- Siz gelýänçäňiz, men hamyr edip goýdum. Agşamlyk kömelekli gutap iýeliň. Şorja zat küýsäp duransyňyz şü çak, balalam.
Gaýyn enesiniň hozanaklap ýörşüni gören Gülsoltan baldyzy bilen kömelekleri ýuwup,, arassalap, taýyn etdi. Agşamlyk maşgala uly saçagyň başynda jemlenende gaýyn enesi usullyk bilen Gülsoltanyň öňüne iki sany şorja kömelegi süýşürdi.
– Al, balam, çekinme-de iý şulary, seň göwnüň isleýän zadyny gaýyn eneň bilýändir, noş bolsun—diýdi.
Gülsoltan gaýyn enesiniň mähremligine, uly maşgalanyň agzybirligine guwanyp, uzakly gijesini süýji hyýallarda geçirdi. Ertesi irden Gülsoltan bilen Röwşen etrap merkezine gitdiler. Röwşen lukmanyň otagyndan çykan gelni ýanyna ýetýänçä, garaşyp bilmedi:
- Ogulmy-gyz?
- Biri ogul, biri gyz.
Begenji içine sygmadyk Röwşen gygyrman zordan saklandy. Ýaşlar buşluk habaryny oba ýetirmäge howlukdylar...
Ogulgerek USSAÝEWA.
Hekaýalar