OGURLYK
- Aý-u-uw! Çelek gitdi-le, çelek gitdi.
Daňdanyň ümüş-tamyşynda ýaňlanan iniňi tisgindiriji bu ses tutuş çarwanyň uludan kiçisine, baryny oýardy.
- Iki çelek ýagym ýok!—diýip, goýun-geçileriň ýelnini owmakdan ýaňa daşa dönen aýalaryny, çiolige dönen barmaklaryny görkezip, Ene daýza eňreýärdi.
Bu ýyl Garadepedäki aýal-gyzlar iki topara bölünip dowar sagýardy. Işler ýaňy gyzyşyp başlapdy. Meret aganyň agyr sürüsi günortan mahaly suwa iner. Ýaz ygally gelensoň, goýun- geçileriň süýdi ýere damaýjak-damaýjak bolup durandyr. Ertirden bäri bedrelerini, çelekdir gazanlaryny ýuwup, tämizläp, gül ýaly edip, dowaryň ýataga inerine garaşyp oturan aýallar sagym işine şeýle bir gyzyşyp giderler welin, görüp, synlap, olaryň ezberligine haýranlar galarsyň.
Olar bedre-bedre süýt sagyp, soň ony ullakan gazanlara süzüp, guýarlar-da, bişirerler. Az-kem sowansoň, gazandaky süýdi basyrarlar.Ýagşy uýan gatygy ýaýarlar-da, tabak-tabak mesge alarlar. Alnan mesgeleri gazanlarda gaýnadyp, ýagşy süzüp, demir çeleklere gaplarlar.
Aýyň başyndan şu güne çenli Toty Emirowanyň aýallar topary on çelek, Ene Ekäýewanyň sagymçylar topary bolsa on iki çelek mesge taýýarlady. Şol içi sary yagly çelekler çarwa gelen sagymçy aýallaryň uly baýlygydy. Çeleklerdäki ýag näçe adamyň öýünden, çagalaryndan aýrylyp, dagyň başyndaky çarwalaryň çigrekli, jöwzaly günlerinde çeken agyr azaby bolansoň, göze gaty yssy görünýärdi.
Tutuş çarwa çelek gözlegine çykdy. Süri geçen ýerlerde ne yz, ne-de alamat bardy. Itler arkaýyndy. Bu ýerlere düýnde, agşamda şübheli adam gelenokdy. Şonuň üçin sary ýagly çelekleri kimiň alandygyny güman edäýmeseň, ogrynyň kimdigini bilip boljak däldi. Ýakasyndan tutup, ogurlyk ýapyberer ýaly, bu çarwada üýtgeşik şübheli adamam ýokdy.
Aýallar bu ýagdaýa gaty gynanýardylar. Ýöne bu gelşiksiz ýagdaý adamlarda birek-birege şübhe döretmänem duranokdy. Ene daýzanyň topary bu ýagdaýy Toty Emirowanyň sagymçylaryndan güman edýärdi.“Güman imandan aýrar“ diýseler hem, olar: “Iki çelek ýagy artyk aldyk welin, içleri garalyp, öläýjek bolýarlar“ diýişýärdiler.
Dawa ula gitdi. Aýallar öz aralarynda gygyrşanlary, sögüşenleri nilen oňmadylar. Olar oba gidip, ferma müdirini, uçastok milisioneri, kolhozyň başlygyny alyp geldiler. Olar geldiler, gördüler, synladylar, ahyr soňunda-da belli netijä gelip bilmediler.
Uçastok milisoneri özbaşyna oýnap ýören körpeje Rahmany ýanyna çagyrdy. Oňa bir gysym delje kemput berdi. Daşy ýaldyrap duyran agyr sapançasyny görmäge berdi. Soň hoşamaýlyk bilen:
-- Sen ulalanyňda milisoner bolarmyň?—
-- Ýok!
-- Näme üçin?- diýdi.
--Men ulalanymda kakam ýaly çopan boljak.
-- Seniň kakaň ogr-a! - diýip, milisioner oglanjygy degişme äheňinde gižželedi. – O han-a, Ene daýzanyň iki çelek saryýagyny ogurlap, ýüküňiziň aşagynda gizläp goýupdyr.
Dogrusy, çarwadakylaryň hiç birisem Rahmanjygyň kakasyny ogurlykda aýyplamaga dili barjak däldi. Olary diňläp oturanlar onda-da Rahmanjygyň bu keçje sowala berjek jogaby bilen gyzyklanyp, olara seretdiler.
Kiçijik Rahmanyň ýürejiginiň başy gyzyp gitdi. Milisioneriň bu sözleri oglanjygyň ýaňajygyna şarpyk çalnan ýaly etdi. Ýöne oglanjyk özüni çalt dürsedi.
-- Eý, adam, kakama ogurlyk ýapma. Kakam kişiniň zadyna barmagynam batyrmaz. - Çagajyk dymdy. Soň birden: - Kakam şeýtse, baý begenerdim-ä - diýdi. - Jigim her sapar „Çörege ýag çalyp ber“ diýende, ejem: “Namysdan ýaňa bir ölüp bilemok“ diýýär.
-- O näme üçin?! - diýip, milisoner geň galan bolup sorady.
- Azabyny çeken biri, sary ýagy ferma müdiri iýýär. - Ol milisionere çaga gyňyrlygy bilen garady. - Sen bärde, sary yagly çelekler bolsa obada gezip ýör.
Ferma müdiri gözlerini elek-çelek etdi.
- Goý-aý, güjük, üýr-me-e!
Rahmanjyk ýylgyrdy.
- Ferma däde öýündäki dört çelek sary ýagyň nireden gelenini aýtsyn, onsoň men olaryň kimiňkidigini aýdaýyn. Şolaryň hersiniň daşynda meniň gizlinje belligimem bolmaly. Eger sen bolmasaň, özüm oba giderinem, taparynam...
Aýallar oglanjygyň belajadygyna ýakalaryny tutdylar.
- Ene daýzamam, Toty daýzamam oba iberen çeleklerini nirede goýandyklaryny aýtsyn. Menem şolaryň kimiňkidigini aýdaýyn...
Oturanlaryň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
- Bäý-bäý, ogurlanan bäş-alty çelek dagy bar ýaly--la!
Hiç kimden ses çykmady. Milisioner kolhozyň başlygyna ýüzlendi.
- Hojat aga, oglanjygyň aýdanyny nähili görýäň?
Ýer ýarylmady. Hojat aga-da oňa girmedi. Ýöne milisioner indi has dogumly gürledi.
Men hiç zadyňyzy bilemok. Hana, maşyn, han-a-da siz, ertire çenli sary ýagly çelekler şu ýerde bolsun. - Ol barmagyny kolhoz başlygyna tarap gönükdirdi. - Ýöne, eşitdim-eşitmedim diýmäň, ertire çenli çelekler şu ýere getirilmese, masgaraçylygyňyz etraba dolup, özüňizem gözenegiň aňyrsynda oturmaly bolarsyňyz.
Meret çopan körpeje oglunuň bu edepsizligini ýazgarmakçy boldy.
- Haý, köşegim, bir topar adamy masgara-ha edipsiň. Seniň munuň: “Oglanly öýde, ogurlyk ýatmaz“ duiýenleri bolupdyr. Beýdäýmek aýyp bolar...
Rahmanjyk bir salym sesini çykarman durdy. Soňra:
--Onda näme, özleri „Kakaň ogry!“ diýip, gülüşen bolýarlar. - Men kakamyň däl-de, olaryň özleriniň ogrydygyny aýtdym-a. Meniň kakam ogry däl, däl...
- Ertesi ýitan çeleklerem, beýleki çelekleren çarwa getirildi. Soň olaryň ählisi maşyna ýüklenilip, oba ugradyldy. Öýläne çenli çarwa boşap galdy. Bir bolan zat, milisioner köneje motosikletinde çarwa geldi. Onuň motosikletiniň gozagynda bolsa, täzeje çaga welosipeti bardy. Ýöne ol Rahmanjygy görüp, ony begendirip bilmedi. Sebäbi Meret aga öten agşam bu ýere gelen inisinden ogluny goňşy obada ýaşaýan enesiniň öýüne iberipdi.
Häzir tutuş çarwa gum-gukluk bolsa-da, milisioneriň göwnüne dogumlyja Rahmanjyk bir ýerlerden ýylgyryp çykaýjak ýalydy.
21-nji aprel 1992 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty