09:47 Okaýan il ozar... | |
OKAÝAN IL OZAR... ■ Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer. ■ Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana. ■ Kitap bilen söhbetdeş bolsañ, ýüregiñ gysmaz. ■ Kitap okaýanyñ ruhy baý. ■ Kitaby magşuk saý, özüñi ~ aşyk. ■ Kitap eneñ-atañ ýaly terbiýeçidir. ■ Kitaby har saklamak günädir. ■ Kitapsyz okalmaz, merdiwansyz çykylmaz. ■ Okasañ, bilim alarsyñ, hemme zady bilersiñ. ■ Okaýan il ozar, okamaýan il tozar. ■ Okuwa garrama ýok. ■ Öwrenmek bir hünär, öwretmek iki hünär. ■ Okamadyk öküner, dil gysgadyr, sakynar. Toplan: Orazjemal ANNAÝEWA, | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |