08:28 Omar Haýýam | |
OMAR HAÝÝAM (1048 – 1131 ý.)
Edebi makalalar
Ýüzlerçe ýyllyk taryhynda gündogar-yslam edebiýaty biri-birine meňzemeýän, «hersi bir deräniň şiri» bolan beýik läheňleri öňe çykardy. Olar adamzat kowmuna berlip bilinjek şahyrana söz ukybynyň iň beýik derejesine ýetdiler. Adamzat üçin şol derejeden aňyrda, dogrudanam, entek hiç bir belentlik, hiç hili ölçeg ýok. Şeýle ägirtleriň içinde iň syrlysy hem-de diňe bir kitaplarda däl, eýse gündelik, adaty ynsan durmuşynda ýaşamaga ukyply bolany, şeýle-de diňe bir hünärmenler üçin däl, eýse ýönekeý ynsanlar üçin hemişe diriligine hem gyzyklylygyna galýany Omar Haýýamdyr. Ol ähli döwürler üçinem adatdan daşary döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bir beýikler bolýar, olar bilen gaýybana söhbetdeş, syrdaş hem köňüldeş bolanyňda, garşyňda oturanyň näçe beýigem bolsa, sen bir zady hemişe duýýarsyň: sen geçmişiň wekili bilen söz alyşýarsyň, sen birwagtlar hol yzda bir ýerde, asyrlaryň aňyrsynda galan hadysa bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Emma Haýýam babatda beýle duýgyny aýtmak mümkin däl. Ol yzda däl-de, şu ýerde, şu kä düşnükli, kä düşnüksiz, kä gaty, käte-de reňbe-reň janly ýaşaýşyň içinde dem alyp ýör. Onuň dünýäni duýşuny, pikirlerini, haýranyny hem gümanany, akyl zerarly hasratyny hem ýaşaýyş bimanylylygynyň öňündäki ýanbermezligini öten däl-de, hut häzirki zamanda kabul edýärsiň. Ol gaýybana diri däl, onuň dünýäsi tas tebygy dirilige eýe. Munuň sebäbi nämekä? Megerem, sebäp şol dirilik bilenem baglanyşyklydyr! Haýýam akyldar hökmünde, içki durmuşy akyl nukdaýnazaryndan kesgitleýji hökmünde janly, diri ýaşaýşy mydama bu ýaşaýyş barada adamzadyň edinen pikirlerinden, garaýyşlaryndan, pelsepelerinden has ilerde goýýar. Onuň üçin baş gymmatlyk, esasy many we iň ýokary zat – janly durmuşyň özüdir. Omar ýaşaýşyň ylmy, edebi, pelsepewi (we gaýry) suratyna däl-de, hemişe we her pursat janly, üznüksiz dirilikdäki ýaşaýşyň edil özüne aşyk. Ol şuny-da iň esasy zat diýip yglan edýär. Hut şu sebäpli-de ýaşaýyş gelniniň özüni däl-de, onuň suratyny ilerde goýan akyldar köpçüligi Haýýamy özleriniň ganym duşmany hasaplap gelýärler. Ýöne, näme diýseňem, hakykat başga hiç kimlik däl, durmuşylykdyr. Akyl durmuşyň özüni esasy ornunda – törde goýanyňda, hakykata we hakykylyga ýetip biler. Akyl ýetirişiň şu mizemez kanunyny ykrar edeni üçin Haýýam Gündogarda ýeke-täkdir we taýsyzdyr. Onuň hemişelikligi we ölmezligi şu ykrardan gelip çykýar. Ol pikiriň durmuşyň özünden ýokardalygyna müňkürlik edýär. Onuň ýiti tankydy we kinaýasy durmuşylyk däl-de, kitaplyk bolan akyldaryň akyl gözüniň gyşyklygyna gönükdirilendir. Müňkürlik, ýaňsy, ret etmek, ýangyn – Haýýamyň esasy sypatlarydyr. Ol ýeke bolup, köpçüligiň garşysyna gitmekden çekinmändir. Diňe özüne aşa ynamly akyldar, öz garşydaşlarynyň bimamladygyny, ýalňyşýandygyny, ejizdigini hem biçäredigini juda magat görýän adam muňa ýürek edip biler. * * * Mukaddes Bibliýada şeýle sözler bar: «Öz watanyňda pygamber bolup bolmaýar». Bu ylahy sözler belli bir tarapdan Omar Haýýamyň pygamber şahyrlyk ykbalyna-da degişlidir. Dogrudanam, tä soňky asyrlara çenli Haýýamyň ady asla-da Firdöwsi, Hafyz, Sagdy, Nyzamy, Rumy ýaly gündogar läheňleriniň hatarynda tutulmandy. Oňa derek ony Gündogarda esasan matematik hem filosof hökmünde tanapdyrlar. Alym hökmünde tanalmak näme? Şahyr hökmünde tanalmakdan munyň nähili tapawudy bar?! Bu tapawut köpçüligiň içinde tanaşylyň gerimi bilen baglanyşyklydyr. Baha bermek manyda-da, gadyryny bilmek manyda-da alymy ylymdarlaryň çäkli topary, şahyry bolsa halkyň giň köpçüligi tanaýar. Şu tarapdan alymlyk däl, şahyrlyk pygamberlige has ýakyndyr. Omaryň pygamberlik güýji we pygamberlik ýüki ylmy hem filosofiki işlerinde däl-de, taýsyz rubagylarynda jemlenipdir. Emma bu hakykata onuň özüniňem ähmiýet bermedik bolmagy gaty ähtimaldyr. Aslynda ylmy-filosofiki eserlerinden tapawutlylykda, ol rubagylaryny il üçin däl-de, özi üçin ýazypdyr. Bu bolsa Haýýamyň taýsyz hem ýeke-täk şahyr bolmagynda juda ähmiýetli pursat bolup çykypdyr. Döwürdeşleriniň biri Omary «pynhantebigat», içimtap adam hökmünde häsiýetlendirýär. Iň esasy, iň ähmiýetli meseleler babatda seniň pikiriň köpçüligiň pikiri bilen çapraz gelýän halatlarynda başyňy aman, abraýyňy bitin saklamagyň gowy ýoly diliňi dişlemek, dymmaklykdyr. Bu – bir tarapdan. Emma beýleki tarap hem bar: zandy dogruçyl ynsan iliň öňünde dymsa-da, öz-özi bilen gutulgysyz ýüzbe-ýüzlükde dymyp ýaşap bilmeýär. Ine, Haýýamyň rubagylary öz ýürek hakykatynyň hatyrasyna şol ýowuz dymyşmagyň bozulmagydyr. Gutulgysyz hakykatyň bolmanda öz öňünde ykrar edilmegidir. Soň, asyrlar geçensoň, bu hadysa öz-özünden hakykatyň bütin iliň öňünde ykrar edilmegine öwrülipdir. Ol indi tutuş Gündogaryň intellektual dymyşlygynyň bozulmagyna, has dogrusy, partlamagyna dönüpdir. Beýik şahyr dörtlemelerini – rubagylaryny köplenç öz ylmy-filosofiki eserleriniň bir gyrasyna ýazyşdyrar eken. Ol üznüksiz hem ummasyz alymlyk işiniň arakesmesinde şahyr hökmünde öňe çykýar. Arakesmede – iki işiň dynç aralygynda kemala gelen şahyr Haýýamyň ömrüniň hem işiniň esasy böleginde alym bolan Haýýamdan has beýikdigini asyrlar biziň gözümize dikýär. Bulam beýikleriň ömür paradosklarynyň biri-dä! Hakykatdan-da, durmuşyň biziň sözlermiziň haýsyny alyp göterip, haýsylaryny wagtyň zibiline taşlap goýberjegi bir Hudaýa aýan! Omar Haýýam rubagylaryny özünden başga adama okap berdimikä? Aýdylýan pikirleriň gönümelligini hem erkinligini, öňýeteniň däl, okumyş hem intellektual adamyňam, ara ýürekliniň däl, barypýatan ak ýüregiňem olara dogry düşünäýjeginiň gümanadygyny göz öňünde tutanyňda, şahyryň olary köpçülikde okamandygyny çaklasa bolar. Onuň diňleýjileri, megerem, öz pikirini hem janyny, şübhesini hem müňkürligini, geň-taňlygyny hem çylşyrymlylygyny ynanyp bilýän dostlary we şägirtleri bolandyr. Hut şolaram Haýýamyň wepatyndan soň kagyz gyralaryna belleşdirilen rubagylary rejeläp, tertibe salyp, olardan «Rubaýýat» diwanyny düzendirler. Emma «Rubaýýatyň» ömri onuň awtorynyň ömründen ýeňil hem az howply bolandyr öýtmek ýalňyşlyk bolardy. * * * Alym Haýýamyňkydan tapawutlylykda, şahyr Haýýamyň Güni Günbatardan dogupdyr. Haýýam babatdaky dymyşlygy ilki bolup iňlis şahyry Fisgelerald bozupdyr. Ilkinji gezek 1859-njy ýylda iňlisçe terjimesi neşir edilenden soň, Haýýamyň rubagylary az salymyň içinde 25 sapar çapdan çykypdyr. Onuň görlüp-eşidilmedik derejedäki şöhraty Ýewropada hem Amerikada häzirem saklanýar. Rubagylaryň iň köne golýazmasynyň – 1207-nji we 1259-njy ýyllardaky golýazmalaryň hem Ýewropada faksimile görnüşinde çykarylandygyny aýtmak gerek. Omar Haýýamyň doglan we ölen ýyllarynyň anyk senesi-de ýewropalylara degişlidir. Sowet alymy Ş.T.Şaraf Al-Beýhakynyň maglumatlaryna esaslanyp we planetalaryň onuň berýän maglumatlaryna degişli ýyldaky ýerleşişini hasaplap, Omar Haýýamyň 1048-nji ýylyň 18-nji maýynda doglandygyny subut etdi. Soňra bolsa orta asyr taryhçysy Töwriziniň Haýýamyň 555-nji ýylyň buharam aýynyň 12-sine ýogalandygy baradaky gürrüňi esasynda, beýik şahyryň ýogalan güni 1131-nji ýylyň 4-nji dekabry hökmünde kesgitlenildi. Omar Nişapurda, Haýýamyň – çadyr tikinçisiniň maşgalasynda doglupdyr. Şahyryň alan biliminden çen tutsaň, kakasy orta gurply, özüni oňarýan, çagalaryna döwrüň bilimini bermäge gurby çatan adam bolupdyr. Nişapur musulman ylmynyň hem filosofiýasynyň ösen merkezleriniň biri bolupdyr. Öz döwründe şäheriň kazysy bolan Ibn Hibban bütin mirasyny Nişapura bagş edipdir. Bu miras bolsa ägirt uly kitaphanadan, başga ýerlerden bilim-ylym almaga gelýän alymlara ýaşar ýaly ýaşaýyş jaýlaryndan hem-de olara niýetlenen stipendiýalardan ybarat bolupdyr. Nişapurdan «Hizanae-al-hikma» – «Hikmetler hazynasy» atly uly kitaphananyň eýesi bolan al-Münetjim, 400 düýe ýük kitaby bolan al-Sahyp, ýörite akademiýa saklap, oňa ýylda 1000 dinar harç eden ibn Killis, «Ylym öýüni» esaslandyran ibn Ardeşir, 200 müň kitaby bolan al-Aziz ýaly adamlar çykypdyr. Elbetde, Omar medresede okap, bilim alypdyr. Şol döwrüň medresesinde bolsa Gurhandan başga matematika, filosofiýa, geometriýa, edebiýat, logika ýaly ylymlar öwredilipdir. Geljekki alym şahyryň ilkinji mugallymyna Nasyreddin Şah Muhammet Mansur diýipdirler. Omar Haýýam, esasan, matematika we filosofiýa ugurlary boýunça ýitilik hem zehin görkezipdir. Bu ylymlar musulmanlara gadymy greklerden geçendir. IX asyrda halyf Mamunyň häkimlik eden döwründe bütin grek filosofiýasy arap diline boýdan-başa terjime edilýär. Grekleriň taşlan tohumy yslam-arap topragynda özboluşly filosofiýanyň hem ylmyň miwesini berýär. X asyrda basraly alymlar topary «Yhwan al-safa» – «Sapa doganlygy» topary 31 jiltden ybarat ensiklopediýany döredipdirler. Bular dört sany uly bölüme bölünipdir. 1) propedewtika we logika; 2) tebigat ylymlary we adam hakyndaky taglymatlar; 3) bütindünýä ruhy baradaky taglymat; 4) dini ylymlar. Döwrüniň ýokary pelsepewi hem matematiki ylmyny Haýýamyň şu ensiklopediýa boýunça alandygyny ynamly aýdyp bolar. Oňa laýyklykda ilki matematika, arifmetika we Ýewkilidiň geometriýasy öwrenilipdir. Soňra astronomiýa we geografiýa geçilipdir. Bu ylymlardan soň, talyplar filosofiýa bilen tanşypdyrlar. Ilki ylmyň teoriýasy we ylymlaryň derejeleri, soňra Aristoteliň logikasy, ondan soňam Porfiriniň «Bäş sany umumy düşünje hakyndaky» işi özleşdirilipdir. Diňe bulardan soň fizikany öwrenmäge girişipdirler. Ondan soň neoplotinleriň – gadymy grek filosofiýasyny birhudaýlylyk nukdaýnazardan teswirlän filosoflaryň taglymatlary öwredilipdir. Ensiklopediýanyň dördünji – ahyrky bölegi dini ylymlardan ybarat bolup, onuň mazmunyny dürli dini taglymatlar, Hudaýa ýetmegiň dogry ýollary, yslamyň taglymaty, dini döwlet we beýlekiler emele getiripdir. Medresede ylym bermegiň esasy usuly tedris bolupdyr. Medrese sözi-de şondandyr. Bu hili okadylyşda talyplaryň biri kitap okaýar, mugallym hem mahal-mahal ony saklap, okalan ýerleriň manysyny anyk hem jikme-jik düşündirýär. Munuň özi netijeli bilim beriş usuly bolupdyr. Çünki mugallym bilen talyplaryň arasynda dialogyň, pikir alyşmanyň, gerek ýerinde, çekişmegiň hem döremegine ýol beripdir. Ýyllaryň geçmegi bilen grekleriň yslama uýgunlaşdyrylan ylmynyň medreselerde okadylmagy yslamyň özünde täze pikirleriň, beýik alymlaryň döremegine getirýär. Bularyň içinde Abu Aly ibn Hamzan, Muhammet ibn Zakariýa, Roza, Muhammet ibn Musa Horezmi, Muhammet Battany, Abu Nasr Faraby, Ahmet al-Biruny, Ibn Sina ýaly beýik matematikler, fizikler, filosoflar bolupdyr. Olar grek ylmynyň gazananlaryny umumylaşdyryp, has anyk we dogry netijelere gelipdirler. Netijede, özboluşly yslam filosofiýasy – felsefe kemala gelipdir. Felsefeçiler anyk hem düýpli filosofiki kategoriýalaryň kömegi bilen yslam dünýägaraýşyny ylmy esasly taglymata öwrüpdirler. * * * 1066-njy ýylda Omaryň kakasy Ibrahym dünýäden ötýär. Şol wagta çenli Omar eýýäm hakyky alym bolup ýetişipdi. Onuň ykbaly ylym bilen gutarnykly baglanyşypdy. Şol ýyl hem ol Mawerannahra düşýär. Omar 18-19 ýaşlaryndady. Onuň Nişapurdan gitmeginiň sebäbi Omaryň şafygylara ýakynlygyndan, şafygylaryň bolsa özüne Nişapury paýtagt edinen Togrul beg tarapyndan ýanalýanlygy sebäpli bolsa gerek. Mawerannahrda – Samarkantdyr Buharada bolsa şafygylaryň ruhy we intellektual agalygy höküm sürýärdi. Omar ilki Samakantda ýaşapdyr hem işläpdir. Bu ýerdäki medreselerde onuň göwün beren intellektual topary bolan mutazililer bilim berýärdiler. Mutazililer ilkinji bolup yslam gymmatlyklaryny grek logikasynyň we filosofiýasynyň delilleri bilen esaslandyrmaga synanyşyk edenlerdir. Olar Allanyň adam pisindinde göz öňüne getirilmegine hyjuwly garşy çykypdyrlar. Allany adama mahsus düşünjeler arkaly aňlamak asla mümkin däldir. Şonuň üçinem mutazililer oňa ýürek, intuisiýa arkaly akyl ýetirmekligi düýbünden inkär edipdirler. Olar Gurhanyň döredilmändigine we hemişelikdigine-de garşy çykypdyrlar. Şonuň netijesinde bolsa olar Gurhany göçme manyda tefsir etmegiň tarapdarlary bolupdyrlar. Şeýle-de, olar takdyra garşy çykypdyrlar. Şoňa laýyklykda-da dowzah we jennet adamyň hut öz eli bilen edýän oňat ýa ýaman hereketleri üçin bellenilen çärelerdir diýip, olar pikir ýöredipdirler. Mutazililere olar öz ýaragyny – logiki hem pelsepewi delillerini ulanyp, mutakalymlar garşy çykypdyrlar. IX asyryň ahyrynda kelamy-mutakalymlaryň (ortodoksal dini ylmyň) dünýägaraýşyny al-Aşar diýen adam esaslandyrypdyr. Kelamçylar sünni yslamyň düzgünlerini diňe Gurhana we hadyslara däl, eýse logika esaslanyp, delillendirmäge çalşypdyrlar. Olar Ýaradan öz ýaradan zatlary bilen bakydyr, şonuň üçinem Gurhan bakydyr we döredilen däldir diýipdirler. Olaryň «kesp» hakyndaky taglymatyna laýyklykda, haýry hem şeri Alla ýaradýar, emma adam öz şahsy aňyna laýyklykda, olaryň birini ýa beýlekisini «kesp» edinýär», adam aňy erkin bolany üçin, ol haýry ýa şeri özüm döredýändirin diýen salgymly pikire uýýar diýip kelamçylar öwredipdirler. Kelamçylar Allanyň adampisintligine-de, Onuň asla hiç hili görnüşde (pisintde) göz öňüne getirerlikli däldigine-de garşy çykypdyrlar. Olar Allanyň «eli», «ýüzi» ýaly jümlelere şertli manyda düşünmegiň gerekdigini aýdypdyrlar. Kelamçylaryň pikirlerini sünni alymlar, ylaýta-da şafygylar alyp göteripdirler. Aýdaly, başga bir mezhebiň – hanifilygyň tarapdarlary bolsa olary yzygider ýanap gelipdirler. Şol döwrüň syýasy durmuşynda bolsa hut hanyfy mezhebine degişli bolan türkmenleriň-seljuklaryň guran imperiýasy – Türkmen-seljuk şadöwleti kesgitleýji orun eýeläpdir. Alp Arslan türkmen hatda özüniň şafygy weziri Nyzamylmülküň hyzmatyndan peýdalanmaly bolýandygyndan yzygider zeýrener eken. Türkmenleriň hanyfy mezhebinden bolmagynyň bolsa durmuşy hem ruhy sebäpler bardy. Birinjiden, hanyfy mezhebiniň esasy düzgünleri türkmenlere yslamdan öňki milli urp-adatlaryny aman saklamaga mümkinçilik berýärdi. Ikinjiden bolsa, türkmen ruhy üçin ynanç pikirden hem delilden has ýokarydy. Ynanç delile däl, delil ynanja baglydy. Ynanýan bolsaň, delil nämä gerek?! Ynanmaýan bolsaň, delilden ne peýda?! Ýeri gelendigine görä aýtsam, Hanafy mezhebiniň beýleki mezheplerde, şeýle-de Gurhanda nygtalyşy ýaly, meý, şerap içmegi gadagan etmeýärdi, haram hasaplamaýardy. 1069-njy ýylda garahany döwletiniň hany Şemselmülküň buýrugy bilen Omar Haýýam Buhara göçüp gelýär. Hut şol ýerde-de ol öz rubagylaryny ýazyp başlapdyr diýen pikir bar. Buharada Haýýam 1074-nji ýyla çenli ýaşapdyr. Şoňa çenli ol üç sany matematiki işini ýazyp ýetişýär. Şol işlerinde Haýýamyň eden ylmy açyşlarynyň biri diňe XVI asyryň başynda, ikinjisi bolsa XVII asyryň ortalarynda Dekart tarapyndan gaýtadan açylypdyr. * * * 1072-nji ýylda Alp Arslan seljukly Mawerannahra täzeden ýöriş edýär. Ibn al-Asiriň «Kämil taryhda» ýazyşy ýaly, şol ýörişde soltan wepat bolýar. Alp Arslan ýaralyka, soltanlygy ogly Mälikşaha taşbyrýar. Soltanyň jesedi Mara getirilip, kakasynyň ýanynda jaýlanypdyr. Mälikşanyň weziri Nyzamylmülk bolupdyr. Nyzamylmülk köşge ylymly adamlary ýygnap başlapdyr. Şeýdip Omar Haýýam türkmen soltanynyň hyzmatyna gelipdir. Mälikşanyň paýtagty Yspyhan ylym dünýäsiniň ylym we syýasy merkezine öwrülipdir. Haýýamyň ömrüniň ýigrimi ýyldanam köp bölegi Yspyhanda geçýär.Yspyhanda tagtda oturan türkmen soltanlary dünýäniň deň ýaryna hökümdarlyk edipdirler. Omar Haýýam Mälikşanyň Yspyhandaky obserwatoriýasyny gurmaga gatnaşýar, soň şol ýerde birnäçe ýyllap öz ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Bu işiň netijesinde Mälikşanyň kalendary adyny alan täze Gün kalendary döredilipdir. Ol häzirki ulanýan kalendarymyzdan iki esse takykdyr. Omar soltanyň nedimi bolup gulluk edipdir. Bu gullugyna laýyklykda ol soltan üçin müneçjimlik çaklamalaryny düzüpdir. Şeýle-de, ol Mälikşanyň tebibiniň – hekiminiň wezipesini-de ýerine ýetiripdir. Soltanlyga mirasdüşer Alp Arslan entek dirikä bellenilipdir. Munuň özi özboluşly türkmen däbine laýyklykda amal edilipdir. Mirasdüşeri ýörite ata mündüripdirler, atyň öňünden bolsa wezir-wekiller ýöräpdirler, bu dabara gatnaşýanlaryň baryna don hem telpek peşgeş edipdirler. At – bütin ýurduň simwoly manysynda düşünilipdir. Muhammet Togrul begden başlap, seljuk soltanlary halyfdan ak pata alypdyrlar. Hut seljuklylar din häkimliginiň eýesi bolan halyfdan tapawutlylykda bütin yslam dünýäsine hökümdarlyk edýän dünýewi häkimlik – soltanlyk düzgünini durmuşa ornaşdyrypdyrlar. Togrul begiň, Alp Arslanyň hem Mälikşanyň adyllygy barada gündogar taryhynda sansyz köp maglumatlar we wakalar saklanyp galypdyr. Hut seljuklylaryň Gündogaryň taryhynda oýnan syýasy-taryhy roly mynasybetli türkmen halky dünýä şöhratyna eýe boldy. Hut seljuklylar mynasybetli türki halklaryň içinde diňe türkmenleriň gadymy we orta asyr taryhy şeýle düýpli, giňden hem anyk öwrenilmäge mynasyp boldy. Omar Haýýam şeýle şöhratly türkmenleriň köşgünde işledi. 1077-nji ýylda ol özüniň iň möhüm matematiki işleriniň birini «Ýewkilidiň kitabyndaky girişlerdäki kynçylyklara düşündiriş» işini tamam edýär. Haýýamyň bu kitapdaky pikirleri Ýewropada diňe XVII asyryň başlarynda mälim bolupdyr. Bu iş XIX asyrda Ýewropada Ýewkilidiňki däl geometriýa diýilýän täze geometriýanyň döremegine esas bolýar. Şeýle-de, munuň käbir pikirleri esasynda diňe XIX asyryň ahyrlarynda bitewi sanyň berk teoriýasy diýilýäni döredilýär. 1090-njy ýyllaryň başlarynda Beýik Seljuk imperiýasynyň serhetleri Ortaýer deňzine we Aral kölüne ýetýärdi. Bu döwlet şol döwrüň iň uly imperiýasyna öwrülýär. Soltanlygyň syýasy hem ruhy durmuşy kadalaşýar. Mezhepleriň arasyndaky gatnaşyklar parahatçylykly hem arkalaşykly häsiýete eýe bolýar. Şeýle ýagdaýda Omar Haýýamyň ylmy hem edebi döredijiliginiň gülläp ösendigi ýöne ýere däldir. Ol hut 1980 – 1991-nji ýyllar aralygynda özüniň dört sany pelsepewi risalesini ýazypdyr. Bular: «Barlyk hem hökmanylyk hakyndaky risale». «Üç sowala jogap». «Ählumumy ylmyň predmeti hakynda akyl nury». «Barlyk hakynda risale». Özüniň soňky – bäşinji pelsepewi eserini Haýýam 1105 – 1110-nji ýyllarda ýazypdyr, ol «Barlygyň ählumumylygy hakyndaky risale» ady bilen meşhur bolupdyr. Pelsepewi işlerinde Haýýam möhüm nazary we amaly meselelere ýüzlenip, olaryň göwnejaý çözgüdini tapmagyň hötdesinden gelipdir. Onuň filosofiýasynyň dili we adalgalary Ibn Sinanyň filosofiýasyndandyr. 1095 – 1098-nji ýyllar aralygynda Omar Haýýam «Nowruznama» eserini ýazypdyr. Bu eserde Nowruzyň gelip çykyşy hakyndaky taryhy maglumatlar gyzykly hem özüne çekiji äheňde beýan edilipdir. Haýýamyň ömrüniň soňky otuz ýyly iki sany beýik seljuk şasy – Muhammet we Sanjaryň hökümdarlyk eden döwrüne gabat gelýär. Muhammet 1118-njy ýylda Yspyhandaky köşgünde aradan çykypdyr, şol wagt ol 37 ýaşynda eken. Şondan soň soltanlyk Sanjaryň eline geçipdir. Omaryň soňky pelsepewi eseri onuň özboluşly pelsepewi wesýeti hasaplanylýar. Bu eser jemi ýedi bölümden ybaratdyr. Ol Haýýamyň öz dogduk şäherinde ýaşan döwründe – ömrüniň ahyrky ýyllarynda ýazylypdyr. Şol mahallar ol ýene özüne howandar tapynýar.Özüniň birwagtky penakäri Nyzamylmülküň agtygy Nasyral-mülk seljuk şasy Muhammediň ýakyn ýaranlarynyň biri, soň bolsa onuň ogullarynyň weziri bolupdyr. Akyldaryň soňky işi-de şol weziriň haýyşy esasynda döredilipdir. Haýýam, esasan, müderrislik bilen meşgullanypdyr. Köplenç Nişapurda bolup, diňe kämahallar dürli işler sebäpli Balha, Merwe, Yspyhana gidip gelýär eken. Şol ýyllarda rubagylarynyň has köp ýazylandygyny çaklamak bolar. Rubagylaryň mazmuny temalary we äheňleri Omar Haýýamyň soňky pelsepewi işi bilen, ylaýta-da onuň soňky – ýedinji bölümi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem bu iki döredijilik usuly barada baglanyşykly gürrüň etmek ýerlikli bolar diýip pikir edýärin. * * * Omar Haýýamyň rubagylarynyň ykbaly hakda «pissa effekti» diýilýän ors aňlatmasyny ulanmak ýerlikli bolardy. Bu aňlatmanyň many täsinligi gysgaça aýdanyňda şundan ybarat: birnäçe wagt mundan ozal «gözel Italiýanyň» (G.Ezizowdan) şäherlerindäki naharhanalaryň gapysynda bir döwüm nana umyt edip, elini serip duran gedaýlar üçin iliň agzyndan galan-gaçan zatlary çörege dolap bermek adaty bar eken. Munuň özi hut hristian rehimdarlygyndan edilipdir. Iýlen naharlardan galan etmi, gök-sökmi – garaz, ähli galyndyny çöregiň üstüne atyp, görgüli gedaýlara berer ekenler. Bu tagam hakyt gedaýlaryň tagamy bolupdyr. Emma wagt geçip, hut şol arzysyz nahar kimdir biriniň yhlasy, ökdeligi bilen üýtgeşik hem iň arzyly hoşmaza nahar hökmünde tanalyp başlaýar. Haýýamyň rubagylary-da onuň galan-gaçan, dynç alyşda bellik eden pikirlerinden döräpdir. Ol, esasan, ylmy-pelsepewi pikirlerini ileri tutupdyr. Emma asyrlaryň geçmegi bilen rubagylary olardan ozdurýar-da, edil pissanyň öňe çykyşy ýaly, Haýýamy Haýýam edýär oturyberýär. Görüň-ä ýyllaryň ediberşini! Uly, möhüm ähmiýet beren, ömrüni, bar başarnygyny sarp eden ylmy açyşlary-ha taryhyň çaňyna garyldy gitdi, ýöne hakyt özüniň ähmiýet bermedik, şeýlekin çyrşan zatlary bolsa ilhalar nusgawy eser hasap edilýär. Ykbalyň özüni diňe rubagylary sebäpli arşa göterjekdigini aýtsalar, megerem, ol kes-kelläm ynanmazdy. Belki, ynanyp, bar zehinini rubagy döretmäge sarp ederdi. Şeýle-de bolsa, bir zady bek bellemeli: Onuň rubagylar dünýäsi gönüden-göni ylmy hem pelsepewi garaýyşlary bilen baglanyşyklydyr. Şeýle rubagylary – her bir adamyň oý-pikirine, durmuşyna, duýgularyna dahylly bolup, islendigi tolgundyryp, gyzyklandyryp bilýän şygyrlary diňe iň ýokary intellektual derejedäki, düýpli ylmy pikirlenip bilýän adam ýazyp biler. Şahsyýetinde şu iki tarapy – alymlygy hem şahyrlygy tebigy utgaşdyryp bilendigi üçin onuň rubagylary ölmez-ýitmezlige eýe boldy. Ölmez-ýitmezlik bakylyga dahylly artykmaçlyk. Özüm hem dörediji adam bolamsoň, bu artykmaçlygyň nireden gelip çykýandygy, näme mynasybetli mümkin bolýandygy hakynda köp oýlanýaryn. Bu babatda gelen käbir netijelerimi okyjy bilen paýlaşmakçy bolýaryn. Bakylyk diýilse, köpler, adatça, ine, şu akyp ýatan durmuş, gündeliklik bilen baglanyşygy bolmadyk, hol asmanda bir ýerde özbaşyna dowam edip duran zemini däl hakykaty göz öňüne getirýärler. Ýok, beýle däl! Bakylyk panylyk bilen, ylahylyk unsanylyk bilen, asman hem zemin bilen janly baglanyşykly. Bular asla-da aýry-aýry dünýäler däl. Bakylyk – panylyk diýilýäniň içki hem üýtgewsizlik tebigaty. Ynsanylyk ylahylyga barýan ýoluň ilki tapgyry, asman bolsa diňe we bary-ýogy zeminiň dowamy. Edil şonuň ýaly, adatylygam bary-ýogy sowan, köşeşen howalylykdyr. Howalylyk – adatylygyň syrçasydyr. Göräýmäge, biri-birinden başga-bagşa sferalar bolan bakylyk we döwür şol hili baglanyşyklaryň hataryna girýär. Beýik şahyr bolmak üçin bakylyga ýakyn bolmalymy ýa öz döwrüňe?! Döwrüň ýüregine girip, şol ýerdenem bakylyk merjenlerini tapmagy başarmaly. Döwürde bakylyga, bakylykda bolsa döwre mahsus janlylygy görmäni başarmaly. Bakylyk Kair muzeýinde saklanýan faraon jesedi däl, döwür hem ylhamdan mahrum gün-güzeran bilen bir zat däl. Çyn şahyr hemişe tersine tutmalydyr. Döwür gün-güzeran, ötegçilik, ownukçyllyk bolup bakylygyň üstüne sürüniberse, şahyr wagtyň bir aýlawy bolan döwrüň daşyna çykmagy oňarmalydyr. Bakylyk gurap jesede öwrüliberse, ol döwrüň janly ýürek urgusyny setirlerine salmagy başarmalydyr. Çünki bakylyk hem döwrüň içinde, onuň heniz ýetdirmeýän çuňluklarynda ýaşaýandyr hem-de janly wagtyň ýoklugynda bakylyk gury owazdyr. Döwür gaýtalanmaýar, onda ýaşaýan adamyň hem gaýtalanmazlygy üçin ol döwrüň jümmüşinde döwran sürmelidir, öz döwrüniň özge döwürlerden tapawudyny tapan, şol bir wagtda-da bulary bakylyk diline geçirip bilýän hakyky şahyrdyr. Bakylyk diýip döwürleriň biri-biriniň içinden geçişine aýdýarys. Döwür bakylyk obrazy bolanda,ölmez-ýitmez eserler döreýär. Döwrüň bakylyga formalanyşyna öz wagtynda K.Ýung «arhetipler» diýip atlandyrypdy. Omar Haýýamda döwrüň aýnasynda bakylyk suratyny görkezýän arhetipler özboluşly hem gaýtalanmaz, şu mynasybetli-de ýatdan çykmaz bolup galan obrazlar bar. Bularyň iň esasylary bolsa şerap we şunuň bilen baglanyşykly küýze, toprak, jam, serhoşluk, meýhana ýaly äheňlerdir. Olar birmahal döwür bile bakylygyň nikasyny gyýýan simwola öwrülip gidipdirler. Simwolyň wagta gatnaşygy barada şuny aýtmaly: öz-özüňi däl-de, başgalygy aňladýanlygy tarapdan Haýýamda simwollar döwürde döwri däl-de, bakylygy, bakylykda bolsa bakylygy däl-de, döwri alamatlandyrýarlar. Şahyrlyk öz tebigaty boýunça gara güýjüň, ýürek hakykatyny piňine almaýan dünýäniň gaşynda tersmilletlik etmekdir. Dünýä «ak» diýse, Haýýam «ýok, gara», dünýä «gara» diýse, Haýýam «ýok, ak» diýip tersine tutýar. Sebäbi dünýä adamyň garşydaşy. Haýýamda bolsa esasy zat – adamyň, şahsyýetiň gymmatlygydyr. Eýse onuň rubagylaryndaky «şerap» näme? Şerap – adam diriliginiň, onuň akyl garaşsyzlygynyň we ýürek gymmatlygynyň absolýutlygydyr! Ol dirilik simwoly. Şerap içmek däl, içmezlik günädir, biweçlikdir, bimanylykdyr. Çünki diri bolmak däl, öli bolmak günädir, biweçlikdir hem bimanylykdyr. Bakylyk hem diňe dirilige dahylly bolanda, mana gelýändir. Haýýamyň ajy kinaýasy, ýiti sarkazmy hem ýangyny ölüligi dirilikden ýokarda goýanlaryň garşysyna gönükdirilendir. Jesedi mumyýalamak bilen onuň bakylygyny gazandyk diýip ynam etmek gülkünçlik hem nadanlykdyr. Adamzadyň özüniň dirilige, ýaşaýşa garşy pikirlerini bakylyk diýip yglan etmegi-de muňa meňzeş bir zatdyr. Haýýam hut şu hili galp bakylygy ret edýär. Ölüm ýok diýip öz-özüni aldamak nadanlyk dälmidir? Ölümiň ýoklugy diliriliň ýoklugyny aňlatmazmy?! Gördüm meýhanada bir serhoş piri, Soradym «Gidenler bolarmy diri?» Diýdi: «Meý iç, ençe biziň ýalylar Gidendirler, emma gelmedi biri». Eser, ýagny akyldar şahyryň köpsanly rubagylarynda bolşy ýaly, ýokarkyda hem esasy hakykat – «Meý iç?» sözüdir. Tutuş eser – onuň many birkemsizligi-de, onuň şahyrana gözelligi-de şol hakykatyň üstünde gurnalýar. Ol hakykat bolsa simwolikidir: «Ýaşa, diri bol! Her pursat, her demde ýaşa! Şu ýaşaýşy, şu hakyky dirilige garşy durýan, oňa ters gelýän zatlaryň bary bolsa bolgusyzlykdyr hem galplykdyr!» «Meý» simwoly oňurga bolup, bu oňurganyň üstünde «meýhana», «pir», «mesjit», «küýze» ýaly ikinji hatardaky simwollar döreýär. Diýmek, Haýýam dünýäsiniň süňňüdir. Hut şonuň logikasyna hem pelsepesine dogry düşünmek hem Haýýama tutuşlygyna dogry düşünmegiň baş şertidir. Esasy zat – gepiň, ýagny simwolyň nireden çykýanlygyny yzarlap bilmekdir. Säher meýhanadan çykdy bir seda, Meýhananyň mesi, eý, däli-şeýda, Tur, ömür käsämiz dolmazdan owal, Pýalany meýden dolduran peýda. Bir ýaryň yşkynda ýanmasa ýürek, Ol hili ýürege «waý!» diýmek gerek. Ömrüňde şerapsyz geçse bir günüň – Ýokdur şol günüňden geçen biderek. Aý, ýyldyz döräli bäri adamzat Görmediler meýden gowy hiç bir zat. Al-şeraby satýanlara haýran men, Satyp näme alýar içgiden zyýat. Şerap içmek ömrüňi bihuda geçirmezligiň simwoly. Şu hili umumy terzde, ylaýta-da, şeraby dünýä, pelege garşy goýmak manysynda Haýýam beýik sopular bolan Hafyz, Sagdy, Rumy, Magtymguly bilen bir jemende bolup durýar. Emma gürrüň anyklaşdygyça, Haýýam olardan bölünip aýrylýar. Onuň üçin sopulygam, sopulygyň alamatlary bolup durýan ähli beýleki zatlaram şerabyň garşylygy. Onuň tarapyna geçip, adamy aldamak. Çünki sopulyk şeýle alanyňda ýaşaýşyň tarapdary bolsa-da, ol baky ýaşaýşyň hatyrasyna pany ýaşaýşy ret etmäge çagyrýar. Haýýam bolsa ýaşaýşy pany hem baky diýip bilenok, ol wagty bitewüliginde görýär. Niçezar söger sen, eý, sopy, eý, ham! Wagtymyz hoş meýhanada elmydam, Sen aňtaýyp tesbiň, hiläň gamynda, Biz bolsak ýar bilen göterýäris jam. Islendik başga bir ideologiýa ýaly, sopuçylyk hem ýaşaýşyň tarapdaryka, hakykatdan paý edinip bilýär. Haçan-da, ol ýaşaýşa dönüklik edende, hakykaty-da elden giderýär. Şonda ýektaý, tesbi, çäkmen we gaýry zatlar akyl ýaňsysynyň nyşanasyna öwrülýär. Akylyň Omar Haýýamda dürli many giňişliklerini görýäris. Ýaşaýşyň kanunalaýyklyklaryna düşünmek manysynda akyl oňynlyga eýe. Emma Haýýam köplenç akyly ýaňsa alýar. Munuň özi onuň döwründen onuň döredijiliginiň bakylygyna geçen hadysadyr. Döwür bolsa akylyň kä mynasyp, köplenjem nähaklyk bile mertebä ýeten döwri bolupdyr. Bu barada iki sany rowaýat – hakykat. Birinji mutazililer – grek pelsepesiniň esasynda yslam gymmatlyklaryny gaýtadan dogurmaga dalaş edenler we olaryň täze duşmany al-Aşary barada. Aşarynyň mugallymy mutazililerden bolupdyr. Ol bir gün nutuk okap durka, Aşary şeýle sowal beripdir: – Üç sany dogan bar diýeli. Biri – Allanyň buýruklaryny doly berjaý edip, dünýäden ötüpdir. Ikinjisi – ömründe günäden başga zady gazanyp bilmändir. Üçünjisi bolsa oglanlykda aradan çykansoň, günä-de, sogabam edip ýetişmändir. Bularyň o dünýädäki ykbaly nähili bolarka?! – Elbetde, sogap gazanan – jennete, günäler eden hem dowzaha barar. Bularyň hiç birine-de ýetişmedik oglanjyk bolsa ne jennet, ne dowzah, – aralykda bir ýerde saklanmaly bolar – diýip, mutazili jogap beripdir. Many taýdan birkemsiz, ýerlikli jogap. Şondan soň Aşary ikinji sowalyny berýär. – Eger ol oglanjyk Allatagala ýüzlenip: «Eýa, Biribar! Uzagrak ömür bereniňde, menem sogap edip, jennete düşerdim! Neçüýn oglanlykdan meniň ömrümi kesdiň?» diýip sorasa oňa näme jogap berler? Mugallym kemsiz many pikirlenmesini dowam etdirip, ikinji sowala şeýle jogap berýär: – Şonda Allatagala oňa: «Uzak ýaşasaň, seniň günäler edip, dowzahy boljakdygyňy men bilýärdim. Şol sebäpden ýaşlykdan ömrüňi kesdim!» Aşary bu çözgüdi eşidip, tarsa ýerinden galypdyr: – Eýse onda dowzaha düşen dogan «Ýa, Biribar! Menem şeýtmeli ekeniň-dä, şonda menem dowzah odundan halas bolardym» diýse, nähili jogap bolar?! Şu ýerde mugallym hyrçyny dişläpdir, soňam: – Was-wasyl şeýtan! – diýmekden başga söz tapmandyr. Aşary bolsa gürrüňi jemläp: – Görýäňizmi, mugallym, siz öz öwüp arşa çykarýan akylyňyzyň duzagyna düşdüňiz – diýipdir. Şeýlelikde, Aşary we onuň şägirtleri – mutazililer ynsan akylynyň ylahy hakykatlary babatda höküm çykarmak başarnygyny ret edipdirler. Akylyň esasy wezipesi olary inkär etmek, ret etmek däl-de, olaryň maksadalaýyklygyny esaslandyrmakdan ybaratdyr. Şonda her hili gapma-garşylyk bolup görünýän zatlary, gerek bolsa, göçme manyda düşündirip, meseläni çözmek gerek. Haýýamda akyla bolan garaýyş köp taraply hem çylşyrymlydyr. Yslam ortdokslaryna garşy gönükdirilen pikirlerinde, ol akyla daýanmagy dogry tapýar. Emma kelamçylara we pelsepeçilere garşy gürlände, ol akylyň ejizligini, barlygyň akyla sygardan we akyl tarapyndan düşündirerden hem esaslandyrardan has uly hem çylşyrymly zatdygyny nygtaýar. Diýmek, has ýönekeý meselelerde ol akylyň tarapdary, emma has düýpli zatlarda onuň akyla ýaňsyly garaýandygy belli bolýar. Ol akyly diniň adyndan aýdylýan içki gapma-garşylykly zatlary inkär etmek üçin ulanýar. Metjit, buthanadan söz uzatma, bes! Behiştden, dowzahdan ýaňramagyň kes! Ykbalyň owaldan ýazylgy bolsa, Oraza, namazyň barysy hebes! Durmuş hem bagt üçin çalyşan akyl, Her günde ýüz gezek eýleýär nakyl: «Şat geçir ömrüňi, ýorunja dälsiň, Orlup, gögermersiň, muny ýagşy bil!» Emma akyl durmuşda ýiti bolsa-da, ümmülmez barlygyň öňünde juda ejizdir. Meý içip, göwnümiz, gel, şat edeliň, Gelerden-geçerden hem ýat edeliň, Gam laýyna batan bu ýesir göwni Akyl duzagyndan azat edeliň. Hakykat syrlaryn ne sowal bilen Ne-de bilmek bolar mülki-mal bilen. Dünýäde ýokary ylym alanlar, Yşyk deý dostlarna şöhle salanlar. Bu gara gijeden çykalga tapman, Ahyr ukladylar ýaňrap ýalanlar. Bu ýerde Haýýam, gürrüňsiz, skeptik hem agnostik hökmünde öňe çykýar. Haýýamy köplenç – özem tas onuň döwründen bäri – pelsepeçileriň wekili hasaplaýarlar. Biziňçe, bu nädogrudyr. Rasional akylyň rüstemligini tekrarlan pelsepe (felsefe) yslam topragyna ýat ýerden – Gresiýadan getirilip taşlanan bigäne tohumdyr. Şonuň üçin ol biziň ruhumyza ýat bolup galypdyr, ýagny pelsepe hiç mahal yslam ruhuny hem yslam dünýäsini düýpli düşündirip ýa oňa düşünip bilmändir. Yslam gymmatlyklary – men bu ýerde diňe şerigaty däl, umuman, biziň ruhumyza mahsus has düýpli dünýäni duýşuny alýaryn – hiç mahalam pelsepäniň çarçuwasyna sygmandyr. Muňa ilkinji bolup akyl ýetiren beýik akyldar al-Gazaly bolupdyr. Ikinji rowaýat gysgajykdyr, dogrusy, ol tymsaldyr. Soltanlaryň biri öz ogluna ylym öwretmegi üçin, atalyk tutupdyr. Oglan atalygyň elinde birnäçe ýyllap okap, dünýä ylymlarynyň baryny ele alyp, alym bolup ýetişipdir. Ol ylmy-zahyry – aýan ylymlary-da, ylmy batyny – gizlin ylymlary-da öwrenip, kämil çykypdyr. Ylmy ýeten oglany synap görmek üçin, soltan bir zady gysymynda saklap, onyň nähili zatdygyny oglundan sorapdyr. Oglan: – Eliňizdäki tegelek, içem boş zat – diýipdir. Soltan: – Berekella, ýeri, onsoň, bu näme bolýar? – diýip sorapdyr. – Tegelek, içi – boş, eýse degirmen daşy bolýar! Anekdot häsiýetli bu tymsal kalbyň – intuisiýanyň akyl kömegi ýoklugynda ejiz, hatda gülkünç ýagdaýa düşýänligine şaýatlyk edýär. Bu tymsal ýokarky – birinji rowaýatyň çöwre ýüzüdir. Haýýam «şerabyň» üsti bilen howaýy akyla-da, intuitiw aňlamaklyga-da mahsus ähli artykmaçlyklary özünde jemläp bilen genidir. Şunda akyl oňa logiki pikirlenmäniň aýbyny açmaga, ýürek bolsa sopularyň duýga aldanmaklygynyň syrlaryny açmaga ýardam edýär. Şerap – onuň üçin hut öz, hiç kimiňkä meňzemeýän içki hakykatyny açmagynyň serişdesidir. Şonuň üçinem Omar Haýýamyň hakykat we gözellik baradaky düşünjesine dogry baha bermek şerap simwolynyň dogry düşünilişine baglydyr. Emma bu simwol örän çylşyrymly hadysadyr. Bu ýerde meseläni dogry goýmak we çözgüdi dogry tapmak üçin ýitilik, okumyşlyk, şahyrana sözi duýmak ukyby, hatda jemgyýetiň, adamyň we aňyň oňyn ösüş logikasyndan habarlylyk talap edilýär. «Şerap» sözi aslynda arap sözüdir. Ol «içgi», «Içilýän zat» diýmekligi aňladýar. Gündogar halklarynyň ruhy ösüşiniň taryhynda bu düşünjäniň orny gadymyýetde-de uly bolupdyr. Şeýle sözüň, şeýle hereketiň mistiki-akyl ýetiriş we barlyga mukaddeslik gatnaşygy hökmündäki manylary baryp otparazlaryň döwründe kemala gelipdir. Otparazlarda mukaddes içgi – «haoma» ylahy hakykatlara göz ýetirmegiň serişdesi hasaplanylypdyr. Eýse ylahy hakykat näme? Munuň özi barlygyň adaty akyl gözüne görünmeýän içki hem barlygyň aňyrsyndaky ýokarky giňişlikleriniň görünmesidir. Şu manylarda şerap Haýýama diňe bir öz döwrüniň däl, eýse umumanam Wagtyň o tarapyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şerap – bakylygyň elindäki mähek daş bolup, ol dünýäniň hem onuň içindäki ähli garaýyşlaryň, akyllaryň, pikirleriň «misligini», «garyndylydygyny» kesgitlemäge ýardam edýär. Jahanda hakyky mahluk adamzat, Her kimiň pähmine girmez bu aňsat, Aňlaýyş meýinden bir ýuwdum içseň, Saýgarsyň mahlugyň haýsy kem, zyýat. Köňül şatlygyndan galdy diňe at, Bize galan ýalňyz jam boldy, heýhat! Eliňi aýyrma küýzäň boýnundan, Galmady bir hemdem meýden özge zat. Adam öz döşüne kakyp «Men» diýer, Jübüsinde teňňe böküp «Men» diýer, «Ýaňy bir işimi düzetdim» diýse, Ajalam bir ýerden çykyp «Men» diýer. Şerap – Haýýamyň rubagy dünýäsini gurnaýan hem-de kesgitleýji serişdedir. Onuň rubagylarynda şerabyň dürli-dürli manylara, jähetlere, äheňlere, obrazlara geçýändigi şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlygydyr. Şeýle köpdürlüligiň içinde şerabyň asla-da garym-gatymlyga, düşnüksizlige öwrülip gitmeýändigi möhümdir. Şerap şahyr üçin öz gaýtalanmajak şagsyýetini we taýsyz genisini açmagyň hertaraplaýyn we köpulanarlykly serişdesidir. Eger bu uniwersal pelsepewi hem çeperçilik hadysasyny belli bir derejede ýöntemleşdirip tertipleşdirseň, onda şerabyň Haýýamda aşakdaky ýalyrak manylarynyň bardygyny göreris: 1) sufi-yrfançylyk manysynda; Şu manyda şerap dünýä panylygynyň aýbyny açmagyň tärine öwrülýär; 2) gnoselogik – ýaşaýşyň hem akylyň syrlaryna akyl ýetirmek manysynda; 3) ewristik – ylmy-akyl açyşlaryny etmek manysynda; 4) gedonistik – ýaşaýyş lezzetlerini aňlatmak manysynda; 5) ruhy azatlyk, akyl azatlygy, ahlak azatlygy manysynda; 6) ekzistensial manyda. Şunda şerap ölümiň nämedigini görmäge mümkinçilik berýär. Ölüm bolsa olara täze tarapdan – o tarapdan seretmek hem düşünmekdir. Şerapda pelsepewi-dünýäüze (metafiziki) oýlanmalar hem, skeptiki «içigünlüklilik» hem, sufiçilik hala düşmek hem, ýaşaýyşsöýüjilik hem, jemgyýetiň hem dar pikirli adamlaryň aýbyny paş etmek hem, barlyga akyl ýetirişiň özboluşly lezzetleri hem bar. Şerap Wagtyň çäginden çykmaga mümkinçilik berýär. Şerap – adamzadyň akyl ruhy hem ahlak ýaşaýşynyň başga bir nusgasynyň görnüşini mümkin edýär. Haýýam şerap, jam, küýze, toýun, häk, gül, meýhana ýaly äheňleri pelsepewi işledýär. Meýhana – Haýýam üçin adamzat ýaşaýşynyň täze bir modelidir. Dogrudanam, Omar Haýýam ýaşaýşyň başga modelini tapan beýik akyldardyr. Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||