ÖMRÜMIÑ SAHABY
Geçen günleñ gatlaryndan agtardym,
Kitap deýin manysyny ömrümiñ.
Agtardygym saýy günleñ sahabyn,
Giñemedi, has darykdy göwrümim.
Ömrümiñ kitap deý,sahaplarynyñ,
Manyly sahabyn az gördüm juda.
Ömrümiñ ýarsymy ýeten menzilim,
Ýa-da ählisini etdimmi pida?
Dünýäniñ seýlinde eden seýranym,
Seýran edeniñe degmezmi,deger?
Ömür diwanynyñ soñky sahaby,
Ýapylanda belli bolýandyr meger.
Ýapanymda ömrüñ soñky sahabyn,
Agtarsalar arasyndan geçmişim.
Az bolsa-da ýetsin ýagşylyklarym,
Bar bolaýsa, geçirmäge etmişim...
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Goşgular