12:44 Oñat oglan / powestiñ dowamy | |
* * * Günleriň, aýlaryň öňki edähedi. Rejep ümsüme azar bermän, öz peýwagtlaryna geçişip barýarlar. Öz çöregini özi gazanýanlygy, hiç kime elgarama dälligi, gazanjynyň kem-kemden göze görnüp barýanlygy Rejebiň göwnüni barha galkdyrýardy. Näçe işlese-de, elleri ýene iş soraşyp, gijeşip dur. Dogry, Äşäniň öňki bakyşlaryny seýrekletmegi, haçan görseň bir zatlaryň hasaby bilen gümra bolup ýörşi, ˝Gumrujygym!˝ diýmesini-hä düýpden goýmagy, agasynyň käte-käteler ˝Rejep inim, öz-ä...˝ diýip, soňam yzyny aýtman gidibermegi, gelnejesiniň hatda iňňe sorajagam bolsa, gapynyň agzynda esli salym ýaýdanjyrap durmasy, Maksadyň indi onuň öňünden moýmudyklap çykmagyny kesmesi Rejebi az-kem iňkise gidermänem duranok welin... Öň bu öýde kän bir tertip, arassaçylyk ýokdy, bu öýüň ähli otagy tutuşlygyna Maksatjygyň elindedi. Indi muňa tertip-düzgün girdi, arassaçylyk geldi, ýöne şolar bilen bile bu öýe tukatlygam aralaşdy. ...Rejebiň üst-başyny kakyşdyryp, köwüşlerini çykarmaly ýerde çykaryp, gapynyň tutawajyna el ýetirenem şoldy, gapy öz-özünden jarkyldap açyldy-da, agasynyň kellesi göründi. Rejep hemişeki endigi boýunça, agasynyň keýpini biljek bolup (soňky wagtda onda ýeke bakyş bilen adamyň keýpini aňmak ukyby döräpdir), onuň maňlaýyna, gaşlarynyň arasyna ýiti-ýiti seretdi. Ýöne Juma ýüzüni sapajak-supajak edip, deňinden geçdi gidiberdi. Öz otagyna girse, Äşäniň ýüzi aňryk, ne ses bar – ne üýn. Rejebiň ýüregine dowul düşüp, agasynyňka hasyrdap girdi. Gelnejesi dula bakyp, çagajygyny emdirip otyr. – Gelneje! Gelnejedenem jogap ýok. Onuň ýerine, gapdalda oýnawaçlaryny bir-biri bilen uruşdyran bolup oturan Maksatjyk dillendi: – Şu gün Äşe bilen ejem göýeş tutdy. Rejep ylgap diýen ýaly agasynyň yzyndan çykdy: – Nememi-aý... Näme-nämeler bolup ýör-aý? Juma esli salym sesini çykarmady. Soňrak kynlyk bilen ýuwdundy: – Inim, şü hojalygy başgalaýmasak boljak däl öýdýän. Bi, aýalyň seniň... Aý, nähili düşündireýin... – Juma ýene ýuwdundy-da, pessaý ses bilen sözüniň yzyny ýetirdi. – Biziňkini-hä tas suwasalma eden eken, özüm ýetişäýdim hernä... Saçyndan aýlap tutupdyr. Täze çagasy bolan aýal, näme jany bar ahyryn... Rejep zöwwe ýerinden galdy: – Gelnejemimi? Äşemi? Rejep başga näme diýjegini bilmedi. Ol bir... ol bir... eldegrilmesiz adam ahyryn. Gelnejesi. Ejesi görgüli ýogalaly bäri, ol Rejebiň gözüne eje bolup görünýärdi. Onuň ˝Wah, şü Rejep janam bir öýerip biläýsedik! Wah, gaýynlam pahyrlaryň hiç birem şunuň toýuny görüp bilmedi. Wah, pahyrlar göründe arkaýyn ýatyp bilýän däldirler˝ diýip, elewräp ýörşi Rejebiň göz öňüne gelip-gelip gitdi. Ol aşak çökdi: – Näme üçin? – Bir... puluň üstünde-dä. Dükana gowy un gelipdir. Gelnejeňem pul tapman, siziňkiden alaýypdyr-da, Äşe ýokka... Wah, şu samsyga näçe tabşyrdymam, soraşman-zat etmän hiç zadyny elleme diýip. Ýene aýal kelteligini edäýipdir-dä. Aga-ini ikisem dymdy. – Nätmeli borka?! – diýip, Rejep ep-esli dymyşlykdan soň dillendi. – Bilmedim-aý. – Juma eginlerini gysdy. Eýläk-beýläk butnap bilmän, Äşäniň elinde gözlerini ýaşardyp duran aýaly göz öňüne gelende ýüregine täzeden ot düşdi. – Bilmedim, inim. Entek beýle ýagdaýa düşüp görmändim. Bu gün gelnejeň bilen ýakalaşan bolsa, ertir meniň ýakamdan ýapyşar. Birigün seniň özüňi basyp urar. Rejep howsala düşdi: –Aý. Ýok-laý... Erkek halyma... – Birden onuň gözleri ýaldyrap gitdi. – Agam diýýän-ä, şuny bir gezek dagy urup-zat edip görsem näderkä-raý?! Juma inisiniň ýüzüne ynamsyzlyk bilen seretdi: –Aý, senem-ä... Turdular, gapynyň agzyna ýetip barýarkalar, Rejep agasynyň ýeňinden çekip, pyşyrdady: – Sen nememi-aý... urup görüpmidiň heý? Agasy başyny ýaýkady. * * * Bütin maşgala birden dymdy. Juma-da ümsüm, gelneje-de. Rejeb-ä şol gören Rejebiň. Maksatjygyňam nokgy-nokgusy eşidilenok, diňe, entek bu dünýäniň goh-galmagalyndan bihabar akja bäbejik käte bir „iňňä-iňňä“ edäýmese. Ahyrsoň Äşe çydamady, öz otagynda oňa-muňa güýmenen bolup ýörşüne, Rejebiň ýüzüni sallap girenini gördi-de, ýaryldy: – Näme uludan-kiçä torsarylyşyp ýörsüňiz? Ýeri, ataňyzy öldürdimmi men siziň... Rejebiň gaşlary bir ýere üýşdi, iki çekgesi gymyl-gymyl etdi. Ol gapynyň kildine elini uzatdy. Kildiň şykyrdysyna Äşe hüşerildi, ätiýaçdan gürrüňiň äheňinem birazajyk üýtgetdi: – Men size näme ýamanlyk etdim ahyryn? Ärime dönüklik edipmidirin? Ädimimi egri basyp, ýüzüňize gara çekdiripmidirin? Bereniňizi iýmänmidirin? Ýa iliň agzyndakyny alyp iýipmidirin? Äşe gürläp başlasa, onuňkynyň mydama dogry bolup çykjakdygyna Rejep birjik-de şübhelenenokdy. Ynha, häzirem şeýle bolup dur. Äşe sanaşdyryp gidip otyr. Rejep bolsa içinden „Dogrudanam-aý...“ diýip, biygtyýar tassyklap barýar. – Bir eden zadym: terpeniýamy saklap bilmedim. Ýaňkalaşdym. Ötünç soraryn, „ganygyzgynlyk edipdirin“ diýerin. Bolýa-da... Aýal bilen aýalyň arasynda onça-munça zatlar bolman durmaz ahyryn. Onuň üçin siz – erkekleriň ýeňsäňizi tüňňerdişip ýörşüňize men haýran! – Ol meniň gelnejem! Ejem diýip... – Kimiňem bolsa, meniň bilen, meniň zadym bilen işi bolmasyn. Degemokmy-degdirmen, alamokmy-aldyrman! – A-how, gelnejem senden nagt diýip almandyr ahyryn, karzyna alan. Soň bererin-dä diýip pikir edipdir. – Hä, görülse, bilinse-hä karzdyr, bilinmese-de „men-ä bilemokdyr“... Rejebiň ýüzi birwagt Ýazly bilen gidişendäkisi ýaly, ilki agardy, soňam gögerip başlady: – Sen... sen nememi... gelnejeme ogry diýjek bolýaňmy?! – Diýdiresiň gelýän bolsa, bar, diýdim şony! Rejep gahary gaçaýmanka aýgytly herekete geçmegi ýüregine düwdi, baryp, Äşäniň alkymyna dykyldy: – Ýe-ýenjerin... Äşe onuň göm-gök bolan ýüzüne, sandyr-sandyr edýän ellerine geň galyp seretdi. – O-ho. Hany ýenç bakaly! Nu... – diýse-de, wagty barka ýarym ädim ýalyrak yza çekilenini kem görmedi. Rejebiň gözüne Äşe şu wagt Ýazly bolup göründi. Ol bat alan ýaly etdi-de, iki eli bilen gelniniň gursagyndan itip goýberdi. Azrak yza süýşeni peýda etdimi-nämemi, Äşe entireklese-de, ýykylmady. Gelniň gözleri tegelendi. Gursagy howadan dolup, dim-dik boldy. Şeýdip durdy-durdy-da: – Wa-aý! – diýip, bir gygyrdy welin, öýüňem, Rejebiňem on iki süňňi sarsyp gitdi. – Waý, hydyr diýenim hyrs çykdy-eý... Ýagşylygym üçin görenim şu boldy-eý... – Äşe gözýaşyny seçeleý-seçeleý şifonere tarap ýöneldi. – Waý, il ýaly iki aýlap gelinsiräp oturmadym-eý... Iki egnimden gum sowurdym! Şular bir zatly bolsun diýdim... Sylagymam şu boldy-eý... Waý, ejem-eý... Waý, doganlarym-eý.... Arkadaglarym-eý... Gapyny goşa ýumruk bilen kakdylar. – Rejep, aç! Rejep, urma! Rejep, aç! – diýip, aňyrdan Jumanyň sesi geldi. – Rejep jan. Köşeş! – diýip, gelnejesiniň agysy eşidildi. Rejep kildi ýazdyrdy. Içeri kürsäp giren Jumanyň gözi heniz bu öýde görlüp-eşidilmedik görnüşe düşdi. Gapynyň agzynda inisi dur, ýüzüni ak-tam edip. Ortada Äşäniň geýimleri üýşüp ýatyr. Äşe bolsa ýetişip bildiginden şifoneri, sandygy dörýär, arasynda-da sesiniň ýetdiginden aglaýar. Juma alňasady: –Gelin, gitme! Gelin... gitme! – diýiberdi.Gelnejesi aglamjyrady: – Gitme, eltim! Agasynyň egnaşyry boýurganyp duran Rejepden ses çykanok. Gözleri welin “Gitme!“ diýip ýalbarýardy. Şu wagt neresse hakykatdanam aýalyny erbet ýenjendirin öýdýärdi. Äşäniň jogaby pert boldy: – Git-t-jek-k!... Arzanyň arzysy bolmaz eken. Men arzysyz boldum. Gadyrsyz boldum. Baryň, tapyň Maýa ýaly birini. Pul döküň-de, gelin ediniň! Şonda bilersiňiz meniň gadyrymy. * * * Ertesi gaýyn öýden çakylyk geldi. Rejep egnini gysyp, göýä sürgüne iberilýän ýaly, yzyna gaýta-gaýta seredip, ýaýdana-ýaýdana ýola düşdi. Etrap merkezine baransoňam, darajyk köçelerde eýläk-beýläk köw-söw edip, kän gezdi. Birwagt ýüregi atygsap duran öýe indi on-on bäş minutjygam bolsa gijräk baranyny kem görmedi. Çilim alaýyn bahanasy bilen, magazinleriň hemmesine girip çykdy. Ahyrsoň bir magazinde nobata durdy. Kagyzly-kagyzsyz süýjüleriň, kökeleriň arasynda lowurdap duran bir petde lotereýa biletine gözi düşende, Rejebiň kellesine gyzykly bir pikir geldi: „Şu lotereýlerden alsaň, olaram maşyn-zat utup oturyberse! Äşe-hä srazy ýaraşardy!“. Rejep bir-ä elindäki gök üçlüge, biren owadanja lotereýa biletlerine seretdi. „Üç sanysyny alaýsam, hä?! Bary-ýogy togsan köpük boljak eken-dä!“. Rejep magaziniň aýnasyndan daşary – köçä seretdi, köçeden sowlup geçen täzeje „Jigulini“ görende, onuň gözleri gaýtadan ýandy. „Utup ýörenlerem gyt däl-how!“ Rejep näme utanda gowy boljakdygy barada oýlandy: „Jigulimi?“, „Moskwiçmi“? Ol ömründe birinji gezek yrym edip görmegi ýüregine düwdi: „Penjireden sereden wagtym haýsysy geçip barýan bolsa, diýmek, şony utaryn!“ Şeýle oýlar bilen, ol içinden „Başladyk!“ diýdi-de, ýalt edip köçä çykdy. Görse, gapdaly „Çörek“ diýen ýazgyly äpet maşyn geçip barýar. Rejep yrymynyň şertini üç gezege çenli uzaltdy. Ikinji gezek onuň paýyna ullakan ýük maşyny düşdi. Rejebiň gaşlary çytyldy. Iň soňky, aýgytlaýjy gezekde Rejep kän ýaýdandy. Özünden öňdäkiniň ýeňsesine garap, başga zatlaryň pikirini eden boldy. Bir salymdan, ýüregine daş baglap.... seretdi. Köçeden ýüregedüşgünç jygyldap, bir eşegaraba ötüp barýardy. Rejep başyny aşak saldy şol wagtam gulagyna: – Size näme gerek? – diýen owaz geldi.Ol nämäniň-nämedigine düşünjek bolubam durmady-da: – Maşyn! – diýdi. Biri pyňkyran ýaly boldy. Rejep başyny galdyrsa, satyjy gyzyň edil alkymynda dur. Onuň ýüzi çym-gyzyl boldy, duran ýerinden hyrra yzyna öwrüldi-de, çykyp gaýtdy. Ýolda gelýärkä, ýüzüniň lap-lap gyzmasy, gabaklarynyň tirpildisi az-kem galansoň, Rejep jübülerini barlaşdyrdy. Jübüsinden başy bölünmedik gökje üçlük şykyrdap çykanda, onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. * * * Ynha, Rejep telim gezek oturyp-turan öýünde ýene halynyň ýüzüni dyrmalap otyr. Dört diwaryň dördüsindenem oňa gaýyn enesidir gaýyn agalary gazap bilen seredişip durlar. Diňe gaýyn atasynyň suraty birhili gussalyrak görünýär, şonuň gözünde gazap ýok. Törde telewizor işläp dur. Bu gün bu öýde diňe şu telewizor Rejep ümsümi adam şekilli garşylady. Ynha, häzirem, öňküleri ýaly, oňa aýdymjyk aýdyp beren bolýar, her dürli oýunlar görkezýär, arasynda täzelikler bilen tanyşdyrýar. Ýöne Rejep ümsümiň bu wagt aýdyma, oýna, täzelige eli deger ýaly däl. Daşardan „Menem gitjek, menem gitjek!“ diýip, bir çaganyň aglamjyraýan sesi geldi. „Iň kiçileri!“ diýip, Rejep belledi. – Nirä barýaň-uw, Nedir?! – Bu gaýyn enesiniň sesi bolmaly. – Klasdaşlarymyz bilen üç manatdan goşup, weçer* edýäs! Onbaşam galmajak bolýa! –Ýeke özüň üç manatlyk zat iýip bilýäňmi?! Äkit Onbaşynam! Bir salymdan Äşäniň jigileriniň biri Rejebiň oturan otagyna alakjap girdi: – Eý, saňa gelsin diýýäler. O tama baryber! ...Gürrüňiň birtaraplaýyn häsiýetde geçenligi – ýagny, diňe gaýyn agalarynyň gürläp, Rejebiňem üns bilen diňlänligi üçin, düşünişmek işi uzaga çekmedi. – Sen, ýagşy ýigit, bir zady: biziň iň kiçimiziň adynyň Onbaşydygyny ýatdan çykarma! – diýdiler. –Özümiziňem diňe birimizden öňňämiziň oguldygymyzy, herimiziňem dörde-bäşe taýdygymyzy unutma! – diýdiler. – Tak çto, ýekeje gyz doganymyzy saňa horlatdyrmarys. Pylanyň dogany aýrylyşyp gelipdir diýen ada galyp, ile ryswa-da bolmarys! – diýdiler. – Häzir bolsa, Äşänem al-da, göteril – diýdiler. – Eger seniň zyýanyňa çapýan bolsa, saňa ikilik edýän bolsa, onda biz entek ölemzok, gel-de aýt, özümiz çäre göreris. Ýöne gaýdyp el göteräýseň welin... – diýdiler. * * * Şifonerdir sandygyň içi öňki görnüşine gaýdyp geldi. Häliden bäri bir zat aýtjak ýaly „Ähem-ühüm!“ edip oturan Rejep: – Äşe... – diýdi. Zatlaryny tertibe salyşdyryp ýören Äşe çalarak bärsini bakdy. –Äşe diýýän-ä... Şu traktordan-a indi bereket göterilipdir öýdýän. Äşe has bärräk öwrüldi. – Çöle-zada gidäýmelimikä-nämemi?! Men Durdy aga bilen gürleşdim, göni meniň ýanyma baryber diýipdi... Äşe indi Rejebiň ýüzüne dikarynlap seretdi. Onuň nazarynda az-kem ynanmazlygam bardy, birhili umydygärligem. * * * Çöl Rejebi dymmak bilen garşylady. Öň-öňler Rejep çöl diýlende, töwereginde bökjekleşip ýören owlakdyr guzulary, ak çägäniň gaýmagyny bozman gaýyp barýan keýikleri, parç bolup oturan otlary, hersi özbaşyna saz edişip duran sazakdyr selinleri... göz öňüne getirýärdi. Durdy aganyň gürrüň berşi boýunça-ha şeýle bolmalydy. Keýik nirede, saz nirede! Ot diýeniň saralyp, süllerip ýatyr, sazak-selin diýeniň keliň kellesinde biten ýaly. Hersi bir ýerde, özlerem saz etmekden ellibizar, epgegiň öňünde epilişip, ýegşerilişip otyrlar. Çölüňem haly Rejebiňkiden ibaly däl bolara çemeli. Çöl bilen Rejep ikisi şeýdip tanyşdylar. Ilkinji tanyşlykda-da, bir-birini halamadylar. Durdy aga sürisini gara daňdandan örüzip, alyp gidýär. Ine onsoň, Rejebiň dat gününe. Çölem ümsüm, Rejebem ümsüm. Şeýde-şeýde Rejep çoluklyk „stažyny“ geçip gutardy. Çoluklyga täze bir oglan geldi-de, Durdy aga Rejebi öz ýanyna ýanaw çopan edip aldy. * * * Durdy aganyň bir nançy goýny bar. Süri düşläp, çopanlar çaý-çörek edinensoň, Durdy aga eline bir bölek çörek alýar-da, „Me, me, Saryja, me!“ diýip gygyrýar welin, hälki nançy goýun sürüden sogrulýar-da, mäläp geliberýär. ("Haý, bir döwüm çörege ýesir düşen janawar!“ diýip, Rejep içini gepledýär). Durdy aga ol goýnuň agzyna çörek tutdurýar-da, boýnuna ýüp salyp, ýüpüň bir ujunam öz bilegine daňýar. Ine onsoň, tirsegine söýenip, arkaýyn uka gidýär. Süri örüp başlasa, nançy goýnam ondan galmajak bolup, ýüpe zor salyp ugraýar. Durdy aga böküp turup, „Rejep!“ diýip gygyrýar-da, süriniň yzyna düşüberýär. Onsoň süri haçan otlasy gelende otlap, ýatasy gelende ýatyp, gider oturar. Rejep „Süri çopanyň däl-de, çopan süriniň guly eken“ diýen netijä geldi... – Rejep inim, sürini agdaryp goýber! – diýip, Durdy aga belent alaňyň üstünde tirsegine söýenip ýatan ýerinden gygyrdy. Rejep gapdallap, süriniň öňüne geçdi, taýagyny kelemenledip, „Gaýt. Gaýt!“ diýip haýkyrdy. Peýwagtyna otlaşyp barýan goýunlar başlaryny göterip, Rejebe birhili geňgalyjylyk bilen seretdiler. Soň hersi bir tarapa pytrap, Rejebiň deňinden ötüberdi. Rejep bir seretse, süriniň ortasynda dur. Bu aňkaw jandarlaryň diýen etmedik bolan bolup baryşlaryna Rejebiň ýaman jany ýandy. „Haý, Rejep, at-abraý aljak, petde-petde pul gazanjak ýeriň-ä tapan ekeniň. Şu kelesaň mülhitlermi saňa abraý getirjek?!“ diýip içinden gargyndy-da, taýagyny ýetişip bildiginden işledip ugrady. Durdy aga laňňa ýerinden galdy-da: – Haý, zalym, duraweri! – diýip, alaňdan aşaklygyna loňkuldap gaýtdy. Baş çopanyň dym-gyzyl bolup, taýagyny bulaýlap gelşini görende, Rejebiň ýüregine howp düşdi. Ol „Aý, agam... jan agam!“ diýip, eşider-eşidilmez mydyrdap, yza-yza tesdi. – Sen kime taýak salýaň, ä?! Öz rysgalyňa taýak salýaňmy? – Durdy aga gelşine Rejebiň eňeginiň aşagyna girdi. – Şu taýagy görýäňmi? Rejep biygtyýar gözlerini ýumjuklatdy.– Şu taýak henize çenli ýeke gezegem goýnuň ýa geçiniň depesinden inip gören däldir. Indem inmez. Bil şony! ...Sürini agdaryp, kiçijik depäniň üstünde gyşaransoň, Durdy aga az-kem köşeşdi: – Inim, beýtme ahyryn! – diýip, ýaraşyjy äheňde dillendi. – Taýak diýlen zat goýny urmak üçin göterilýän däldir... Meniň özümem ýaltanyp duramok. Sürini agdarjak bolsam. Ýöne senem indi öwrenibermeli-hä. Herki zadyň öz ugry, öz tilsimi bardyr, şony bilmeseň, gara güýçden haýyr ýokdur. Ynha, seret, häzir men duran ýerimde sürini gaýtaryp görkezeýin... Durdy aga ýerinden turdy-da, jar çekjek ýaly iki elinem agzyna tutup: – Gaýt-how! Gaýt! – diýip zowlatdy. Öňdäki jaňly serke sag egne öwrüldi. Sürem onuň yzyndan ýuwaş-ýuwaş agyberdi. – Sürinem terbiýelemeli, inim! Hol telewizorda haýwanlary her hili oýunlar etdirýän adamlar bardyr-a. Çopanam şonuň ýalyrak bolmaly. Sürini agdaranda-da, bir tarapa agdaryp öwretmeseň, diýeniňi etmez, dyr-pytrak bolar gider. Ynha, meselem, meniň sürimiň çepinden baryp, saga agdarmaly... Rejebiň bu wagt gürrüň gulagyna ilenok. Onuň gözem-gulagam giden meýdany tutup, bulut ýaly süýşüp barýan sürüde. „Bularyň känligini-aý! Şunça goýun bir adamda bolan bolsa., nähili borduka?! Adam pahyryň ýüregi ýarylyp öläýer!“ diýip, ol içini gepledýär. – Onsoňam, her çopanyň öz goýun bakyşy bardyr, inim! Biriniň bakyşy beýlekiniňkä meňzemez. Daşyndan sereden adam muny aňmasa-da, aňmaz. Ýöne goýun janawar welin derrew syzar. Meselem, Abdyrahmanam menden kem çopan däl. Ýöne häzir ony getiräge-de, meniň sürimi eline berseň, oňarmaz. Süri ýöne elden-aýakdan çykyberer. Ýene goýun diýjeksiň... Rejep içinden „Bular ýaly goýunlaryň her biri häzir bazarda azyndan ýüz elli, iki ýüz manat pul kesýär“ diýip, uludan demini aldy. * * * Durdy aganyň nesihatlaryndan ýaňa Rejebiň kellesi her gün huma dönýärdi. Süri otlap ýörmi? –Inim, goýny otuň içinden däl-de, oty goýnuň içinden geçirmegi başarmaly. Iýdiren ýeriňi gowy iýdirmeli. Ýöne süriniň geçen ýeriniň bir gapdalyndan ýene bir otluja ýer peýläp gitmeli. Sürini yza dolanyňda, ony oty gyrçalan ýerden alyp gaýtjak bolsaň, öňki iýdireniňem biderek bolar. Süriniň tä özi ýadap goýaýýança, agzy dek durmaly däl. Süri suwa indimi? – Inim, guýynyň golaýynda hernä bir güýmenerlik zat bolsun. Ýogsam, süri suwdan çykan badyna, gyltyma kowalaşyp, eňer gider. Ana onsoň, içen suwy janyna zäher bolar. Onsoňam, goýun janawar ýeliň garşysyna gaty ýöregiç bolýandyr. Şonuň üçinem, süri suwdan çykansoň, aňsat-aňsat ýeliň garşysyna haýdadyjy bolmagyn. Süri gäwüş çalyp ýatyrmy? – Inim, süri bir ýerde düşledigi, itleriň biri onuň ortasynda, galany töwereginde ýatmalydyr. Ylaýta-da, gijesine! Sebäp diýeniňde, goýnuň uly bagysy bardyr – möjekdir. Ýaman mekirdir. Çozanda, köplenç, süriniň edil ortasyna kürsäp urýandyr. Köplenjem, bir-ikisi itleri aldap äkidip, bir-ikisem süriniň içinde galýandyr... O-how, özünden mekirräk bolaýmasaňmy... Rejep käte-käte öňünden gaçjak bolup, Durdy aga gürrüňe başlandan: – Düşündim, düşündim! – diýip ugraýardy. – Ýok, inim, entek düşünen dälsiň. So-oň düşünersiň. Çopandyr-da diýýändirler. Samsyk adamlar aýdýandyr şony. Anha, ýoldaş Garaýypy, biziň kolhoz başlygymyzy getirip goý şu ýere. Uly ili agzyna garadyp, tutuş hojalygy aýlap oturan adamdyr welin, muny başarmaz. Nädersiň, iki gün geçmänkä: „Durdy aga, alaweri munyňy!“ diýip özeleniberse. Çopançylyk bir özbaşyna sungat ahyryn! Ol sungata bir günde-iki günde, hatda bir-iki ýylda-da doly akyl ýetirip bilmersiň. Ynha, Abdyrahman aýdýa, Gazagystandamy – bir ýerde çopanlaryň inistudyny açypdyrlar diýýä. Näme, şony keýpine açandyrlar öýdýäňmi? Hökümet bilmän bir iş etmez. Baý-bow, seň inim, entek bu sungatyň tilsimlerinden habaryň ýok. Gulagyňy bäri tut, men saňa bir hekaýat aýdyp bereýin... Rejep birhili iňlän ýaly edip, gapdal gyşaraýýardy. Nobatdaky öwüt-nesihatlaryň birinde Durdy aga Rejebiň böwrüne mazalyja dürtmeli boldy: – Rejep inim, göwnümemi ýa-da sen meniň gepimi diňlemeýän ýalymy? – Men diňleýän, Durdy aga! – Ýok, sen diňläňok, Rejep inim! Diňleseň, beýdip pallap oturmazdyň. Haçan men gürrüňe başlaryn welin, senem şo wagt pallap ugraýarsyň. Näme, men agzymy amanadyna alandyr öýdýäňmi? Ýa-da maňa hiç zat öwretme diý. Men öwretmäýin. Goýaýyn şuny... – Ýak, welin, ýaşuly, menem saňa düşünmän gitdim-aý! – diýip, Rejep ümsüm oslagsyz ýerden sesini gataltdy. – Diňlesem, diňlediň diýýärsiň, diňlemesem diňlemediň diýip iňirdeýärsiň. Öňem şu akyl berýänlerden gaçyp, çöle geldim welin, bu ýerde-de sen aňkamy aşyrdyň, ters aýlanybermeli etdiň meni... Öňräk Durdy aga Rejep üçin ýörite bir synagjyk geçiripdi. Gijäniň ýarynda, gaýa-gopuz ýok ýerden „Bar, inim, sürini örüz!“ diýdi. Näme üçin örüzmelidiginem aýtmady-da, ýaňyja otdan doýup, gäwüş çalyp ýatan süriniň birýan çetinden degiberdi. Beýle ýagdaýa endik etmedik süri göýä gurt darana döndi, goýunlar mäleşip, itler üýrüşip, boldy bir yzlaşyk. Durdy aga sürini zordan köşeşdirdi. Soňam aldy Rejebi azynyň aşagyna: – Şumy indi edişiň, şumy indi etjegiň? Parahat ýatan sürini gyryna berdiň-ä sen, iýenini burnundan aldyň-a sen... Rejep halys aljyrady: – Ö-örüz diýip ö-özüň aýtdyň-a?! – diýip sakawlady. – „Özüň aýtdyň, özüň aýtdyň“! Haýsy bir aýdylan zada ylgap ýörjek sen?! O egniňde göterip ýöreniň kellemi ýa-da palaw kädimi? Men hiç bir sebäpsiz ýerden „Bar-da, özüňi hol Ýyldyzly guýa başaşak zyň!“ diýdim-dä, nämüçin diýmän, kim üçin diýmän, zyňaýjakmy özüňi? – Aý, Durdy aga, beýle ýaramaz bolsam, yzyma – oba kow-da goýberäýsene meni! – diýip, Rejep şonda ejizläpdi. – Şu nalajedeýinligiň bolsa, obada üýtgeşik gün görerin öýdýäňmi? Gowusy, oglanlygyňy goý-da, ulaljak bol, inim, indi! Bir nakyl bardyr „Ýigit bolsa – ot bolsun, ot bolmasa – ýok bolsun“ diýýändirler. Ot boljak bol, inim, ot! Ot boljak bolsaňam, kellä zor salmaly, kellä! Men saňa ýaramaz oglan diýemok, ýöne ne özüňe, ne ile haýyr berjek bihuda gowulykdan näme peýda bar, inim? Diňe ýuwaşlygyň, diýen edijiligiň bilen hemişe özüňe gowy diýdiribem bolmaz. – Her kimiň bir ýasalyşy bardyr-da, Durdy aga! – Seniň ýasalyşyňda kem bolmaly däldir, inim! Kakaň Hakberdi pahyr dagy, bilýäňmi, nähili adamdy?! Tutuş obany agzyna garadardy. Şonuň nesli bolýan bolsaň, senem-ä irde-giçde bir silkinmeli borsuň! ...Rejebiň häzir şol synagy, şol gürrüňi ýatlap gyzarylýandygyna Durdy aga düşündi. „Äh-ä, munymyza-da dil bitip ugrapdyr-ow, bu-da birazajyk erkek sypatyna girip başlapdyr-ow! – diýip, ol içinden begendi. – Ýene bäş-alty aýjyk ýanymda saklap, bäş-alty gezejik oýundan-çyndan çetiňi gyzdyrsaň, sana girseň giräýersiňem. Biler bolsaň, muňa çöl diýerler, çöl!“ Durdy çopan bu pikirini daşyna çykarmady. Gaýtam: – Aý, Rejep inim, diňleseň diňle, diňlemeseň özüň bil! – diýip öýkelän boldy. – Biziňki-hä bir aýtmak. Şunça ýyllap goýnuň yzynda gezip öwrenenje zatlarym bihuda gitmesin diýip, saňa aýdaýan. Barybir, aýdamda-da, seniň baryny öwrenmejegiňem bilýän. Sebäbi, adamyň bolşy şeýle: näçe öwretseň-öwret, näçe sargasaň-sarga, öz başyndan geçirýänçä, kyn güne galyp, paltasy daşa degýänçä, sargydyň manysyna düşünmez... – Kyn güne galsam, gapdalymda sen bar-a, Durdy aga! – Sen inim, adamyň uguny ýekelejek bolma! Öwrenme şony! Peýda ýok şondan! Onsoňam, Durdy agaňam elmydama depäňi alyp durmaz. Çöle çykdyňmy, çöle laýyk bol, özüňi ele al, öz başyňy çaramagy öwren! * * * Gap-gaçlaryny ýygnaşdyryp, itlerem naharlan çoluk oglan bireýýäm uky bazarynyň bir çetinden giripdi. Durdy aganyň agşamky leksiýasyndan gutulmak üçin, Rejebem uklan boldy. Durdy aganyň esli wagtlap hysyrdysy ýatmady. Birdenem „Oh!“ diýdi-de, bir zadyny gözläp başlady. Az salymdan onuň „Spadolasynyň“ sesi pessaýja ýaňlanyp başlady. Durdy aga-da gapdaldan goşuldy: – Ilimiň kuwwaty-y-y merdana ärler-eýa-eý. Merdana ärler... Uzakdan motosikletiň tarryldysy geldi. Tarryldy ýakynlaşa-ýakynlaşa, goşuň golaýyna gelip, diňdi. Kän salym geçmänkä: – Çyra-pyra ýakyp oturanyňyzda, ýitirjek zadyňyz barmy? – diýen ses eşidildi. – Abdyrahman, senmi? Sesime geliber! – diýip, Durdy aga-da oturan ýerinden gygyrdy. – Sesiň bar bolsun welin, tas geçip giden ekenim. – Hany geç, eýgilikmidir, Abdyrahman? – Eýgiliksiz ýerde Abdyrahman görünmez. Gijem bolsa, seniň süriňe-de degip geçäýin diýdim. – Oňarypsyň, sakaldaş! Oglanlary turzaýyn, aňry-bäri... – Ýok! Ýok! Turuzma! Aňryňam gerek däl, bäriňem... Abdyrahman bir gapdalda küçen ýaly eplenip ýatan Rejebe siňe-siňe seretdi-de: – Ýanawyňam ýatypdyr öýdýän... Sen, sakaldaş, gadyryny bil şunuň! – Beh, gijäň içinde il örüzip, bar aýtjagyňam şumudy? Näme, Durdy çopan biriniň gadyryny bilmänmiş diýip eşitdiňmi? – Aý, ýok-la. Sen ýöne meniňki ýaly köpbilmiş, dikdüşdi bir ýanawyň sataşmanyna şükür et. Çölüň içinde döşüne komsomol nyşan dakynan bolup, bir bähbitli gürrüň etjegem bolsaň, agzyňdan kakyp alyp dur. Iki sözüniň birem „Biz halkyň baýlygyny gorap saklamalydyrys“. Hamana, men halky juldan çykarjak bolup duran ýaly. Anha, biziň ýanawyň bolşy şol. „Şu günki serçe düýnki serçä jik-jik öwreder“ diýseler, näme üçin beýle diýýärlerkä diýerdim. Arman, seniňki ýaly dil-agyzsyz, polady ýumşak bir kömekçi duşman gitdi-dä maňa! – A-how, beý diýme! "Ýere bakandan ýer gorkar“ diýibem bir nakyl bardyr. Ömürboýy ses-üýnsüz gezjek adamy indi ýa taparsyň, ýa tapmarsyň.Onsoňam... hany, dur-la! Soňky döwürde dil-agyzsyz diýip ýaman köp urunýaň welin... – Aý, urunýaň diýen bolýaň-aý, ýanawlarymyzy çalşaly diýsem-ä, etmejegiňi bilýän – diýip, Abdyrahman gürrüňi biraz gapdala sowdy. Rejebiň Abdyrahman çopana ilkinji tanyşlykda pisindi oturypdy, işini bilýär, oňarýar. Artykmaç gürrüňi ýok. Näme hakda gürlese-gürlesin, iki agyzdan aňry geçenok: "Pylan edeňde, gazanýan zadyň näme?“ ýa-da "Pylan edeňde, ýitirjek zadyň näme?“. Düşnükli, anyk. Durdy aga ýaly, adamy oýnajak bolup duranok. Rejep tasdan zöwwe turup, "Dogrudanam, Abdyrahman aga, men saňa ýanaw bolaýyn-la!“ diýipdi. Durdy agadan gorkusyna, saklanaýdy. Rejebiň gymyldanyny görüp, Abdyrahman üşerildi: – Sakaldaş, ýör, gowusy, ikimiz beýleräk saýlanaly-la! – Beh-beý! Saýlansaň saýlanaly welin... Eýgilikmi diýib-ä sorandyryn-how! Dur, dur entek, men Saryjanam süýräp barýan... Esli wagtlap ikisiniň diňe çalaja hüňürdisi eşidildi durdy. Soňrak birden Durdy aganyň sesi gatalyp başlady: – Sen gulagyňy bäri tut, Abdyrahman! Eger ikimiz häzir prontda bolan bolsadyk, men seniň bilen razwedka gitmezdim. Eger-eger! – Saňa peýdasyny bilmez agzaçyk diýerler. Ýeri, beýle ak ýüreksirän bolup, gazanýan zadyň näme seniň?! – diýip, Abdyrahmanyň sesem aýyl-saýyl eşidilip başlady. – Eger ikimiz prontda bolan bolsak, men seni atardym, Abdyrahman! Salym geçmän, batly tarryldy eşidildi. * * * Durdy aganyň öten agşamky wakany gürrüň bermän oňmajagyny Rejep bilýärdi. Şonuň üçinem ol iki böwrünem herne Durdy agadan daşrak saklamaga çalyşdy. Durdy aga ahyrsoň çydamady: – Gulagyňy bäri tut, inim!.. Bi, Abdyrahman-a adam däl eken-aý... Öten agşam siz ýataňyzsoň, goşa geldi. ˝Sakaldaş, bir-iki sanyjak kel toklym bardy welin, iki-üç günjük öz süriňde saklap bermezmiň?˝ diýdi. Menem ˝Özi iki sany tokly bolsa, getir-de goş, süri bilen gezibersin˝ diýdim. ˝Wah, gepem şonuň iki sany dälliginde-dä. Ýogsam, beýdip, gijäň ýary atly-ýaragly seniň ýanyňa geljekmidim˝ diýýä. Birhili, göwnüm üşäp gitdi. ˝Onda näçe onyň? Nireden aldyň? Häzir nirede?˝ diýip, sorag üstüne sorag inderiberdim. Inim, bilip goý, sülçüleriň usulydyr şu! Eger birine bir zat aýtdyrjak bolsaň, üstüni soragdan gömmelidir, aýňalmaga maý bermeli däldir. Ine onsoň, aljyrap, iň aýtmasyz zadynam aýdar goýberer. Paý, bu adamlar ýöne ýerden razwedkada gulluk edendir öýdýäňmi?! Abdyrahmanyňam, baý, saýraberendir-ä. ˝Ýüzden-ä geçýä˝ diýdi. ˝Häzir öz sürimde˝ diýdi. ˝Ýöne oňa erte-birigün sanaw geljek˝ diýdi. ˝Iki-üç günjük saklap beräýseň-ä, gadyryňy bilerdim˝ diýdi ýene-de. Rejep ˝diýdi-diýdileriň˝ arasyny böldi: – Onça goýny nireden alanyny aýtmadymy onsoň? – Ony-ha aýtmady... Aý, nireden alar öýdýäň! Görýäň-ä, sen geleliň bäri biziň sürä ýeke möjek aralaşdymy? Abdyrahman welin, öýi köýen, ˝Sürimi möjek çapdy˝ diýen bolup, bäş aýda bäş gezek akt düzdürdi. Hä, ýogsa-da ˝Iki-üç günden yzymdan bir tam ýaly maşyn geljek˝ hem diýdi-how. – Ýene sorag berip, aljyratsaň bolmadymy? – Aljyratjakdym welin, ˝Şu ak sakalyndan utanman, neneň ynsaby çatýarka?˝ diýip, pikire çümäýipdirin. Şo aralykda-da ol özüni dürsäp ýetişdi-dä. Soň aldyrmady. Ýöne bir zada – Abdyrahmanyň halal iş diýip çykmanyna-ha göz ýetirdim. ˝Göteril!˝ diýdim. ˝Aý, men-ä saňa biraz peýda bolsun diýip aýdypdym˝ diýýä. ˝Onuň ýaly gümürtik peýdadan men geçgin˝ diýdim. ˝Bir topar çaga ekleýäň˝ diýdi. ˝Bir topar perişde ýaly çagany haram işdäli edip bilmen˝ diýdim. ˝Mydama gulaga pyşyr-pyşyr edip ýöreňsoň, syr-pyr ynanyp bolýan adamsyň öýtdüm˝ diýýä. ˝Beýdip nemesiräp, gazanjak zadyň näme?˝ diýýä. ˝Abdyrahman, – diýdim – men häzir seň gulagyňa şeýle bir pyşyr-pyşyr ederin welin, iki günläp ters aýlanar ýörersiň˝ diýdim. ˝Has takygy, ataryn!˝ diýdim. – Abdyrahman aga oýun edýän bolaýmasyn, Durdy aga?! Gel, şuny bir synap göreýin diýen bolsa näbilýäň? – Arassamy ýa däldigini diý! – How-wa! – Be-e, walla... Durdy aga oýa çümdi. Soňrak: – Aý, şu Abdyrahmana pylan diýme-how, inim! Oýun kändir o zaňňarda – diýip, köpmanyly ýylgyrdy. Özüniň Durdy agany dem salymda ynandyryp oturyberşine Rejep haýranlar galdy. Asyl özünde şeýle ukybyň bardygyny şu wagta deňiç bilmän ýörse nätjek! ˝Ýene birazajyk kämilleşseň-ä...˝ diýip, ol öz-özünden göwnühoş boldy. Durdy aganyň yzyndan seredip durşuna, içini gepletdi: ˝Abdyrahman aga ikimiz ýaly däl. Ol ýaşamanyň ugruny bilýä, ýaşşuly! Wah, men seniň ýeriňe baş çopan bolan bolsadym... Elbetde, ogurlyg-a etmezdim. Ýöne horam bolmazdym!˝ * * * Günleriň bir güni, goç-teke möwsümi sag-aman sowlup, sürä imisalalyk aralaşansoň, Durdy aga: – Rejep, Çary, hany ikiňizem gulagyňyzy bäri tutuň! – diýdi. Rejep bilen çoluk oglan – ikisem gulaklaryny Durdy aganyň ygtyýaryna berdiler. – Men oba bir gidip geljek. Şu gün maşyn gidýän ýaly. Birhili, çagalary göresim gelýämi! Dört-bäş günden kän eglenmen. Soň siz gidip gelersiňiz, gezek-gezegine. Rejep inim, süriniň ykbaly indi seniň eliňdedir. Öwredişim ýaly bakybergin. Mundan beýläk kän uzaga sürmegin. Janawarlaň içini köýdüräýme, eşegem gözden salma. Goşuňam eýle-beýlesine seredişdir. Gyşam alkyma geldi indi. Durdy aga kömekçileriniň kellesini hyryn-dykyn doldurdym edensoň, ýol şaýyny tutup başlady. Maşyna münjek bolup durka, Rejebiň böwrüne dürtüp goýberdi: – Öýüňe salamdan başga näme aýdaýyn, inim! Gelniňem-ä, toýly ýalydy. Näbilýäň bir gerçek ogly häzirläp goýan bolsa... Rejep az-kem utanjyran boldy-da, başga perdeden gopdy: – Nemet, Durdy aga! Meniň aýlygymy bir görüp gaýt... Köpelipmi-nähilimi?! Durdy aga maşynyň gapysyna bir ýapyşdy-da, ýene yzyna öwrüldi, Rejebi bir gyra çekdi: – Abdyrahmanly meseläniňem şu gezekde bellisini ederin. Onuň oýny däl, inim! Onuň ýalyny ugruna goýberseň... ˝Geň adam-aý! – diýip, Rejep oýlandy – Şu bolşy bilen nädip baýap ýörşüne men-ä haýran. Ýa baýamanyň başga bir gizlinje ýoluny bilýämikä? Maksatjyk muny aljak diýip ýer depýädi welin, dogrudanam, bir üýtgeşik tarapy bar bolaýmasyn bu adamyň!˝ Ol ýene ortalygy tutdy: – Men-ä bilmedim-aý, Durdy aga! Siziň haýsyňyzy diňleseňem, mamla ýaly bolup dur göwnüme. Seniňkem dogry, Abdyrahman agaňkam, ol... Äşäňkem... Men-ä bilmedim-aý, Durdy aga. Durdy aganyň birden gahary geldi: – Wah, seniň şu ˝bilmedimiň˝ janymy aldy-da! Ol egniňdäki... Durdy aga yzyny aýtmady, hyrra öwrülip, maşyna tarap ugrady. * * * ...Harasat duýdansyz indi. Şu wagta çenli dymyp gelen çöl birden gürledi. Ýöne onuň diline düşüner ýaly bolmady. Güwwüldimi, güpürdimi, şuwwuldymy, iňňildimi... Goşdan juda daşa giden Rejep şubela alňasasa-da, sürini bir oýa ýygnamaga ýetişmedi. Bu gezek oňa ˝Maňa gulak as...˝ diýenem tapylmady. Rejep bir topbak goýnuň sürüden bölünip, ümdüzine tutduryp ugranyny gördi-de, yzyndan ylgady. Soňrak ýeňsesine baksa, ýene bir topbak üzülip barýar. Ol ˝Peleň! Garagöz! Boýnak! Ýygna!˝ diýip, onsuzam süriniň daşynda jöwlan urýan itlere haýkyrdy-da, ýaňky topbagyň yzyndan eňdi. Soň ondanam el üzüp, süriniň galanjasyny saklamak üçin yza ylgady. Öňünden itleriň biri has-haslap çykdy, onuň tozandanmy-gorkudanmy duw-ak bolan ýüzüne seredip, ˝Hojaýyn, nädeli?˝ diýýän ýaly, biraz durdy, hojaýyndan belli bir görkezme bolmansoň, başyny aşak saldy-da, hälki Rejebe ýetdirmedik topbagyň yzyndan hasanaklap gitdi. ...Çöl birazajyk köşeşen ýalam etdi-de, durup-durup, birden ýene ˝Ö-wf-f!˝ diýip goýberdi. Soňky bulam-bujarlygy görüp-eşider ýaly bolmady. Rejebiň iki gözem gapyldy. Ol ellerini öňe uzadyp, ýüzin ýykyldy. Gyssanjyna ˝Durdy aga, ýet, jan agam...˝ diýip gygyrdy. Gözlerini dolduran çäge onuň agzynam aýap durmady. Birhaýukdan, gözleriniň awuşamasy kemeldi. Oňardygyndan gözüni açdy. Töwerek gyp-gyzyl. Dünýäniň galan togsan dokuz dürli reňkiniň barysam nirädir sumat bolupdyr. Gulaklary ony hasam gorkuzdy. Ne jaňyň düňňürdisi, ne itleriň üýrmesi – eger-eger eşidilýän zat ýok. ˝Süri gitdi, Durdy aga... Gitdi-i-i... Men nädeýin indi? Onça goýny men nädip töläýin, ä, nädip töläýin?! Meniň bütin ömrüme işlänim ýetjekmi oňa! Gutardy, tamam... Gaçmaly, başga alaç ýok. Bu näletsiňen çölden diňe gaçyp gutulmaly...˝ Ol emedekläp ugrady. ˝Maşyn ýol uzakda bolmaly däl. Ýykylsamam, şoňa ýetip ýykylaýyn... Öten-geçen ýygnar...˝ ...Ine, ol çägäniň üstünde däbşenekläp ýatyr. Henizem aýagaldygyna süýşüp barýandyryn öýdýär. Niredendir bir ýerden, ˝Rejep janyň toýunda, biz bişirsek ak çörek...˝ diýip hiňlene-hiňlene, Durdy aga uçup gelýärmiş: ˝Inim, nä ýatyrsyň, tur, ogluň boldy!˝ – Oglumam töläp gutaryp bilmez! – diýip, Rejep pyşyrdady. Soň Durdy aga Maýa öwrüldi. Bir ýyl mundan ozal Rejebe ýazan hatyny onuň edil alkymynda galgadyp: – Biziň öýümiz halydan doly, Rejep! Ýöne adamym menem, çagalarymam şol halylaryň üstünde oturdanok... Hemmämiz bir kiçijik otagda ýatyp turýas... – diýip, aglap başlady. Birden bar zat ýitirim boldy-da, dünýäde diňe Äşe galdy. Sagyna seretse-de Äşe, soluna baksa-da Äşe, ýeňsesine öwrülse-de, öňe garasa-da – diňe Äşe bolup dur. Äşe birwagtkysy ýaly, Rejebiň edil gözleriniň içine seretdi-de, ˝Ýo-o-ok?!˝ diýdi. ˝Hiç zadam ýokmy? Onda nä ýüzüňe gelýäň? Şonça bergiň bilen, nädip öýe gelýäň? Bar, git!˝. Sagyndaky, solundaky, ýeňsesindäki Äşeleriň hemmesi ˝Ýo-o-ok?! Bar, git!˝ diýip tekrarladylar. ˝Maňa zat gerek däl, hiç zat gerek däl˝ diýip, Rejep gürlejek boldy. Özüniň ömründe ilkinji gezek özbaşdak çykaran bu netijesini bütin çöl, giden Älem eşider ýaly gygyryp aýtjakdy. Ýöne Karunyň gözüni dolduran gum, Rejep ˝Maňa zat...˝ diýenden, onuňam agzyny gapdy. * * * Harasat gopan güni gelip ýetişen Durdy aga eýdip-beýdip sürini tükelledi. Är işini bitiren itleriniň ýekän-ýekän maňlaýlaryndan ogşady. Soň çolugy Çaryny alyp, Rejebiň gözlegine çykdy. Ýarpy göwresini gum basan Rejep ümsümi maşyn ýolunyň bir kilometr çemesi golaýyndan tapdylar. Durdy aga ony arkanlygyna agdardy-da: – Wah, inim, jan inim... – diýip, başujunda çökäýdi. Eglip, Rejebiň gursagyna gulagyny goýdy-da, ümsüm boldy. Birdenem ýüregi ýarylan ýaly bolup: – Çary inim, suw getir! – diýip gygyrdy. Rejebiň gapyşyp galan äňlerini zor bilen açyp, onuň agzyna barmagyny sokdy. ...Rejep goşda gözüni açdy. Üstüne abanyp oturan Durdy aganyň ýüzüne düşnüksiz nazar bilen bakdy. Birhaýukdan soň: ˝–Durdy aga, gitdi... –diýip pyşyrdady. – Näme gitdi, inim? – Süri gitdi... süri... Men... senem lüt goýdum... Goja ýylgyrdy: – Aý, bir süri-iki süri bilen Durdy agaňy lüt goýup durasyň ýok-la! Hany, tur bakaly! Rejebiň mäzleşen gözlerinde geňirgenmäniň alamatlary peýda boldy. Ýöne Durdy aganyň ýüzüne uzak seretmäge ysgyny ýetmän, ol gözlerini ýumdy. – Meni nämüçin tapyp getirdiňiz, Durdy aga? Men... kime gerek ahyryn... Meniň... indi Saryjadan näme parhym bar... – Beý diýme, inim! Näme diýseň diý welin, adam adamdyr, goýnam goýundyr. Goýun janawar süren ugruňa eňer gider. Adam welin beýtmez. Ilki bir oýlanyp görer-de, eňmeli bolsa, soň eňer. Baý-bow, adam diýlen zat bilen sen oýun edýäň. Gulak as, men saňa bir hekaýat aýdyp bereýin... Ýöne sen iňlän bolma-da, ilki bir ýeriňden gal! Men ýatan adama gürrüň berip bilemok. Hany tur! Onsuzam köp ýatdyň, inim! Soňy. Kömek KULYÝEW. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |