02:02 Öñräk aýtmazlarmy / satiriki hekaýa | |
ÖÑRÄK AÝTMAZLARMY
Satiriki hekaýalar
Dellekhana. Ussa ýerinde ýok. Bir aýal eli esgili içerini süpürişdirip ýör. Saç-sakgaly ösen müşderi eli çemedanly içeri girýär. - Daýza, ussa ýokmy?! - Wah, hanym, saç-sakgal bejerilýän senedi işledip bolanok-da. Rozetka sandan çykypdyr, ýöne ýalyn çabrap dur. Sen gaýtdajyk ertir geläý, hanym. - Gaýtmarys, daýza. - Barybir işiñ bitmez. Rozetka döwük. - Men özüm montýor ahyry. Toga gezek galsa bir zat ederis. - Wah, rozetkany açyp, remont eder ýaly, näme, bizde taýyn rezin ellik, otwertka, izolenta barmy diýsene. - Ählisi özümde bar. Ynha, şu çemedanjygymda göterip ýörün-ä. Men işden gelýän ahyry. Gaýtam, sebäp bilen ussanyñ saç-sakgal bejerýän senedini hem zawoddan çykma edip bereýin. - Wah, saç-sakgal bejermek añzat zatdyr öýdýäñiz-ow. Gelenleri oturdaga-da şar-şur edäýmeli zatmyka. Dellekhana köp zatlar bilen aýlanýar, hanym. Bu-da bir uly kärhana ýalydyr. - Daýza, başga näme gerek. Diliñiz gymyldasa armanym ýok, häzir nagt edeýin. - Düýn ussa gaýçymy, päkimi çarha tutdurmaly bolupdyr diýýädi. Sen gaýdyber. Dyzmaçlyk biken iş bitmez. Kesmeseñ ganamaz, bally. - Daýza, ganaýanda-da, ynha, şu çemodanda ýod bilen pamyk bar, täp-täzeje gaýçy bar. Başy bilen bagyş edeýin. - "Kesmeseñ ganamaz" diýenime düşünmediñ-ow. Päki kütek bolsa ýöne gözüñden ýaş paýrar durar-da. - Daýza, päkem taparys. Ýañy magazinde göräýdim. Satyn aljak-da geläýjek. Müşderi gitjek bolýar. - Ynha, pulam bar. Minneti şundan çekäýjek. Bir üçlük jähennem. - Dur, bally. Ýüregiñi eliñe alyberme. Ähli zat bolaýanda-da ussa ýok, ussa. - Ussa-da tapyp getireýin. Öñ dellek bolup işlän dostum bar. Häzir ol aýakgap remont edýär. Eline ine, şu bäşliklerden birini bererin weli, böke-böke geler. - Han ogul, görýän weli, seniñ iñ ownuk puluñ üçlük eken-ow. Saña gaýtargy bermäge bölek pulumyz ýok. Sen, iñ gowusy, gaýdyber. - Daýza, men gaýtargy aljak däl ahyry. - Wah, beýtjegiñi öñräk aýtmazlarmyñ. Aşot, gel tizräk, müşderä hyzmat et. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |