10:29 Hajy Bekdaş Weli: Her näme gözleseň, özüňden gözle | |
HER NÄME GÖZLESEŇ ÖZÜŇDEN GÖZLE
Edebi makalalar
Hajy Bekdaş Weliniň bu öwüdi onuň bir bent şygrynda bar. Şol bendi öň ulananlygymyza garamazdan, ýene bir ýola Siziň dykgatyňyza hödürleýäris: Yssylyk otdadyr, o sajda däldir, Keramat başdadyr, o täçde däldir, Her näme gözleseň, özüňden gözle, Küdüsde, Mekgede, o Haçda däldir. Çuňňur ynsanperwer bolan Hajy Bekdaş Weli adamy örän belentde goýýar. Adamyň bitirip biljek işleriniň köplügini, onuň kuwwatynyň akyldalygyny, şeýle hem ynsanyň örän näzik bir zatdygyny unutmaýar. Özüňe daýanmak, öz kuwwatyňy, öz aklyňy ulanmak bilen jemgyete zyýansyz ýaşamak. Özge biriniň baýlygyna, akyl-paýhasyna, wezipesine göz dikmän, özüňi özüň dolandyrjak bolmak – hakyky durmuş ýörelgesidir. Näme üçin özgä bahyllyk etmeli?! Näme üçin özgelerden umydygär bolmaly?! Hany, şu soraglary ýaňadan başymyzda aýlap, ýaňadan beýnimizde bişireliň, bakaly. Asyl, bu jahanda her kimiň öz orny bar ýaly-la. Onsoň özgäniň ornuna dyzap durmak gelşiksiz bolmazmy?! Men öz günüme-öz güzeranyma kanagat etjek. Elbetde, öňküden gowy ýaşajak bolup hereket etjek, emma özgeleriň hasabyna däl. Öz paýymy aljak, öz hakymy gazanjak. Ylmyň kesgitleýşiçe, her bir adam öz akyl-paýhas rezerwiniň bary-ýogy on-on bäş göterimini peýdalanýar. Hany onuň beýleki segsen bäş-togsan prosenti? Ukuda. Diýmek, men gözleýän zadymy özümden gözlejek bolsam, ozaly bilen, ukudan oýanmalydyryn. Döwür-döwran nirä aýlanýar? Dost-duşman ne küýde? Jemgyet, maşgala ne ýagdaýda? Ýene sowalmy? Jogap berjek bolsak, biz ýene-de dünýäniň depesinden bakyp görmeli bolarys. Hajy Bekdaş Weliniň paýhaslar kerweniniň syryna aralaşjak bolsak, ýol-ýoda goýman ýüwürmeli bolarys. Belki, ol «Her näme gözleseň, özüňden gözle» diýende, boş şowhuna çapyp ýörme, Allany, hakykaty, bagty, baýlygy uzakdan, daşky şekillerden gözleme-de içden, akyl-paýhasdan, Köňülden – Özüňden gözle diýen manyda aýdandyr. Şu pikir dürs ýaly-la. Onda özüňi pugta kontroldan – köňül terezisinden geçirip görmeli: Dünýä garaýşyň neneň? Jemgyete bakyşyň nähili? Maşgalada aýalyňa ýa-da äriňe, çagalaryňa gatnaşygyň nä derejede? Bir ýandan, edil balyk iýeňde gylçygyny aýryşyň ýaly, saýhallap başlaly, hany. Başga birini aýplamak, şol bir wagtda-da özüňi akja guş saýmak örän aňsat. Özüňe zabun daraşmak hökmany şertdir. Nirede, haýsy meselede dogry gadam basanyň ýa-da galplyk, ikiýüzlülik, ýöwsellik edeniň belli bolar barar. Bu durmuşdan näme alypsyň, muňa näme beripsiň? Haýsy meselede ýagşy niýetlini, ýaman niýetlini goldadyň, soňunda netije neneň boldy? Ýene müňlerçe soraglar, jogaplar. Terezini dogry ulanmakda-da iş bar. Şeýle gaýnaşmalar netijesinde dünýäniň depesinden bakmak mümkindir diýen pikirdediris. Özüni tapan, Allasyny tapar. Alla bilen aralykdakylary hem tapar. Şu taýda “Her näme gözleseň, özüňden gözle” diýen öwüdiň dowamy hökmünde “Hakyky derwüş hiç kimden öýkelemez” diýen öwüt hakda-da oýlanyşalyň. Käbir adamlar: “Men pylana pylan hili ýagşylyk etdim weli, indi menden habaram alanok” diýen ýaly öýkeli oýlanýarlar. “Maňa hormat etmedi”, “Meni çaýa-nahara çagyrmady”, “Men ony toýumyza çagyrypdym weli, ol toýuna çagyrmady”, “Karz diledim weli bermedi” we şuňa meňzeş öýkeleriň köki nämedekä? Meniň pikirimçe, özge adamdan ýagşylyga, ýa şoňa kybapdaş bir zada garaşyp ýaşaýan adam öýkelek bolýan bolaýmasa. Durmuş welin başga zady öwredýär: Ýagşylyga-da, ýamanlyga-da garaşma. Özüňe, özüňe, diňe özüňe daýan. Şu ýagdaýda-da Hajy Bekdaşyň pikiri ulanarlykdyr. Elbetde, başarsaň ýagşylyk etmelidir. Hajy Bekdaş Weli: “Elden gelen her ýagşylygy herkese ediň” diýipdir. Onuň ýagşylyk hakda gyzykly söhbeti hem bar: “Meniň üç sany dostum bar. Ölemde biri öýde galar, biri ýolda galar, soňky bolsa bile gider. Öýde galjak – mal-mülkümdir, ýolda galjak–ýakynlarymdyr. Bile gitjek – ýagşylyklarymdyr”. Folklorda, taryhy çeşmelerde ýagşylygyň ähli ýapyk gapylary açýanlygy hakda ýüz müňlerçe delilleri ýatlaberiň. Syrly, pelsepeli sözlemek adaty bolan Hajy Bekdaş Weli “Her näme gözleseň, özüňden gözle” diýende, “eger özgeden bir zat almak derkarlygy çykanda-da, şonuň ýoluny tapmak hem özüňe bagly” diýen manyny-da şuňa goşan bolsa gerek. Bu öwüdiň içindäki özge syrlara aralaşmak bagty özüňize bagly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |